Jeki Çan pensiýa çykýança ähli trýuklaryny özi ýerine ýetirer

16.05.2025, 00:1014,109

Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan filmlerdäki ähli trýuklaryny (tilsimleri) pensiýa çykýança özi ýerine ýetirer. Ol dublýor ýa-da kaskadýor ulanmagy meýilleşdirmeýär diýip, «Deadline» neşiri habar berýär.

Şeýle-de aktýor pensiýa çykmaga howlukmaýar.

«Elbetde, öz trýuklarymy hemişe özüm ýerine ýetirýän. Bu meniň kimdigimi görkezýär. Bu ýagdaý men pensiýa çykýançam üýtgemez, o bolsa hiç haçan bolmaz! Dogrusyny aýtsam, bu işi 64 ýyl bäri yzygider edip gelýän adam üçin indi ýörite fiziki türgenleşik zeruram däl. Ähli zat ýüregiňizde we ruhuňyzda» — diýip, Jeki Çan aýtdy.

Tomaşaçylar aktýory tiz wagtdan täze «Karateçi oglanjyk: Ussatlar» (Каратэ-пацан: Легенды) filminde görüp bilerler. Film 30-njy maýda görkezilip başlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.