Russiýada kömelegiň ozal näbelli  görnüşi tapyldy

18.08.2025, 19:268,484

Russiýanyň alym-mikologlary Sihote-Alin goraghanasyna ekspedisiýa wagtynda kömelegiň ozal näbelli görnüşini tapdylar. Bu barada goraghananyň Telegram kanalynda habar berildi.

Täze görnüş goraghananyň işgäri Wladimir Sokolowyň hormatyna Sokolowyň krepidotusy (Crepidotus sokolovii) diýlip atlandyryldy. Şeýlelik bilen, oňa sebitiň tebigatyny goramakda bitiren köp ýyllyk işi üçin minnetdarlyk bildirildi. Bu kömelek plewrotoid agarikomisetlere degişlidir.
Sokolowyň krepidotusynyň ownuk gyzyl-goňur miweli göwresi bar we diňe Uzak Gündogar tokaýlaryna mahsus Maksimowiç dereginiň sütüninde ösýär. Daşyndan ol öz garyndaş görnüşlerine meňzeýär, ýöne sporalarynyň gurluşy bilen tapawutlanýar - olar şar görnüşli we köp sanly mikroskopiki pytanajyklar bilen örtülendir.
Şol ekspedisiýanyň dowamynda alymlar ýedi ýyl ozal Hindistanda, soňra bolsa Demirgazyk Amerikada ýüze çykarylan hindi krepidotusyny (Crepidotus indicus) tapdylar. Russiýada bu görnüş ilkinji gezek ýüze çykaryldy, bu bolsa  kömelegiň ozal pikir edilişinden has giň ýaýrandygyny görkezýär.
Ekspedisiýa geçen ýyl bolupdy. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň W.L. Komarow adyndaky botanika institutynyň mikologlary çüýrük moh bilen örtülen  agaçdan birnäçe adaty bolmadyk kömelek tapdylar. Laboratoriýa synaglaryndan soň olaryň üýtgeşik aýratynlyklarynyň bardygy anyklandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.