Ylym we tehnika

Samsung CES 2026 sergisinden öň The First Look tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer
09.12.2025 21:12
1.1k+

Samsung CES 2026 sergisinden öň The First Look tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer

Samsung kompaniýasy CES 2026 halkara sergisi başlamazdan öň, 4-nji ýanwarda Las-Wegasda The First Look ýyllyk çäresini geçirer. Tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýanyň hojalyk elektronikasynda esasy innowasiýalary, şol sanda täze telewizorlar we beýleki önümler üçin täzelenmeler görkeziler diýlip garaşylýar
NASA «Habblyň» işini dowam etdirjek Roman teleskopyny ýygnamak işini tamamlady
09.12.2025 06:39
3.2k+

NASA «Habblyň» işini dowam etdirjek Roman teleskopyny ýygnamak işini tamamlady

Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek edarasy (NASA) Nensi Greýs Roman adyndaky kosmos teleskopyny (Nancy Grace Roman Space Telescope) ýygnamak işlerini tamamlady. Işleriň möhüm tapgyry 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Merilendde NASA-nyň Goddard adyndaky kosmos uçuşlary merkezinde geçirildi
Arheologlar Arap çölünde gadymy adamlaryň yzlaryny tapdylar
08.12.2025 06:24
6.7k+

Arheologlar Arap çölünde gadymy adamlaryň yzlaryny tapdylar

Häzirki wagtda Arap çöli adamlaryň ýaşamagy üçin diýseň ýowuz şertli ýerleriň biri hasaplanýar, ýöne ol hemişe beýle bolmandyr. Halkara arheologlar topary taryhdan öňki ýazgylarda Arap ýarym adasynyň "boş ýeri" hasaplanýan demirgazyk-gündogar içki böleginde gadymy adamlaryň ýaşandygynyň ygtybarly subutnamalaryny tapdylar
Täze barlag tohum itleriniň üçden iki böleginiň gadymy möjek genlerini göterýändigini görkezdi
07.12.2025 23:45
4.8k+

Täze barlag tohum itleriniň üçden iki böleginiň gadymy möjek genlerini göterýändigini görkezdi

Amerikaly alymlar tarapyndan geçirilen täze barlag itleriň häzirki zaman tohumlarynyň gadymy möjek genleriniň az, ýöne ähmiýetli mukdaryny saklap galandygyny görkezýär. Miras galan DNK bölekleriniň itleriň fiziki aýratynlyklaryna we özüni alyp barşyna, şol sanda bedeniniň ululygyna, ys alşyna we häsiýet aýratynlyklaryna täsir edipdir diýip, ScienceDaily ýazýar
Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi
07.12.2025 12:29
4.4k+

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde utgaşykly görnüşde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Emeli aňyň milli tehnologiýalary – Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň innowasion guraly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Google 2027-nji ýylda maglumat merkezlerini kosmosda gurup başlar
04.12.2025 23:54
1.6k+

Google 2027-nji ýylda maglumat merkezlerini kosmosda gurup başlar

Google eýýäm 2027-nji ýylda kosmos giňişliginde maglumat merkezleriniň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Suncatcher atly taslama köp energiýa sarp edýän maglumat merkezlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin Gün energiýasyny has netijeli ulanmagy maksat edinýär diýip, Google-yň baş direktory Sundar Piçai habar berdi
Alymlar yslary beýnä ultrases arkaly geçirmegi öwrendiler
04.12.2025 15:34
1.8k+

Alymlar yslary beýnä ultrases arkaly geçirmegi öwrendiler

Inženerler we barlagçylar topary ilkinji gezek ys alyş ukybyna jogap berýän merkeze gönükdirilen ultrasesiň kömegi bilen adamlarda yslary – mysal üçin, “arassa howa” ýa-da “ýanan odun” ýaly duýgulary döredip bildiler
Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky ägirt uly çukurlaryň tegeleginiň emeli gelip çykyşyny tassykladylar
03.12.2025 11:09
6.2k+

Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky ägirt uly çukurlaryň tegeleginiň emeli gelip çykyşyny tassykladylar

Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky äpet çukurlar zynjyrynyň adamlar tarapyndan döredilendigine subutnama tapdylar diýip, “Internet Arheologiýasy” žurnalynyň bir makalasyna salgylanýan BBC we “The Guardian” habar berýär
FT: Afrikanyň tokaýlary uglerody siňdirmegi bes edip, parnik gazlaryny çykaryp başladylar
03.12.2025 10:53
7.6k+

FT: Afrikanyň tokaýlary uglerody siňdirmegi bes edip, parnik gazlaryny çykaryp başladylar

Afrikanyň öň parnik gazlaryny özüne siňdirýän tokaýlary geçen onýyllygyň başynda, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy sebäpli, CO2 zyňyndylarynyň iň uly çeşmelerinden birine öwrüldi. Bu barada halkara klimaty öwrenýän alymlar toparynyň geçiren barlagyna salgylanýan Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistanyň ýaş startapçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
30.11.2025 22:24
5.4k+

Türkmenistanyň ýaş startapçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Türkmenistanda «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly ýaş innowatorlaryň bäsleşigi tamamlandy. Ol tehnologiýa, ylym we telekeçilik dünýäsinde özlerini görkezmäge taýýar mekdep okuwçylaryny, talyplary we ýaş mugallymlary birleşdirdi
Garynjalarda agalygy eýelemegiň täsin taktikasy ýüze çykaryldy
30.11.2025 20:51
9.7k+

Garynjalarda agalygy eýelemegiň täsin taktikasy ýüze çykaryldy

Ýaponiýaly alymlar garynjanyň käbir görnüşleriniň başga koloniýalary eýelemek üçin ulanýan täsin mehanizmini ýüze çykardylar. Görnüşine görä, käbir korolewa-basyp alyjylar himiki ýaragy ulanyp, işçi garynjlary aldaw bilen öz urugbaşyny ýok etmäge mejbur edýärler we onuň ýerini eýeleýärler
Seagate-iň täze magnit diski 55–69 TB-lyk HDD döretmäge ýol açýar
30.11.2025 10:29
3.3k+

Seagate-iň täze magnit diski 55–69 TB-lyk HDD döretmäge ýol açýar

Seagate bir çeýe diskde (HDD) saklama möçberiniň çäklerini giňeltmegini dowam etdirýär. Kompaniýa laboratoriýa şertlerinde her bir plastinkada 6,9 TB-lyk uly göwrümi gazandy. Bu bolsa 55-den 69 TB göwrümli çeýe diskleri (HDD) döretmäge mümkinçilik berýär diýip, IT Home habar berýär
Amazon ilkinji müşderiler üçin öz hemra internetine elýeterliligi açdy
28.11.2025 11:42
2.7k+

Amazon ilkinji müşderiler üçin öz hemra internetine elýeterliligi açdy

Amazon ilkinji korporatiw müşderiler üçin öz Amazon Leo (öň Project Kuiper) hemra internetine çäkli elýeterliligi berdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde internet ägirdi Amazon Leo Ultra hemra antennasyny hödürledi
NASA-nyň ESCAPADE Mars zondundan düşürilen ilkinji suratlary çap edildi
27.11.2025 13:17
4.6k+

NASA-nyň ESCAPADE Mars zondundan düşürilen ilkinji suratlary çap edildi

NASA Marsa tarap barýan ESCAPADE zondundan alnan ilkinji suratlary hödürledi. Suratlar apparatyň kadaly işleýändigini we öz işlerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklaýar. ESCAPADE missiýasy 14-nji noýabrda Blue Origin kompaniýasynyň New Glenn super agyr raketasynyň kömegi bilen badalga aldy
Boeing-iň kosmos gämisi ýene HKS-e iberiler, ýöne bu gezek ekipažsyz: uçuş senesi yglan edildi
26.11.2025 17:50
2.3k+

Boeing-iň kosmos gämisi ýene HKS-e iberiler, ýöne bu gezek ekipažsyz: uçuş senesi yglan edildi

NASA Boeing kompaniýasynyň Starliner kosmos gämisiniň ýene Halkara kosmos stansiýasyna iberiljekdigini habar berdi. Ýöne bu gezek ol ekipažly däl-de, diňe ýük bilen uçar. Maglumatlara görä, kompaniýa bilen 2024-nji ýylda baglaşylan ekipažly gämi barada şertnama üýtgediler
Türkmen alymlary alunitiň, tozganyň we rozmariniň binýadynda fitomineral bejeriş gelini işläp taýýarladylar
26.11.2025 11:15
2.4k+

Türkmen alymlary alunitiň, tozganyň we rozmariniň binýadynda fitomineral bejeriş gelini işläp taýýarladylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy «Alunitiň, tozganyň (Taraxacum officinale) we rozmariniň (Rosmarinus officinalis) fitomineral bejeriş geli» atly işläp taýýarlamak tehnologiýasyna awtorlyk hukugyny bellige aldy
Garaharsaň hatda adatdan daşary kosmos şertlerinde-de ýaşaýşa ukyply bolup çykdy
26.11.2025 10:04
2.2k+

Garaharsaň hatda adatdan daşary kosmos şertlerinde-de ýaşaýşa ukyply bolup çykdy

Physcomitrium patens garaharsaň (moh) görnüşiniň sporalary Halkara kosmos stansiýasynyň daşynda dokuz aý bolandan soň hem ýaşaýşa ukyply bolup galdy. Kosmosda wagty olar wakuuma, temperatura üýtgemelerine, mikrograwitasiýa, ultrabenewşe şöhlelerine we kosmos radiasiýasyna sezewar boldy diýlip, iScience žurnalyndaky täze makalada aýdylýar
Alymlar Santorinidäki 25 müňden gowrak ýertitremäniň sebäbini anyklady
24.11.2025 13:51
6.9k+

Alymlar Santorinidäki 25 müňden gowrak ýertitremäniň sebäbini anyklady

Şu ýylyň başynda Santorini grek adasynda köpüsiniň ululygy 5 baldan geçýän onlarça müň ýertitreme bolup geçdi. Indi birnäçe aýdan soň alymlar bu hadysanyň sebäbini anyklady – ol magmanyň, ýagny erän dag jynsynyň ýerasty hereketi boldy diýip, Bi-bi-si habar berýär
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi
24.11.2025 13:43
4.1k+

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi

21-22-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Bilim ministrligi tarapynda guralan bu bäsleşige Türkmenistanyň dürli künjeginden ýaşlaryň 300-e golaýy öz taýýarlan robotlary bilen gatnaşdy
Astronom täze ýyldyz toplumlaryny açyp, olary ýeňil tagamlaryň şanyna atlandyrdy
24.11.2025 12:10
4.8k+

Astronom täze ýyldyz toplumlaryny açyp, olary ýeňil tagamlaryň şanyna atlandyrdy

Britaniýaly astronom Mark Tompson alty sany täze ýyldyzlar toplumyny açyp, olary oturylyşyklar üçin niýetlenen ýeňil tagamlaryň şanyna atlandyrdy diýip, Daily Mail habar berýär. Ýyldyz toplumlary şeýle atlary aldy:
Hytaý roboty durmazdan 100 km-den gowrak ýol geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy
24.11.2025 12:03
4.5k+

Hytaý roboty durmazdan 100 km-den gowrak ýol geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýyň AgiBot (Zhiyuan Robotics) kompaniýasynyň adam şekilli roboty Suçžou bilen Şanhaýyň arasynda durmazdan 106 km ýol geçdi. Bu üstünlik “gumanoid robotynyň iň uzak pyýada syýahaty” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy
21.11.2025 23:19
8.1k+

Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy

Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär
Iň uzyn suwasty internet kabeli 2Africa dünýä ilatynyň üçden birini gurşap aldy
21.11.2025 11:53
7k+

Iň uzyn suwasty internet kabeli 2Africa dünýä ilatynyň üçden birini gurşap aldy

Meta dünýäde açyk elýeterlilikdäki iň uzyn suwasty kabel ulgamy bolan 2Africa-nyň esasy infrastrukturasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Taslama Gündogar we Günbatar Afrikany birleşdirip, yklymyň Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Ýewropa bilen arabaglanyşygyny üpjün edýär
Alymlar ilkinji gezek 40 müň ýyllyk mamontyň RNK-syny açyklap başardylar
20.11.2025 11:50
4.4k+

Alymlar ilkinji gezek 40 müň ýyllyk mamontyň RNK-syny açyklap başardylar

Halkara alymlar topary Ýakut mamontlarynyň galyndylaryndan ilkinji gezek matrisa RNK (mRNK) molekulalaryny alyp, açyklamagy başardylar. Bu molekulalar, öýjükleriň beloklary döretmek üçin ulanýan genleriň işleýän göçürmeleridir
Emeli aňly robotlaryň ählisi adam üçin howpsuzlyk synagyndan geçip bilmediler
19.11.2025 13:32
3.9k+

Emeli aňly robotlaryň ählisi adam üçin howpsuzlyk synagyndan geçip bilmediler

Uly dil modelleri (UDM) arkaly dolandyrylýan robotlar diskriminasiýa meýillidigini we adamlara fiziki zyýan ýetirip biljek hereketleri makullamaga çalşandygyny görkezdiler. London Korollyk kollejiniň we Karnegi-Mellon uniwersitetiniň alymlary bilelikdäki gözlegleriniň netijesinde şeýle netijä geldiler
Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar
19.11.2025 13:14
3.5k+

Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar

Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr
SpaceX köp gezeklik Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy
19.11.2025 10:08
1.4k+

SpaceX köp gezeklik Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy

17-nji noýabrda SpaceX köp gezeklik Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny geçirdi. Uçuş Wandenberg kosmos bazasyndan amala aşyryldy. Raketa ummany kartalaşdyrmak üçin niýetlenen Sentinel-6B hemrasyny orbita çykardy
SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletini yza süýşürdi
18.11.2025 17:29
2.6k+

SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletini yza süýşürdi

Politico neşiriniň alan resminamalaryna görä, SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletiniň azyndan 2028-nji ýylyň ahyryna çenli süýşürilýändigi barada NASA-ny habardar etmegi meýilleşdirýär. Bu Ak tamda göz öňünde tutulandan bir ýyldan gowrak wagt giçdir
Alymlar kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynyň 70 ýyllyk syryny açdy
18.11.2025 17:16
2.9k+

Alymlar kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynyň 70 ýyllyk syryny açdy

LHAASO obserwatoriýasynda işleýän hytaý alymlary gara deşikden we hemra ýyldyzdan ybarat ulgamyň – mikrokwazarlaryň zarýadly bölejikleri tizleşdiriji hökmünde hereket edýändigini anyklady. Bu obýektler Akmaýanyň ýolunda ýokary energiýaly kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynda möhüm rol oýnap biler
Alymlar itleriň ilkinji tohumlarynyň haçan peýda bolandygyny anyklady
18.11.2025 11:24
5.8k+

Alymlar itleriň ilkinji tohumlarynyň haçan peýda bolandygyny anyklady

Itleriň gelip çykyşy we eldekileşdirilmegi häli-häzire çenli ylymda iň köp öwrenilýän temalaryň biri bolmagynda galýar. Science žurnalynda neşir edilen täze gözleg itleriň arasyndaky tapawutlaryň häzirki tohum çykarmak usullaryndan has öň ýüze çykyp başlandygyny görkezýär
Alymlar Perudaky syrly çukurlaryň inklerde buhgalterçilik guraly bolandygyny çaklaýarlar
17.11.2025 14:06
6.1k+

Alymlar Perudaky syrly çukurlaryň inklerde buhgalterçilik guraly bolandygyny çaklaýarlar

Alymlar Perudaky syrly Monte-Sýerpe ýadygärliginiň maksady barada täze bir çaklamany hödürlediler. Täze gipoteza görä, müňlerçe çukurdan ybarat ägirt uly toplum, inkleriň harytlary hasaba almak we alyş-çalyş etmek üçin ulanan hasapçylyk ulgamynyň bir bölegi bolup hyzmat edip bilerdi
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi gysga möhletli okuwlara çagyrýar
17.11.2025 11:06
3.2k+

Magtymguly adyndaky TDU-nyň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi gysga möhletli okuwlara çagyrýar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi aşakdaky dersler boýunça gysga möhletli okuwlara kabul edilýändigini yglan edýär: Ynsanperwer, tebigy-ylmy
2024-nji ýylda tabşyrylan ähli patentleriň tas ýarysy Hytaýa degişli
16.11.2025 22:19
2k+

2024-nji ýylda tabşyrylan ähli patentleriň tas ýarysy Hytaýa degişli

2024-nji ýylda ähli tabşyrylan patent arzalarynyň tas ýarysy Hytaýyň paýyna düşdi. Ikinji orny eýelän ABŞ üç esse diýen ýaly yza galdy we öz arzalarynyň sanyny azaltdy diýip, WIPO halkara guramasynyň statistikasyna salgylanyp, South China Morning Post habar berýär
Hytaý elektrik energiýasyny almak üçin ägirt batböregi synagdan geçirdi
16.11.2025 21:35
4.8k+

Hytaý elektrik energiýasyny almak üçin ägirt batböregi synagdan geçirdi

Hytaýda belentlikde energetika önümçiligi üçin dünýädäki iň uly batböregiň synaglary tamamlandy. Ol ýeliň güýjüni elektrik energiýasyna öwürmek üçin niýetlenýär we adaty ýel diňleri bilen deňeşdirilende has tygşytly çözgüt hökmünde göz öňünde tutulýar diýip, Interesting Engineering ýazýar
«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
16.11.2025 18:09
2.9k+

«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu çäre ýurduň telekommunikasiýa we IT ulgamynda esasy waka bolan «Türkmentel–2025» XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dabaraly ýapylyşynyň çäklerinde geçirildi
Awstraliýada “şahlyja” arylaryň täze görnüşi tapyldy. Olar "lýusiferler" diýlip atlandyryldy
16.11.2025 17:03
3.9k+

Awstraliýada “şahlyja” arylaryň täze görnüşi tapyldy. Olar "lýusiferler" diýlip atlandyryldy

Günbatar Awstraliýada barlagçylar kellesi naşyja “şahlyja” arylaryň täze görnüşini tapdylar. Bu görnüşe Megachile lucifer  diýen geň at  dakyldy. Bu açyşy Kýortin uniwersiteti yglan etdi. "Urkaçysynyň [Megachile lucifer] kellesinde diýseň kiçijik şahlary bar
Kosmonawtlary mör-möjekler bilen iýmitlendirerler: Bu uzak missiýalar üçin täze iýmit çeşmesi bolar
16.11.2025 16:52
3.2k+

Kosmonawtlary mör-möjekler bilen iýmitlendirerler: Bu uzak missiýalar üçin täze iýmit çeşmesi bolar

Alymlar uzak möhletli kosmos missiýalarynda iýmitiň gaýtadan dikeldilip bilinýän çeşmesi hökmünde mör-möjekleri ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Bu organizmler ýeňil, talapkär däl we iýmitlige baý bolup, hatda mikrograwitasiýa şertlerinde-de kadaly ösüşe ukyplydyr
Alym tarakanlaryň we jaýlardaky allergenleriň arasyndaky baglanyşygy tapdylar
16.11.2025 15:52
3.2k+

Alym tarakanlaryň we jaýlardaky allergenleriň arasyndaky baglanyşygy tapdylar

Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren täze gözlegi tarakanlaryň öýlerdäki howanyň hiline göni täsir edýändigini görkezdi. Mör-möjekler bolan jaýlarda allergenleriň we bakterial zäherleriň — endotoksinleriň derejesiniň ýokarlanýandygy anyklandy
Ösümlik ýaglarynyň öndürijiligini we hilini ýokarlandyrýan täze tehnologiýa döredildi
16.11.2025 15:42
1.1k+

Ösümlik ýaglarynyň öndürijiligini we hilini ýokarlandyrýan täze tehnologiýa döredildi

Russiýada WDITU-nyň (Woronež Döwlet Inženerçilik Tehnologiýalar uniwersiteti) alymlary ösümlik ýaglaryny öndürmegiň täze tehnologiýasyny döredip, oňa patent aldylar. Bu barada TASS agentligi uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi
“Jeýms Uebb” teleskopy ilkinji gezek üçünji nesil ýyldyzlaryny surata aldy
15.11.2025 21:53
3.6k+

“Jeýms Uebb” teleskopy ilkinji gezek üçünji nesil ýyldyzlaryny surata aldy

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopyna ilkinji gezek Uly partlamadan gysga wagtdan soň emele gelen ýyldyzlary gönüden-göni surata almak başartdy. Olar üçünji populýasiýa (Pop III) ýyldyzlary diýlip atlandyrylýar we seýrek obýektler bolup, Älemiň dörän eýýamynyň gadymy obýektleri hasaplanýar diýip, Phys
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.