Türkmenistanda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralary ygtyýarlylandyrylar

27.06.2025, 23:4311,520

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer H.Geldimyradowyň eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny ygtyýarlylandyrmak bilen bagly hödürlän teklibini makullady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary okuw mekdepleriniň işini düzgünleşdirmek we ygtyýarlylandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Bilim ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň sanawyna “Ýokary hünär bilimi” hem-de “Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi” iş ugurlaryny girizmek maksadalaýyk hasaplanylýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.