Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ylym we tehnika
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ylym we tehnika
25.10.2025 15:42
6.7k+
Gara tomzaklar maslyk bilen iýmitlenmekligi 37 million ýyl ozal özleşdiripdir
Takmynan, 37 million ýyl ozal Argentinanyň Patagon peslikleri giň otluklar bilen örtülen bolup, bu ýer gylyç dişli torbalylaryň, äpet guşlaryň hem-de tapirlere we atlara meňzeş uly ot iýiji haýwanlaryň ýaşaýan mekany bolupdyr
25.10.2025 14:32
2.5k+
«Sanly çözgüt–2025» bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlandy
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde IT-tehnologiýalaryny, emeli aňy we robot tehnikasyny ösdürmäge gönükdirilen innowasion bäsleşik — «Sanly çözgüt–2025» boýunça saýlama tapgyry geçirilýär. Bäsleşik ýedi ugurda geçiriler: emeli aň robot tehnika we awtomatlaşdyrma «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary akylly şäher konsepsiýalary sanly lukmançylyk elektron bilim hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy
24.10.2025 16:50
2.2k+
Asus kompaniýasy Nvidia-nyň kuwwatly çibi bilen mini-PK hödürledi
Asus “emeli aňly şahsy superkompýuter” diýlip atlandyrylýan Ascent GX10 mini-PK-syny hödürledi. Onuň ölçegi bary-ýogy 14,7 × 14,7 × 5,2 sm bolsa-da, ol ýokary hasaplaýyş güýjüne eýedir. Ulgam 10 sany Cortex-A925 ýadrosyny we 10 sany Cortex-A725 ýadrosyny öz içine alýan Nvidia GB10 çibine esaslanýar
24.10.2025 12:26
4.4k+
Ýaş alymlar rak keseline garşy "Troýan şekeri" bolan dermany döretdiler
Russiýanyň MIREA tehnologik uniwersitetiniň hünärmenleri rak keseline garşy täze fotodinamik bejergi usulynda şekeri peýdalandylar. Täze taýýarlanan derman serişdesindäki glýukoza molekulalary rak öýjüklerini aldap, olary derman serişdelerini has işjeň siňdirmäge mejbur edýär diýip, uniwersitetiň metbugat gullugy TASS-a habar berdi
24.10.2025 12:21
4.1k+
Alymlaryň aýtmagyna görä, adam aňy 55–60 ýaş aralygynda öz iň ýokary derejesine ýetýär
Awstraliýaly psiholog Žil E. Žinýak we polşaly alym Marçin Zaýenkowski adam aňynyň ösüş tapgyrlary boýunça barlag geçirdiler. Netijeler Intelligence žurnalynda çap edilip, olaryň esasy pikirleri Metro neşiri tarapyndan giňden beýan edildi
24.10.2025 12:18
4.6k+
Time 2025-nji ýylyň iň beýik 300 oýlap tapyşynyň reýtingini hödürledi
Time žurnaly Time’s Best Inventions 2025 reýtingini – soňky 365 günde döredilen iň möhüm oýlap tapyşlaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl redaksiýa 300 innowasiýany saýlady – bu öňkülerden has köpdür. Oýlap tapyşlar kategoriýalar boýunça bölündi: robototehnika, gözellik, dynç alyş, saglyk, dizaýn, oba hojalygy, iýmit, emeli aň we beýlekiler
24.10.2025 09:49
3k+
Huawei üýtgeşik dizaýn bilen router hödürledi
Huawei kompaniýasy Weibo sosial ulgamynda öz täze Huawei Router X3 Pro routeriniň suraty bilen paýlaşdy. Onuň tanyşdyrylyşy noýabrda bolar. Gizmochina-nyň belleýşi ýaly, gurluş adaty tor gajeti däl-de, has dogrusy, interýer elementi ýaly görünýär
23.10.2025 17:38
5.9k+
Türkmen talyplarynyň täze derman serişdelerini döretmek boýunça geçiren barlagy Indoneziýada bäsleşikde altyn medal aldy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde ýakynda geçirilen «World Youth Invention and Innovation Award 2025» (WYIIA) halkara ylmy bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldular
23.10.2025 13:04
4.2k+
Ýawa kerklerini halas etmek üçin olaryň genetiki materialy biobanklarda saklanar
Indoneziýa seýrek Ýawa kerkleriniň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin olaryň genetiki materialyny saklap galmak isleýär. Bu barada Indoneziýanyň tokaý hojalygy ministri Raja Juli Antoni habar berdi. “Biz kömekçi reproduktiw tehnologiýalary ulanmak bilen, geljekki ekstrakorporal tohumlandyrma üçin döli we ýumurtga öýjüklerini saklap galarys” – diýip, Antara habarlar agentligi ministriň sözlerini getirýär
23.10.2025 09:51
5.6k+
“Dünýäniň iň berk çadyry”: nemes kompaniýasy sagatda 180 km tizlikli şemala çydamly çadyr döretdi
Germaniýanyň Heimplanet kompaniýasy “dünýäde iň berk ekspedisiýa çadyry” hökmünde tanadylan Mavericks Blue Ice modelini görkezdi diýip, New Atlas ýazýar. On adama niýetlenen bu çadyr sagatda 180 kilometre çenli ýele çydamly
22.10.2025 22:11
4.4k+
ABŞ-da gurluşykda poladyň ornuny tutup biljek “super agaç” peýda boldy
ABŞ-da “Superwood” atly täze gurluşyk materialy satuwa çykaryldy. Onuň berkliginiň agramyna bolan gatnaşygy poladyňkydan on esse ýokary, şonuň üçin hatda gökdiren binalary gurmakda-da ulanylýar diýip, CNN habar berýär
22.10.2025 22:04
2.1k+
SpaceX: Starlink V3 hemralary ulanyjylara gigabitli internet paýlar
SpaceX kompaniýasy özüniň orbital internet ulgamy üçin emeli hemralaryň täze neslini — Starlink V3 — tanyşdyrdy. Täze enjamlar barada maglumat Starship kosmos gämisiniň 11-nji synag uçuşynyň göni ýaýlymynda berildi
21.10.2025 16:10
3.2k+
Starlink 7,6 mln ulanyjy ýygnady, 10 müň hemra uçurdy we 150 ýurtda işleýär
Ilon Maskyň Starlink hemra internet ulgamy ösmegini işjeň dowam etdirýär: soňky maglumatlara görä, onuň müşderileriniň sany 7,6 million adamdan geçdi. Hyzmat eýýäm 150-den gowrak ýurtda, sebitde we territoriýada resmi taýdan işleýär
21.10.2025 12:00
4.1k+
Rus inženerleri kosmosda emeli dartyş güýjüni döretmegi başardylar
“Roskosmosyň” düzümine girýän “Energiýa” raketa-kosmos korporasiýasy kosmos giňişliginde emeli dartyş güýjüni döretmäge ukyply ulgam üçin patent aldy. Degişli resminama Rospatentiň maglumatlar bazasynda çap edildi
21.10.2025 11:57
3.9k+
SpaceX-iň weterany we maýyp arabasyndaky gyz New Shepard raketasynda suborbital uçuşa ugrar
SpaceX-iň öňki inženeri Hans Kýonigsmann Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard raketasynda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda suborbital uçuşa gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy diýip, Ars Technica ýazýar. Kýonigsmann — SpaceX-iň ilkinji we iň abraýly işgärleriniň biridir
20.10.2025 17:37
1.6k+
Google DeepMind-yň emeli aň modeli rak bejergisinde öňegidişlik gazandy
Alymlar çişi irki tapgyrlarda, heniz adamyň immun ulgamy olara hüjüm etmäge ukyply wagty ýüze çykarmagyň usulyny eýýäm köpden bäri gözleýärdi. Indi bu işe emeli aň hem goşuldy we netijeler haýran galdyrdy. Google-yň blogunda habar berlişi ýaly, DeepMind bölümçesi Ýel uniwersiteti bilen bilelikde açyk Gemma EA modelini rak öýjükleriniň özüni alyp barşyny seljerer ýaly sazlady
20.10.2025 11:13
5.3k+
Alymlar irki Ýeriň seýrek galyndylaryny tapdylar. Tapyndynyň ýaşy 4,5 milliard ýyl
Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary takmynan 4,5 milliard ýyl ozal, ýaş Ýeriň düzümini üýtgeden ägirt uly çaknyşykdan öň emele gelen «proto-Ýeriň» adaty bolmadyk galyndylaryny tapdylar. Barlagyň netijeleri Nature Geosciences žurnalynda neşir edildi
20.10.2025 10:07
1k+
Apple sensor ekranly MacBook Pro taýýarlaýar
Apple amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda ilkinji sensor displeýli MacBook Pro noutbugyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär
20.10.2025 09:58
2.1k+
Samsung öz-özüni dikeltmäge ukyply ekrany patentledi
Samsung kompaniýasy eplenýän smartfonlaryň berkligini we hyzmat ediş möhletini ýokarlandyrmaga ukyply täze tehnologiýany patentledi. Ulgamyň özeni mikroskopik simleriň we “sensor halkasy” diýlip atlandyrylýan datçikleriň utgaşmasyndan ybarat
19.10.2025 16:58
4.2k+
SpaceX kompaniýasy Starship V2-niň soňky uçuşyndan täsirli kadrlary görkezdi
SpaceX 14-nji oktýabrda bolan Starship V2 raketasynyň soňky synag uçuşyndan täze we örän täsirli kadrlary hödürledi. X sosial ulgamynda ýerleşdirilen wideoda missiýanyň iň esasy tapgyrlary – raketanyň uçuşy, basgançaklaryň bölünip aýrylyşy we suwa gonmazdan öň atmosfera girişi görkezilýär
18.10.2025 12:40
2.1k+
Google öz Veo wideo döredijisini täzeledi: ýokary realizm, ses we kino stili
Google öz EA wideo generatorynyň täzelenen wersiýasyny – Veo 3.1-i çykardy. Täze model şekilleriň has hakykata ýakyn bolmagy, tekst beýanlaryny takyk berjaý etmegi we ses bezeginiň kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar
17.10.2025 18:55
3.2k+
SpaceX “Falcon 9” raketa göterijisiniň birinji basgançagyny 500-nji gezek Ýere yzyna gaýtardy
16-njy oktýabrda SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasynyň nobatdaky uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Ol orbita Starlink ulgamynyň 28 hemrasyny çykardy. Kompaniýa üçin bu uçuş aýratyn ähmiýetli boldy – raketanyň birinji basgançagy 500-nji gezek Ýere üstünlikli gaýdyp geldi
17.10.2025 12:18
3k+
Hytaýly alymlar bary-ýogy bir atom galyňlykda ýady saklaýjy çip döretdiler
Professor Çunsen Liunyň ýolbaşçylygyndaky hytaýly alymlar topary galyňlygy bir atoma deň bolan iki ölçegli materiallardan we adaty kremnili arhitekturadan düzülen gibrid ýady saklaýan çip işläp düzdüler. Çibiň sygymy 1 kilobaýt, maglumatlary ýazmak we pozmak wagty bolsa bary-ýogy 20 nanosanýa deň
17.10.2025 00:39
2.6k+
Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady
Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr
17.10.2025 00:19
2.9k+
Nvidia 1,2 kg agramly, ýöne örän kuwwatly iň kiçi superkompýuteri döretdi
Nvidia kompaniýasy dünýäde emeli aňly iň kiçi superkompýuteri – DGX Spark-y hödürledi. Onuň agramy bary-ýogy 1,2 kg barabar. Ykjamdygy üçin ony stolda aňsatlyk bilen ýerleşdirip, hatda torbaňda göterip bolýar. Muňa garamazdan, onuň öndürijiligi doly derejeli maglumat merkeziniň mümkinçilikleri bilen deňleşip bilýär
16.10.2025 09:35
8.3k+
Türkmen mekdep okuwçylary Google-yň geçiren ýaryşynda 2-nji orny eýelediler
Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary Begenç Annaorazow, Aýhan Baýramow, Salyh Annanepesow Google kompaniýasynyň Firebase Studio Championship Central Asia 2025 ýaryşynda 2-nji orny eýelediler
15.10.2025 15:19
6.8k+
Arça pürlerinden altynyň nanobölejikleri tapyldy
Ýakynda Oulu uniwersitetiniň (Finlýandiýa) alymlary ýewropa arçasynyň (Picea abies) pürlerinde altyn nanobölejikleriniň toplanyp bilýändigini ýüze çykardylar. Bu netijeler Environmental Microbiome žurnalynda çap edildi
15.10.2025 15:13
3.8k+
Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy suw geçirmeýän DR02 gumanoid robotyny görkezdi
Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy DR02 atly gumanoid robotyny tanyşdyrdy. Bu robot çylşyrymly senagat we köçe şertlerinde işlemäge ukyply. Onuň korpusy IP66 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goragly, bu robotyň ýagyşly, tozanly we ýokary çyglylyk şertlerinde işläp bilmegine mümkinçilik berýär
15.10.2025 14:57
4.2k+
Hytaýda akylly aýna meýdanly dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi
Hytaýda Gansu welaýatynyň Gobi çölünde ýerleşýän we China Three Gorges Corporation tarapyndan gurlan dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi, diýip SCMP habar berýär. Toplumda takmynan 27 müň aýna ulanylýar
15.10.2025 14:47
2.8k+
Öý we iş üçin täze Figure 03 gumanid roboty hödürlenildi
Amerikanyň Figure AI kompaniýasy Figure 03 atly üçünji nesil gumanoid robotyny tanyşdyrdy. Bu model öý hojalygynda hem, täjirçilik wezipelerini ýerine ýetirmekde hem ulanylyp bilner. BotQ zawodynda robotlaryň ýyllyk önümçiligi 12 000 birlik bolar, uzakmöhletleýin maksatda — dört ýylyň içinde 100 000 sanysyny öndürmek bar
14.10.2025 19:17
1.4k+
SpaceX kompaniýasy Starship raketasynyň 11-nji synagyny üstünlikli geçirdi
14-nji oktýabrda irden SpaceX kompaniýasy kuwwatly Starship raketa göterijisiniň on birinji synagyny geçirdi. Geçenki uçuş ýaly bu synag hem üstünlikli tamamlandy. Raketa ýerli wagt bilen 18:24-de (Aşgabat wagty bilen 4:24) Tehasdaky uçuş meýdançasyndan goýberildi
13.10.2025 09:41
7.3k+
Alymlar beýnide dowamly agyryny “ýatda saklaýan” bölegi tapdylar: täze bejeriş usullaryna umyt peýda boldy
Alymlar beýnide dowamly, uzak wagtlap duýulýan agyrynyň ýüze çykmagynda işjeňleşýän ýiti öýjükler toparyny tapdylar. Barlagyň netijelerine görä, hut şu neýronlar adamyň näme üçin agyrynyň şikesden soň hem dowam edýändigini düşündirip biler
13.10.2025 09:21
2.1k+
Alymlar Aýyň iň uly krateriniň gelip çykyşyna täzeden seredýärler
Alymlar Aýdaky iň uly krater bolan Günorta polýus — Eýtkeniň gelip çykyşynyň ozal çak edilenden tapawutlydygyny anykladylar. Arizona uniwersitetinden Jeffri Endrýus-Hannanyň ýolbaşçylygyndaky täze barlagyň netijesine görä, asteroid Aýa günortadan däl-de, demirgazyk tarapdan gelip urupdyr
12.10.2025 23:12
6.2k+
Awstraliýanyň suwlarynda iki sany täze görnüş jandar tapyldy — garaňkyda şöhle saçýan akula we “farfor” leňňeji
Günbatar Awstraliýanyň kenarlarynda okeanograf alymlar ylym üçin täze bolan iki deňiz jandaryny — garaňkyda şöhle saçýan fonar akulasy we ýarym-durulykrangy farfor kraby. Bu tapyndylar baryp 2022-nji ýylda Awstraliýanyň ylmy we amaly barlag guramasy (CSIRO) tarapyndan geçirilen ekspedisiýa wagtynda ýüze çykarylypdy, emma olaryň ylmy beýany diňe indi neşir edildi
10.10.2025 13:28
12k+
Alymlar gadymy adamlaryň iýmitini anykladylar: olar Buz eýýamynyň äpetleri bilen iýmitlenipdirler
Günorta Amerikada geçirilen täze barlag gadymy adamlaryň esasy iýmit çeşmesiniň äpet leniwesler we sowutlylar bolandygyny görkezdi. Ozal alymlar bu haýwanlaryň ýitip gitmeginde adamlaryň täsiriniň ikinji derejeli bolup, esasy sebäbi howanyň üýtgemegi bilen baglydyr diýip hasaplaýardylar
10.10.2025 13:04
5.8k+
Nýu-Meksikoda tekiz kelleli ot iýýän dinozawryň täze görnüşi tapyldy
Amerikaly we slowakiýaly paleontologlar häzirki Nýu-Meksiko sebitinde takmynan 75 million ýyl ozal ýaşap geçen gadrozawrid dinozawryň täze neslini we görnüşini ýüze çykardylar. Täze görnüşe Ahshislesaurus wimani diýip at berildi
09.10.2025 18:12
3.6k+
Ilon Mask: Grok eýýäm 2026-njy ýylda ýarym sagatlyk filmleri döredip biler
Ilon Mask Grok AI-niň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tomaşa edip boljak wideo-filmleri döredip biljekdigini, 2027-nji ýylda bolsa hakykatdanam ýokary hilli filmleriň peýda bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Bu barada ol X sosial ulgamynda ýazdy
09.10.2025 16:23
1.1k+
ChatGPT indi göni çatda Spotify, Canva ýaly programmalary açyp bilýär
Her ýyl geçirilýän DevDay 2025 çäresinde OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni ulanyjylaryň göni çatda başga programmalary nädip işledip biljekdigini görkezdi. Häzir çat-botda Spotify, Figma, Booking.com, Expedia, Coursera, Zillow we Canva programmalary elýeterli
09.10.2025 00:46
8.8k+
Çaga heniz ene göwresindekä daşary ýurt dillerini özleşdirip başlaýar - alymlaryň barlagy
Monreal uniwersitetiniň alymlary çaga heniz ene göwresindekä daşary ýurt dilini eşiden bolsa, onuň beýnisiniň bu dili tapawutlandyryp we bölekleýin özleşdirip bilýändigini anykladylar. Göwrelilik döwründe birnäçe hepdäniň dowamynda başga dilde gürrüňleri diňlemek, çaganyň sözleýşi kabul etmegine jogap berýän nerw ulgamlarynyň işjeňligini üýtgedip biler
08.10.2025 16:25
2.5k+
Himiýa boýunça Nobel baýragy “metal-organiki karkas gurluşlaryň döredilendigi” üçin berildi
Şwesiýada himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary yglan edildi – olar Susumu Kitagawa, Riçard Robson we Omar Ýagi boldy. Olara baýrak “metal-organiki karkas gurluşlary işläp taýýarlandygy üçin” berildi diýlip, Nobel komitetiniň habarynda aýdylýar
«
1
…
16
17
18
…
79
»
«
1
…
13
14
15
16
17
18
19
20
21
…
79
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.