Saýlanan şäher
14 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
filmler we multfilmler
Baş sahypa
/
Habarlar
/
filmler we multfilmler
16.05.2025 00:10
14k+
Jeki Çan pensiýa çykýança ähli trýuklaryny özi ýerine ýetirer
Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan filmlerdäki ähli trýuklaryny (tilsimleri) pensiýa çykýança özi ýerine ýetirer. Ol dublýor ýa-da kaskadýor ulanmagy meýilleşdirmeýär diýip, «Deadline» neşiri habar berýär. Şeýle-de aktýor pensiýa çykmaga howlukmaýar
15.05.2025 22:07
5.3k+
“Krid” boks kinotrilogiýasy serial görnüşde dowam eder
Maýkl B. Jordanyň oýnamagyndaky “Krid” trilogiýasynyň serial görnüşinde dowamy surata düşüriler. Prime Video akym hyzmaty “Delfi” atly täze taslamany bildiriş etdi diýip, Variety habar berýär. Serialyň sýužeti doly göwrümli “Krid” filmlerinden belli bolan Delphi sport zalynda türgenleşik geçýän ýaş boksçylara bagyşlanar
15.05.2025 22:03
3.7k+
Netflix aýdymçy Madonnanyň durmuşy barada kiçi serial taýýarlaýar
Aýdymçy Madonna we Netflix akym hyzmaty täze bir taslamanyň - artistiň durmuşy we karýerasy barada kiçi serialy döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Bu seriala “Diýseň geň işler” serialy we “Dedpul we Rosomaha” filmi bilen tanalýan Şon Lewi prodýusserlik eder
14.05.2025 14:52
3.3k+
Bred Pitt we Hawýer Bardem bilen “F1” filminiň täze treýleri çykdy
Apple TV YouTube kanalynda režissýor Jozef Kosinski tarapyndan düşürilen “F1” sport dramasynyň ikinji treýleri peýda boldy. Filmde baş keşpleri Bred Pitt we Hawýer Bardem ýerine ýetirdi. Film 25-nji iýunda dünýä prokatyna çykar
13.05.2025 19:28
3.3k+
Prime Video Nikolas Keýj bilen “Möý adam: Nuar” serialynyň ilkinji tizerini görkezdi
Prime Video akym hyzmaty “Möý adam: Nuar” (Человек-паук: Нуар) serialynyň ilkinji tizerini hödürledi. Serialda baş keşbi ozal “Möý adam: Älemiň üsti bilen” (Человек-паук: Через вселенные) multfilminde bu gahrymana ses beren Nikolas Keýj ýerine ýetirdi
13.05.2025 14:10
1.6k+
78-nji Kann kinofestiwaly açyldy
Sişenbe güni Kann şäherinde 78-nji halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Ol 13-nji maýdan 24-nji maý aralygynda dowam eder. Kinofestiwalyň esasy baýragy – “Altyn palma şahasy” eýýäm festiwalyň rezidensiýasyna eltildi
13.05.2025 10:47
1.9k+
BAFTA TV baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: “Sýogun”, “Gök çyralar” we “Jenap Beýts vs. poçta bölümi”
Londonda 2024-nji ýylyň BAFTA TV baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Britan akademiýasy iň gowy seriallary we aktýorlyk işlerini belledi diýip, Deadline habar berýär. Şeýlelikde, “Gök çyralar” iň gowy drama serialy boldy
12.05.2025 22:58
6.9k+
“Minecraft kinoda” filminiň onlaýnda çykjak senesi yglan edildi
"Minecraft kinoda" (“Minecraft в кино”) filmi 13-nji maýda onlaýn ýagdaýda görkeziler. Bu barada Warner Bros studiýasyna salgylanýan WhenToStream portaly habar berdi. Filmiň sýužeti hyýaly inedördül dünýä düşýän dört gahrymanyň töwereginde ýaýbaňýar
12.05.2025 16:46
7.6k+
Täze “Godzilla we Kong 3” filmi anons edildi, ol “Supernowa” adyny aldy
Monsterverse älemi boýunça Godzilla we Kong baradaky täze filmi döredijiler täze tizer çykaryp, onda geljekki filmiň adyny we sýužet barada käbir maglumatlary açyp görkezdi. Film “Supernowa” (Godzilla x Kong: Supernova) goşmaça ady bilen çykar
12.05.2025 16:10
2.4k+
Şýamalan Jeýk Jillenholyň oýnamagynda romantik trilleri surata düşürýär
M.Naýt Şýamalanyň režissýorlyk etmeginde “Galyndy” (“Остаток”(“ Remain”)) romantiki trilleri 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda halkara derejesinde çykar. Bu barada Warner Bros-a salgylanýan Deadline habar berýär
12.05.2025 12:52
14k+
«Ahyrky nokatdaky» 71 ýaşly kaskadýor aýal «ot alyp», rekord goýdy
«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» (Пункт назначения: Кровные узы) filminiň döredijileri dünýä rekordyny goýandyklaryny öňe sürýärler. Filmiň surata düşürilýän mahaly, 71 ýaşly kaskadýor aýal «oda berildi». Şeýlelikde, ol kameranyň öňünde «ýanan» iň garry adam boldy
10.05.2025 19:47
3.6k+
“Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” 2027-nji ýylyň dekabrynda çykar
Warner Bros. kinostudiýasy Ortaýer älemine esaslanýan täze filmiň çykjak senesini aýtdy. “Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” (Властелин колец: Охота на Голлума) atly film 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda kinoteatrlarda çykar we meýilleşdirilen iki filmiň birinji bölümi bolar
10.05.2025 14:49
6k+
“Betmen 2” režissýorsyz galdy. Film indiki ýazda düşüriler
“Betmen: Bölüm II” filminiň düşürilişi 2026-njy ýylyň mart aýyna süýşürildi. Film Londonda düşüriler diýip, Production Weekly habar berýär. Ozal taslamanyň režissýory hökmünde Mett Riwz bellenipdi, ýöne indi ol ssenariçi hökmünde görkezilýär
10.05.2025 14:39
3k+
Netflix TikTok-a meňzeş wideo lentasyny işe girizýär
Netflix kompaniýasy ykjam goşundysynda täze funksiýanyň – TikTok-a meňzeş dik görnüşli gysga wideolardan ybarat lentanyň synag hökmünde ýakyn wagtda işe giriziljekdigini habar berdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär
10.05.2025 14:32
2k+
“Altyn globus” 2026-njy ýyldan iň gowy podkastlar üçin berlip başlanar
2026-njy ýyldan başlap “Altyn globus” baýragynda iň gowy podkast üçin täze kategoriýa peýda bolar. Baýragyň guramaçylary bu nominasiýada ilkinji ýeňijiniň baýragyň 83-nji gowşurylyş dabarasynda saýlanjakdygyny habar berdi diýip, Deadline ýazýar
10.05.2025 13:47
2.5k+
“Şrek 5” multfilminiň sýužeti barada ilkinji maglumatlar peýda boldy
Belli insaýder MyTimeToShineHello geljekki “Şrek 5” multfilminiň sýužeti barada ilkinji maglumatlar bilen paýlaşdy. Maglumatlara görä, meşhur multfilmiň bäşinji bölümi Şrekiň Felisiýa atly gyzy barada gürrüň berer
09.05.2025 16:11
5.2k+
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filminiň täze treýleri çykdy
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) remeýkiniň 12-nji iýuna meýilleşdirilen premýerasyna bir aý galanda taslamanyň täze IMAX treýleri çykdy. Ol 2010-njy ýylyň asyl multfilminden muşdaklara tanyş bolan esasy pursatlary açyp görkezýär
09.05.2025 09:29
3.7k+
“Ýura eýýamynyň dünýäsi 3” taryhda iň gymmat film boldy
“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk” (Мир Юрского периода: Господство) filmi kinematograf taryhynda iň gymmat film boldy. Universal-yň Beýik Britaniýadaky salgyt resminamalaryna laýyklykda, filmiň önümçiligi 584 mln dollara (453 mln funt) düşdi
08.05.2025 13:24
1k+
Business Insider: Google filmler we teleseriallar boýunça täze bölüm döretdi
Google kompaniýasy film we teleserial önümçiligi boýunça «100 Zeros» atly başlangyjy işe girizdi. Bu barada «Business Insider» neşiri habar berýär. Täze taslama Range Media Partners prodýuserlik kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär
08.05.2025 12:30
3.7k+
Collider ähli döwürleriň iň esasy kinotrilogiýalarynyň sanawyny düzdi: “Ýüzükleriň hökümdary”, “Çokundyran ata”
Collider amerikan neşiri taryhda iň esasy kinotrilogiýalaryň reýtingini düzdi. Sanawa kinematografa uly täsirini ýetiren on taslama girdi. Şeýlelikde, neşir Jon R.R. Tolkiniň Ortaýer baradaky fentezi romanlarynyň ekranlaşdyrylmasy bolan “Ýüzükleriň hökümdaryny” (Властелин колец) iň möhüm trilogiýa diýip atlandyrdy
07.05.2025 14:17
5.6k+
Netflix “Kalmar oýnunyň” ahyrky möwsüminiň tizerini hödürledi
Netflix “Kalmar oýnunyň” üçünji möwsüminiň tizerini hödürledi. Meşhur serialyň finalynyň premýerasy 27-nji iýunda bolar. Täze möwsümde Son Ki Hun (onuň keşbini Li Jon Je ýerine ýetirýär) ölüm howply oýna gaýdyp geler
07.05.2025 13:46
4.5k+
Lionsgate Nýu-Ýorky alakalaryň basyp almagy hakynda horror filmini çykarar
Lionsgate kinokompaniýasy Nýu-Ýork şäherini agressiw alakalaryň basyp alşyny beýan edýän täze horror filmiň üstünde işleýär. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Filme häzirlikçe at dakylmady, onuň režissýory ozal «The Final Girls» atly horror filme hem-de «The Inbetweeners» serialynyň birnäçe bölümine režissýorlyk eden Todd Ştraus-Şulson bolar
07.05.2025 13:41
4k+
Marvel mazmunyň aşa köpelendigini sebäpli, supergahrymanly filmleriň hiliniň peselendigini boýun aldy
«The Wall Street Journal» neşiri Marvel Studios-nyň häzirki ýagdaýy barada makala çap etdi. Makalada Marvel-iň ýolbaşçysy Kewin Faýgi tomaşaçylaryň studiýanyň filmlerine bolan gyzyklanmasynyň peselendigini boýun aldy we muny mazmunyň aşa köpelmegi bilen baglanyşdyrdy
06.05.2025 21:09
2.7k+
“Awatar: Aang hakynda rowaýat” multserialynyň dowamy 2027-nji ýylda çykar
“Aang hakynda rowaýat” multserialynyň dowamy bolan “Awatar: Ýedi gaçybatalga” 2027-nji ýylda çykar. Maglumat Toy World žurnalynyň maý aýyndaky sanynda, Paramount-yň geljekki taslamalary baradaky bölümde peýda boldy
06.05.2025 16:13
3.2k+
“Gök gürrüldedijiler*” prokata şowly başlap, kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy
“Gök gürrüldedijiler*” (Громовержцы* / Thunderbolts*) filmi 4-nji maýda tamamlanan dynç günlerinde kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy. Variety we The Hollywood Reporter neşirleriniň habar bermegine görä, ilkinji uikendde film ABŞ-da 76 mln dollar we daşary ýurtlarda 86,1 mln dollar gazandy
06.05.2025 16:05
3.7k+
"Unutma", "Özgeleriň durmuşy", "Ýedi": Collider neşiri soňky 30 ýylyň iň gowy 10 trillerini saýlady
Amerikanyň abraýly Collider neşiri soňky 30 ýylda çykan iň oňat on trilleriň sanawyny çap etdi. Sanawa, awtorlaryň pikirine görä, dartgynly atmosferasy, garaşylmadyk sýužet öwrümleri we ajaýyp aktýorlyk ussatlygy bilen tapawutlanýan filmler girdi
06.05.2025 15:44
8.1k+
Tramp daşary ýurt filmlerine 100% salgyt salmagy meýilleşdirýär
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň çäginden daşarda düşürilen filmlere 100% salgyt salmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. Onuň pikirine görä, şeýle çäre Amerikanyň kino pudagyny goldamaga kömek eder. Tramp
06.05.2025 10:35
4.5k+
Tom Felton “Garri Potter” boýunça täze serialyň toparyna goşuldy
Garri Potter baradaky filmlerde Drako Malfoýyň keşbi bilen tanalýan aktýor Tom Felton ýazyjy Joan Roulingiň kitaplaryna esaslanýan täze serialyň döredijilik geňeşçisi boldy. Bu barada CBR habar berýär. Ol döredijilik geňeşçisi hökmünde HBO-nyň taslamasyna gatnaşar
05.05.2025 14:51
2k+
Raýan Reýnolds Dedpul we X adamlar barada täze filmiň üstünde işleýär
Aktýor Raýan Reýnolds Dedpuly X adamlar bilen birleşdirjek täze filmiň ssenarisiniň üstünde işleýär. Bu barada The Hollywood Reporter portaly habar berýär. Taslama heniz ssenariniň tamamlanmandygy üçin Marvel Studios-a hödürlenmedi
05.05.2025 12:57
1.8k+
Deadline 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň sanawyny hödürledi: birinji – “Tapmaça 2”
Deadline neşiri 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň sanawyny hödürledi. Birinji orny “Tapmaça 2” eýeledi. 200 mln dollar býujet we 500 mln dollar umumy çykdajy bilen onuň arassa girdejisi 650 mln dollar boldy
05.05.2025 12:03
4.2k+
Jeýms Kemeron «Hirosimanyň ruhlary» esasynda film düşürer
Jeýms Kemeron Çarlz Pellegrinonyň «Hirosimanyň ruhlary» (Ghosts of Hiroshima) romanyny ekranlaşdyrmak isleýär. Bu barada režissýor «Deadline» neşirine gürrüň berdi. Režissýor «Awatar» tamamlanansoň, surata düşüriş işlerine başlamagy meýilleşdirýär
04.05.2025 19:48
4k+
«Joker: Iki adamlyk telbelik» 2024-nji ýylyň iň köp zyýan çeken filmi boldy
«Joker: Iki adamlyk telbelik» (Джокер: Безумие на двоих) filmi Warner Bros. kompaniýasyna 144,25 mln dollar zyýan ýetirdi we 2024-nji ýylyň iň köp zyýan çeken filmleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu antireýtingi «Deadline» neşiri düzdi
03.05.2025 11:44
1.9k+
Frensis Ford Koppola kino sungatyna goşandy üçin AFI baýragy bilen sylaglandy
Los Anjelesde (ABŞ) geçirilen 50-nji «AFI Life Achievement Award» gowşurylyş dabarasynda Frensis Ford Koppola iň ýokary baýrak bilen sylaglandy. Oňa bu sylagy meşhur režissýorlar Stiwen Spilberg bilen Jorj Lukas gowşurdy
03.05.2025 10:57
2.3k+
«Kalmar oýny», «Wan Pis» we «Uensdeý»: Netflix 31-nji maýda täzelikleri tanyşdyrar
Netflix striming hyzmaty «Tudum 2025» atly uly tanyşdyryş çäresini yglan etdi. Bu çärede onlaýn-kinoteatrda iň köp garaşylýan täze taslamalar baradaky täzelikleri paýlaşmak meýilleşdirilýär. Tudum-yň treýlerinde «Kalmar oýnunyň» 3-nji möwsüminden, «Wan Pis» serialyndan, «Pyçaklary çykarmak 3» filminden we beýleki meşhur taslamalardan bölekler görkezildi
03.05.2025 10:51
2.5k+
Bred Pitt Tim Uintonyň “Atlylar” filminde baş keşbi janlandyrar
Bred Pitt awstraliýaly ýazyjy Tim Uintonyň “Atlylar” romany esasynda düşüriljek filmde baş keşbi janlandyrar. Taslama “Konklaw” we “Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok” filmlerini döreden Edward Berger režissýorlyk edýär diýip, Variety žurnaly habar berdi
03.05.2025 09:27
3.1k+
“Sýogunyň” ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar
“Sýogun” serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar. Bu barada FX teleýaýlymynyň wekilleri Deadline neşirine habar berdi. Hiroýuki Sanada lord Ýosi Toranaganyň keşbine gaýdyp geler, Kosmo Jarwis bolsa ýene-de britaniýaly deňizçi Jon Blektorny oýnar
01.05.2025 14:27
13k+
UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar
A24 studiýasy amerikaly aktýor Dueýn “Gaýa” (“Скала”) Jonsonyň we Ukrainanyň agyr agram derejesindäki ýeňilmezek boksçysy Aleksandr Usigiň oýnan “Ýumurýan maşyn” (“Крушащая машина”) sport dramasynyň ilkinji treýlerini çykardy
01.05.2025 14:01
4.7k+
Dynç günleri Aşgabatda nirä gitmeli? Sirkemi ýa-da kino?
Türkmenistanyň Döwlet sirki Türkmenistanyň Döwlet sirki hem teatr-sirk şüweleňini hödürleýär. 4-nji maýda tomaşaçylara halkara sirk festiwallarynyň alty gezek ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şeýle-de, “Türkmen jigitleri” toparynyň zehinli artistleriniň çykyşlary garaşýar
01.05.2025 11:13
2.2k+
Marvel “Dedpul we Rosomaha” filminden 400 mln dollar töweregi girdeji gazandy
Deadline neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, “Dedpul we Rosomaha” filminiň girdejisi we çykdajylary barada çen-takmyn maglumatlary hödürledi. Olardan ugur alsaň, 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň biri Marvel studiýasyna, takmynan, 400 mln dollar girdeji getirdi
01.05.2025 11:11
4.3k+
“Şalaryň şasy” ABŞ-da “Mugthorlardan” öňe geçip, iň girdejili koreý filmi boldy
Geçen dynç günleriniň jemi boýunça “Şalaryň şasy” multfilmi ABŞ-da 54,7 mln dollar gazandy. Film meşhur bolan “Mugthorlar” filminden ($53,8 mln) öňe geçip, amerikan prokatynda iň girdejili koreý kinotaslamasy boldy diýip, Deadline habar berýär
«
1
…
20
21
22
…
40
»
«
1
…
17
18
19
20
21
22
23
24
25
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.