Aý ýüzünde täze ýara: SpaceX raketasynyň urgusyndan galan krateriň suraty peýda boldy

Düýn, 23:594,566
1 / 4

NASA Aýda dörän täze krateriň suratyny neşir etdi. Ol 5-nji awgustda Aýyň ýüzüne SpaceX raketasynyň tizleşdiriji blogy gaçandan soň emele gelipdi.

Agentligiň maglumatlaryna görä, raketanyň bölegi Ýeriň hemrasyna sagatda, takmynan, 8700 km tizlik bilen uruldy.

Çaknyşma bolan ýeri NASA-nyň Aýyň orbitasynda uçup ýören Lunar Reconnaissance Orbiter (LRO) kosmos enjamy surata düşürdi. Kameralary gerekli ýere gönükdirmek üçin inženerler enjamyň ugruny üýtgetmeli boldy.

Çaknyşmadan soň raketa böleginiň gaçan ýeriniň LRO-nyň syn ediş zolagyna düşmegi üçin alty gün gerek boldy.

Raketanyň tizleşdiriji blogy Aý bilen çaknyşmazdan ozal bir ýyldan gowrak wagtlap kosmosda gaýyp ýördi. Öň NASA onuň hereketine syn edip, uçuş ýoluny takyklapdy.

SpaceX raketasynyň tizleşdiriji blogunyň Aý bilen çaknyşan ýeriniň öňki, arhiw suraty
NASA Goddard / Intuitive Machines

2026-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda düşürilen surat, täze dörän krater — merkezde
NASA Goddard / Intuitive Machines

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.