Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar
07.06.2025 12:21
16k+

Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar

Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy
Russiýada atmosferadaky kömürturşy gazyny susup alyp, spirte öwürmegi öwrendiler
07.06.2025 11:21
2.3k+

Russiýada atmosferadaky kömürturşy gazyny susup alyp, spirte öwürmegi öwrendiler

Rus, eýran we fransuz himikleri birnäçe metalyň grafenine we oksidlerine esaslanýan katalizator döretdiler. Ol kömürturşy gazyny metilbutanola we beýleki senagat taýdan gymmatly spirtlere we ketonlara 77% netijelilik bilen öwürmäge mümkinçilik berýär
Birwagtlar Ýerde pil ýaly äpet leniwesler bolupdyr. Olary ýok eden zat howanyň üýtgemegi däl
05.06.2025 15:50
10k+

Birwagtlar Ýerde pil ýaly äpet leniwesler bolupdyr. Olary ýok eden zat howanyň üýtgemegi däl

Takmynan, mundan 15 müň ýyl ozal Amerikada Megatherium atly ägirt uly leniwesler ýaşap geçipdir. Ululygy Aziýa pilleriniňki ýaly bolan bu süýdemdirijiler agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenipdir, olary özleriniň çeýe dilleri bilen ýolup alypdyrlar
Heýwere keseli Amerikada Kolumbyň ekspedisiýasyndan müňlerçe ýyl öň peýda bolupdyr
04.06.2025 15:41
4.1k+

Heýwere keseli Amerikada Kolumbyň ekspedisiýasyndan müňlerçe ýyl öň peýda bolupdyr

Taryh okuw kitaplarynda heýwere keseliniň Täze Dünýä ispaniýaly deňizde ýüzüji Kristofer Kolumbyň yklymy açmagy bilen ýewropaly kolonizatorlar we XV asyrda ispan basybalyjylary tarapyndan getirilen diýip hasaplanýar
Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy
04.06.2025 15:29
7.5k+

Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy

Amerikaly we kanadaly paleontologlar Alýaskanyň demirgazygynda Giçki hek döwrüniň guşlarynyň süňkleriniň böleklerini tapdylar. Olaryň içinde uly guşlara degişlisi-de, jüýje guşlara degişlisi-de bar. Bu guşlaryň polýar tegeleginiň daşynda, takmynan, 73 million ýyl ozal höwürtgeläp başlandyklary baradaky ilkinji subutnamasy boldy, bu bolsa öň pikir edilişinden 30 million ýyl öň boldugydyr
Barlaglar döredijilik sapaklarynyň çagalaryň sözleýiş ukybyny gowulandyrýandygyny görkezdi
04.06.2025 15:21
1.6k+

Barlaglar döredijilik sapaklarynyň çagalaryň sözleýiş ukybyny gowulandyrýandygyny görkezdi

Russiýanyň Witus Bering adyndaky Kamçatka döwlet uniwersitetiniň barlagçylary döredijilik taslamalarynyň sözleýişinde bozulmalary bolan mekdebe çenli ýaşly çagalaryň bu ukybyny gowulandyrmaga kömek edýändigini subut etdiler
Argentinadaky gazuw-agtaryş işlerinde «garynja adamyň» galyndylary tapyldy
03.06.2025 21:02
11k+

Argentinadaky gazuw-agtaryş işlerinde «garynja adamyň» galyndylary tapyldy

Argentinanyň Katamarka prowinsiýasynyň San-Fernando şäherinde gurluşyk işleri alnyp barylýan wagty, işçiler içinde adam galyndylary bolan iki sany jaýlama urnasyny tapdylar. Olaryň birinde şekili örän uzyn bolan kelleçanak hem bardy
Siriýada 4500 ýyllyk gadymy çaga oýnawaçlary tapyldy
03.06.2025 21:00
4.4k+

Siriýada 4500 ýyllyk gadymy çaga oýnawaçlary tapyldy

Daniýanyň Milli muzeýinden arheologlar 1930-njy ýyllarda Siriýanyň Hama şäherinden tapylan käbir keramika bölekleriniň, aslynda, çagalaryň şaňňyrdy oýnawaçlary bolandygyny ýüze çykardy. 4500 ýyl ozal bäbekler bu şakyrdawuklar bilen oýnapdyr
Gwatemalada ýaşy tas 3 müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheriniň harabalygy tapyldy
03.06.2025 17:00
5.9k+

Gwatemalada ýaşy tas 3 müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheriniň harabalygy tapyldy

Arheologlar Gwatemalada ýaşy tas üç müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheri Los-Abuelosyň harabalygyny tapdy. Bu barada ýurduň Medeniýet ministrligine salgylanyp, The Guardian habar berýär. Şäher ýurduň demirgazygyndaky El-Peten departamentinde, meşhur binagärlik toplumy Uahaktundan 21 km uzaklykda ýerleşýär
Tagtabitler şäherleriň peýda bolmagy bilen 8000 ýyl ozal ýaýrapdyr
02.06.2025 13:51
11k+

Tagtabitler şäherleriň peýda bolmagy bilen 8000 ýyl ozal ýaýrapdyr

Düşek tagtabitleri 100 million ýyl mundan ozal, adamlar peýda bolmanka ýüze çykypdyr. Olar dinozawrlary ýok eden betbagtçylykdan aman galypdyrlar we uzak wagtlap näbelli haýwanlaryň gany bilen iýmitlenipdirler
Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler
02.06.2025 13:37
3.7k+

Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler

Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler
Iki sany derman serişdesi syçanlaryň ömrüni 30% uzaltdy. Indiki synag adamlarda
02.06.2025 13:31
5.7k+

Iki sany derman serişdesi syçanlaryň ömrüni 30% uzaltdy. Indiki synag adamlarda

Maks Plank Jemgyýetiniň Garramagyň biologiýasy institutynda (Germaniýa) syçanlarda birnäçe synag geçirip gördüler. Barlagçylar rapamisin bilen trametinibiň birleşmeginiň haýwanlaryň ömrüni takmynan 30% uzaldýandygyny anykladylar
Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi
01.06.2025 19:16
6k+

Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi

Psihologlar kofeniň, hakykatdanam, düzüminde kofein bolany üçin gujur beriji häsiýete eýemi ýa dälmi anyklamak üçin synag geçirdiler. Netijeler kofeni içýän adamyň özüni duýşuna bu içginiň diňe bir düzümi täsir etmän, eýsem, ony duýşuň we lezzet bilen içmek däbiniň hem täsir edýändigini görkezdi diýip, Heliyon žurnalynda çap bolan barlagda aýdylýar
Ýewropada kitleriň süňkünden ýasalan iň gadymy gurallar tapyldy. Awçylar olary 20 müň ýyl ozal ulanypdyrlar
01.06.2025 19:05
4.4k+

Ýewropada kitleriň süňkünden ýasalan iň gadymy gurallar tapyldy. Awçylar olary 20 müň ýyl ozal ulanypdyrlar

Arheologlar Biskaý aýlagynyň kenaryndan kitleriň azyndan bäş görnüşiniň süňklerinden ýasalan süňk gurallary tapdylar. Olaryň ýaşy 20 müň ýyl töweregi, diýmek, olar şunuň ýaly görnüşdäki gurallaryň iň gadymysydyr diýip, New Scientist neşiri ýazýar
Geohimikler altynyň gelip çykyşyny düşündirdiler: ol Ýeriň özeninden syzylyp çykýar
01.06.2025 18:47
5.4k+

Geohimikler altynyň gelip çykyşyny düşündirdiler: ol Ýeriň özeninden syzylyp çykýar

Germaniýanyň Göttingen uniwersitetiniň geohimikleri görlüp-eşidilmedik açyş etdiler. Olaryň barlaglary altynyň we beýleki gymmatly metallaryň üstki gatlaga Ýeriň özeninden syzylyp çykýandygyny subut etdi. Nature žurnalynda çap edilen ylmy makalada bu prosesiň milliardlarça ýyllap dowam edýändigi aýdylýar
Paleontologlar Ispaniýada stegozawryň gowy saklanyp galan kelleçanagyny tapdy
01.06.2025 13:56
3.4k+

Paleontologlar Ispaniýada stegozawryň gowy saklanyp galan kelleçanagyny tapdy

Ispan paleontologlary möhüm tapyndy barada habar berdi. Ýurduň gündogaryndaky Teruel welaýatynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda stegozawryň kelleçanagy tapyldy – ol örän gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr
Indoneziýanyň kenaryndaky Ýuwaş ummanynyň düýbünde gadymy dünýäniň yzlary tapyldy
01.06.2025 13:53
4.6k+

Indoneziýanyň kenaryndaky Ýuwaş ummanynyň düýbünde gadymy dünýäniň yzlary tapyldy

Indoneziýanyň kenarlarynda, Ýawa bilen Madura adalarynyň arasyndaky bogazyň düýbünde suwa giden gadymy jülgäniň yzlary tapyldy. Häzir bu ýerde ummanyň ýalpak ýeri bar diýip, Daily Mail habar berýär. Geologlar Sumatra, Ýawa we Borneo adalarynyň arasyndaky umman düýbüniň birwagtlar gury ýer bolandygyny bireýýäm kesgitläpdi
Ispaniýada adam barmagynyň iň gadymy yzy tapyldy
31.05.2025 17:42
8.4k+

Ispaniýada adam barmagynyň iň gadymy yzy tapyldy

Ispan arheologlary San-Lasaro gowagynda (Ispaniýa) adamyň ýüzüni ýada salýan uzyn daş tapdylar. Daşyň edil ortasynda, ähtimal, burny aňladýan gyzyl nokat bar. Geçirilen seljermeler bu nokadyň ohra (gyzylymtyl tebigy mineral boýag) batyrylan barmak bilen goýlandygyny görkezdi
Alymlar derini, süňkleri we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin täze materiallary döretdiler
31.05.2025 16:39
2.6k+

Alymlar derini, süňkleri we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin täze materiallary döretdiler

N.I.Lobaçewskiý adyndaky Milli barlag Nižegorod döwlet uniwersitetiniň himikleri (UNN) derini, süňkleri, gan damarlaryny we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin material döretdiler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi
Alymlar Bethoweniň kelleçanagynyň suraty esasynda onuň ýüzüni gaýtadan dikeltdiler
30.05.2025 16:58
7.5k+

Alymlar Bethoweniň kelleçanagynyň suraty esasynda onuň ýüzüni gaýtadan dikeltdiler

3D modelirleme boýunça britaniýaly hünärmen Sisero Moraes ilkinji gezek Lýudwig wan Bethoweniň (1770-1827) kelleçanagynyň esasynda onuň daşky keşbini gaýtadan dikeltdi. Onuň aýtmagyna görä, portret “bellibir derejede agras” boldy, kompozitory döwürdeşleri-de hut şeýle suratlandyrypdy diýip, OrtogOnLineMag žurnalyna salgylanyp, Daily Mail ýazýar
Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler geçiriler
30.05.2025 11:39
2.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler geçiriler

29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi
Alymlar 2032-nji ýyla çenli Kaliforniýada bolup biljek güýçli ýertitremesi barada duýduryş berýärler
28.05.2025 23:21
9.7k+

Alymlar 2032-nji ýyla çenli Kaliforniýada bolup biljek güýçli ýertitremesi barada duýduryş berýärler

Barlagçylar Kaliforniýanyň San-Fransisko aýlagynda ýakyn onýyllyklarda güýçli ýertitremäniň bolup biljekdigini çaklaýarlar. Bu barada Mercury News neşiri ýazýar. ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň geofizigi Sara Minson 2055-nji ýyla çenli sebitde uly ýertitremesiniň bolmagynyň ähtimallygynyň 72%-e çenli ýokarlanandygyny aýtdy
Gün ulgamynda dokuzynjy planeta göze ildi. Ol Neptunyň aňyrsynda gizlenýär
28.05.2025 20:44
4.4k+

Gün ulgamynda dokuzynjy planeta göze ildi. Ol Neptunyň aňyrsynda gizlenýär

Astronomlar baryp 2006-njy ýylda Plutonyň planetar statusyny karlik derejä çenli peseldýänçä, Gün ulgamynda dokuz sany planeta bar diýlip hasaplanýardy. Indi alymlar astronomiýa boýunça okuw kitaplaryny ýene täzeden ýazmak pikirine geldiler
Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy
28.05.2025 12:20
6.3k+

Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy

Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy. Suratlar Gün tegmillerini we işjeň zolaklary jikme-jik görmäge mümkinçilik berýär diýip, Solar Physics ylmy žurnalyna salgylanyp, Space.com neşiri habar berýär
Galp resminamalary syýasyndan kesgitlemäge kömek etjek algoritm döredildi
27.05.2025 13:36
6.5k+

Galp resminamalary syýasyndan kesgitlemäge kömek etjek algoritm döredildi

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbGU) alymlary germaniýaly we daniýaly kärdeşleri bilen bilelikde maşyn okuwyna esaslanýan syýany derňemegiň algoritmini döretdiler. Bu usul DCA ML diýlip atlandyryldy diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär
Alymlar galyndylary peýdaly dökünlere öwürmegiň usulyny oýlap tapdylar
27.05.2025 13:03
3.4k+

Alymlar galyndylary peýdaly dökünlere öwürmegiň usulyny oýlap tapdylar

Perm milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary lagym suwlaryndan ammoniý azodyny çykaryp, ony struwite – özünde magniý, ammoniý we fosfat saklaýan peýdaly mineral döküne öwürmegiň usulyny işläp düzdüler
Alymlar gadymy türki halklaryň «jadyly» daşlaryň güýjüne bolan ynançlaryny öwrendiler
27.05.2025 12:34
8.9k+

Alymlar gadymy türki halklaryň «jadyly» daşlaryň güýjüne bolan ynançlaryny öwrendiler

Orta Aziýanyň giň sähralaryndan başlap, Kiçi Aziýanyň gadymy ybadathanalaryna çenli dürli halklaryň arasynda, käbir daşlaryň adam bilen ýokary güýçleriň arasynda araçy bolup bilýändigi barada ynanç giňden ýaýrapdyr
Günüň golaýynda Ýer şaryndan 10 esse uly «guş» göze ildi: alymlar düşündiriş gözleýärler
27.05.2025 12:07
17k+

Günüň golaýynda Ýer şaryndan 10 esse uly «guş» göze ildi: alymlar düşündiriş gözleýärler

24-nji maýda «LASCO» teleskoplarynyň biri Günüň golaýynda «alawly yzy» bolan guşa meňzeş jisimi bellige aldy. Ol Günüň ýüzünden, takmynan, 2 million kilometr beýiklikdedi. Onuň «ganatynyň» uzynlygy, takmynan, 150 müň kilometre ýetýär
Gök önümleriň saklanyş möhletini uzaltmak üçin biodargamaga ukyply nanoplastyr döredildi
23.05.2025 19:18
6.3k+

Gök önümleriň saklanyş möhletini uzaltmak üçin biodargamaga ukyply nanoplastyr döredildi

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary gök önümleriň saklanyş möhletini uzaltmaga ukyply, ýüpekden ýasalan, biodargamaga ukyply nanoplastyr döretdiler. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berýär
Ýapon alymlary emeli aňa ganyň lagtalanmagyny öňünden anyklamagy öwretdiler
23.05.2025 19:17
3.8k+

Ýapon alymlary emeli aňa ganyň lagtalanmagyny öňünden anyklamagy öwretdiler

Tokio uniwersitetiniň alymlary gan damarlarynda gan lagtalarynyň (tromblaryň) döremegini häzirki wagtda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän täze usuly hödürlediler. Bu tehnologiýa täze nesil mikroskop bilen emeli aňyň utgaşmasyna esaslanýar
Barlaglar orta asyrlarda maýyplara nädip çylşyrymly hirurgiki kömegiň edilendigini görkezdi
23.05.2025 11:47
3.9k+

Barlaglar orta asyrlarda maýyplara nädip çylşyrymly hirurgiki kömegiň edilendigini görkezdi

Şwesiýanyň Lund uniwersitetiniň alymlary giçki orta asyr döwründe maýyplaryň uzak möhletli we ýokary hilli bejergi alyp bilendiklerini anykladylar. Bu barada Open Archaeology žurnalynda çap bolan makalada aýdylýar
Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar
21.05.2025 15:54
5.9k+

Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar

Sagdynlyk we uzak ömür genetika däl-de, köp babatda adamyň ýaşaýyş durmuşyna baglydyr. Alymlar ýarym milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerenlerinden soň, şeýle netijä geldiler. Giň gerimli barlaglar genleriň garrylyga diňe 2% täsir edýändigini ýüze çykardy
9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir
21.05.2025 15:17
11k+

9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir

Adam günüň dowamynda dokuz sagat ýa-da ondan hem köp ýatsa, bu onuň kognitiw ukyplaryna ýaramaz täsir edip biler. Bu ýagdaý, esasan hem, depressiýasy bar bolanlarda has agyrdyr. Tehas uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary şeýle netijä geldiler
Alymlar näme üçin barmaklaryň suwda mürşýändigini anykladylar
21.05.2025 15:07
15k+

Alymlar näme üçin barmaklaryň suwda mürşýändigini anykladylar

Barmaklar uzak wagtlap suwda saklansa, olaryň derisi ýygyrt-ýygyrt bolýar. Uzak wagtlap muny deriniň çişmegi bilen baglanyşdyryp geldiler, ýöne Bingemton uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary başga netijä geldiler
Alymlar kebelekleriň howada nädip gaýyp saklanyp bilýändiklerini düşündirdiler
20.05.2025 14:40
3.6k+

Alymlar kebelekleriň howada nädip gaýyp saklanyp bilýändiklerini düşündirdiler

Beýhan uniwersitetiniň alymlary kebelekleriň uçuşyna gözegçilik edip, olaryň howada gülleriň depesinde nädip gaýyp durmagy başarýandyklaryny anykladylar. Bu açyş ýyladyşhanalarda ösümlikleri tozanlandyrmaga we barmasy kyn ýerlere girmäge ukyply mikrodronlary döretmekde gerekli bolup biler diýip, Science Daily habar berýär
Ähli janly-jandarlaryň juda gowşak ýagtylyk bölüp çykarýandygy ýüze çykaryldy
20.05.2025 14:36
2.6k+

Ähli janly-jandarlaryň juda gowşak ýagtylyk bölüp çykarýandygy ýüze çykaryldy

Kanadanyň Kalgari uniwersitetiniň we Milli gözleg geňeşiniň barlagçylary ähli janly-jandarlaryň hemişe örän gowşak we göze görünmeýän ýagtylyk bölüp çykarýandygyny ýüze çykardylar. Bu hadysa «örän gowşak foton şöhlelenmesi» (UPE) diýlip atlandyrylýar
Kanadada “garynjygy” bolan üç gözli deňiz ýyrtyjysyny tapdylar. Ol 506 million ýyl ozal ýaşap geçipdir
20.05.2025 14:30
7.6k+

Kanadada “garynjygy” bolan üç gözli deňiz ýyrtyjysyny tapdylar. Ol 506 million ýyl ozal ýaşap geçipdir

Manitoba muzeýiniň we Patyşalygyň Ontario muzeýiniň paleontologlary Kanadadaky Býorjess slaneslerinde deňiz ýyrtyjysynyň täze görnüşini tapdylar. Tapyndynyň ýaşy 506 million ýyl diýip, Royal Society Open Science žurnalyndaky çap edilen barlaga salgylanýan Phys
Awstraliýaly alymlar plastik aýnalaryny ulanyp, Gün energiýasyny öndürmegiň çykdajysyny 40% peseltdiler
20.05.2025 07:44
8.4k+

Awstraliýaly alymlar plastik aýnalaryny ulanyp, Gün energiýasyny öndürmegiň çykdajysyny 40% peseltdiler

Awstraliýaly alymlar Gün energiýasynyň öndürilişiniň çykdajysyny 40% azaldyp biljek ýeňil plastik aýnalary işläp taýýarladylar. Ilkibaşda awtoulaglar üçin işlenip düzülen tehnologiýa indi oba hojalygynda we senagatda çykdajylary peseltmäge, şeýle hem uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berer diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär
Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi
19.05.2025 22:31
7.5k+

Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Goňurdepedäki guburlaryň jaýlanyş dessurlary, planigrafiýasy we hronologiýasy boýunça giňişleýin barlag geçirdiler. Alnan netijeler Goňurdepäniň bürünç eýýamynda Merkezi Aziýada gülläp ösen we soňra ýitip giden Oks siwilizasiýasynyň (Baktriýa-Margian arheologik toplumynyň) administratiw hem-de dini merkezi bolandygyny subut etdi
Awstraliýaly alymlar adamyň gözüne meňzeş kompýuter gözüni döretdi
19.05.2025 19:03
4.8k+

Awstraliýaly alymlar adamyň gözüne meňzeş kompýuter gözüni döretdi

Awstraliýadaky RMIT (Royal Melbourne Institute of Technology) uniwersitetiniň alymlary adamyň gözi ýaly işleýän elektron gözüň prototipini döretdi. Adamyň gözi we beýnisi her bir kadry dolulygyna işlemeýär: olar herekete tiz reaksiýa bildirip, ilkinji nobatda, obýektleriň konturlaryny görýär we beýnä derrew signal iberýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.