Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
27.05.2025 10:57
4.3k+
BMW strategiýany düzedip, benzin modellerini köp öndürmek kararyna geldi
BMW Hytaý bazary boýunça çaklamalaryna gaýtadan seretdi. Kompaniýa doly elektrik awtomobilleriň satuwy boýunça garaşýan görkezijilerini peseldip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modeller boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
27.05.2025 10:47
6.1k+
Hançžouda dünýäde ilkinji gezek gumanoid robotlaryň arasynda söweş geçirildi
Hytaýda gumanoid robotlaryň arasynda dünýäde ilkinji söweş Unitree Iron Fist King: Awakening! geçirildi. Söweş 25-nji maýda Hançžouda (Çžeszýan welaýaty) CMG World Robot Competition-yň çäklerinde geçdi diýip, CCTV teleýaýlymy habar berýär
27.05.2025 10:26
2.1k+
Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
26-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
27.05.2025 10:16
4.6k+
“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” franşizada iň gowy prokat başlangyjyny görkezdi
Tom Kruz bilen “Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi franşizanyň taryhynda iň gowy kassa başlangyjyny görkezdi. Collider neşiriniň maglumatlaryna görä, sekizinji bölüm dünýä prokatynda 190 mln dollar ýygnady
27.05.2025 10:10
9.2k+
105 ýaşly tailandly türgen Bütindünýä halypalar oýnunda 4 altyn medal gazandy
Tailanddan 105 ýaşly Sawang Janpram Taýwanda geçirilen Bütindünýä halypalar oýnunda (World Masters Games) dört altyn medal gazandy. Bu barada People neşiri habar berýär. Janpram ýaryşyň iň uly ýaşly we “100 ýaşdan uly” ýaş toparynda ýeke-täk gatnaşyjy boldy, şol sebäpli oňa ýeňiş gazanmak üçin diňe degişli dissiplinalarda ýaryşy tamamlamak ýeterlikdi
27.05.2025 09:49
4.2k+
«Lilo we Stiç» filmi ABŞ-da ilkinji görkezilişde rekord girdeji gazandy
«Lilo we Stiç» filmi ABŞ-da prokatyň ilkinji dört gününde 183 million dollar girdeji gazandy we premýera uik-endinde kassa girdejeleri boýunça täze rekord goýdy. Ozalky rekord «Paramount» studiýasy tarapyndan surata düşürilen «Top Gan: Mewerik» filmine degişlidi, ol 160,5 million dollar girdeji gazanypdy
27.05.2025 07:57
8.3k+
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi
26-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
26.05.2025 23:33
13k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (26.05 - 01.06)
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada "Türkmenistan" gazetinde maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser
26.05.2025 23:29
3.8k+
Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, hlorly natrini satyn aldylar
26.05.2025 23:24
6.1k+
Pekinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi
24-nji maýda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler
26.05.2025 23:21
3.4k+
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministri BSGG-niň Baş müdirine Aşgabatdaky foruma çakylygy gowşurdy
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň Ženewada geçirilen 78-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
26.05.2025 23:15
9.5k+
Haly baýramy mynasybetli sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisi geçirildi
25-nji maýda Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Esasy baýramçylyk dabaralary Türkmen halysynyň milli muzeýinde guraldy
26.05.2025 23:08
9.3k+
MrBeast-iň wideosynda muşdaklar Neýmary, Stef Karrini we beýleki sport ýyldyzlaryny güýç deňemäge çagyrýar
Amerikaly YouTube blogeri MrBeast (hakyky ady – Jimmi Donaldson) Professional vs. Amateurs seriýasyndan täze wideo çykardy. Oňa futbolçy Neýmar, tennisçi Serena Uilýams, basketbolçylar Stefen Karri we Demian Lillard
26.05.2025 22:45
5.2k+
“Formula 1-iň” ýedi gezek çempiony Mihael Şumaheriň awtoulagy 16 million ýewro satyldy
Mihael Şumaheriň 2001-nji ýylda Monako we Wengriýa Gran Prisinde ýeňiji bolup, “Formula-1”-iň çempionlygyny alanda münen bolidi 15,98 million ýewro satyldy. Bu barada The New York Times habar berýär. Ferrari F2001 24-nji maýda Monakoda RM Sotheby’s auksionyna çykarylypdy
26.05.2025 22:39
3.5k+
Realme GT 7 telefondaky iň uzak kinoseans üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
«Realme GT 7» smartfony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol mobil enjamda iň uzak wagt film görkezmek boýunça rekord goýdy – 24 sagat. Bu üstünlik Ginnesiň resmi wekili tarapyndan hasaba alyndy. «Realme» bu rekordyň 7000 mA·sag sygymly batareýanyň we 120Wt güýçli tiz zarýad berşiň mümkinçiligi bilen gazanylandygyny aýtdy
26.05.2025 22:36
7.1k+
Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi
25-nji maýda Türkmenistanda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Ir bilen mekdepleriň
26.05.2025 22:24
4.7k+
10 sany halyça «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, hala çeper nagyşlary salmakda
26.05.2025 22:18
2.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
26.05.2025 21:52
5.6k+
Alp daglarynda 3D printerde çap edilen dünýäde iň beýik bina peýda boldy
Şweýsariýanyň Alp daglaryndaky Mulengs obasynda 3D printerde çap edilen bina guruldy. Onuň beýikligi 30 metre barabar. Bu 3D çap tehnologiýasynyň kömegi bilen döredilen dünýäde iň beýik binadyr diýip, Designboom habar berýär
26.05.2025 20:49
6.8k+
ABŞ-nyň milli ýygyndysy 65 ýylda ilkinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempionatyny utdy
ABŞ-nyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Şu ýyl ýaryşy Şwesiýa we Daniýa kabul etdi. Stokgolmda geçirilen final oýnunda amerikalylar Şweýsariýanyň toparyny owertaýmda 1:0 hasabynda utdy
26.05.2025 20:47
4.6k+
Lamborghini we Balenciaga bilelikdäki kolleksiýany çykardy
Lamborghini we Balenciaga moda öýi egin-eşikleriň we aksessuarlaryň bilelikdäki güýzki kolleksiýasyny hödürledi. Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, ol sport awtomobilleriniň estetikasyny ýokary modanyň elementleri bilen utgaşdyrýar
26.05.2025 20:24
7k+
Hyundai 2026-njy ýylda Sonata modeliniň nähili boljakdygyny görkezdi
Hyundai 2026-njy ýylda görkezilmegine garaşylýan Sonata modeliniň täze neslini taýýarlaýar. Kompaniýa hatarda 1,6, 2,0 we 2,5 litrlik benzin hereketlendirijileriniň galjakdygyny tassyklady. Gibrid we gaz görnüşleri hem meýilleşdirilýär
26.05.2025 20:22
4.1k+
General Motors süýşýän gurnama stoljykly goş gutusyny patentledi
General Motors süýşýän gurnama stoljykly kämilleşdirilen goş gutusyny patentlemek üçin arza berdi. Arza 2023-nji ýylyň dekabrynda berlipdi, ýöne 2025-nji ýylyň maý aýynda neşir edildi. Oýlap tapyş iş stoljugy görnüşinde ulanmaga mümkinçilik berýän mehanizmli goş gutusydyr
26.05.2025 20:19
6k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň güni we haly baýramy bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Aşgabat şäheriniň güni hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlady
26.05.2025 20:12
4.4k+
Aşgabat şäheriniň häkimligi «Changsha Zoomlion» hytaý kompaniýasyndan jemagat tehnikalaryny satyn alar
Aşgabat şäheriniň häkimligi Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar
26.05.2025 20:05
5.4k+
Türkmenabatda superfosfat we ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplum gurlar
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda superfosfat we ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplum gurlar. «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co
26.05.2025 17:07
3.6k+
Microsoft takyk howa çaklamalary üçin Aurora EA modelini hödürledi
Microsoft howany çaklamak üçin niýetlenen täze Aurora EA modelini hödürledi. Modeliň iş netijeleri bilen gözleg Nature žurnalynda neşir edildi. Fiziki deňlemelere esaslanýan adaty usullardan tapawutlylykda Aurora diňe arhiw maglumatlary bilen okadyldy
26.05.2025 17:07
3.5k+
Hytaýda 5G aragatnaşygy arkaly hemradan adaty smartfona ilkinji wideojaň edildi
2025-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň China Satellite Network Group (China SatNet) kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek 5G standarty boýunça hemradan adaty smartfona wideojaňy amala aşyrdy. Synag 13 000 töweregi hemrany uçurmagy meýilleşdirýän Guowang hemra ulgamynyň üsti bilen geçirildi
26.05.2025 17:05
5.8k+
Samsung Hindistanda ultra-inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny çykaryp başlady
Samsung Hindistanyň Noida şäherindäki zawodda Galaxy S25 Edge smartfonynyň önümçiligine başlady. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, The Economic Times habar berýär. “Galaxy S25 Edge ýokary öndürijilikli, inçe we ykjam smartfony gözleýän ulanyjylara gönükdirilendir
26.05.2025 17:04
2.7k+
Samsung ýöreýiş ätiýaçlygy 965 km aralyga ýetjek batareýa döretdi. Ol 9 minutda zarýad alýar
Seulda geçirilen SNE Battery Day 2024 çäresinde Samsung gaty jisimli batareýanyň täze neslini görkezdi. Onuň häsiýetnamasy bir zarýadda 965 km aralygy geçmäge mümkinçilik berip, häzirki zaman litiý-ion analoglaryndan ep-esli ýokarydyr
26.05.2025 17:02
7k+
Kia uzyn ekranly we VIP oturgyçly täze Carnival miniweniniň bahasyny yglan etdi
Kia 2026-njy model ýylynyň täzelenen Carnival miniweniniň baha sanawyny çap etdi. LX-iň öň tekerleri hereketli esasy wersiýasynyň bahasy 36 990 dollar. Iň gymmat wersiýasy bolan SX Prestige gibridiniň bahasy 53 090 dollar
26.05.2025 17:01
1.5k+
Netflix “Da Winçiniň koduny” döredijiniň Robert Lengdon hakyndaky täze romanyny ekranlaşdyrýar
Netflix akym hyzmaty Den Braunyň “Syrlaryň syry” (“The Secret of Secrets”) romanynyň ekranlaşdyryljakdygyny bildiriş etdi. Bu Garwardyň professory, simwolika boýunça hünärmen we “Da Winçiniň kodunyň” baş gahrymany Robert Lengdon hakdaky altynjy kitapdyr diýip, Deadline habar berýär
26.05.2025 16:58
7.3k+
Seýrek keselli bäbegi özüne ýöriteläp döredilen derman serişdesi bilen halas etdiler
ABŞ-da gaty seýrek genetiki bozulmasy bolan çaga halas edildi. Alymlar onuň DNK-syndaky ýalňyşlygy düzedýän dermany işläp taýýarladylar. Bu diňe bir näsag üçin ýöriteläp derman döredilen ilkinji ýagdaýdyr diýip, “Bereg” neşiri ýazýar
26.05.2025 15:02
5.3k+
BYD aprel aýynda Ýewropada ilkinji gezek elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi
2025-nji ýylyň aprel aýynda Hytaýyň BYD kompaniýasy Ýewropada elektromobil satuwy boýunça ilkinji gezek Tesla-dan öňe geçdi. Muňa gümrük paçlary-da, transport çykdajylary-da päsgel bermedi diýip, Jato Dynamics-iň maglumatlaryna salgylanyp, Bloomberg ýazýar
26.05.2025 15:01
3.6k+
Hyundai Günorta Koreýada elektromobillere zarýad bermek üçin robotlary işe girizdi
Hyundai Motor Group Günorta Koreýada elektromobil zarýady üçin awtomatik robotlar bilen programmany işe girizdi. Olar zarýad kabelini awtomobile özbaşdak birikdirmek üçin emeli aňy we 3D kamerany ulanýar. Zarýad portunyň ýerini kesgitlemekde ýalňyşlyk 10 mm-den hem azdyr
26.05.2025 14:59
1.8k+
“Maklareniň” sürüjisi Norris Monakonyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Maklaren” toparynyň britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Lando Norris “Formula-1-iň” Monte-Karlonyň ýolunda geçirilen sekizinji tapgyrynda ýeňiji boldy. Ikinji bolup pellehana “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler geldi
26.05.2025 00:26
11k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergä we foruma gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylary gutlady. "Türkmen zenanynyň
26.05.2025 00:16
2.7k+
Serdar Berdimuhamedow Iordaniýanyň Patyşasyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
25.05.2025 23:59
12k+
Türkmenistanyň Prezidenti orta mekdepleriň uçurymlaryny we mugallymlaryny «Soňky jaň» bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady. "Siz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
25.05.2025 23:51
10k+
Habi Alonso resmi taýdan "Reala" bellenildi, "Baýerde" onuň ýerine Erik ten Hag geçdi
Habi Alonso Madridiň "Realynyň" täze baş tälimçisi boldy. 43 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2028-nji ýylyň tomsuna çenli dowam eder. Ol wezipesine 1-nji iýunda girişer. 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri Alonso Lewerkuzeniň "Baýer" toparynyň baş tälimçisi bolup işledi
«
1
…
269
270
271
…
1118
»
«
1
…
266
267
268
269
270
271
272
273
274
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.