10 sany halyça «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

26.05.2025, 17:244,766

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakyldy:

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aknabat Seýitmuradowna Rahmanowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Akjamal Gurbanmuhammedowna Gurbanmämmedowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Baýramtäç Mämmedowna Orazowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz etrabyndaky Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Mährijemal Rejepbaýewna Atalowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz haly önümhanasynyň halyçysy Täzegül Şükürbaýewna Jumabaýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň gözegçi ussasy Mähri Ýusupowna Annamuradowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Çemen Tölekowna Rozyýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Saparaý Jomartowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň halyçysy Gülnabat Amanmyradowna Babaýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Şemşat Berkeliýewna Rejepowa.
  •  
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.