Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigine arzalar kabul edilip başlandy

02.07.2025, 07:144,555

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm saýtynda açyldy.

Bäsleşik:

  • emeli aň;
  • robototehnika we awtomatizasiýa;
  • “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary;
  • akylly şäher;
  • sanly lukmançylyk;
  • elektron bilim;
  • hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, taslamalar şu talaplara laýyk gelmeli:

  • wajyplygy we ornaşdyrmak mümkinçilikleri;
  • aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyndaky täzeçiligi;
  • ykdysady taýdan peýdalylygy;
  • hili we ulanmak rahatlygy;
  • dizaýn bezegi;
  • kanunçylyga laýyk gelmegi;
  • özboluşlylygy (göçürmä rugsat berilmeýär);
  • programma üpjünçiligi üçin esaslandyryş kodlaryň bolmagy.

Bäsleşige ýekelikde ýa-da üç adama çenli düzülen toparlaýyn görnüşinde gatnaşmak bolýar. Bäsleşik ýaşlar üçin açykdyr. Gatnaşmak üçin aşakdakylary tabşyrmaly:

  • Gatnaşyjynyň ýa-da topar ýolbaşçysynyň arzasy
  • Gatnaşyjylaryň pasport nusgalary
  • Teklip edilýän taslamanyň mazmuny

“Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olary goldamaga, şeýle hem milli ykdysadyýetde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylşyny ösdürmäge gönükdirilendir.
2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan – 1-nji oktýabryna çenli bäsleşige gatnaşmak isleýänler özüniň taslamalaryny elektron görnüşinde “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm resmi saýty arkaly tabşyryp bilerler. Hödürlenen oýlap tapyşlar we işläp taýýarlamalar täzeçiligi, amaly ähmiýeti we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak mümkinçiligi boýunça bahalandyrylar.
Bäsleşigiň ýeňijileri “Türkmentel-2025” XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda (Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 143) geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.