Türkmen milli dünýä dilleri institudynda talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi

16.05.2025, 15:233,954

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institudynda “Biziň milli medeni mirasymyz dünýä dillerinde” diýen tema boýunça talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinden talyplaryň toparlary gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylaryň wezipesi türkmen halkynyň baý milli medeni mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam berýän web-saýtyň görnüşini döretmekden ybarat boldy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça hem-de emin agzalaryň çözgüdi esasynda ýokary okuw mekdepleriň aşakdaky toparlary ýeňijiler diýlip yglan edildi:

  • Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy;
  • I orny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary paýlaşdylar;
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hem-de ýurduň Serhet institutynyň talyplary II orny eýelediler;
  • III orny Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlaryna berildi.

Sylaglanyş dabarasynda hakatonyň ýeňijilerine we hemme gatnaşyjylara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.