Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
09.06.2025 19:44
7.2k+
Android-lerde Crocodilus wirusy ýaýraýar. Ol özüni programma görnüşinde gizläp, maglumatlary ogurlaýar
Jenaýatçylar Crocodilus zyýanly programma üpjünçiligini bank we kriptowalýuta hasaplaryna girmek üçin kanuny programmalar hökmünde gizläp, bütin dünýäde Android ulanyjylarynyň arasynda ýaýradýarlar. Bu barada TechSpot neşiri habar berýär
09.06.2025 19:30
7.4k+
Şwesiýada çagalarynyň dişine dogry ideg etmändigi üçin ene-atasyna temmi çäresi görüldi
Şwesiýanyň kazyýeti üç çagasynyň dişine dogry seretmändigi üçin ene-atany sekiz aý azatlykdan mahrum etdi. Bu barada Aftonbladet gazeti habar berdi. Boros şäherinde işleýän diş lukmany öz kabul edişligine gelen çagalaryň dişini görenden soň degişli edaralara ýazan arzasy derňew işlerine başlanmagyna sebäp boldy
09.06.2025 19:25
3.3k+
Ženewada Türkmenistanyň halkara zähmet başlangyçlaryna goşulmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji iýunda Ženewada Halkara Zähmet Maslahatynyň 113-nji mejlisiniň çäklerinde Halkara Iş berijiler Guramasynyň (IOE) we Halkara Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň (ITUC) wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
09.06.2025 14:54
12k+
Birinji ýarymynda ýagyş, +39 gradus yssy...: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (09.06 - 15.06)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar
09.06.2025 14:51
9k+
Galaxy S25 Edge-i söküp, Samsung-yň smartfony nämäniň hasabyna inçeltmegi başarandygy anyklanyldy
YouTube blogeri JerryRigEverything Samsung Galaxy S25 Edge smartfonynyň sökülýän widesoyny neşir etdi. Ol Galaxy S25 Ultra bilen deňeşdirilende 2,4 mm inçelip, enjamyň ýogynlygynyň bary-ýogy 5,8 mm-e çenli nädip inçeldilendigini anyklady
09.06.2025 14:49
5.2k+
Beýik britaniýaly alymlar tozan bölejigine barabar skripka şekilini döretdiler
Lafboro uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) fizikleri uzynlygy 35 mikron we ini 13 mikron bolan skripkanyň şekilini döretdiler, bu adam saçynyň tarynyň galyňlygyndan ýa-da tihohodkanyň ululygyndanam kiçi diýmekdir
09.06.2025 14:48
4.5k+
Nýu-Ýorkuň howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy
Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky halkara howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy. Beta Technologies tarapyndan işlenip düzülen Alia CX300 dört ýolagçyny we piloty getirdi. Uçuş 45 minut dowam etdi diýip, Reuters habar berýär
09.06.2025 14:39
2.6k+
Balenciaga Britni Spirs bilen hyzmatdaşlykdaky işini hödürleýär
Balenciaga amerikan pop ýyldyzy Britni Spirs bilen hyzmatdaşlykda döredilen resort 2026 kapsula kolleksiýasyny hödürledi. Bu Demna Gwasaliýanyň brendiň döredijilik müdiri hökmündäki soňky işidir diýip, Hypebae neşiri habar berýär
09.06.2025 14:38
8.5k+
Hindistanda köne köşgüň aşagyndan 50 müň kitaply ýerasty kitaphana tapyldy
Hindistanyň Tikamgar şäherinde (Madhýa-Pradeş ştaty) öňki Tal Koti köşgüniň binasynyň aşagyndan 50 000 sany seýrek kitap ýygyndysy bolan gizlin kitaphana tapyldy. Gymmatly tapyndy hakda Times of India ýazýar. Tal Koti binasy häzir kollej hökmünde ulanylýar
09.06.2025 14:29
2.6k+
Meta «Aria Gen 2» synag smart-äýnekleriniň tehniki aýratynlyklaryny mälim etdi
Meta kompaniýasy goşmaça hakykat (augmented reality), emeli aň we robotehnika üçin gözleg platformasy hökmünde taýýarlanan «Aria Gen 2» smart-äýnekleri barada jikme-jik maglumat berdi. Bu barada «The Verge» habar berýär
09.06.2025 13:55
2.9k+
The Guardian: Melburndaky barlag ylmy AIW-e garşy bejergini tapmaga ýene bir ädim ýakynlaşdyrdy
Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Piter Doerti adyndaky Ýokanç we immunitet institutynyň alymlary ak gan öýjükleriniň (leýkositleriň) içinde adamyň immunýetmezçilik wirusyny (AIW) ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler
09.06.2025 13:51
7.4k+
Arheologlar Gazagystanda mongollaryň çozuşy wagtynda ýakylan şäheriň galyndylaryny tapdylar
Gazagystanyň günortasyndaky Žetysu oblastynda orta asyr şäheriniň harabalyklary tapyldy. Bu barada "Petroglif awçylary" respublikan jemgyýetçilik gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Olga Gumirowa habar berdi. "Her kimiň köpden bäri gözleýän orta asyr şäherini tapaýdyk öýdýän
09.06.2025 13:48
8.8k+
Mercedes-Maybach meşhur dizaýner Wirjil Ablowuň hatyrasyna S-Class sedanynyň ýörite wersiýasyny çykardy
Mercedes-Benz özüniň flagman S-Class sedanynyň ýörite görnüşlerini çykarmagyny dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa 2021-nji ýylda aradan çykýança «Maybach» taslamasyna gatnaşan meşhur dizaýner Wirjil Ablowuň hormatyna ýörite model çykardy
09.06.2025 13:47
2.5k+
NASA we Pentagon SpaceX-iň raketalarydyr kosmos gämilerine oruntutar gözleýär
NASA we Pentagon (ABŞ-nyň Goranmak ministrligi) SpaceX bilen bäsleşýän kompaniýalara ýüzlenip, olary öz raketa daşaýjylarynyň we kosmos gämileriniň işlenip taýýarlanyşyny çaltlandyrmaga çagyrdy. Bu ýagdaý SpaceX kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasyndaky düşünişmezlikden soň ýüze çykdy
09.06.2025 11:43
5.1k+
Alkaras “Rolan Garrosyň” 5,5 sagat dowam eden finalynda Sinnerden üstün çykdy
Dünýäniň ikinji raketkasy, ispaniýaly Karlos Alkaras Fransiýanyň tennis boýunça Açyk çempionatynda (“Rolan Garros”) ATP reýtinginiň lideri, italiýaly Ýannik Sinneri utdy. Oýun Parižiň toprak kortunda geçip, 4:6, 6:7 (4:7), 6:4, 7:6 (7:3), 7:6 (10:2) hasabynda tamamlandy
09.06.2025 11:13
12k+
Portugaliýa penalti tapgyrynda Ispaniýany utup, Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy
Portugaliýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň Milletler ligasynyň finalynda Ispaniýanyň toparyny utup, ýaryşda iki gezek ýeňiji bolan ilkinji topar boldy. Mýunhende geçirilen final oýnunyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy
08.06.2025 23:27
4.8k+
Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar
08.06.2025 23:21
9.6k+
Fransiýa Germaniýany utup, UEFA Milletler ligasynyň bürünç medallaryny aldy
UEFA-nyň Milletler ligasynyň üçünji orny ugrunda geçirilen duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysy Germaniýany ýeňlişe sezewar etdi. Oýun 8-nji iýunda Ştutgartda geçirildi we Didýe Deşamyň şägirtleriniň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy
08.06.2025 21:20
9.2k+
Ultra-inçe Galaxy S25 Edge ýere gaçmak synagyndan geçmedi
Samsung täze Galaxy S25 Edge smartfonynyň inçeligini bäsdeşlerinden artykmaçlyk hökmünde görkezýär. Onuň ýogynlygy bary-ýogy 5,8 mm barabar. Ýöne şeýle ykjam korpus iş ýüzünde onuň esasy ýetmezçiligi bolup çykdy – ol gurluşyň aşak gaçanda berkligine täsir edýär
08.06.2025 21:13
5.3k+
Volvo akylly howpsuzlyk kemerini döretdi. Ol her adama görä awtomatik sazlanýar
Şwesiýanyň Volvo kompaniýasy adamyň indiwidual aýratynlyklaryna görä sazlanmaga ukyply bolan akylly howpsuzlyk kemerini döretdi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze ulgam ýolagçynyň agramyny, boýuny, bedeniniň massasyny we hatda oturyş ýagdaýyny kesgitleýän datçikleri ulanýar
08.06.2025 21:09
4.9k+
Beýik Britaniýada Uilýam Terneriň bir ýarym asyr mundan öň ýitirilen suraty tapyldy
Beýik Britaniýada iňlis suratkeşi Uilýam Terneriň 150 ýyl bäri hiç hili maglumat bolmadyk suraty tapyldy. Bu tapyndy barada Sotheby’s auksion öýüne salgylanyp, BBC News we The Guardian habar berýär. Ýagly reňk bilen çekilen surat “Göterilýäm harasat” (The Rising Squall) diýlip atlandyrylýar
08.06.2025 21:07
9.5k+
«Tottenhem» 17 ýyldan soň kluba ilkinji kubogyny gazandyryp beren tälimçisini wezipeden boşatdy
Enj Postekoglu Londonyň «Tottenhem» futbol klubunyň baş tälimçiliginden gitdi. 59 ýaşly gresiýaly hünärmeniň wezipeden boşadylandygy barada toparyň metbugat gullugy resmi taýdan habar berdi. Postekoglu «Tottenhemiň» Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanmagyndan iki hepde soň işden boşadyldy
08.06.2025 21:05
8.6k+
Hindistanda dünýädäki iň beýik demir ýol köprüsi guruldy. Ol uçutdan 359 metr belentlikde
Hindistanda Çinab demir ýol köprüsiniň resmi açylyşy boldy. Onuň konstruksiýasy dünýäde iň beýik demir ýol geçelgesi hökmünde ykrar edildi. Ol Kaşmir jülgesindäki Çinab derýasynyň üstünden 359 metr belentlikden geçýär
08.06.2025 21:03
10k+
Forbes dünýäniň iň baý zenanlarynyň reýtingini hödürledi
“Forbes” amerikan žurnaly dünýäniň iň baý zenanlarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Reýtingde birinji orny telekeçi Diana Hendriks – ABC Supply gurluşyk kompaniýasynyň eýesi eýeledi. Onuň baýlygy 22,3 mlrd dollar diýlip hasaplanýar
08.06.2025 21:02
4.7k+
Ford howply kemçilik sebäpli ýarym milliona golaý Explorer krossowerini yzyna çagyrýar
Ford kompaniýasy 492 145 sany Explorer krossoweriniň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Mesele 2016-2017-nji ýylda goýberilen modellere degişli. Bu awtoulaglaryň kuzowynyň orta sütüniniň nakladkasynyň ýelimi gopup biler diýip, Car and Driver habar berýär
08.06.2025 20:59
3.3k+
Denzel Waşington Marvel-iň “Gara Babyr 3” filminde düşer
Amerikaly aktýor Denzel Waşington “Gara Babyr” franşizasynyň üçünji bölüminde surata düşer. Bu maglumaty super gahrymançylykly filmiň režissýory Raýan Kugler "E News" gazetine beren interwýusynda tassyklandy. Waşingtonyň özi ozal Kugler üçin ýörite keşp döretmek isleýändigini aýdypdy
08.06.2025 20:55
2.8k+
Hermès Birkin-iň ilkinji torbasy auksionda çykarylar. Ol Jeýn Birkiniň özüne degişli
Aktrisa we aýdymçy Jeýn Birkine degişli bolan Hermes Birkin torbasy 10-njy iýulda Sotheby’s auksionynda satylar. Bu barada The New York Times habar berdi. Torba ilki Manhettendaky auksion öýünde görkeziler, soňra Pariže iberiler
08.06.2025 20:52
4.8k+
Hyundai emeli aňly, awtopilot funksiýaly we täze dizaýnly Sonata 2026-ny tanyşdyrar
Hyundai 2026-njy ýylda görkezilmegine garaşylýan Sonata sedanynyň restaýlingi baradaky jikme-jiklikleri mälim etdi. Esasy täzelikler - Pleos operasiýa ulgamy, kämilleşdirilen multimediýa we awtonom sürüliş funksiýalary
08.06.2025 20:49
5.3k+
Mercedes-Benz ýük ulagy yzlygyna 125 km ýol geçip, rekord goýdy
Germaniýanyň Oşersleben ýaryş ýolunda «Mercedes-Benz eActros» elektrikli ýük ulagy ýarym tirkeg bilen yzlygyna 124,7 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «New Atlas» habar berýär. Ulagyň rulunda 50 ýaşly awtoýaryşçy Marko Hellgrewe otyrdy
08.06.2025 20:44
3.8k+
NASA 2024 YR4 asteroidiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy
NASA 2024 YR4 asteroidiniň traýektoriýasyna gaýtadan seredip, onuň Aýa gaçmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy. Geçen ýylyň ahyrynda ýüze çykarylan 2024 YR4 asteroidi ilkibaşda asteroid howpuna gözegçilik etmegiň taryhynda Ýer üçin iň çynlakaý howp diýlip ykrar edildi
08.06.2025 20:11
3.2k+
Kanadaly suwda ýüzüji Makintoş 400 m erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy
Kanadaly Sammer Makintoş 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Kanadada geçirilen ýaryşda 18 ýaşly türgen bu aralygy 3 minut 54,18 sekuntda geçdi. Öňki dünýä rekordy Awstraliýadan dört gezek Olimpiýa çempiony Ariarna Titmusa degişlidi
08.06.2025 17:43
4.3k+
RAV4-üň premium görnüşi: Toyota Harrier 2027-nji ýylda täze dizaýn we turbomotor bilen çykar
Toyota Harrier krossoweri 2027-nji ýylda doly täzelenme alar. Ol täze hereketlendiriji we kupe görnüşli dizaýn bilen has uly, sessiz we tygşytly bolar. BestCarWeb ýapon neşiriniň habar bermegine görä, model ýörite gibrid we birikdirilýän gibrid ulgamlar üçin döredilen 1,5 litrlik dört silindrli turbo hereketlendirijisini alar
08.06.2025 17:41
2.4k+
“Barbini” döredijiler kinostudiýa açdy we eýýäm oýnawaçlar barada 14 taslama taýýarlaýar
Mattel oýnawaç öndürijisi Mattel Studios ady bilen hususy kinostudiýasynyň açylandygyny mälim etdi. Ol kompaniýanyň meşhur oýnawaçlarynyň esasynda filmleri we seriallary düşürer diýip, Deadline habar berýär. Täze bölümçe kompaniýanyň kino we teletaslamalaryň önümçiligi bilen meşgullanýan ähli bar bolan ugurlaryny birleşdirer
08.06.2025 17:38
1.8k+
Gemini 2.5 intonasiýa düşünmegi we söhbetdeşliklerde emosiýa bermegi öwrendi
Google I/O konferensiýasynda multimodal EA modeli Gemini 2.5-iň täzelenen görnüşi hödürlendi. Indi ol hakyky wagtda audio döretmegi we emosiýalary göz öňünde tutup gürrüňdeşligi alyp barmagy başarýar. Bu funksiýalar Google AI Studio we Vertex AI arkaly işläp düzüjiler üçin elýeterlidir
08.06.2025 17:37
1.8k+
Apple AirPods nauşniklerine kamerany dolandyrmak mümkinçiligini we uky detektoryny goşar
Apple kompaniýasy AirPods nauşnikleri üçin uly täzelenme taýýarlaýar. The Verge-iň maglumatlaryna görä, nauşnikleriň kömegi bilen iPhone ýa-da iPad kamerasyny dolandyryp bolar. Ulanyjylar AirPods-yň “aýagyna” basyp, surata düşürip biler
08.06.2025 17:30
10k+
Merab Dwalişwili rewanşda Şon O’Mellini ýeňip, iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady
8-nji iýuna geçilen gije Nýuarkda (Nýu-Jersi, ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 316 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasynda iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony Merab Dwalişwili bu diwizionda öňki çempion Şon O’Mellä garşy titul goragyny geçirdi
08.06.2025 11:23
6.1k+
“Keseki: Ýer” serialynyň doly derejeli treýleri çykdy
FX studiýasy şouranner Noa Houliden “Keseki: Ýer” (Чужой: Земля) serialynyň ilkinji doly derejeli treýlerini hödürledi. Onuň premýerasy 12-nji awgustda bolar. Serialda waka “Prometeýden” birnäçe ýyl we franşizanyň ilkinji filminden 30 ýyl öň bolup geçýär
08.06.2025 11:18
3.4k+
Bred Pitt we Çenning Tatum howply motoýaryşlar barada filme prodýuserlik eder
Aktýorlar Çenning Tatum we Bred Pitt dünýäde iň howply ýaryşlaryň biri bolan meşhur Isle of Man TT motoýaryşy baradaky filmiň prodýuserleri bolup çykyş eder. Bu barada Deadline habar berýär. Bu filmde baş keşbi Tatum ýerine ýetirer
08.06.2025 11:13
9.9k+
Plastik topraga, howa we jandarlaryň bedenine aralaşdy – ol eýýäm iýmit zynjyryny üýtgedýär
Täze ylmy gözleg plastik hapalanmasynyň diňe bir ummanlaryň ekoulgamyna däl, eýsem planetanyň materik bölegine-de zyýan ýetirýändigini görkezdi. London uniwersitetiniň alymlarynyň maglumatlaryna görä, plastik eýýäm ýerüsti ekoulgamlara aralaşyp, ownuk süýdemdirijiler, mör-möjekler we oňurgasyzlar üçin howp döredýär diýip, Phys
08.06.2025 11:04
3.7k+
Sinner soňky 15 ýylda ilkinji bolup Jokowiçi yzygider dört gezek utdy
Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner soňky 15 ýylda Nowak Jowokiçi yzygider dört gezek utan ilkinji oýunçy boldy. Olaryň soňky duşuşygy 6-njy iýunda “Rolan Garrosyň” ýarym finalynda boldy diýip, Tennis.com habar berýär
«
1
…
260
261
262
…
1118
»
«
1
…
257
258
259
260
261
262
263
264
265
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.