Gadymy ýantar daşynda “şahly” garynjalaryň täze görnüşi tapyldy
07.09.2025 18:54
5.6k+

Gadymy ýantar daşynda “şahly” garynjalaryň täze görnüşi tapyldy

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň alymlary Baltika ýantarynda garynjanyň, takmynan, 37 million ýyl ozal ýaşap geçen näbelli görnüşini tapdylar. Nusga Kaliningrad oblastynyň çäginde tapyldy we ol ganatly ene garynjadyr diýip, TechInsider habar berýär
Fizikler Älemiň geljegini çaklamak üçin matematiki enjam döretdi
06.09.2025 17:40
3.9k+

Fizikler Älemiň geljegini çaklamak üçin matematiki enjam döretdi

Moskwanyň fiziki-tehniki institutyndan (MFTI) rus fizik-teoretikleri Älemimiziň geljegini çaklamak üçin täze matematiki gural döretdi. Ol kosmos masştabynda kwant meýdanlarynyň özüni nähili alyp barýandygyny beýan edýär we Äleme giňelmek şertlerinde nämäniň garaşýandygyna düşünmäge kömek eder
Nanotehnologiýa pudagyndaky patentleriniň sany boýunça Hytaý dünýäde birinji ýerde durýar
05.09.2025 17:25
3.7k+

Nanotehnologiýa pudagyndaky patentleriniň sany boýunça Hytaý dünýäde birinji ýerde durýar

2000-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli dünýäde nanotehnologiýa pudagynda 1,07 milliondan gowrak patent hasaba alyndy. Şolaryň 464 müň sanysy Hytaýda hasaba alyndy. Şeýle maglumatlar Pekindäki Nanotehnologiýa forumynda neşir edilen “Hytaýyň nanotehnologiýa senagaty 2025” atly Ak kitapda getirilýär
Hytaýda bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän rezin döredildi
05.09.2025 16:58
5.5k+

Hytaýda bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän rezin döredildi

Pekin uniwersitetiniň barlagçylary adam bedeniniň ýylylygyny elektrik energiýasyna öwürýän rezin materialy işläp taýýarladylar diýip, South China Morning Post habar berýär. Täze tehnologiýa termoelektrik ýörelgelerine esaslanýar: bedeniň (37° C töweregi) we daşky gurşawyň (20–30 ° C) arasyndaky temperatura tapawudy elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär
Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamyndan hem gadymy bolan bölekler tapyldy
04.09.2025 13:09
2.6k+

Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamyndan hem gadymy bolan bölekler tapyldy

Alymlar Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamy emele gelmezden hem ozal ýüze çykan madda bölejiklerini tapdylar. Bu barada Nature Astronomy we Nature Geoscience žurnallarynyň neşirlerindäki makalalarda habar berildi
Gözüň torly perdesiniň barlagy Alsgeýmer keselini alamatlary ýüze çykmazdan on ýyl öň anyklap biler
03.09.2025 12:21
3.2k+

Gözüň torly perdesiniň barlagy Alsgeýmer keselini alamatlary ýüze çykmazdan on ýyl öň anyklap biler

Jekson barlaghanasynyň alymlary retinanyň gan damarlarynyň üýtgemeginiň Alsgeýmer keseliniň irki alamaty bolup biljekdigini anykladylar. Alymlar işiň dowamynda adamlaryň, takmynan, 40%-de duş gelýän we keseliň döremek howpuny ýokarlandyrýan MTHFR 677C> T genetiki mutasiýaly syçanlary öwrendiler
Alymlar Atlantika ummanynda mega ýertitremeler zolagyny açdylar
03.09.2025 11:53
5.4k+

Alymlar Atlantika ummanynda mega ýertitremeler zolagyny açdylar

Atlantika ummanynda güýçli ýertitremelerine we sunamilere sebäp bolup biljek tektoniki jaýryklar emele gelýär diýip, Nature Geoscience  žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar. Alymlar Portugaliýanyň litosfera plitalaryndaky belli jaýryklardan uzakda ýerleşýändigini, ýöne bu ýurtda ýertitremeleriniň ençeme gezek hasaba alnandygyny ýatlatdylar
Beýik Britaniýada şokoladyň tagamyny güýçlendirýän saz döredildi
02.09.2025 19:21
4.5k+

Beýik Britaniýada şokoladyň tagamyny güýçlendirýän saz döredildi

Beýik Britaniýada diňläniňde şokoladyň süýji tagamyny has güýçlendirýän saz döredildi diýip, New York Post habar berýär. Bristol uniwersitetinden kompozitor we ses boýunça hünärmen Natali Hiasint soňky 60 ýylda sazyň tagam duýgularyna ýetirýän täsiri baradaky ylmy gözlegleri öwrendi
Türkmen alymlary arça ýagynyň esasynda şypaly melhem taýýarladylar
02.09.2025 14:47
5.8k+

Türkmen alymlary arça ýagynyň esasynda şypaly melhem taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş hünärmenleri S.Lisowenko we D.Arazow arçanyň dürli böleklerinden efir ýaglaryny almak we olaryň esasynda üç görnüşli şypaly melhem taýýarlamak boýunça gözleg işlerini geçirdiler
Koloradoda dinozawrlardanam has gadymy pyşbaganyň görnüşi tapyldy
31.08.2025 08:48
9.7k+

Koloradoda dinozawrlardanam has gadymy pyşbaganyň görnüşi tapyldy

Paleontologlar Chelydridae maşgalasyndan bolan pyşbagalaryň ozal näbelli sütün öýjükli neslini  we görnüşini tapdylar. Olary Koloradodan tapylan bitin çanagyna we beýleki galyndylaryna esaslanyp suratlandyrmak başartdy
Özbegistanda ýaşy 9,2 müň ýyla barabar bolan ekerançylyk gurallary we däneleri tapyldy
28.08.2025 07:12
6.7k+

Özbegistanda ýaşy 9,2 müň ýyla barabar bolan ekerançylyk gurallary we däneleri tapyldy

Özbegistanyň günortasynda, Surhandarýa derýasynyň jülgesinde, Toda gowagynda Özbegistandan, Hytaýdan we Ýewropadan arheologlaryň topary gadymy adamlaryň gonalgasyny tapdy. Onuň ýaşy, takmynan, 9,2 müň ýyla barabar
Boston Dynamics kompaniýasy Atlas robotyna çylşyrymly başarnyklary özleşdirmegi öwretdi
26.08.2025 21:23
2.6k+

Boston Dynamics kompaniýasy Atlas robotyna çylşyrymly başarnyklary özleşdirmegi öwretdi

Boston Dynamics kompaniýasy Atlas modeliniň mysalynda adam şekilli robotlaryň ösüşiniň täze derejesini hödürledi. Indi robot diňe bir hereket etmäge ukyply bolman, eýsem Toyota Research Institute (TRI) bilen bilelikde döredilen uly özüni alyp baryş modelleriniň (LBMs) dolandyrmagynda dowamly we çylşyrymly başarnyklary ýerine ýetirip bilýär
Müsürde suwdan gadymy Kanopus şäheriniň bölekleri çykaryldy
26.08.2025 13:37
10k+

Müsürde suwdan gadymy Kanopus şäheriniň bölekleri çykaryldy

Müsür häkimiýetleri Aleksandriýanyň golaýynda Abu-Kir aýlagynda ýerleşen suwa giden gadymy şäheriň böleklerini gury ýere çykardy diýip, The Guardian habar berýär. Bu Müsüri tas 300 ýyl dolandyran Ptolemeý nesilşalygynyň dolandyran we 600 ýyl töweregi ýurdy dolandyran Rim imperiýasynyň döwründe möhüm merkeze öwrülen Kanopus şäheri hasaplanýar
Paleontologlar dinozawrlaryň ýelken şekilli arkasy bolan täze görnüşini açdy
26.08.2025 13:26
5.7k+

Paleontologlar dinozawrlaryň ýelken şekilli arkasy bolan täze görnüşini açdy

Paleontologlar dinozawrlaryň ýelken şekilli arkasy bolan täze görnüşini açdy. Istiorachis macarthurae adyny alan bu jandarlar 120 mln ýyldan gowrak ozal Angliýanyň günorta kenaryndan uzak bolmadyk ýerde ýaşapdyr diýip, Londondaky Tebigy taryh muzeýine salgylanyp, CNN habar berýär
Awstraliýada adam derisine has ýakyn deri nusgalary ösdürilip ýetişdirildi
25.08.2025 13:04
3.4k+

Awstraliýada adam derisine has ýakyn deri nusgalary ösdürilip ýetişdirildi

Kwinslend uniwersitetiniň ýanyndaky Freýzer institutynyň barlaghanasyndan awstraliýaly alymlar ilkinji gezek doly derejede adam derisiniň gurluşyny gaýtalaýan deri nusgalaryny ösdürip ýetişdirdi. Bu barada ABC ýaýlym korporasiýasy habar berdi
Angliýada rim esgerine degişli bolan ýaşy 2000 ýyllyk başgap dikeldildi
25.08.2025 13:01
5.6k+

Angliýada rim esgerine degişli bolan ýaşy 2000 ýyllyk başgap dikeldildi

Angliýadaky Bolton muzeýinde ýaşy 2000 ýyl töweregi bolan ýüpekden ýasalan başgaby dikeltmek işleri tamamlandy. Ony rimli esger geýipdir. Dünýäde şeýle görnüşli diňe üç nusga saklanyp galypdyr: biri Mançesterde, beýlekisi Florensiýada, üçünjisi bolsa Boltonda ýerleşýär diýip, muzeý habar berdi
Alymlar žiraflary dört görnüşe böldi
23.08.2025 12:32
5.9k+

Alymlar žiraflary dört görnüşe böldi

Halkara tebigaty goramak birleşigi (IUCN) žiraflary resmi taýdan dört görnüşe böldi. Ozal olaryň hemmesi bir görnüş diýlip hasaplanýardy diýip, Bi-bi-si belleýär. Indi ylym şu aşakdakylary tapawutlandyrýar: Demirgazyk
Dişleriň sagdyn bolmagy üçin: Russiýada düzüminde probiotikler bolan sakgyç döredildi
22.08.2025 15:19
6k+

Dişleriň sagdyn bolmagy üçin: Russiýada düzüminde probiotikler bolan sakgyç döredildi

Seçenow uniwersitetiniň hünärmenleri probiotiklerden we prebiotiklerden düzülen çeýnelýän sakgyç döretdiler. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, täze önüme «Reteriks» diýlip at berildi. Onuň maksady – kariýesiň, gingiwitiň we beýleki stomatologik keselleriň töwekgelçiligini azaltmakdyr
Russiýaly alymlar pnewmoniýany we meningiti oýaryjyny dargadýan wirusy tapdylar
22.08.2025 08:21
5.2k+

Russiýaly alymlar pnewmoniýany we meningiti oýaryjyny dargadýan wirusy tapdylar

Sibir Ylymlar akademiýasynyň (SO RAN) Himiýa-biologiýa we fundamental lukmançylyk institutynyň hünärmenleri pnewmoniýa, meningit, sepsis döredýän we köplenç hassahanalarda giňden duş gelýän howply bakteriýany ýok edip bilýän täze wirus-bakteriofagy açdylar diýip, «Nauka v Sibiri» neşiri habar berýär
Hytaýda robot balygyň kömegi bilen umman çuňluklary öwrenilip başlandy
20.08.2025 14:19
11k+

Hytaýda robot balygyň kömegi bilen umman çuňluklary öwrenilip başlandy

Harbiniň inženerlik uniwersitetiniň (Hytaý) ylmy gözlegçileri ummanyň energiýasynyň hasabyna hereket edýän ýumşak robot balygy döretdi. Ol umman ýaşaýjylaryna zyýan ýetirmezden onuň çuňluklaryndaky ýaşaýşy öwrenmek üçin niýetlenýär
Hytaýda depressiýa garşy göreşmek üçin syçanlara adam beýnisiniň öýjükleri oturdyldy
19.08.2025 19:02
5.6k+

Hytaýda depressiýa garşy göreşmek üçin syçanlara adam beýnisiniň öýjükleri oturdyldy

Hytaýly alymlar sütün öýjüklerinden adam beýnisiniň öýjüklerini döredip, depressiýadan ejir çekýän syçanlara oturtdylar. Synaglaryň netijesinde öýjükleriň transplantasiýasy haýwanlarda aladany, göwnüçökgünlik duýgusyny azaltdy we lezzet almak ukybyny güýçlendirdi diýip, South China Morning Post neşiri ýazýar
Paleontologlar 5 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen keýigiň galyndylaryny tapdylar
19.08.2025 15:09
4.1k+

Paleontologlar 5 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen keýigiň galyndylaryny tapdylar

Tennessiniň (ABŞ) Greý şäherindäki Greý fosil muzeýiniň paleontologlary, takmynan, 5 million ýyllyk keýigiň galyndylaryny tapdylar. Bu barada Palaeontologia Electronica žurnalynda çap edilen ylmy işde aýdylýar
Kremniý jülgesinde EKO-da düwünçekleri IQ boýunça saýlamaga gyzyklanma artýar
19.08.2025 14:23
1.9k+

Kremniý jülgesinde EKO-da düwünçekleri IQ boýunça saýlamaga gyzyklanma artýar

Kremniý jülgesinde geljekki çaganyň aň derejesini çaklamagy wada berýän düwünçekleriň genetiki barlagyny ulanmak tejribesi giňden ýaýraýar. Şeýle hyzmatlaryň bahasy alty müňden elli müň dollara çenli bolup, barly maşgalalaryň arasynda isleg döredýär diýip, The Wall Street Journal ýazýar
Russiýada kömelegiň ozal näbelli  görnüşi tapyldy
18.08.2025 19:26
8.4k+

Russiýada kömelegiň ozal näbelli  görnüşi tapyldy

Russiýanyň alym-mikologlary Sihote-Alin goraghanasyna ekspedisiýa wagtynda kömelegiň ozal näbelli görnüşini tapdylar. Bu barada goraghananyň Telegram kanalynda habar berildi. Täze görnüş goraghananyň işgäri Wladimir Sokolowyň hormatyna Sokolowyň krepidotusy (Crepidotus sokolovii) diýlip atlandyryldy
Meksikada Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagyna sebäp bolan aýylganç gurakçylygyň yzlary tapyldy
18.08.2025 15:29
6.1k+

Meksikada Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagyna sebäp bolan aýylganç gurakçylygyň yzlary tapyldy

Meksikanyň Ýukatan ýarym adasyndaky gowakdaky stalagmit sebitde köp sanly gurakçylyklaryň bolandygyny, şol sanda olaryň biriniň 13 ýyl dowam edendigini ýüze çykardy. Bu gurakçylyk, takmynan, müň ýyl ozal Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagynda möhüm rol oýnap biler diýip, barlagyň awtorlary Science Advances žurnalynda habar berdiler
Alymlar äpet penjeli guşa meňzeş dinozawryň täze görnüşini tapdylar
18.08.2025 15:21
4.7k+

Alymlar äpet penjeli guşa meňzeş dinozawryň täze görnüşini tapdylar

Mongoliýada uly dyrnakly, guşa meňzeş dinozawryň galyndylary tapyldy. Täze görnüş Shri rapax diýlip atlandyryldy we dromeozawrid maşgalasyna degişlidir. Bu açyş barada Historical Biology žurnalynda habar berildi
Alymlar ertirki kofe üçin iň gowy wagty aýdyp, ony ýekelikde içmegi maslahat berdi
17.08.2025 23:41
10k+

Alymlar ertirki kofe üçin iň gowy wagty aýdyp, ony ýekelikde içmegi maslahat berdi

Kofe üçin iň gowy wagt oýananyňdan soň 2,5 sagatdan soň bolup, ony iň gowusy ýekelikde içmeli. Şeýle teklibi ýewropaly alymlar öňe sürýär. Olar kofe içmegiň wagtynyň we şertleriniň içgiden alynýan lezzete nähili täsir edýändigini öwrendi
Astronomlar ilkinji gezek Marsdaky gijeki bulutlaryň doly şekilini düşürdiler
15.08.2025 19:02
5.1k+

Astronomlar ilkinji gezek Marsdaky gijeki bulutlaryň doly şekilini düşürdiler

Astronomlar ilkinji gezek Marsdaky gijeki bulutlary jikme-jik öwrenip bildiler. Planetanyň atmosferasynyň Ýeriňkiden has ýukadygyna we gurakdygyna garamazdan, onda howanyň ýagdaýyna täsir edýän suwuň kiçijik buz kristallarynyň bulutlary bar
ABŞ-da öýüň üçegini deşen meteoritiň ýaşy Ýerden 20 million ýyl uly bolup çykdy
15.08.2025 12:43
7.8k+

ABŞ-da öýüň üçegini deşen meteoritiň ýaşy Ýerden 20 million ýyl uly bolup çykdy

“Makdono meteoriti” adyny alan kosmos daşy iýun aýynda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Makdono şäherindäki bir öýüň üçegini deşdi. Jorjiýa uniwersitetinden planetar geolog Skott Harris bu materialy öwrendi we meteoritiň takmynan 4,56 milliard ýyl ozal emele gelendigini kesgitledi
Üzüm hoşasyna meňzeýän gadymy galaktika tapyldy
15.08.2025 01:05
4.4k+

Üzüm hoşasyna meňzeýän gadymy galaktika tapyldy

Astronomlar Uly partlamadan 900 million ýyl geçensoň emele gelen galaktikany tapdylar. Şekiline görä, oňa "kosmiki üzüm" ady berildi diýip, National Radio Astronomy Observatory-daky makalada aýdylýar. “Habbl” teleskopynyň ilkinji suratlarynda galaktika bulaşyk ýaly görünýärdi, ýöne täze tehnologiýalar azyndan 15 sany äpet ýyldyz emele getirýän toparyň aýlanýan ulgamyny synlamaga mümkinçilik berdi
Marsda Ýerde näbelli mineral tapyldy
13.08.2025 07:36
9.5k+

Marsda Ýerde näbelli mineral tapyldy

Marsa köpýyllyk gözegçilikler onuň üstüniň jikme-jik kartasyny döretmäge mümkinçilik berdi, ýöne planetanyň mineral düzümi häzire çenli doly öwrenilmän galýar. Alymlar bu planeta barada täze düşünjeleri almak üçin zond we spektr maglumatlaryny seljermegi dowam etdirýär, bu bolsa käwagtlar garaşylmadyk netijeleri berýär
Alymlar iň ýakyndaky gara girdaba zond ugratmagy teklip edýärler
12.08.2025 16:50
5.3k+

Alymlar iň ýakyndaky gara girdaba zond ugratmagy teklip edýärler

Alymlar gara girdaba kosmos apparatyny ibermek pikirini öňe sürdüler. Şunuň ýaly missiýanyň konseptini Şanhaýdaky Fudan uniwersitetiniň professory Kosimo Bambi beýan etdi diýip, Daily Mail habar berýär. Barlagçynyň pikirine görä, apparat "nanogämi" - bolup geçýän zatlary ýazgy etmäge we olar hakda Ýere maglumatlary geçirmäge ukyply mikroçip bolar
Dag howasynyň öýkünmesi syçanlarda Parkinson keseliniň ösüşini haýallatdy
11.08.2025 15:56
3.5k+

Dag howasynyň öýkünmesi syçanlarda Parkinson keseliniň ösüşini haýallatdy

ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň ýanyndaky Broda institutynyň alymlary Parkinson keselli syçanlarda dag howasyna meňzeýän, kislorody az bolan howanyň keseliň alamatlarynyň ösmegini haýalladýandygyny ýüze çykardylar diýip, institutyň metbugat gullugy habar berdi
Pompeýde Wezuwiý atylandan soň hem ýaşalandygynyň subutnamalary tapyldy
11.08.2025 01:21
11k+

Pompeýde Wezuwiý atylandan soň hem ýaşalandygynyň subutnamalary tapyldy

Arheologlar b.e. öňki 79-njy ýylda Wezuwiniň atylmagy zerarly weýran bolan Pompeýde betbagtçylykdan soň hem ýaşaýyşyň gaýtadan dowam eden bolmagynyň mümkindigini görkezýän alamatlary tapdylar diýip, täze gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine salgylanýan ScienceAlert neşiri habar berýär
Türkmen alymlary ýyladyşhanalar üçin uniwersal suwuk dökün işläp taýýarlaýarlar
10.08.2025 22:48
3.1k+

Türkmen alymlary ýyladyşhanalar üçin uniwersal suwuk dökün işläp taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda ýyladyşhanalar üçin KAS-28, -30 we -32 suwuk dökünleriniň döredilmegi boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, täze önümiň düzüminde kaliý, azot, ammiak selitrasy we beýleki peýdaly goşundylary bar
Milliardlarça deňiz ýyldyzyny ýok eden bakteriýa ýüze çykaryldy
10.08.2025 21:09
4.3k+

Milliardlarça deňiz ýyldyzyny ýok eden bakteriýa ýüze çykaryldy

Kanadaly we amerikaly biologlar dünýä ummanynda deňiz ýyldyzlarynyň milliardlarçasyny ýok eden, olary iglediji keseli (SSWD) döredijiniň Vibrio pectenicida atly bakteriýalaryň ştammydygyny anykladylar. Bu barada Hakaý institutynyň (Kanada) metbugat gullugy habar berdi
Paleontologlar deňiz süýrenijileriniň näbelli görnüşini tapdylar. Onuň gaňňyly baryp 1978-nji ýylda tapylypdy
09.08.2025 14:48
9.2k+

Paleontologlar deňiz süýrenijileriniň näbelli görnüşini tapdylar. Onuň gaňňyly baryp 1978-nji ýylda tapylypdy

Paleontologlar irki ýura döwründe, takmynan, 183 million ýyl ozal ýaşap geçen plesiozawrlaryň - deňiz ýaşşerleriniň täze görnüşini tapdylar. Olaryň gaňňyllary 1978-nji ýylda Germaniýanyň Holsmaden känindäki Posidoniýa slanesinde tapylypdy, ýöne haýwanyň özboluşly aýratynlyklaryny jikme-jik öwrenmek ýaňy-ýakynda geçirildi
Türkmen alymlary deňiz suwotularyndan ýaralary tiz bejerýän bioserişde işläp taýýarladylar
07.08.2025 15:41
6.8k+

Türkmen alymlary deňiz suwotularyndan ýaralary tiz bejerýän bioserişde işläp taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýa barlaghanasynyň hünärmenleri Hazar deňzinde ösýän gök-ýaşyl we goňur suwotulary çig mal hökmünde ulanyp, özboluşly alginat kompozisiýasyny almaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýa döretdiler
Arylarda garramagy haýallatmak ukyby ýüze çykaryldy. Bu aýratynlyk beýleki organizmlerde synag ediler
07.08.2025 13:04
5.9k+

Arylarda garramagy haýallatmak ukyby ýüze çykaryldy. Bu aýratynlyk beýleki organizmlerde synag ediler

Lester uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlary amatsyz şertlerde ösýän Nasonia vitripennis arylaryň liçinkalarynyň uly ýaşda has haýal ösýändigini anykladylar. Açyşyň netijeleri Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda neşir edildi
Alymlar 70 ýyldan soň gadymy gaplardaky şepbeşik maddanyň baldygyny anyklady
07.08.2025 11:58
3.6k+

Alymlar 70 ýyldan soň gadymy gaplardaky şepbeşik maddanyň baldygyny anyklady

Arheologlar 1954-nji ýylda Italiýadaky Wezuwiniň günorta eňňitlerinde tapylan bürünç gaplaryň içindäki zat barada uzak dowam eden çekeleşiklere nokat goýdy. Tapyndy Pompeýden, takmynan, 70 km uzaklykda, Pestumda b
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.