Ýerli

Aşgabatda täze «Toyota» merkezi gurulýar
03.12.2025 14:55
25k+

Aşgabatda täze «Toyota» merkezi gurulýar

Aşgabatda «Toyota» awtoulaglaryny satyş we satuwdan soň hyzmat etmek boýunça döwrebap Merkeziň gurluşygyna girişildi. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge niýetlenen bu toplumy 2027-nji ýylyň dekabr aýynda açmak meýilleşdirilýär
2026-njy ýylyň önümçilik senenamasy çykdy: Türkmenistanda resmi taýdan işlenilmeýän günler
03.12.2025 12:05
19k+

2026-njy ýylyň önümçilik senenamasy çykdy: Türkmenistanda resmi taýdan işlenilmeýän günler

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi iş, dynç we baýramçylyk günleri barada maglumatlary öz içine alýan 2026-njy ýyl üçin önümçilik senenamasyny neşir etdi. Bu senenama zähmet haklaryny, zähmet rugsatlaryny hasaplamak we kärhanalaryň işini meýilleşdirmek üçin resmi esas bolup hyzmat edýär
Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi
03.12.2025 10:07
12k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna baryp, oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
03.12.2025 09:43
14k+

Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna baryp, oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

2-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy
Banka girew goýmakçy bolýan emlägiňize baha kesmelimi? "Şowly baha" HK baha kesmek hyzmatyny hödürleýär
02.12.2025 18:31
133k+

Banka girew goýmakçy bolýan emlägiňize baha kesmelimi? "Şowly baha" HK baha kesmek hyzmatyny hödürleýär

BAHA KESMEK NÄME ÜÇIN GEREK? Ýönekeý dilde aýdylanda... Mysal üçin, islendik adam belli bir maksat bilen bankdan dürli möçberdäki pul serişdelerini karz almak isleýär. Bank bolsa munuň üçin girew soraýar. Bu ýagdaýda raýata özünde bar bolan emlägini (gozgalýan we gozgalmaýan) girew goýmak üçin şonuň bazar bahasyny çykarmaly bolýar
Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Döwletiň jar edilen güni bilen gutlady
02.12.2025 11:57
3.8k+

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Döwletiň jar edilen güni bilen gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­na
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.12.2025 11:50
17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta ýurduň Sumatra welaýatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
Türkmenistanda Kuweýtiň täze ilçisi işe başlady
02.12.2025 11:44
2.2k+

Türkmenistanda Kuweýtiň täze ilçisi işe başlady

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi
02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
Serdar Berdimuhamedow suw hojalygy pudagynyň tehniki binýady pugtalandyrmak boýunça işler bilen tanyşdy
02.12.2025 11:28
11k+

Serdar Berdimuhamedow suw hojalygy pudagynyň tehniki binýady pugtalandyrmak boýunça işler bilen tanyşdy

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy
Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi
02.12.2025 10:55
15k+

Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Döwlet Baştutany Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň edara binasyna, onuň sanly bölümine baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
02.12.2025 09:47
7.1k+

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy
Lexicon iňlis dili platformasynyň iPhone üçin mobil goşundysy çykdy
01.12.2025 15:06
4.1k+

Lexicon iňlis dili platformasynyň iPhone üçin mobil goşundysy çykdy

Iňlis dilini öwrenýänler, çagalaryna iňlis dilini öwretmek isleýänler üçin Lexicon platformasynyň iPhone üçin mobil goşundysy - App Store-da elýeterli boldy. Mobil goşundyny iOS ulgamy üçin şu ýerden ýükläp bilersiňiz
Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy
01.12.2025 14:36
9.2k+

Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň «Syýahatçylyk hyzmatlary» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Altyntäç Janmämmedowa «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň orta hünär okuw mekdepler – kollejler tapgyrynda onlaýn gatnaşyp uly üstünlik gazandy
2026-njy ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýen at Andijana geçirildi
01.12.2025 14:03
7.2k+

2026-njy ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýen at Andijana geçirildi

28-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Aktauda şäherinde (Gazagystan) Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmen wekiliýtine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýolbaşçylyk etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we beýleki desgalaryň gurluşygyna baryp gördi
01.12.2025 12:31
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we beýleki desgalaryň gurluşygyna baryp gördi

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti iki sany iri halkara çärelerini geçirmek hakynda resminamalara gol çekdi
01.12.2025 11:13
11k+

Türkmenistanyň Prezidenti iki sany iri halkara çärelerini geçirmek hakynda resminamalara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzda iri halkara çäreleriniň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek hakynda kararlara gol çekdi diýip, TDH habar berýär. Resminamalaryň birinjisi Daşary
Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidentine gutlag iberdi
01.12.2025 11:07
2.2k+

Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidentine gutlag iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Nikuşor Dana we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nikuşor Dana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi
Türkmenistanda täze 200 manatlyk banknot dolanyşyga girizildi, 1, 5, 10 manatlyk banknotlar modifisirlendi
01.12.2025 06:51
54k+

Türkmenistanda täze 200 manatlyk banknot dolanyşyga girizildi, 1, 5, 10 manatlyk banknotlar modifisirlendi

Türkmenistanyň Merkezi banky 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär. Bu barada Merkezi bankyň metbugat beýanatynda habar berilýär
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar (01.12 - 07.12)
01.12.2025 06:45
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar (01.12 - 07.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar
Türkmenistanyň ýaş startapçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
30.11.2025 22:24
5.4k+

Türkmenistanyň ýaş startapçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Türkmenistanda «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly ýaş innowatorlaryň bäsleşigi tamamlandy. Ol tehnologiýa, ylym we telekeçilik dünýäsinde özlerini görkezmäge taýýar mekdep okuwçylaryny, talyplary we ýaş mugallymlary birleşdirdi
Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Rimde möhüm senelere bagyşlanan çärelere gatnaşdy
30.11.2025 22:01
2.7k+

Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Rimde möhüm senelere bagyşlanan çärelere gatnaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Italiýada ýerleşýän Palasso Walentini köşgünde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy. Türkmenistanyň
Türkmenistan YHG-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisinde çykyş etdi
30.11.2025 09:25
1.4k+

Türkmenistan YHG-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisinde çykyş etdi

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 28-nji noýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisine gatnaşdy
Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi
30.11.2025 09:21
3.4k+

Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi

28-nji noýabrda Almaty şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Gazagystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýardam bermeginde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi
30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär
Türkmenistanly talyp "ýylyň öwrülişigi" üçin «RF-niň ýylyň daşary ýurtly talyby» bäsleşiginde ýeňiji boldy
30.11.2025 08:56
6.3k+

Türkmenistanly talyp "ýylyň öwrülişigi" üçin «RF-niň ýylyň daşary ýurtly talyby» bäsleşiginde ýeňiji boldy

Türkmenistanly talyp Igor Ýermolaýew «Russiýa Federasiýasynyň ýylyň daşary ýurtly talyby» atly ählihalk bäsleşiginiň «Ýylyň ylmy öwrülişigi» atly ugry boýunça ýeňiji boldy. Bu barada uniwersitetiň Telegram-kanalynda habar berildi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy gatnawlaryň sanyny artdyrdy
30.11.2025 08:51
9k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy gatnawlaryň sanyny artdyrdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi. Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça gatnaw girizdi we Daşoguz şäherine uçuşlaryň sany täzelendi. Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça T5-245 belgili gatnaw 12-nji dekabra çenli her gün amala aşyrylar
Kiýewdäki kitaphanada Magtymgula we ukrain pelsepeçisi Grigoriý Skoworoda bagyşlanan sazly çäre geçirildi
29.11.2025 22:35
3.4k+

Kiýewdäki kitaphanada Magtymgula we ukrain pelsepeçisi Grigoriý Skoworoda bagyşlanan sazly çäre geçirildi

26-njy noýabrda Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrap döwlet dolandyryş edarasynyň Medeniýet bölüminiň «Swiçado» merkezi kitaphana ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda «Ruhy çyraglar: Skoworoda we Magtymguly» atly şygryýet we saz çäresi geçirildi
Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi
29.11.2025 22:27
3.1k+

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi

26-27-nji noýabrda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
Raşid Meredow Şri-Lankanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen Aşgabatda geçiriljek forumy maslahatlaşdy
29.11.2025 22:21
1.6k+

Raşid Meredow Şri-Lankanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen Aşgabatda geçiriljek forumy maslahatlaşdy

27-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Şri-Lankanyň daşary işler, daşary ýurtlarda iş üpjünçiligi we syýahatçylyk ministri Widjitha Heratyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Hindistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
29.11.2025 22:17
1k+

Türkmenistanyň DIM-nde Hindistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

27-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň barşynda diplomatlar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar
Türkmenistanly talyp «Future Skills Sprint» atly halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy
29.11.2025 22:13
3.9k+

Türkmenistanly talyp «Future Skills Sprint» atly halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Aýsoltan Annamämmedowa 20 – 22-nji noýabr aralygynda Stambul (Türkiýe) şäherinde geçirilen «Future Skills Sprint» atly halkara bilim başlangyjynyň çäklerindäki okuwlara gatnaşdy
Türkmenistanda mekdebe çenli bilim boýunça täze okuw gollanmasy neşir edildi
29.11.2025 22:10
4.7k+

Türkmenistanda mekdebe çenli bilim boýunça täze okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmenistanda «Mekdebe çenli terbiýäni guramak we dolandyrmak» atly täze okuw gollanmasy neşir edildi. Ol Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika kafedrasynyň uly mugallymy N
Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Er-Riýadda UNIDO-nyň konferensiýasyna gatnaşdy
29.11.2025 22:03
3.3k+

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Er-Riýadda UNIDO-nyň konferensiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi Guramasynyň (ÝUNIDO) 21-nji Baş konferensiýasynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu sammit 23–27-nji noýabr aralygynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçdi
2025-nji ýylyň arheologik möwsüminiň tapyndylary Türkmenistanyň muzeý gaznalaryna tabşyryldy
29.11.2025 21:54
3.3k+

2025-nji ýylyň arheologik möwsüminiň tapyndylary Türkmenistanyň muzeý gaznalaryna tabşyryldy

26-njy noýabrda nobatdaky meýdan arheologik we ylmy işleriň netijesinde ýüze çykarylan täze tapyndylary muzeýlere tabşyrmak boýunça dabara geçirildi. Tapyndylar Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalaryna gowşuryldy
CESI kompaniýay Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň birinji tapgyryna başlaýar
29.11.2025 21:42
2.7k+

CESI kompaniýay Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň birinji tapgyryna başlaýar

Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesi (Merkezi Aziýa – Azerbaýjan) atly strategik taslamany durmuşa geçirmegiň wajyp tapgyry başlandy. Halkara bäsleşigiň netijesinde Italiýanyň CESI S.p.A. kompaniýasy taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň (TYE) birinji tapgyryny ýerine ýetirer
“ADAT Täze ýyl harytlary” dükanynda ähli harytlara uly arzanlaşyk dowam edýär
29.11.2025 19:08
120k+

“ADAT Täze ýyl harytlary” dükanynda ähli harytlara uly arzanlaşyk dowam edýär

Aşgabatda A.Annaýew köçesiniň ugrunda (Ostrowskiý) ýerleşýän “ADAT Täze ýyl harytlary” dükanynda ähli harytlara uly arzanlaşyk yglan edildi. Dükanda: dürli ölçeglerde we reňklerde Täze ýyl arçalary; arça şahalaryndan döredilen bezegler (täze ýyl gapy bezegleri, arça gozalary, asma bezegler we ş
Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulagy pudagynyň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri makullady
29.11.2025 18:09
7.7k+

Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulagy pudagynyň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri makullady

28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
«Kompozitor» atly türkmen filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragyna mynasyp boldy
29.11.2025 11:02
8.8k+

«Kompozitor» atly türkmen filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragyna mynasyp boldy

Türkmen kinoçylarynyň surata düşüren «Kompozitor» atly çeper filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragynyň ilkinji gowşurylyş dabarasynda «Iň gowy suratçy» ugrunda iň gowusy diýlip ykrar edildi. Dabara 27-nji noýabrda Moskwada, russiýaly režissýor Nikita Mihalkowyň «Ussahana 12» diýen ýerinde geçirildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy
29.11.2025 10:37
2.7k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň saýtynda habar berilýär. Mejlisiň ýolbaşçysy ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.