Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
ylym
Baş sahypa
/
Habarlar
/
ylym
28.01.2026 16:25
4.8k+
Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär
2026-njy ýylyň tomsunda Halkara kosmos stansiýasy (HKS) üçin niýetlenen kir ýuwujy maşynyň prototipiniň ýerüsti synaglaryna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada «Himiýa maşyn gurluşygynyň ylmy-gözleg instituty» paýdarlar jemgyýetiniň geljegi uly taslamalar bölüminiň başlygy Ýewgeniý Uýmanowa salgylanyp, TASS habar berýär
28.01.2026 14:31
2.5k+
Marsda öň Demirgazyk buzly ummandaky ýaly kän suwuň bolanlygy çaklanylýar
Alymlar Marsyň demirgazyk ýarym şarynda gadymy ummanyň kenar ýakasyny ýatladýan derýa hanalaryna meňzeş gurluşlary tapdylar. Bu barada Live Science neşiri habar berýär. Bern uniwersitetiniň hünärmenleri «ExoMars Trace Gas Orbiter», «Mars Express» we «Mars Reconnaissance Orbiter» orbita apparatlarynyň kameralarynyň kömegi bilen Mariner jülgesini içgin öwrendiler
27.01.2026 18:35
3k+
Ulanylan ösümlik ýagyny plastmassa öwürdiler
Halkara alymlar topary ulanylan ösümlik ýagyny gaýtadan işläp, häsiýetleri boýunça adaty polietilene meňzeş bolan plastmassany almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzdüler. Barlagyň netijeleri Journal of the American Chemical Society žurnalynda çap edildi
27.01.2026 09:21
1.3k+
ChatGPT Edu Gazagystanyň milli bilim ulgamyna integrirlener
Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi ChatGPT Edu bilim guralynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygyny yglan etdi. Bu karar ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerine degişlidir
27.01.2026 07:22
4.1k+
Türkmenistanyň Energetika instituty nazary mehanika boýunça V internet-olimpiadasyny geçirýär
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Nazary mehanika» dersi boýunça geçiriljek V açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär
26.01.2026 22:13
3.9k+
Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler
Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär
26.01.2026 17:34
2.8k+
Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler
ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine sanitar gözegçilik gullugy (FDA) emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen ISM8969 atly dermany kliniki synaglardan geçirmäge rugsat berdi. Bu çözgüt çiş we neýrodegeneratiw kesellerini bejermekde täze ädim bolup, indi dermany adamlarda barlap görmäge mümkinçilik berýär
26.01.2026 16:17
8.2k+
Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy hakda geň çaklama öňe sürüldi
Nature žurnalynda çap edilen täze ylmy iş taryhçylaryň Gizadaky Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy baradaky garaýyşlaryna täzeden seretmegine sebäp bolup biler. Gözleglerden gelip çykýan netijelere görä, bu ägirt desga gurlan wagtynda diňe bir daşky eňňitler däl, eýsem gurluşyň içinde gizlenen içki agramlyklar we bloklar ulgamy hem ulanylan bolmagy ähtimal
26.01.2026 04:09
5.2k+
Hytaý alymlary saçyň tary ýaly inçe we çeýe sapaga millionlarça tranzistory sygdyrdylar
Hytaýda çeýe elektronikanyň geljekdäki köpçülikleýin önümçiligi üçin esas döredildi. Taslamany düzüjiler inçejik çeýe sapak görnüşinde mikroshema taýýarladylar. Geljekde şeýle sapaklardan hasaplamalary ýerine ýetirip, neýroulgamlar bilen işläp we maglumatlary görkezip biljek matalary dokap bolar
24.01.2026 15:54
3.9k+
Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi
Geçen ýyl Günde dörän tegmil toplumlarynyň arasynda iň ulusy «hiç zat galmazdan diýen ýaly» ýitdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berdi
24.01.2026 12:01
3k+
Alymlar rekord derejeli ýylylyk geçirijiligi bolan metal döretdiler
Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň Samueli inženerçilik mekdebiniň alymlary teta fazasynda (θ-TaN) tantal nitridiniň ýylylyk geçirijiligi metr-kelwinde 1100 watta çenli bolan ýörite görnüşini sintez etdiler
24.01.2026 11:53
9.4k+
96 ýylda 9 damja damdy: dünýäniň iň uzak synagy dowam edýär
Dünýäniň iň uzyn barlaghana tejribeleriniň biri Awstraliýada bir asyra golaý wagt bäri dowam edýär. Alymlar onda guýguçdan şepbik damyşyny synlaýarlar. Şepbik diýlip, süýnüjiligi ýokary bolan suwuklyga aýdylýar
23.01.2026 15:37
2.4k+
Alymlar magnit tupanyny birnäçe ýyl öňünden çaklamagy öwrendiler
Halkara ylmy işgärler topary öňki Gün gözegçiliklerini seljermek arkaly geljekki Gün işjeňligini has takyk çaklamaga kömek etjek usul işläp düzdüler. Netijeler The Astrophysical Journal žurnalynda çap edildi. Bu barlagyň maksady Günüň polýar magnit meýdanynyň soňky 100 ýylda nähili hereket edýändigini dikeltmekdi
23.01.2026 15:19
2.2k+
Gadymy kitaplaryň seljermesi Galkynyş eýýamynda geň bejeriş usullaryna ulanylandygyny görkezdi
Alymlar Galkynyş eýýamynyň adatdan daşary lukmançylyk usullarynyň tejribede ulanylan bolmagynyň mümkindigi hakyndaky netijä geldiler. Olaryň şeýle karara gelmegine 1531-nji ýyla degişli lukmançylyk maglumat kitaplary esas boldy
22.01.2026 11:57
5.7k+
Hemralaryň kömegi bilen Antarktidanyň buzasty dünýäsiniň jikme-jik kartasy düzüldi
Halkara alymlar topary hemra maglumatlaryny we buzuň hereketini seljermegiň täze usulyny ulanmak arkaly Antarktidanyň buzasty relýefiniň has jikme-jik kartasyny döretdi. Bu gezek alymlar gymmat ekspedisiýalaryň deregine buz galyňlygynyň aşagyndaky relýefiň formasyny anyklamak üçin buz galkanynyň üstündäki kiçijik üýtgeşmeleri we hereketleri öwrendi
21.01.2026 18:59
4.6k+
Astronomlar taryhda ilkinji gezek gara girdaby wideo düşürer
Event Horizon Telescope (EHT, «Wakalaryň gözýetiminiň teleskopy») halkara taslamasynyň astronomlary mart-aprel aýlarynda taryhda ilkinji gezek gara girdaby wideo düşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada taslamanyň awtorlarynyň birine, Kembrij uniwersitetiniň professory Sera Markoffa salgylanyp, Guardian gazeti habar berýär
21.01.2026 10:44
7.9k+
Alymlar parasetamolyň çagalarda autizm töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygy baradaky pikirleri ret etdiler
Halkara lukmanlar topary parasetamolyň çaganyň nerw ulgamynyň ösüşine täsiri baradaky ähli esasy kliniki barlaglary seljerdi. Ylmy gözleg bu derman serişdesini kabul etmegiň autizm, üns ýetmezçiliginiň bozulmasy (ADHD) ýa-da akyl taýdan ösüşde yza galmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyna hiç hili subutnama tapmady
21.01.2026 10:16
5.1k+
Alymlar ilkinji gezek ösümlikleriň nädip dem alýandygyny görkezdiler
Illinoýs uniwersitetiniň alymlary ösümlikleriň hakyky wagtda dem alyş prosesini görkezmegi başardy. Haýran galdyryjy kadrlar Live Science neşirinde hödürlendi. Ylmy gözlegçiler syn etmek üçin Stomata in-sight ady bilen ýörite gural döretdi
19.01.2026 15:08
3.4k+
Adamyň ýüz hereketlerini gaýtalaýan robot döredildi
Täze robot söhbetdeşiniň ýüz keşbiniň nähili boljakdygyny öňünden duýýar we 11 dilde dodak hereketlerini gaýtalaýar. Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary robotlara adamyň başdan geçirip duran ýagdaýyndaky dodak we ýüz hereketlerini sinhronlaşdyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany hödürlediler
19.01.2026 14:39
13k+
Alymlar bedeniň garramaga başlaýan takyk ýaşyny anykladylar
Finlýandiýaly we şwesiýaly alymlar durmuş ýörelgesiniň saglyga iň güýçli täsir edýän döwrüni we garramanyň ilkinji alamatlarynyň haçan ýüze çykýandygyny öwrendiler. Finlýandiýada geçirilen barlaglar bedeniň 36-46 ýaş aralygynda has duýgur bolýandygyny görkezdi
18.01.2026 19:40
6.8k+
Grenland akulalary tümlükde ýüz ýyllap görüp bilýärler
Alymlar adaty bolmadyk açyşa haýran galdylar. Ýer ýüzündäki iň uzak ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň biri bolan grenland akulalarynyň 100 ýyllap garaňkylykda görüp bilýändikleri belli boldy. Öňler bu çuň deňiz akulalarynyň hemişelik tümlük hem gözlerindäki parazitler zerarly görüjilik ukyby pes diýlip pikir edilýärdi
18.01.2026 19:37
4.5k+
Alymlar ýokary gan basyşy beýni sütüniniň işleýşi bilen baglanyşdyrýarlar
Alymlar beýni sütüniniň bir böleginiň ýokary gan basyşa we gipertoniýanyň güýçlenmegine täsir edip biljekdigini anykladylar. Munda gürrüň bedendäki awtomatik proseslere jogapkär bolan nerw toplumynyň lateral parafasial sebiti (LPA) hakynda barýar diýip, Daily Mail habar berýär
18.01.2026 16:06
5.8k+
Alymlar 2 mln ýyl ozal ýaşan «başarnykly adamy» doly suratlandyryp bildi
Paleoantropologlar Homo habilis-iň (başarnykly adam) iň doly skeleti barada gürrüň berdi. Homo urugynyň iň irki wekilleriniň biri bolan bu görnüş 2 million ýyldan gowrak ozal ýaşapdyr. Ol awstralopitekler bilen adamlaryň has giçki ata-babalarynyň – Homo erectus-yň (göni ýöreýän adam) anatomiki aýratynlyklaryny özünde birleşdiripdir
18.01.2026 15:22
6k+
Gadymky möjegiň iýmit galyndylary 14,000 ýyl mundan ozal ýaşan tüýli kerkiň DNK-syny öwrenmäge kömek etdi
Alymlar Sibir doňaklygynda gatap galan möjegiň aşgazanyndan tapylan et bölegini öwrenmek arkaly, takmynan 14,000 ýyl mundan ozal ýaşan tüýli kerkiň genomyny täzeden dikeltdiler. Iki aýlyk möjek çagasynyň zepersiz saklanan galyndylary 2011-nji ýylda Sibiriň demirgazyk-gündogaryndaky Tumat obasynyň golaýynda tapylypdy
18.01.2026 15:13
3.8k+
Tirannozawrlaryň ösüşi 40 ýyl dowam edipdir
Ýyrtyjylaryň daşlaşan süňklerini öwrenmek boýunça şu wagta çenli geçirilen iň uly seljermeden soň paleontologlar tirannozawrlaryň doglandan soň 40 ýyl töweregi ösmegi dowam etdirendikleri barada netijä geldiler diýip, TASS-yň habarynda aýdylýar
17.01.2026 14:58
7.5k+
Bir gijelik uky esasynda 130 keseli anyklamak mümkin
Täze barlaglar uky derňewiniň horlama ýa-da demikme ýüze çykmasyndan has köp maglumat berip biljekdigini görkezdi. Nature Medicine žurnalynda çap edilen giň möçberli gözleg, uky laboratoriýasynda uklanyp geçirilen bir gijäniň köp sanly agyr keselleriň döremek howpuny olaryň ýüze çykmagyndan birnäçe ýyl öň kesgitläp biljekdigini subut etdi
17.01.2026 08:05
3.8k+
2026-njy ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, dalaşgärleriň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
Türkmenistanda 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
16.01.2026 15:42
2.4k+
Hytaýly inženerler kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny döretdiler
Hytaýdaky Suçžou uniwersitetiniň alymlary galyňlygy kagyza deň bolan çeýe Gün batareýasyny döretdiler. Batareýa köp gatlakly gurluşa esaslanýar we TASS-yň Hytaýyň Merkezi Telewideniýesine salgylanyp berýän habaryna görä, özünde kristal kremniýniň we perowskitiň örän inçe gatlaklaryny birleşdirýär
16.01.2026 15:17
5.8k+
Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr
Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar
16.01.2026 15:12
3.5k+
Alymlar uçuşdan soň astronawtlaryň beýnisiniň formasynyň üýtgeýändiginiň üstüni açdylar
Kosmosa uçuş astronawtlaryň bedenine täsir edip, olaryň myşsalarynyň ýitmegine, süňk dykyzlygynyň peselmegine we suwuklyk hem elektrolit deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär. Emma bu-da hemmesi däl. Alymlar mikrograwitasiýanyň täsirlerini öwrenenlerinden soň, älem giňişligine uçuşyň astronawtlaryň beýnisiniň gurluşyna täsir edýändigini-de anykladylar
16.01.2026 15:07
2.5k+
Koreýaly alymlar aýna ýaly agaçdan penjire ýasadylar. Ol ultramelewşe şöhleleri saklaýar we ýagtylygy kadalaşdyrýar
Günorta Koreýanyň Hanbat Milli uniwersitetiniň we Konju Milli uniwersitetiniň ylmy işgärleri elektrik toguna birikdirilmezden ýagtylyk derejesini özbaşdak kadalaşdyrmaga we ultramelewşe şöhlelerinden goramaga ukyply akylly penjire döretdiler
14.01.2026 10:20
2.7k+
Beýni bize hakyky däl-de, özüne oňaýly bolan görnüşi görkezýär
Beýni diňe duýgy organlaryndan duýduryşlary kabul etmeýär, ol olary mazaly işläp, üstüni ýetirýär we bolup geçýän zatlaryň aýdyň we oňaýly keşbini döredýär. Alymlaryň gelen bu netijesi «Nature Neuroscience» žurnalynda çap edildi
12.01.2026 18:22
9.5k+
Leonardo da Winçiniň çeken suratyndan 500 ýyldan soň onuň DNK-sy tapyldy
ABŞ-dan, Awstriýadan, Italiýadan we Ispaniýadan alymlaryň halkara topary Leonardo da Winçiniň suratlarynyň birinden DNK nusgasyny çykaryp alandyklaryny habar berdiler diýip, Daily Mail neşiri ýazýar. Barlagyň netijeleri bioRxiv preprintler saýtynda ýerleşdirildi
11.01.2026 20:28
8.7k+
Liftde näme üçin dymylýar: alymlar ýapyk ýerde oňaýsyzlygyň sebäbini öwrendiler
Liftde nätanyş adamlaryň arasyndaky dymyşlyk şäher gurşawynda mejbury ýakynlyk şertlerine uýgunlaşdyrylan sosial gatnaşyklaryň aýratyn görnüşidir. Perm milli gözleg politehniki uniwersitetinden (RF) alym W.A. Botalow sosiologiýanyň we psihologiýanyň klassyk nazaryýetlerine esaslanyp, bu hadysanyň sebäplerini öwrendi
11.01.2026 13:39
6.4k+
10 sekuntlyk duzak: Ilkinji täsirler nähili emele gelýär?
Russiýanyň Perm Milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary geň galdyryjy bir hakykaty ýüze çykardylar: nätanyş adam baradaky ilkinji täsirimiz bary-ýogy 7-10 sekundyň içinde kemala gelýär. Iň gyzykly tarapy bolsa, bu täsir adamyň şahsyýetine däl-de, biziň aňymyzdaky "gender stereotiplerine" esaslanýar
11.01.2026 13:15
2.5k+
Alymlar pagtadan we yzgardan elektrik energiýasyny öndürmegiň usulyny tapdylar
Alymlar adaty pagta matasyny howadaky çyglylygy sorup alýan we ony elektrik energiýasyna öwürýän täze tehnologiýany işläp düzdüler. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu üýtgedilen material batareýa talap etmezden, LED çyralaryny we pes kuwwatly elektron enjamlary 24/7 düzgüninde işledip bilýär
11.01.2026 13:11
15k+
Alymlar Antarktidanyň buzunyň 500 metr aşagynda gizlenip ýatan "dünýäni" tapdylar
Alymlar Antarktidanyň Larsen buzluklarynyň aşagyndaky ýerasty derýada, 500 metr çuňlukda öň mälim bolmadyk täze bir ekoulgamy ýüze çykardylar. Bu açyş yklymyň gizlin suw ulgamlaryny we ýerasty derýalaryny öwrenmek üçin geçirilen ylmy işleriň barşynda amala aşyryldy
11.01.2026 12:28
3.4k+
Çuwaşiýaly hirurglar galkan şekilli mäziň çişini aýyrmagyň täze we howpsuz usulyny işläp düzdüler
I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň (ÇDU) hünärmenleri galkan şekilli mäziň zyýansyz çişlerini (kista) aýyrmagyň kämilleşdirilen usulyny oýlap tapdylar we patentlediler. Bu täze usul operasiýa wagtynda ses nerwlerine we galkan şekilli mäziň ýanyndaky ownuk mäzlere zeper ýetme howpuny iň pes derejä düşürýär
10.01.2026 19:18
3.3k+
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşigiň düzgünnamasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň saýtynda çap edildi
09.01.2026 11:08
3.8k+
Alymlar ilkinji gezek laboratoriýa syçanlarynda Alsgeýmer keselini doly bejerdiler
P7C3-A20 dermanynyň syçanlarda synagdan geçirilmegi, hatda Alsgeýmer keseliniň soňky tapgyrlarynda-da ýady, kognitiw (aň-bilim) funksiýalary we neýron ulgamynyň gurluşyny doly dikeltmegiň mümkindigini görkezdi
«
1
…
9
10
11
…
52
»
«
1
…
6
7
8
9
10
11
12
13
14
…
52
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.