Alkaras “Rolan Garrosyň” 5,5 sagat dowam eden finalynda Sinnerden üstün çykdy

09.06.2025, 06:435,145

Dünýäniň ikinji raketkasy, ispaniýaly Karlos Alkaras Fransiýanyň tennis boýunça Açyk çempionatynda (“Rolan Garros”) ATP reýtinginiň lideri, italiýaly Ýannik Sinneri utdy.

Oýun Parižiň toprak kortunda geçip, 4:6, 6:7 (4:7), 6:4, 7:6 (7:3), 7:6 (10:2) hasabynda tamamlandy.
Oýun 5 sagat 29 minut dowam etdi – bu “Rolan Garrosyň” finallarynyň dowamlylygy boýunça rekorddyr. Alkaras ilkinji iki setde utulandygyna garamazdan, ýeňiş gazanmagy başardy. Şahsy duşuşyklarda hasap ispaniýalynyň peýdasyna 8:4 boldy.
22 ýaşly Alkaras üçin bu “Uly tuwulga” ýaryşlarynda bäşinji we karýerasynda 20-nji titul boly. Ol XXI asyrda “Rolan Garrosda” titulyny goramagy başaran üçünji tennisçi boldy. Şeýle-de, bu karýerasynda oýnuň dowamynda iki setde utulyp, “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalynda ýeňiş gazanan ilkinji ýagdaýydyr.
Ýaryşda birinji belgi bilen ýerleşdirilen Sinner “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek ýeňijisidir. 23 ýaşly italiýaly üçin bu meýjoryň finalynda ilkinji ýeňliş boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.