Starlink 7,6 mln ulanyjy ýygnady, 10 müň hemra uçurdy we 150 ýurtda işleýär

21.10.2025, 11:103,223

Ilon Maskyň Starlink hemra internet ulgamy ösmegini işjeň dowam etdirýär: soňky maglumatlara görä, onuň müşderileriniň sany 7,6 million adamdan geçdi. Hyzmat eýýäm 150-den gowrak ýurtda, sebitde we territoriýada resmi taýdan işleýär.

SpaceX kompaniýasynyň taslamasy planetanyň hatda iň çet ýerlerinde-de ýokary tizlikli interneti üpjün edýär. Mundan başga-da, Starlink interneti üçin ulanyjylaryň ýazylmagy geljekki Mars missiýalaryny maliýeleşdirmäge kömek edip, Ilon Maskyň uly meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar.
19-njy oktýabrda SpaceX birbada iki rekordy belledi. Falcon 9 raketasy 28 Starlink hemrasyny, şol sanda ulgamyň 10 000-nji enjamyny orbita çykardy. Şol bir wagtyň özünde ýylyň başyndan bäri raketanyň 132-nji uçuşy amala aşyryldy – 2024-nji ýylda hem SpaceX tarapyndan şonça uçuş ýerine ýetirilipdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.