Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ylym we tehnika
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ylym we tehnika
06.07.2025 15:03
12k+
Heopsyň piramidasynda hakyky gurluşykçylaryň atlary tapyldy, olar gul däl bolup çykdy
Arheologlar Heopsyň piramidasynda ozal näbelli ýazgylary tapdylar, bu onuň gurluşykçylarynyň gelip çykyşyny anyklamaga kömek edýär diýip, Daily Mail ýazýar. Müsüri öwreniji alym Zahi Hawassyň berýän maglumatlaryna görä, täze açyşlar gadymy grek awtorlarynyň piramidany 100 müň sany gullaryň gurandygy baradaky tassyklamany ýalana çykarýar
06.07.2025 14:49
3.5k+
ABŞ-da millionlarça dollar sarp edilen kosmos ýadro reýderi taslamasy ýapyldy
ABŞ-nyň Goranmak boýunça geljekki barlag taslamalary gullugy (DARPA) NASA bilen kosmos termiki ýadro hereketlendirijisini (NTP) döretmek baradaky bilelikdäki taslamany ýatyrdy. Bu karar häzirki zaman raketa tehnologiýasynyň gazananlary, şol sanda SpaceX-iň üstünligi we ýadro hereketlendirijileriniň geljeginiň täze seljermesi bilen düşündirilýär diýip, Space News habar berýär
06.07.2025 14:44
8.3k+
Arheolog Ispaniýanyň golaýynda rowaýata öwrülen Atlantida şäherini tapandygyny aýdýar
Britaniýaly arheolog Maýkl Donnellan Atlantidanyň Ispaniýanyň kenaryndan üç kilometr uzaklykda, Kadis şäheriniň golaýynda ýerleşip biljekdigini aýtdy. Bu barada alymyň alternatiw taryha bagyşlanan Cosmic Summit konferensiýasynda eden çykyşyna salgylanýan, Daily Mail ýazýar
05.07.2025 18:34
3.8k+
Astronom tutuş Älemiň “aýlanmagynyň” alamatlaryny tapdy
Amerikaly astronom, ABŞ-nyň Harby-deňiz obserwatoriýasynyň ylmy işgäri Waleriý Makarow tutuş Älemiň aýlanýandygyna mümkin bolan subutnamalary tapandygyny aýdýar. Üstesine-de, aýlanma ugry ençeme gezek üýtgän bolmaly diýip, Nature Astronomy žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, TASS habar berýär
05.07.2025 14:13
7.8k+
Müsürde ýitirilen gadymy Imet şäheri tapyldy: ol ýerde birwagtlar köp gatly jaýlar bolupdyr
Arheologlar Müsüriň gadymy Tanis şäherinden 10 km uzaklykda, Nil deltasynyň golaýynda ýitirilen Imet şäheriniň üstüni açdy. Gazuw-agtaryş işleri Mançester uniwersitetinden Müsüri öwrenýän alym Niki Nilseniň ýolbaşçylygynda geçirildi diýip, Daily Mail habar berýär
05.07.2025 14:09
3.1k+
ABŞ ýene-de hususy kosmos gämilerini uçurmak boýunça rekordy täzeledi
ABŞ bir aýda amala aşyrylan täjirçilik kosmos uçuşlarynyň sany boýunça täze rekord goýdy. Federal raýat awiasiýa edarasynyň (FAA) maglumatlaryna görä, iýun aýynda amerikan kompaniýalary jemi 21 uçuşy amala aşyrdy diýip, Space
04.07.2025 18:32
6.2k+
Uelsiň paýtagtynda şäher seýilgähiniň aşagyndan bürünç asyrynyň mazary tapyldy
Britaniýanyň Kardiff şäherindäki Trelaý seýilgähiniň aşagyndan meýletinçi arheologlar bürünç eýýamynyň mazaryny tapdylar. Tapyndylar takmynan b.e. öňki 1500-nji ýylda gurlan tegelek jaýyň gapdalyndan tapyldy. Bu bina bu ýerden iki ýyl ozal gazylyp tapylypdy
04.07.2025 18:30
3.7k+
Şweýsariýada geljekdäki ýitgileriň öňüni almak üçin mikrob saklaýjy enjam döredilýär
Şweýsariýada Microbiota Vault Initiative - mikrob dürlüligini goramak üçin “mikrobiologik gämi” taslamasy durmuşa geçirilýär. Alymlary geljekde köp möhüm bakteriýalaryň adam bedeninden ýok bolup gitmeginiň mümkindigi alada goýýar
04.07.2025 18:28
4.4k+
Alymlar howadan agyz suwuny alýan “gabarçakly örtük” döretdiler
Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary aşa gurak şertlerde-de, mysal üçin Sahara çölünde ýa-da Ölüm jülgesinde (ABŞ-da ýerleşýär) howadan agyz suwuny alyp bilýän enjamy döretdiler diýip, Live Science ýazýar
03.07.2025 22:41
2.2k+
SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasyny 500-nji gezek üstünlikli uçurdy
SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny üstünlikli geçirdi. Ýubileý uçuşy Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan amala aşyryldy. Raketa göterijisi Starlink hemralarynyň täze tapgyryny orbita çykardy
03.07.2025 18:36
3.4k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda Magtymgula bagyşlanan ylmy maslahat gurady
22-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad we Mekke şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
03.07.2025 18:24
3.8k+
“Habbl” teleskopy Sowur ýyldyzlar toplumynda mawy öwüsýän dumanlygy surata düşürdi
Astronomlar “Habble” kosmos teleskopyny ulanmak bilen, Sowur ýyldyzlar toplumynda Ýerden takmynan 480 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän yzyna serpikdiriji şöhleli GN 04.32.8 dumanlygyny surata aldylar. DG 41 diýlip hem atlandyrylýan bu ýyldyzlar topary molekulýar buludyň düzümindedir
03.07.2025 14:24
10k+
Belgiýada 10 500 ýyl mundan ozal ýaşan aýalyň ýüz keşbi gaýtadan dikeldildi
Gent uniwersitetiniň alymlary hudožnikler bilen bilelikde häzirki Belgiýanyň çäginde, takmynan, 10 500 ýyl mundan ozal – mezolit eýýamynda ýaşan aýalyň ýüz keşbini gaýtadan dikeltdi. Onuň galyndylary 35 ýyldan gowrak wagt ozal Dinantyň golaýyndaky Margo gowagynda tapyldy
02.07.2025 14:10
2.9k+
Netflix NASA-nyň raketalarynyň uçuşyny we beýleki kosmos missiýalaryny ýaýlyma berer
Netflix akym hyzmaty NASA bilen hyzmatdaşlykda raketalaryň uçuşyny, astronawtlaryň açyk kosmosa çykyşyny we beýleki kosmos bilen bagly wakalary göni ýaýlymda görkezip başlar. Bu barada platformanyň sosial ulgamlarynda habar berilýär
02.07.2025 12:14
4.5k+
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigine arzalar kabul edilip başlandy
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom
02.07.2025 11:20
10k+
Alymlar ilkinji gezek haýal ýertitremesini ýazgy etdiler
Alymlar ilkinji gezek Ýaponiýanyň kenaryndaky suwasty çat açan zolagynda haýal ýertitremesini hasaba aldylar. Ostindäki Tehas uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan geçirilen barlaglar ýertitremeleriniň sunamini emele getirýänligi bilen belli umman çat açmasynyň uzaboýuna nädip ýaýraýandygyny görkezdi
01.07.2025 20:25
9.2k+
Türkmenistanly ýaş alymlar Malaýziýada halkara innowasiýa bäsleşiginde altyn medal gazandylar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary Malaýziýada geçirilen “Borneo Halkara innowasiýa we döredijilikli pikir bäsleşigine” (BIICC 2025) gatnaşyp, ýokary sylaglara mynasyp boldular
01.07.2025 19:25
7.6k+
Ýer ýüzündäki iň gadymy daşlar tapyldy. Olaryň ýaşy 4 mlrd ýyldanam köp diýlip çaklanylýar
Alymlar Kanadada ýaşy, takmynan, 4,16 mlrd ýyl bolan dag jynslaryny tapdylar. Bu gaýalar häzirki wagta çenli ýüze çykarylan Ýerdäki iň gadymy dag jynslary bolup biler diýip, Phys.org habar berýär. Olar Kwebekdäki Gudzon aýlagynyň kenaryndaky Nuwwuagittuk ýaşyldaş guşagyndan tapyldy
01.07.2025 19:20
6.9k+
Dyson ýylboýy ýertudana ösdürip ýetişdirmek üçin adaty bolmadyk ferma-maşyn döretdi
Dyson kompaniýasy ýylyň ähli paslynda ýertudana ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän innowasion enjamyny tanyşdyrdy. Täze enjam Angliýanyň gündogar bölegindäki Linkolnşir graflygynyň golaýyndaky aýna ýyladyşhana oturdyldy diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar
01.07.2025 19:01
5.4k+
Pekinde gumanoid robotlaryň arasynda ilkinji futbol ýaryşy geçirildi
Hytaýyň paýtagtynda gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda özboluşly futbol ýaryşy geçirildi. Olar diňe emeli aň tarapyndan dolandyrylmak bilen, hiç hili daşarky gatyşyk bolmazdan meýdançada özbaşdak hereket edip, topy alyp, derwezä depdi
01.07.2025 18:13
5k+
Neýrofiziologlar beýniniň nädip sözlerden sözlem düzýändigini düşündirdiler
Nýu-Ýork uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary adam beýnisiniň nädip aýry-aýry sözleri sözlemlere öwürýändigini anyklamaga kömek edýän barlagy geçirdiler. Neýrolingwistika şu çaka çenli, esasan, aýry sözleriň emele getirilişini öwrenipdi, ýöne olaryň many berýän zynjyrlara birleşiş prosesini öwrenmändi
01.07.2025 17:55
4.5k+
Alymlar dinozawrlaryň täze görnüşini tapdylar. Olar itiň ululygynda bolupdyr
Alymlar labrador-retriwerden (itiň bir tohumy) uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşini tapdylar diýip, CNN habar berýär. Dinozawr Enigmacursor mollyborthwickae diýlip atlandyryldy we takmynan, 150 million ýyl ozal - ýura döwründe stegozaurlar we diplodoklar bilen birlikde häzirki Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäginde ýaşap geçipdir
01.07.2025 17:52
5.4k+
Ýapon arheologlary gadymy gurallardan kanoe ýasap, daş asyrynyň adamlarynyň geçen ýoluny gaýtaladylar
Ýapon we taýwan arheologlary paleolit döwrüniň adamlarynyň, takmynan, 30 müň ýyl ozal amala aşyran syýahatyna meňzeş howply deňiz syýahatyny amala aşyrdylar. Olar öz synaglaryny Science Advances žurnalynda beýan etdiler
01.07.2025 14:03
10k+
Awstraliýanyň gowaklaryndan ilkinji gözsüz ary we geň mumiýalanan möýler tapyldy
Alymlar Awstraliýanyň Nallarbor düzlüginden içinde ozal görülmedik jandarlaryň mumiýalanan galyndylary bolan täsin gowaklary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda gadymy möýler, saçakçylar, kyrkaýaklar we arylaryň dünýäde ilkinji asla gözsüz görnüşi bar
29.06.2025 13:27
7.1k+
Ýantar daşynda ýaşy 40 million ýyla golaý bolan gadymy tarakan tapyldy
Kaliningraddaky “Ýantar kombinatynda” (RF-niň “Rosteh” döwlet korporasiýasyna degişli) 35–40 million ýyl mundan ozalky döwre degişli gadymy ýabany tarakan saklanýan täsin ýantar daşy tapyldy. Bu seýrek duş gelýän inklýuziýa 2-nji awgustda Moskwada geçiriljek AmberForum’25 halkara forumynyň çäklerinde guraljak täsin ýantarlar auksionynda esasy lotlaryň biri bolar
29.06.2025 13:10
6.4k+
Gaýtadan işlenen plastik gormonal ulgam üçin zyýanly bolup çykdy
Plastik çökgünligine çözgüt gözläp, köp ýurtlar soňky onlarça ýylyň dowamynda plastikleri gaýtadan işlemäge aýratyn üns berdiler. Emma täze barlaglar bu usulyň hem howpsuz däldigini görkezýär. Nemes alymlarynyň geçiren ylmy işi Journal of Hazardous Materials žurnalynda neşir edilip, gaýtadan işlenen plastigiň janly organizmlere ýaramaz täsir ýetirip bilýändigini görkezdi
28.06.2025 12:42
9.4k+
Aý raketasy üçin döredilen täze gaty ýangyçly tizlendiriji synag wagty partlady
26-njy iýunda Northrop Grumman kompaniýasynyň ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky synag meýdançasynda «Artemis IX» Aý missiýasy üçin niýetlenen SLS raketasynyň täze gaty ýangyçly tizlendirijisiniň synagy geçirildi. Işe girizilmeginden iki minut hem geçmänkä we otlaýyş prosesiniň tamamlanmagyna on sekunt galanda, enjamyň soplosy döwlüp, ýangyn döredi
27.06.2025 18:11
6k+
Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy
26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy
27.06.2025 11:29
3.4k+
Google AI indi näme gözleýäniňizi bilýär. AI gözleg ulgamy özüni ulanyja görä sazlaýar
Google öz gözleg ulgamynyň AI Mode režimine şahsylaşdyrylan teklipleri ornaşdyryp başlady. Indi ulanyjylar kompaniýanyň mobil programmasynda bu režime geçenlerinde özleriniň Google-daky işjeňligine esaslanýan teklipleri görýärler
27.06.2025 11:19
9.2k+
Hytaýda alty tonnalyk konwertoplan ilkinji gezek synag edildi: bir wagtyň özünde hem dikuçar, hem uçar
Hytaýda täze "Zhang Ying R6000" konwertoplanynyň ilkinji ýerüsti synaglary geçirildi. Synaglaryň suratlary United Aircraft tarapyndan çap edildi. Alty tonnalyk apparat pilotly we pilotsyz dolandyrylýan görnüşlerde döredildi
26.06.2025 14:32
7.6k+
Plastik galyndylardan parasetamol öndürmegiň usuly tapyldy
Edinburg uniwersitetinden professor Stiwen Uollesiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary plastik galyndylarynyň derman öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini kesgitlediler. Bu barada Nature žurnalyndaky barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar
25.06.2025 11:10
2.2k+
Microsoft kwant ýadyny 1000 esse ygtybarly etmegiň usulyny tapdy
Microsoft-yň barlagçylary dört ölçegli kodlar diýlip atlandyrylýan kwant kompýuterleri üçin täze ýalňyş düzediş ulgamyny hödürlediler. Ol, adaty usullar bilen deňeşdirilende, ýalňyşlyklaryň sanyny müň esse azaltmaga mümkinçilik berýär diýip, Live Science ýazýar
25.06.2025 10:59
5.4k+
Mask Grok-uň täze wersiýasynyň “adamzadyň ähli bilimlerine” eýe boljakdygyny aýtdy
Ilon Mask Grok emeli aňynyň täze wersiýasynyň “adamzadyň ähli bilimlerini” özüne almalydygyny aýtdy. Ol bu barada X sosial ulgamynda ýazdy we öz AI-siniň öwrenmek üçin başga başlangyç maglumatlara esaslanýandygy sebäpli bäsdeşleriniň çözgütlerinden tapawutlanjakdygyny belläp geçdi
25.06.2025 10:13
4.6k+
Russiýada emeli aňyň döreden mazmunlaryny tapawutlandyrmaga kömek etjek tehnologiýa döredildi
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ulgam programmirleme instituty emeli aňyň kömegi bilen döredilen mazmuny awtomatiki bilgilemäge ukyply ulgamy döretdi diýip, RIA Nowosti habar berýär. Tehnologiýa, adamlar üçin görünmeýän, ýöne kompýuterler tarapyndan aňsat tanalýan sanly bellikleri ulanýar
24.06.2025 13:42
10k+
Gün energiýasy bilen işleýän dünýäde ilkinji dron ýere gonmazdan bir aýlap asmanda galyp bilýär
Skydweller Aero amerikan başlangyjy we Thales fransuz kompaniýasy dolulygyna Gün energiýasy bilen işleýän drony döretdiler. Täze dron atmosfera hiç hili zyýanly madda goýbermän, gonmazdan 30 güne çenli howada galyp biler
24.06.2025 13:34
3.2k+
Awstraliýaly kebeleklerde ugruny ýyldyzlara görä kesgitlemek ukyby ýüze çykaryldy
Awstraliýaly bogong kebelekleri ( Agrotis infusa ) ýyldyzlardan we Ýeriň magnit meýdanyndan ugur alyp, müň kilometre çenli aralygy geçmäge ukyply. Bu Awstraliýanyň Milli uniwersitetiniň, Günorta Awstraliýa uniwersitetiniň we beýleki barlag merkezleriniň hünärmenleriniň gelen netijesidir
24.06.2025 13:32
3.2k+
Aýnadan çap etmek üçin ilkinji 3D printeri döredildi
Massaçusets Tehnologiýa institutynyň Linkoln barlaghanasynyň barlagçylary aýna zatlary öndürmäge ukyply ilkinji 3D printeri çykardylar. Şu wagta çenli additiw önümçilik şokolad we plastmassa ýaly dürli materiallary öz içine alypdy, ýöne organiki däl aýna bu tehnologiýanyň çäginden daşarda galyp gelýärdi
24.06.2025 12:40
7.1k+
Britaniýaly alymlar robotlaryň kömegi bilen Arktikany gaýtadan doňdurmak isleýär
Britaniýanyň ARIA hökümet agentligi suwasty robotlaryň kömegi bilen Arktikanyň buz örtüginiň galyňlygyny saklamak we artdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmek üçin 10 mln funt sterling (takmynan, $13,4 mln) bölüp berdi diýip, The Times habar berýär
24.06.2025 12:13
5.3k+
Ýewropa kosmos agentligi Aýy we Marsy ilatlaşdyrmagyň meýilnamasyny hödürleýär
2040-njy ýyla çenli adamlar Marsda ýaşap başlap bilerler. Bu meýilnama Ýewropa kosmos agentligi (ESA) tarapyndan hödürlenen Strategy 2040-yň we Technology 2040 Vision-niň resminamalarynda yglan edildi. Maksatlaryň arasynda - orbital we planetar bazalary döretmek, özbaşdak ýaşaýşy goldamak ulgamyny we balyk ýaly iýmitleri ösdürip ýetişdirmek görnüşindäki işleri öz içine alýar
24.06.2025 11:54
6.9k+
Çilide dünýäniň iň uly teleskopyndan alnan ilkinji suratlar görkezildi
Çiliniň Wera Rubin adyndaky obserwatoriýasyndaky dünýäniň iň uly teleskopy gijeki asmanyň ilkinji suratlaryny ýaýratdy. Serro-Paçon dagynyň El-Penýon gerşinden alnan suratlar görlüp-eşidilmedik gerimdäki millionlarça ýyldyzlaryň we galaktikalaryň ýagtylygyny görkezýär
«
1
…
22
23
24
…
79
»
«
1
…
19
20
21
22
23
24
25
26
27
…
79
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.