Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
17.05.2025 09:16
1.6k+
Türkmenistanyň DIM-nde Eýran bilen parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy
16-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi
17.05.2025 09:11
7k+
Semizlige garşy meşhur «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşi çykarylar
Daniýaly «Novo Nordisk» farmasewtika korporasiýasy bilen «Septerna» amerikan biotehnologiýa kompaniýasy 2-nji görnüşli süýjüli diabete (süýji kesele) we semizlige garşy «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşini çykarmagy meýilleşdirýärler
17.05.2025 09:10
2.9k+
Android 16-nyň haçan çykaryljakdygy mälim edildi
Google soňky tanyşdyrylyşynda Android 16-nyň takyk çykaryljak senesini mälim etmedi, emma Android ekoulgamynyň ýolbaşçysy Samir Samat onuň haçan ýaýradylyp başlanjakdygy bilen bagly käbir maglumatlary berdi. Gyzykly tarapy, ol diňe bir Pixel hatary üçin däl, eýsem beýleki öndürijileriň enjamlary üçin hem möhlet aýtdy diýip, «Android Police» habar berýär
17.05.2025 09:08
2.6k+
Steam-de 89 million hasabyň maglumatlary internete syzdy. Ulanyjylara parollaryny çalyşmak maslahat berilýär
Hakerler Steam platformasyndaky 89 million hasabyň maglumatlaryny ogurlady diýip, «XDA» portaly habar berýär. Muny «Underdark AI» atly kiberhowpsuzlyk kompaniýasy ýüze çykardy. Olaryň LinkedIn sahypasynda berýän maglumatlaryna görä, «Machine1337» lakamly ulanyjy bu maglumat bazasyny darknetde 5000 dollara satýar
17.05.2025 09:07
7k+
Rumyniýada ýerli ýaşaýjy 1 500 töweregi gadymy rim teňňeli hum tapdy
Rumyniýada Letka-Weçe obasynyň golaýyndan 1469 sany gadymy rim teňňeli hazyna tapyldy. Ony metal gözleýji detektor bilen işlemeklige höwesek ýerli ýaşaýjy Marius Manžeak tapdy diýip, New York Post ýazýar. Manžeak, köplenç, metal gözleýji detektory alyp, güýmenje üçin ýeke özi meýdanlarda we tokaýlarda aýlanýandygyny gürrüň berdi
17.05.2025 09:04
2.3k+
Google «Altyn aşygym alçy gop!» düwmesinden el çekýär. Onuň ýerine EA gözleg ornaşdyrylar
Käbir ulanyjylar Google gözleg hyzmatynyň baş sahypasynda «AI Mode» atly emeli aň botunyň peýda bolandygyny aýtdylar. X we Threads ýaly sosial torlarda peýda bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda Google dürli görnüşlerde emeli aň gözlegine başlamak üçin, düwmäniň ýerleşişini synagdan geçirýär
17.05.2025 09:03
9.2k+
Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max surata we wideo düşürmekde deňeşdirildi
Techno Arena-nyň YouTube kanalynda Samsung Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max-yň kameralarynyň deňeşdirilişi boýunça wideo neşir edildi. Ähli görkezijiler boýunça ýeňijini kesgitlemek başartmady. Iki smartfon hem öň tarapdaky kamera arkaly sekuntda 30 kadrda 4K wideo düşürmegi goldaýar
17.05.2025 08:59
8.3k+
Katar «Boeing» bilen 200 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
Kataryň «Qatar Airways» döwlet awiakompaniýasy «Boeing» amerikan konserni bilen 160 uçar satyn almak boýunça 200 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Dohadaky gol çekiş dabarasynda habar berdi
17.05.2025 08:35
6k+
Aýdan getirilen nusgalarda üýtgeşik monjuk tapyldy: ol Aýyň içki gurluşyny bilmäge kömek eder
Hytaý alymlary “Çane 5” missiýasynyň kömegi bilen Aýdan getirilen toprak nusgalarynda üýtgeşik himiki düzümi bolan çüýşe monjugy tapdy. Ol hemranyň içki gurluşy barada maglumat almaga kömek eder diýip, Space.com neşiri ýazýar
17.05.2025 08:33
3k+
Bristoldan bir talyp “Ar alyjy” roboty ýygnady. Robot Rubigiň kubigini düzmekde rekord goýdy
Bristol uniwersitetiniň talyby Mett Pidden 4x4 Rubigiň kubigini düzmek boýunça dünýä rekordyny goýan roboty ýygnady. Taslama onuň diplom işi boldy. Ozal robotlaryň arasynda rekord 1 minut 18 sekuntdy. Piddene bu görkezijini 45,305 sekunta çenli azaltmak başartdy – bu tas 33 sekunt tizdir
17.05.2025 08:25
1.4k+
Nintendo we Illumination indiki ýylda ýazynda Mario baradaky multfilmiň dowamyny çykarar
Marionyň başdangeçirmeleri baradaky täze animasion film 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde prokata çykar. Illumination we Nintendo studiýalary Super Mario World adyny alyp biljek täze taslamanyň üstünde işleýär diýip, NBC habar berýär
17.05.2025 00:33
4.3k+
Lidarly döwrebap awtomobiller smartfonyň kamerasyny ýakýar
u/Jeguetelli atly Reddit ulanyjysy özüniň iPhone 16 Pro Max smartfonynyň kamerasynyň Volvo EX90 elektromobilini ýakyn aralykdan surata düşürjek bolan mahaly zaýalanandygyny habar berdi. Çünki, şol wagt awtomobile daşky dünýäni “görmäge” kömek edýän lazer sensory – lidar işjeň ýagdaýdady
17.05.2025 00:28
2.1k+
Neuralink Abu-Dabide enjamlary pikiriň güýji bilen dolandyrmak boýunça synaglara başlaýar
Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy Ýakyn Gündogarda ilkinji kliniki synaglaryň başlanandygyny habar berdi. Kompaniýa pikiriň güýji bilen aragatnaşyk saklamak we enjamlary dolandyrmak mümkinçiligini öwrener. UAE-PRIME atly taslama Cleveland Clinic Abu Dhabi we Abu-Dabiniň Saglygy goraýyş departamenti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär
17.05.2025 00:24
6.7k+
HT Spor: Mourinýu Portugaliýanyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk eder. Deslapky ylalaşyk gazanyldy
Tälimçi Žoze Mourinýu Portugaliýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup biler. «HT Spor» neşiriniň habaryna görä, hünärmen Portugaliýanyň Futbol federasiýasy bilen deslapky ylalaşyga gelipdir. Iýun aýynyň başynda geçiriljek UEFA-nyň Milletler ligasynyň jemleýji duşuşyklaryndan soň, şertnama gol çekilmegine garaşylýar
16.05.2025 18:45
15k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” forumyna gatnaşýar
Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady
16.05.2025 18:32
8.3k+
Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýony hödürledi
Türkmensitan Tatarstan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisine Milli pawilýony bilen gatnaşýar. Türkmenistanyň Milli pawilýony ýurdumyzyň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda onuň hususy ulgamynda gazanýan üstünlikleri, özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwat bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär
16.05.2025 18:27
3.4k+
Gemini emeli aňy indi sagatlarda, telewizorlarda we awtomobillerde peýda bolar
Google kompaniýasy Gemini emeli aň kömekçisini öz ekoulgamyna girizmegi meýilleşdirýär. Ýakyn aýlarda ol Google TV, Android Auto, Wear OS bolan gurluşlarda, şeýle-de Android XR esasly garyşyk hakykat garnituralarynda peýda bolar
16.05.2025 18:24
7.9k+
“Ýewrowideniýe-2025-iň” finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy
69-njy “Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşiginiň ikinji ýarym finalynda ahyrky tapgyra çykan ýene 10 gatnaşyjy belli boldy. Bäsleşik Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilýär. Finala çykan 10 gatnaşyjy: ·Ysraýyl – New
16.05.2025 18:20
2.4k+
Türkmenistanda Litwanyň ilçisi Kestutis Waskelewiçus işe başlady
15-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waskelewiçusdan ynanç hatyny kabul etdi
16.05.2025 17:14
9k+
Ýaşulular geňeşiniň agzalary çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary gowşurdylar
Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän körpelere hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary gowşurdylar
16.05.2025 17:04
2.1k+
Huawei noutbugy, planşeti we smartfony özünde birleşdirýän innowasion gajeti taýýarlaýar
Hytaýyň Huawei kompaniýasy çeýe ekranly we formasyny üýtgedip bilýän eplenýän korpusly täze gurluşy tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Premýera 19-njy maýda Hytaýda bolar. Şol gün hem Nova 14 hatarynyň smartfonlary hödürlener
16.05.2025 16:59
18k+
Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynda azyndan 2 mlrd dollar gazandy
Donald Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynyň dowamynda, azyndan, 2 milliard dollar girdeji gazandy diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär. Bu gazanç Trampyň ogullarynyň adyna hasaba alnan dürli biznes gurluşlaryndan gelip çykýar
16.05.2025 16:47
15k+
Amerikaly zenan ýarym sagatlap öz saçyndan asylgy ýagdaýda durup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
39 ýaşly amerikaly Leýla Nun ýeňsesinden boglan saçynda 25 minut 11,3 sekuntlap asylyp durdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu synanyşyk Kaliforniýadaky Redwud şäheriniň gözel görnüşli Milli we Döwlet seýilgähleriniň çäginde bellige alyndy
16.05.2025 16:45
4.3k+
Toyota «bZ4X-iň» ornuna täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi: tapawutlary näme?
Toyota «bZ4X» modeliniň ornuny tutjak täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi. Täzelenen wersiýa kämilleşdirilen dizaýny, has uzak ýol aralygy we Tesla-nyň zarýad infrastrukturasyny goldamagy bilen tapawutlanýar
16.05.2025 16:38
5.9k+
Abu-Dabide Disneýlendiň açylyşy mynasybetli dronlaryň gatnaşmagynda şüweleň geçirildi
Abu-Dabide Ýakyn Gündogarda ilkinji Disney dynç alyş seýilgähiniň açylyşy boldy. Bu waka mynasybetli Dubaýyň Lumasky kompaniýasy 9000 dronyň gatnaşmagy bilen uly yşyk şüweleňini geçirdi. Gijeki asmanda dronlar Zoluşkanyň galasyny we Disney dünýäsinden beýleki obrazlary şekillendirdi
16.05.2025 16:29
4.5k+
Samsung-yň geljekki Galaxy S26 hataryna Edge modeli goşulyp bilner
The Elec habar çeşmesiniň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda hödürlenen inçe Samsung Galaxy S25 Edge ýönekeý bir synag däl. Samsung Edge modelini geljekki Galaxy S26 hataryna-da goşmagy meýilleşdirýär we ol Galaxy S26 Plus modelini çalşyp biler
16.05.2025 16:23
5.1k+
Türkmenistanyň ilçisi Owganystandaky infrastruktura taslamalary barada pikir alyşdy
Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow jemgyýetçilik işleri ministri Mohammad Issa Sani bilen Owganystandaky infrastruktura taslamalary we ýol gurluşygy barada pikir alyşdy. Taraplar Turgundy gury portunda
16.05.2025 16:18
4.4k+
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Kataryň DIM-niň Diplomatiýa instituty bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektory G.Ýusupowa bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Mohamed al-Horryň hem-de Katar döwletiniň Türkmenistandaky ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi
16.05.2025 16:11
4.1k+
Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy
DC YouTube kanalynda režissýor Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy. Filmiň premýerasy 11-nji iýula meýilleşdirilýär. Treýlerde Loýs Leýn (onuň keşbini Reýçel Brosnahan ýerine ýetirdi) Supermen bilen söhbetdeş bolýar
16.05.2025 16:05
2.7k+
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli bolan “Ýedi şalygyň rysary” 2026-njy ýylyň başynda çykar
HBO “Ýedi şalygyň rysary” (Рыцарь семи королевств) serialynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň başyna süýşürdi. Ilkibaşda “Tagtlaryň oýny” (Игра престолов) serialynyň prikweli şu güýzde çykmalydy diýip, Variety belleýär
16.05.2025 16:03
2k+
TikTok AI Alive emeli aň funksiýasynyň kömegi bilen suratlary janlandyrmagy öwrendi
TikTok sosial ulgamynda emeli aňyň esasynda täze TikTok AI Alive guraly peýda boldy. Ol adaty suratlary owadan effektler bilen gysga hereketli wideolara öwürmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm Stories bölüminde elýeterli bolup, platformanyň ulanyjylaryna öz döredijiligini görkezmek üçin täze mümkinçilikleri berýär
16.05.2025 15:58
2.1k+
Repçi Don Toliwer Guess bilen hyzmatdaşlykda ilkinji eşik toplumyny goýberdi
Repçi Don Toliwer Guess kompaniýasy we dizaýner Nikolaý Marsiano bilen bilelikde Hardstone brendini satuwa çykardy. Los-Anjelesde döredilen toplum artistiň döredijilik stilini görkezýär. Ilkinji hatara jinsi kurtkalar, jiltgeler, jinsiler we şortylar girýär
16.05.2025 15:56
4.5k+
Kabo-Werdede 40 ýyl bäri ýitip giden hasaplanýan seýrek çekirtge diri görnüşde tapyldy
San-Nikolau adasynda (Kabo-Werde arhipelagy) XX asyryň aýagyndan bäri ýitip giden hasaplanylýan çekirtgäniň janly nusgasy tapyldy. Bu seýrek görnüşleri halas etmäge mümkinçilik berýär diýip, Pensoft neşiri ýazýar
16.05.2025 15:54
2k+
Chanel 2026-njy ýylyň resort kolleksiýasyny gaýtadan görkezer
Chanel 2026-njy ýylyň resort kolleksiýasyny gaýtadan görkezer. Moda görkezilişi 4-nji noýabrda Singapurda geçiriler diýip, «WWD» neşiri habar berýär. «Dinamiki we köpmedeniýetli şäher bolan Singapur Aziýa açylýan özboluşly geçelgedir
16.05.2025 15:50
2.1k+
Tesla-nyň Optimus atly adam şekilli roboty tans etmegi öwrendi
Ilon Mask X sosial torunda adam şekilli Tesla Optimus robotynyň tans hereketlerini ýerine ýetirýän wideosyny paýlaşdy. Tesla-nyň robototehnika bölüminiň ýolbaşçysy Milan Kowaçyň aýtmagyna görä, bu hereketler güýçlendirilen maşyn öwrenmesi (reinforcement learning, RL) arkaly gazanyldy
16.05.2025 15:46
2.2k+
Patrik Makdauell «Şa zenany Ýelizaweta II» baýragynyň ýeňijisi boldy
Britaniýaly dizaýner Patrik Makdauell dizaýn ugrunyň ösüşine goşan şahsy goşantlary üçin «Şa zenany Ýelizaweta II» baýragy bilen sylaglandy. Oňa baýragy Londonda ýerleşýän «180 Studios» studiýasynda geçirilen dabarada Britan moda geňeşi (BFC) tarapyndan Keýt Middlton gowşurdy
16.05.2025 15:31
4.8k+
Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi
11-13-nji maýda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherine iş saparynyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
16.05.2025 15:23
3.9k+
Türkmen milli dünýä dilleri institudynda talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institudynda “Biziň milli medeni mirasymyz dünýä dillerinde” diýen tema boýunça talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinden talyplaryň toparlary gatnaşdy
16.05.2025 11:15
12k+
Türkmenistanda 18-nji maýdaky dynç güni 19-njy maýa geçirildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 18-nji maýyndaky dynç güni 19-njy maýa — duşenbe gününe geçirildi
16.05.2025 10:57
3.1k+
Tankytçylar täze “Ahyrky nokat” filmini franşizanyň taryhynda iň gowusy diýip hasaplady
16-njy maýda ABŞ-da “Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary” (Пункт назначения: Кровные узы) horror filminiň altynjy bölümi prokata çykýar. Deslapky görkezilişde filme tomaşa eden günbatar tankytçylary oňa franşizada iň ýokary bahany berdi
«
1
…
277
278
279
…
1118
»
«
1
…
274
275
276
277
278
279
280
281
282
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.