Magnus Karlseni birbada 143 müň küştçi "köpledi"
21.05.2025 16:23
8.3k+

Magnus Karlseni birbada 143 müň küştçi "köpledi"

On ýyllap (2013-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli) küşt boýunça dünýä çempiony titulyna eýeçilik eden norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen täze üýtgeşik rekord goýdy – ol 143 müň adama garşy küşt oýnuny oýnady
Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy
21.05.2025 15:57
3k+

Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy

Volkswagen iki sany täze ýörite modeli - Black Edition Plus-y we Style Design-y goşmak bilen, Beýik Britaniýada T-Roc krossoweriniň hataryny giňeltdi. Iki görnüş hem bahany ýokarlandyrmazdan goşmaça opsiýalara eýe boldy
Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar
21.05.2025 15:54
5.9k+

Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar

Sagdynlyk we uzak ömür genetika däl-de, köp babatda adamyň ýaşaýyş durmuşyna baglydyr. Alymlar ýarym milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerenlerinden soň, şeýle netijä geldiler. Giň gerimli barlaglar genleriň garrylyga diňe 2% täsir edýändigini ýüze çykardy
Kosmosda syrly, şar şekilli gurluş ýüze çykaryldy
21.05.2025 15:52
4.6k+

Kosmosda syrly, şar şekilli gurluş ýüze çykaryldy

Astronomlar ASKAP radio teleskopynyň kömegi bilen Akmaýanyň ýolunda ideal diýen ýaly şar şekilli gurluşy tapdylar. Obýekt Teleos adyny aldy. Barlag Günbatar Sidneý uniwersitetinden Miroslaw Filipowiçiň ýolbaşçylygyndaky halkara topar tarapyndan geçirildi diýip, ScienceAlert habar berýär
Hyundai Ýewropada IONIQ 6-nyň bahalaryny döwdi. Ol ykjam hetçbeklerden arzan boldy
21.05.2025 15:49
6.8k+

Hyundai Ýewropada IONIQ 6-nyň bahalaryny döwdi. Ol ykjam hetçbeklerden arzan boldy

Hyundai IONIQ 6 elektrik sedanynyň Ýewropadaky bahasyny ep-esli arzanlatdy. Light-yň esasy komplektasiýadaky modeli indi maliýeleşdirilen ýagdaýynda 27 310 ýewro durýar. Bu öňküsinden 21 490 ýewro arzan we adaty benzinli C derejeli hetçbekleriň bahasyna laýyk gelýär
NASA-nyň we SpaceX-iň öňki işgärleri Starship-e bäsdeş boljak göteriji raketany gurmak kararyna geldiler
21.05.2025 15:47
2.6k+

NASA-nyň we SpaceX-iň öňki işgärleri Starship-e bäsdeş boljak göteriji raketany gurmak kararyna geldiler

SpaceX-iň, Thales Alenia Space-iň we NASA-nyň öňki işgärleri tarapyndan döredilen Hstar kosmos kompaniýasy köp gezek ulanyp bolýan agyr göteriji raketany işläp taýýarlamaklyga girişendigini habar berdi. Renderlerde apparat daşyndan SpaceX kompaniýasynyň Starship-ine meňzeýär
Haýsy ulaglar ýygy-ýygydan ýol-ulag hadysalaryna uçraýar - Insurify-nyň reýtingi
21.05.2025 15:45
13k+

Haýsy ulaglar ýygy-ýygydan ýol-ulag hadysalaryna uçraýar - Insurify-nyň reýtingi

Ulaglaryň käbir modelleri ýol-ulag hadysalarynyň statistikasynda beýlekilerden has köp bellige alynýarlar. Bu dürli faktorlar: sürüjileriň demografiýasy, awtoulaglaryň göwrümi we hatda reňki bilen baglanyşyklydyr
Italýan moda dizaýneri Pýerpaolo Piççoli Balenciaga-nyň döredijilik müdiri boldy
21.05.2025 15:42
2.7k+

Italýan moda dizaýneri Pýerpaolo Piççoli Balenciaga-nyň döredijilik müdiri boldy

Italýan moda dizaýneri Pýerpaolo Piççoli Balenciaga modalar öýüniň döredijilik müdiri bellendi. Bu barada Kering fransuz lýuks holdinginiň web sahypasynda habar berildi. Piççoli 10-njy iýulda wezipesine girişer
Kia EV9 iň gowy elektromobilleriň arasynda dünýä bestselleri boldy
21.05.2025 15:40
3.4k+

Kia EV9 iň gowy elektromobilleriň arasynda dünýä bestselleri boldy

Kia EV9 dünýäniň elektromobil bazarynda öz ornuny berkitmegini dowam etdirýär. Model köp sanly abraýly baýraklara eýe boldy. 2025-nji ýylyň aprel aýynda ulag Volvo EX90 we Mercedes-Benz EQS bilen deňeşdiriji synaglarda üstün çykdy
Lamborghini Aventador S karbon sazlamasyny aldy we ýaryş ulagyna meňzeş boldy
21.05.2025 15:19
3.9k+

Lamborghini Aventador S karbon sazlamasyny aldy we ýaryş ulagyna meňzeş boldy

1016industries awtobezeg ussahanasy döwrebaplaşdyrylan, karbon obwesli, peseldilen podweskaly, altyndan tekerli Lamborghini Aventador S-i hödürledi. Sazlaýjylar onuň kuwwatyny we sport stilini saklap galdylar. Sport ulagyna täze kapot, uly splitter, gapdal elementler we yzky antiganat ýaly karbon aerodinamiki obwes berildi
9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir
21.05.2025 15:17
11k+

9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir

Adam günüň dowamynda dokuz sagat ýa-da ondan hem köp ýatsa, bu onuň kognitiw ukyplaryna ýaramaz täsir edip biler. Bu ýagdaý, esasan hem, depressiýasy bar bolanlarda has agyrdyr. Tehas uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary şeýle netijä geldiler
Hytaýda sürüjisiz samoswallaryň giden bir tapgyry ulanyşa berildi
21.05.2025 15:15
12k+

Hytaýda sürüjisiz samoswallaryň giden bir tapgyry ulanyşa berildi

Hytaýda 100 sany uly awtonom Huaneng Ruichi samoswal ulagy işe girizildi. Bular dünýäde emeli aň tehnologiýasyny ulanýan ilkinji açyk görnüşli elektrik awtoulaglarydyr. Olarda sürüjiniň kabinasy asla ýok we 90 metriki tonna çenli ýük daşamaga ukyply
Alymlar näme üçin barmaklaryň suwda mürşýändigini anykladylar
21.05.2025 15:07
15k+

Alymlar näme üçin barmaklaryň suwda mürşýändigini anykladylar

Barmaklar uzak wagtlap suwda saklansa, olaryň derisi ýygyrt-ýygyrt bolýar. Uzak wagtlap muny deriniň çişmegi bilen baglanyşdyryp geldiler, ýöne Bingemton uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary başga netijä geldiler
ABŞ-nyň asmanynda geň ak zolak peýda boldy: oňa Hytaýyň raketasy sebäp bolupdyr
21.05.2025 15:01
9.2k+

ABŞ-nyň asmanynda geň ak zolak peýda boldy: oňa Hytaýyň raketasy sebäp bolupdyr

Polýar şöhleleriniň we geomagnit tupanynyň dowam edýän wagty, ABŞ-nyň ýaşaýjylary asmandaky geň galdyryjy ýagty zolaga tomaşa etdiler. Garaşylmadyk hadysa köp sanly tomaşaçyny haýran galdyrdy diýip, «Space.com» habar berýär
Halkara Buker baýragy ilkinji gezek kyssalar toplumy üçin berildi
21.05.2025 14:24
1.1k+

Halkara Buker baýragy ilkinji gezek kyssalar toplumy üçin berildi

Hindi zenan ýazyjysy Banu Muştagyň “Heart Lamp” (“Ýürek-çyra”) kitaby Halkara Buker baýragyny aldy. The Washington Post-yň belleýşi ýaly, taryhda ilkinji gezek baýrak aýratyn romana däl-de, kyssalar toplumy üçin berildi
Türkmenistan Eýrana serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi
21.05.2025 11:59
7.9k+

Türkmenistan Eýrana serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi

19-20-nji maýda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda türkmen tarapyna – Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredow hem-de eýran tarapyna Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd ýolbaşçylyk etdi
Aşgabat bilen Almatynyň arasynda howa gatnawyny dikeltmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar
21.05.2025 11:53
9k+

Aşgabat bilen Almatynyň arasynda howa gatnawyny dikeltmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

Astanada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar birnäçe başlangyçlary, şol sanda Almaty – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň dikeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar
Raşid Meredow Tähranda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy
21.05.2025 11:43
7k+

Raşid Meredow Tähranda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy

20-nji maýda Tähran şäherinde türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär
“PSŽ” Çempionlar ligasynyň finalyny “Park de Prens” stadionynda göni ýaýlymda görkezer
21.05.2025 11:34
9.4k+

“PSŽ” Çempionlar ligasynyň finalyny “Park de Prens” stadionynda göni ýaýlymda görkezer

“Pari Sen-Žermen” Çempionlar ligasynyň “Inter” bilen final oýnuny göni ýaýlymda görkezer. Oýun Fransiýanyň häzirki çempionlarynyň öý stadiony bolan “Park de Prensde” ýaýlyma berler diýip, Pariž klubunyň resmi saýty habar berýär
ABŞ-da telefona garaşlylyga garşy göreşmek üçin ýalan smartfonlar satylyp başlandy
21.05.2025 11:33
11k+

ABŞ-da telefona garaşlylyga garşy göreşmek üçin ýalan smartfonlar satylyp başlandy

Metaphone amerikan startapy daşky görnüşi boýunça telefona meňzeýän akril plitkasyny satuwa çykardy. Bu “gajet” nomofobiýa – telefonsyz galmak gorkusy bilen göreşmek üçin döredildi we onuň bahasy 20 dollar. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, ol dumskrollingden – habarlar lentasyny ýa-da sosial ulgamlary yzygiderli dörmek endiginden saplanmaga kömek edýär
“Ol: Derrä hoş geldiňiz” serialynyň ilkinji treýleri peýda boldy
21.05.2025 11:25
3.2k+

“Ol: Derrä hoş geldiňiz” serialynyň ilkinji treýleri peýda boldy

HBO Max “Ol: Derrä hoş geldiňiz” (Оно: Добро пожаловать в Дерри) serialynyň – “Ol” filminiň prikweliniň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Onuň premýerasynyň güýzde bolmagyna garaşylýar. Serialyň wakalary režissýor Endi Muskettiniň Stiwen Kingiň romanyna esaslanan filmlerindäki wakalardan 27 ýyl öň bolup geçýär
Foxconn Hindistanda iPhone önümçiligini giňeltmäge $1,5 mlrd maýa goýar
21.05.2025 11:17
3.2k+

Foxconn Hindistanda iPhone önümçiligini giňeltmäge $1,5 mlrd maýa goýar

Foxconn Hindistanda öz önümçilik kuwwatyny giňeltmek üçin 1,5 mlrd dollar maýa goýar. Bu Hytaýa garaşlylygy azaltmak we paçlar hem geosyýasy ýagdaýlar bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak strategiýasynyň bir bölegi bolar diýip, Reuters ýazýar
Hytaý kompaniýasy 10 518 drony Wýetnamyň asmanyna götermek bilen rekord goýdy
21.05.2025 11:09
7.4k+

Hytaý kompaniýasy 10 518 drony Wýetnamyň asmanyna götermek bilen rekord goýdy

Aprel aýynda Ginnesiň rekordlar kitaby täze üstünligi hasaba aldy: Wýetnamyň asmanyna bir wagtyň özünde 10 518 kwadrokopter galyp, dünýäde iň uly yşyk şüweleňini geçirdi. Bu barada Interesting Engineering habar berýär
Fransiýada 3000-den gowrak adam rekord goýmak üçin smurflaryň eşigini geýdi
21.05.2025 11:04
8.3k+

Fransiýada 3000-den gowrak adam rekord goýmak üçin smurflaryň eşigini geýdi

Fransiýanyň Landerno kommunasynda smurflaryň eşigindäki adamlaryň sany boýunça dünýä rekordy goýuldy. Çärä 3076 töweregi adam gatnaşdy. Ertekilerdäki gök jandara hatda şäheriň häkimi Patrik Leklerk hem öwrüldi diýip, France 24 habar berýär
Türkmenistanyň wekiliýeti şäher gurluşygynda tejribe alyşmak üçin Saud Arabystanynda iş saparynda bolar
21.05.2025 10:27
11k+

Türkmenistanyň wekiliýeti şäher gurluşygynda tejribe alyşmak üçin Saud Arabystanynda iş saparynda bolar

Wise-premýer B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, wekiliýet wekiliýet 2025-nji ýylyň 21 — 23-nji maý aralygynda iş saparyny amala aşyrylar
Serdar Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
21.05.2025 10:23
5.2k+

Serdar Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi diýip, TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär
Serdar Berdimuhamedow galla oragyna we “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk boýunça hasabatlary diňledi
21.05.2025 10:18
11k+

Serdar Berdimuhamedow galla oragyna we “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk boýunça hasabatlary diňledi

20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär
BMW şuting-breýk äheňinde üýtgeşik konsept-karyny görkezmäge taýýarlanýar
21.05.2025 07:59
4.1k+

BMW şuting-breýk äheňinde üýtgeşik konsept-karyny görkezmäge taýýarlanýar

BMW şuting-breýk kuzowynda ýerine ýetirilip bilinjek üýtgeşik konsept-karynyň premýerasyna taýýarlanýar. Prototip 23 – 25-nji maýda geçiriljek Concorso d'Eleganza Villa d’Este 2025 awtomobil sergisinde görkeziler
Ispaniýada ýurt boýunça internet we telefon aragatnaşygy öçdi, bir aý öň ýurt boýunça tok öçüpdi
21.05.2025 07:57
8.6k+

Ispaniýada ýurt boýunça internet we telefon aragatnaşygy öçdi, bir aý öň ýurt boýunça tok öçüpdi

Tutuş Ispaniýada 20-nji maýda irden ykjam telefon aragatnaşygynyň we internetiň işinde bökdençlik bolup geçdi. Bu barada El Pais gazeti habar berýär. Britaniýanyň LBC ýaýlymynyň maglumatlaryna görä, näsazlyklar ýurduň ähli uly aragatnaşyk operatorlaryna täsir etdi: Movistar, Orange, Vodafone, Digimobil we O2
Ýewropa boýunça iň uzak iş hepdesi Türkiýede
20.05.2025 22:25
12k+

Ýewropa boýunça iň uzak iş hepdesi Türkiýede

Türkiýe iş hepdesiniň dowamlylygy boýunça Ýewropada birinji orny eýeleýär. Bu barada Ýewrostatyň soňky maglumatlaryna salgylanyp, Kazinform habar berýär. Bellenilişi ýaly, ortaça türk işçisi hepdede 43,1 sagat işde bolýar
Lamin Ýamal täze möwsümden “Barselonada” 10-njy belgini alar
20.05.2025 22:07
11k+

Lamin Ýamal täze möwsümden “Barselonada” 10-njy belgini alar

Lamin Ýamal täze möwsümden başlap, “Barselonada” meşhur onunjy belgide oýnar. Klubuň ýolbaşçylygy bu belgini ýaş futbolça 13-nji iýuldan soň, oýunçy 18 ýaşyna ýetenden soň bermek kararyna geldi diýip, X sosial ulgamynda Memorabilia1899 akkaunty habar berýär
Huawei EA we hemra aragatnaşygy bilen Nova 14 smartfon hataryny çykardy
20.05.2025 22:00
3.2k+

Huawei EA we hemra aragatnaşygy bilen Nova 14 smartfon hataryny çykardy

Huawei kompaniýasy Hytaýda Nova 14 smartfon hataryny hödürledi. Hatara esasy model bilen birlikde Pro we Ultra wersiýalary girdi. Smartfonlaryň ählisi Harmony OS 5 operasion ulgamynda işleýär we emeli aň funksiýalaryny goldaýar
Türkiye Gara deňzinden 30 milliard dollarlyk täze gaz gorlaryny tapdy
20.05.2025 15:38
9k+

Türkiye Gara deňzinden 30 milliard dollarlyk täze gaz gorlaryny tapdy

Türkiye Gara deňzinden tebigy gazyň uly ýatagyny tapdy. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi. Türkiýäniň baştutanynyň sözlerine görä, “Göktepe-3” guýusyndaky ýatakda 75 milliard kub metr gaz bar diýip hasaplanýar
ABŞ-da ilkinji gezek adama peşew haltasyny göçürmek boýunça operasiýa geçirildi
20.05.2025 15:33
9.5k+

ABŞ-da ilkinji gezek adama peşew haltasyny göçürmek boýunça operasiýa geçirildi

Amerikaly hirurglar dünýäde ilkinji gezek adama donor peşew haltasyny göçürdiler. Operasiýa 2025-nji ýylyň maý aýynda Los-Anjelesde Kaliforniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Ronald Reýgan lukmançylyk merkezinde geçirildi
Jakomettiniň "Uly inçe kellesine" alyjy tapylmady. Bahasyny gaty gymmat gördüler
20.05.2025 15:27
8.6k+

Jakomettiniň "Uly inçe kellesine" alyjy tapylmady. Bahasyny gaty gymmat gördüler

Alberto Jakomettiniň "Uly inçe kelle" ady bilen hem tanalýan "Diýegonyň uly kellesi" heýkeline Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksion öýünde alyjy tapylmady. 70 million dollar diýip goýlan başlangyç bahasy gaty gymmat görüldi diýip, New York Post ýazýar
Dünýäde 300 milliona golaý adam azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär
20.05.2025 15:22
11k+

Dünýäde 300 milliona golaý adam azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

Häzirki wagtda dünýäniň 53 ýurdunda 300 milliona golaý adam agyr azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. «Global Report on Food Crises» hasabatyna görä, bu häzirki wagta çenli hasaba alnan iň ýokary görkezijidir
Awstraliýada GPS-iň ornuny tutjak nawigasiýa ulgamy döredildi. Ol 50 esse takyk
20.05.2025 15:15
4.4k+

Awstraliýada GPS-iň ornuny tutjak nawigasiýa ulgamy döredildi. Ol 50 esse takyk

Awstraliýanyň Q-Ctrl kompaniýasy Ironstone Opal nawigasiýa ulgamyny hödürledi. Ol hemrasyz işleýär we ýerleşýän ýerini kesgitlemek üçin Ýeriň magnit meýdanyndan peýdalanýar. Tehnologiýa GPS-den 50 esse takyk we päsgelçiliklere durnukly
Ford rul mehanizmindäki kemçilik sebäpli, 2025-nji ýylda çykan täze F-150 pikaplaryny yzyna çagyrýar
20.05.2025 14:53
5k+

Ford rul mehanizmindäki kemçilik sebäpli, 2025-nji ýylda çykan täze F-150 pikaplaryny yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy rul mehanizminde kemçiligiň bardygy sebäpli 9181 sany  F-150 2025 kysymly pikabynyň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Zawodda berkidijiler nädogry oturdylypdyr, bu bolsa rul mehanizmindäki birikdirijini gowşadyp ýa-da onuň sypmagyna sebäp bolup bilýär
Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer
20.05.2025 14:51
2.3k+

Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer

Al Paçino italýan awtoulag brendini esaslandyryjylara bagyşlanan “Doganlar Mazeratiler” terjimehal filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. “Çokundyran atanyň” (“Крестный отец”) ýyldyzy 1914-nji ýylda esaslandyrylan Maserati kompaniýasynyň esasy maýadarlaryndan biri Winçenso Wakkaronyň keşbini ýerine ýetirer
Chevrolet Silverado EV 2025 täze opsiýalara eýe boldy. Baha 98 müň dollara bardy
20.05.2025 14:49
3.9k+

Chevrolet Silverado EV 2025 täze opsiýalara eýe boldy. Baha 98 müň dollara bardy

Chevrolet täzelenen Silverado EV 2025 elektrikli awtoulagyny görkezdi. Model birnäçe komplektasiýalarda elýeterli. Esasy WT bazasynyň bahasy 57 095 dollardan we iň ýokary derejeli RST Max Range-iň bahasy bolsa 97 895 dollardan başlaýar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.