Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulagy pudagynyň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri makullady

29.11.2025, 18:097,704

28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýük we ýolagçy teplowozlaryny düýpli abatlamak babatda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň ýük dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawynyň, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow üstaşyr ulag mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.