Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
10.05.2025 13:31
7.8k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi
9-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan abatlaýyş we rejeleýiş işleri batly depginde dowam edýär
10.05.2025 12:59
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda iri gurluşyk taslamalarynyň barşy bilen tanyşdy
9-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşyk işleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
09.05.2025 16:39
29k+
Gurbanguly Berdimuhamedow uruş weteranlary bilen söhbetdeş boldy we olary Ýeňiş baýramy bilen gutlady
9-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde
09.05.2025 16:33
16k+
Opta superkompýuteri Çempionlar ligasynda “PSŽ” bilen “Interiň” ýeňiş gazanmak mümkinçiligini hasaplady
Opta superkompýuteri Çempionlar ligasynyň ýarym final oýunlarynyň netijelerini seljerip, haýsy toparyň finalda ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň ýokarydygyny kesgitledi. Kubok üçin esasy dalaşgär “Pari Sen-Žermen” boldy
09.05.2025 16:27
7.4k+
Samsung inçe we kuwwatly Galaxy F56 smartfonyny hödürledi
Samsung kompaniýasy Galaxy F hatarynda iň inçe smartfon bolan täze Galaxy F56 smartfonyny çykardy. Korpusyň ýogynlygy – bary-ýogy 7,2 mm. Aprel aýynyň ortalarynda çykan Galaxy M56 smartfony hem şeýle korpusa eýe bolupdy
09.05.2025 16:22
13k+
Täze Toyota Corolla Cross 2026 tanyşdyryldy
Täzeden dizaýn edilen «Toyota Corolla Cross 2026» tanyşdyryldy. Ol hem täzelenen görnüşi, hem-de täze «GR Sport» görnüşi bilen hödürlenýär diýip, «Carscoops» habar berýär. Krossower petek şekilli gözenek, daraldylan faralar we ýokary derejeli görnüşlerinde LED çyralar bilen üpjün edilen
09.05.2025 16:11
5.2k+
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filminiň täze treýleri çykdy
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) remeýkiniň 12-nji iýuna meýilleşdirilen premýerasyna bir aý galanda taslamanyň täze IMAX treýleri çykdy. Ol 2010-njy ýylyň asyl multfilminden muşdaklara tanyş bolan esasy pursatlary açyp görkezýär
09.05.2025 16:07
7.4k+
Bukingem köşgi patyşa Karl III-niň we şa aýaly Kamillanyň täze portretlerini görkezdi
Bukingem köşgi patyşa Karl III-niň we şa aýaly Kamillanyň iki sany täze portretini görkezdi. Suratlar köşgüň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Bu suratlar 2023-nji ýylda sargyt edildi. Suratkeşleri bolsa şanyň we şa aýalynyň özi saýlady
09.05.2025 16:02
7.3k+
ABŞ-nyň paçlary, ýapon ýenasy we çig malyň bahalary Toyota-nyň girdejisine zyýan ýetirýär
Toyota Motor 2026-njy ýylyň mart aýynda tamamlanjak häzirki maliýe ýylynda operasion girdejiniň 21% azaljakdygyny çaklaýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Kompaniýa geçen ýylky 4,8 trln ýena bilen deňeşdirilende 3,8 trln ýena (takmynan, 26 mlrd dollar) möçberde girdeji gazanmagyna garaşýar
09.05.2025 16:00
22k+
Tesla-nyň ammarlarynda 10 müňden gowrak Cybertruck tozan basyp ýatyr, pikapa isleg ýok
ABŞ-da Tesla-nyň ammarlarynda 10 000-den gowrak alynmadyk Cybertruck bar. Hasaplamalara görä, olaryň umumy bahasy 721 mln ýewro (809 mln dollardan gowrak) golaýlaýar. Kompaniýanyň öňdebaryjy önüm diýip görkezen modeli satuw boýunça çaklamalary ödemedi diýip, ArenaEV ýazýar
09.05.2025 15:57
9.9k+
Windows XP iş stolundaky meşhur baýyr tanalmaz derejede üýtgedi
Internet ulanyjylaryny Windows XP iş stolundaky meşhur ýaşyl baýryň häzirki görnüşi haýran galdyrdy. Bu ýeriň üýtgändigini görkezýän suratlar bilen @insidehistory lakamly ulanyjy paýlaşdy. Fotosuratçy Çarlz O’Rier tarapyndan Napa jülgesinde (Kaliforniýa) düşürilen meşhur suratda ýiti gök asman bilen zümerret ýaşyl baýyrlar şekillendirilipdi
09.05.2025 15:53
3.6k+
Mitsubishi 2026-njy ýylyň tomsunda täze elektrokrossower hödürlär
Mitsubishi kompaniýasy 2026-njy ýylyň tomsunda Demirgazyk Amerikada elektromobil bazaryna gaýdyp geler. Täze model ABŞ-da we Kanadada elýeterli bolar. Bu 2017-nji ýylda i-MiEV modeliniň satuwy bes edileni bäri brendiň ilkinji elektromobilidir
09.05.2025 15:29
4.5k+
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlary hatyralandy
9-njy maýda Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilip geçilýär. Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berdi
09.05.2025 15:05
7.4k+
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okamak isleýänler üçin seçip alyş işini geçirýär
Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär
09.05.2025 14:38
3.8k+
17-nji maýda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler
17-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
09.05.2025 13:00
6.1k+
GTA 6-nyň täze treýleri bir günde 475 million gezek görlüp, Marvel-iň rekordyndan geçdi
Rockstar Games GTA 6-nyň ikinji treýleriniň ilkinji 24 sagadyň dowamynda 475 million gezek görlendigini we güýmenje pudagynda rekord goýandygyny habar berdi. Ozalky rekord «Dedpul we Rosomaha» (Deadpool & Wolverine) filmine degişli bolup, ol 365 million gezek görlüpdi
09.05.2025 12:35
2.1k+
SpaceX ýylda 25 gezek Starship raketasyny uçurmaga rugsat aldy
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) Starship uçuşlarynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine degişli jemleýji ekologiki bahalandyrmasyny çap etdi. FAA-nyň hasabatyna görä, Ilon Maskyň kosmos kompaniýasy
09.05.2025 12:33
2.8k+
ABŞ-daky täze kanun taslamasy Apple-a daşarky programma dükanlaryna rugsat bermäge mejbur edýär
ABŞ-da iri sanly platformalaryň, şol sanda Apple bilen Google-yň iş düzgünlerini üýtgedip biljek täze kanun taslamasy hödürlenildi. Bu taslama görä, uly programma dükanlarynyň operatorlary ulanyjylara daşarky programma dükanlaryny enjamlaryna gurnamaga we olary esasy dükana öwürmäge rugsat bermeli bolar diýip, «The Verge» habar berýär
09.05.2025 12:31
5.8k+
«Gulfstream G800» dünýäde iň uzak aralyga uçýan biznes-jet boldy
«Gulfstream G800» biznes-jeti resmi taýdan dünýäde iň uzak aralyga uçýan hususy uçar boldy. Bu howa ulagy ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Uçuş howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan sertifikatlaşdyryldy
09.05.2025 12:29
4.1k+
DoorDash amerikan eltip bermek hyzmaty $3,9 mlrd dollara Deliveroo britan hyzmatyny satyn alar
DoorDash amerikan kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Deliveroo nahar eltip bermek hyzmatyny 2,9 mlrd funt sterlinge (takmynan, 3,9 mlrd dollara) satyn almak boýunça ylalaşdy. Ylalaşyga görä, DoorDash Deliveroo-nyň her bir paýnamasy üçin 180 pens töleýär, bu bolsa onuň häzirki bahasyndan 44% köpdür
09.05.2025 12:27
7.2k+
Gümrük paçlarynyň ýokarlanmagyndan öň ABŞ-nyň söwda defisiti rekord $140,5 mlrd dollara ýetdi
ABŞ-nyň söwda balansynyň defisiti mart aýynda fewral bilen deňeşdirilende 14% ýokarlanyp, rekord dereje bolan 140,5 milliard dollara ýetdi. Bu maglumatlary Ykdysady seljeriş býurosy mälim etdi. 2024-nji ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende, bu defisit iki esse diýen ýaly artdy – 92,6%
09.05.2025 12:24
1.5k+
Grok çat-boty indi doly derejeli PDF resminamalaryny döredip bilýär
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy özüniň Grok çat-botuna tekstli, suratly we tablisaly PDF döretmek mümkinçiligini goşdy. Täze gunksiýa käbir ulanyjylar üçin eýýäm elýeterlidir. Ozal Grok diňe tablisalary we faýllary okamagy goldaýardy, ýöne olary özbaşdak döredip bilmeýärdi
09.05.2025 12:06
7.1k+
Inženerler 100 ýyllyk kepillik bilen titandan ruçka döretdiler
Titaner kompaniýasy 100 ýyl hyzmat etjek Dragon Pearl ruçkasyny döretdi. Ol tutuşlygyna diýen ýaly, hatda içki pužiny hem 5-nji derejeli titandan ýasalan. Inženerleriň hasaplamalaryna görä, mehanizm milliondan gowrak gezek basylmaga çydap biler
09.05.2025 11:46
17k+
Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Moskwa bardy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşynda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Moskwa bardy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär
09.05.2025 11:24
1.9k+
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
8-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär
09.05.2025 11:06
10k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede uçarmanlary okatmak üçin dalaşgärleri kabul edýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly uçarman käri boýunça Türkiýäniň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär. Okuwyň dowamlylygy 4 ýyl
09.05.2025 10:59
2.5k+
Türkmen kompaniýalary Bakuda geçiriljek sergilerde oba hojalyk we azyk önümlerini görkezer
Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek Caspian Agro 18-nji halkara oba hojalyk hem-de InterFood Azerbaijan 30-njy halkara azyk senagaty sergilerine gatnaşar. Sergiler 13-16-njy maý aralygynda Bakunyň Ekspo-merkezinde geçiriler
09.05.2025 10:53
2.9k+
Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi
5-7 maýda aralygynda Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M
09.05.2025 10:49
5k+
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2025-nji ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi
8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Mejlisiň Başlygy we wise-premýerler şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdiler
09.05.2025 10:44
7.3k+
Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenobahyzmat”
09.05.2025 10:41
3.5k+
Serdar Berdimuhamedow Fridrih Mersi Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Fridrih Merse Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär
09.05.2025 10:35
7.6k+
Ýewropa ligasynyň finalyna «ManÝunaýted» we «Tottenhem», Konferensiýalar ligasynyňka — «Çelsi» bilen «Betis» çykdy
Ýewropa ligasynyň finala duşuşygyna iňlis klublary — «Mançester Ýunaýted» we «Tottenhem» çykdy. Konferensiýalar ligasynda bolsa final duşuşygynda «Çelsi» bilen Ispaniýanyň «Betis» kluby güýç synanyşar. «Mançester Ýunaýted» öz meýdançasynda Bilbaodan «Atletik» klubuny kabul etdi
09.05.2025 10:21
5.2k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny, uruş weteranlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli gutlady. "Bu gün hatyra dessurlarymyza eýerip, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda gurban bolan merdana esgerlerimiziň hormatyna bina edilen ýadygärliklerimize ter gül desselerini goýýarys
09.05.2025 10:12
3.8k+
Samsung 13-nji maýda örän inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürlär
Samsung kompaniýasy täze Galaxy S25 Edge smartfonynyň tanyşdyrylyş senesini yglan etdi. Model Galaxy S25 hatarynyň üstüni ýetirer we resmi taýdan 13-nji maýda hödürlener. Öň internet torunda smartfonyň suratlary, şeýle-de onuň käbir aýratynlyklary barada maglumatlar peýda bolupdy
09.05.2025 10:05
4.9k+
iPhone 18 hatarynda alty dürli model bolar
Apple kompaniýasy iPhone 18 hataryny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Adaty we flagman wersiýalardan başga-da, oňa Air, “e” modelleri, şeýle-de kompaniýanyň ilkinji eplenýän smartfony girer. Smartfonlaryň premýerasy birnäçe tapgyrda geçer
09.05.2025 10:04
10k+
Britaniýaly aýal dynç güni işden boşadylandygy üçin kompaniýadan 33 müň dollar öwez tölegini aldy
Beýik Britaniýada bir aýalyň işden boşadylmagy onuň hukugynyň kemsidilmegi hökmünde ykrar edilenden soň, kazyýetiň karary bilen iş beriji kompaniýa şol aýala 25 müň funt sterling (takmynan, 33 müň dollar) öwez tölegini tölemäge borçly edildi
09.05.2025 09:56
10k+
ABŞ-da 8-nji maý resmi taýdan Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňiş güni diýip tassyklandy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 8-nji maýy Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňiş güni diýip yglan etdi. Resminama Ak tamyň web sahypasynda çap edildi. Jarnamada şol gün amerikanyň halkynyň gurban bolanlaryň hemmesini hatyralap sarpalaýandygy hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we dünýäniň howpsuzlygyny, azatlygyny we abadançylygyny goramak borjuna wepalylygyny tassyklaýandygy aýdylýar
09.05.2025 09:48
4.3k+
Uelsde soňky 400 ýylda ilkinji gezek ýabany samyr duşdy
Tebigatçy Iolo Uilýams Uelsdäki derýada ýabany samyra duşdy. Bu jandar Britaniýada soňky 400 ýylda ilkinji gezek göründi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Samyrlar aw sebäpli bu sebitden ýitipdi, ýöne olaryň populýasiýasy soňky 20 ýylda dikelip başlady
09.05.2025 09:44
2k+
Xiaomi täze Mix 5 bilen Mix smartfon hataryny dikeldýär
Xiaomi kompaniýasy Mix smartfonlarynyň hataryna gaýdyp gelmäge taýýarlanýar. Bu barada hytaýly insaýder Digital Chat Station habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa täze Xiaomi Mix 5 modeliniň önümçiligine taýýarlanyp başlady
09.05.2025 09:40
7.8k+
Şotlandiýada iň gadymy futbol meýdançasy tapyldy. Onda 1600-nji ýyllarda oýnapdyrlar
Şotlandiýada Solueý-Fert aýlagynyň golaýynda iň gadymy futbol meýdançasynyň galyndylary tapyldy. Bu barada sport taryhçysy, Şotlandiýanyň futbol muzeýiniň esaslandyryjysy Ged O’Braýene salgylanyp, Independent habar berýär
«
1
…
282
283
284
…
1118
»
«
1
…
279
280
281
282
283
284
285
286
287
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.