Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Serdar Berdimuhamedow
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Serdar Berdimuhamedow
12.07.2025 07:35
12k+
Türkmenistanyň Prezidenti söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrini belledi
Nazar Halnazarowiç Agahanow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenildi. Öň ol ministriň orunbasary wezipesinde işläp, ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi
12.07.2025 07:29
15k+
“Türkmenhimiýa” DK-nyň başlygy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy
Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek konserniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Bäşimgulyýewiç Ataýewiň üstüne ýüklenildi
11.07.2025 12:05
8.6k+
Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy
Türkmenistanda Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamdow gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi bilen gutlady. "Ussat
09.07.2025 11:12
2.3k+
Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi
08.07.2025 10:12
17k+
Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
08.07.2025 10:01
7.7k+
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär
05.07.2025 18:15
2.4k+
Türkmenistanyň muzeýleri wirtual syýahat ulgamyny ornaşdyrýar we Rimde arheologik sergä taýýarlyk görýär
Türkmenistanyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B
05.07.2025 18:09
4.9k+
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek bilen bagly çäreleri makullady
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew milli halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhaly”
05.07.2025 18:06
3.7k+
Türkmenistan AÖB-niň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ikinji tapgyryna goşulmagy meýilleşdirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi goldady
05.07.2025 08:44
13k+
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat 4-8-nji awgustda Awazada geçiriler
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 4
05.07.2025 08:37
3.9k+
Serdar Berdimuhamedow Nikolas Madurony Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär
04.07.2025 19:31
9k+
Serdar Berdimuhamedow Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
03.07.2025 14:47
4.3k+
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany gutlag hatynda döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi
03.07.2025 01:05
15k+
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2025-nji ýylyň 6 aýynyň jemleri boýunça mejlisi geçirildi
2-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi
03.07.2025 00:48
24k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasaryny çalyşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak hakynda karara gol çekdi. Döwlet Baştutany bu wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşiçisi M
01.07.2025 08:11
4.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
01.07.2025 08:04
9.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
30-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär
01.07.2025 08:00
6.4k+
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär
30.06.2025 08:46
3.7k+
Serdar Berdimuhamedow “Toyo Engineering” korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk boýunça tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady
29-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi diýip, TDH habar berýär. Duşuşygyň barşynda
29.06.2025 17:55
4.6k+
Serdar Berdimuhamedow "Daewoo" kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
28-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi diýip, TDH agentligi habar berýär
28.06.2025 17:17
10k+
Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy şäheriň ýaşaýjylaryny gutlady. Döwlet Baştutany Arkadag şäheriniň "Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, ägirt uly ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülendigini" belleýär
28.06.2025 02:57
7.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy
27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi
28.06.2025 02:51
6.4k+
Serdar Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Işewür Arkadag şäheriniň uly ösüşlere eýe bolýandygyny belläp, döwlet Baştutanyny şäheriň iki ýyllygy mynasybetli gutlady
28.06.2025 01:54
11k+
Türkmenistanda awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdepde ICAO tarapyndan tapgyrlaýyn okuwlar ýola goýlar
Türkmenistanda Raýat awiasiýa pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurda görülýän çäreler barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M
28.06.2025 01:42
6.2k+
Serdar Berdimuhamedow dünýä döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegi dowam etmegi tabşyrdy
27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan taýýarlanylan birnäçe teklipleri beýan etdi
28.06.2025 01:15
10k+
Türkmenistanyň döreden ynsanperwer geçelgesi arkaly 4640 adam öz ýurduna dolandy
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ynsanperwer işi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, goňşy sebitlerde bolup geçýän syýasy-strategik ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletimiz tarapyndan möhüm ynsanperwer çäreler durmuşa geçirilýär
28.06.2025 00:50
8.1k+
Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýting ulgamy we Milli reýtingiň sanly portaly işe girizildi
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň hil görkezijilerini dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
28.06.2025 00:45
14k+
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory we prorektorlary bellenildi
27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylary bellemek bilen bagly resminamalara gol çekdi. Hususan-da, Hydyrguly
28.06.2025 00:01
5.3k+
2026-njy Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýeri kesgitlenildi
27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi
27.06.2025 23:53
16k+
Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow "Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda" Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 27-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu resminama ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi
27.06.2025 23:43
11k+
Türkmenistanda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralary ygtyýarlylandyrylar
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer H.Geldimyradowyň eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny ygtyýarlylandyrmak bilen bagly hödürlän teklibini makullady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi
25.06.2025 16:27
17k+
Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün, 25-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Sergeý Lawrowyň ýurdumyza saparynyň hem-de göz öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-russiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi
25.06.2025 08:27
2.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýany Döwlet güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara we ýurduň ähli halkyna Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
24.06.2025 00:55
5.3k+
Serdar Berdimuhamedow Aziýa ösüş bankynyň wise-prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdy
23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi
24.06.2025 00:48
6.8k+
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy
23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
21.06.2025 11:02
6.5k+
Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
21.06.2025 02:14
18k+
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanyň milli raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär
21.06.2025 02:08
2.8k+
Türkmenistan MAGATE bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R
21.06.2025 00:23
7.9k+
Mary welaýatynda ammiak öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan ediler
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullady. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B
21.06.2025 00:01
6.5k+
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berdi
«
1
…
14
15
16
…
88
»
«
1
…
11
12
13
14
15
16
17
18
19
…
88
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.