Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
25.04.2025 22:03
2.7k+
Škoda dizel ulaglaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyç guýup başlady
Škoda Auto Çehiýadaky zawodlarynda täze dizel awtomobilleri hem-de içerki logistika ulaglary üçin ýangyç hökmünde wodorodyň kömegi bilen arassalanan ösümlik ýagyny (HVO) ulanyp başlady. HVO biodizel ýaly oba hojalyk ekinlerinden däl-de, ulanylan ösümlik ýagy we ýaglar ýaly galyndylardan öndürilýär
25.04.2025 21:58
2k+
2026-njy ýylyň “Altyn globus” dabarasynyň geçiriljek senesi yglan edildi
CBS ýaýlymy 83-nji “Altyn globus” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiriljek senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwaryna geçilýän gije bolar diýip, Deadline habar berýär. Baýrak üçin dalaşgärleriň sanawy 8-nji dekabrda yglan ediler
25.04.2025 16:28
8.7k+
UEFA indiki möwsümden Çempionlar ligasynda goşmaça wagty aýyrmagy maslahatlaşýar
UEFA täze möwsümden Çempionlar ligasynyň düzgünlerini üýtgetmek mümkinçiligini öwrenýär. Bild-iň maglumatlaryna görä, gurama täze düzgünleri girizmek barada klublar bilen pikir alyşýar. Teklipleriň biri – pleý-off oýunlarynda goşmaça wagty aýyrmak
25.04.2025 16:24
2.9k+
Google Gemini emeli aň ýaryşynda yza galdy – ulanyjylar ChatGPT bilen Meta AI-ny ileri tutýarlar
Google-yň Gemini atly emeli aňyny aýda, takmynan, 350 million adam ulanýar, bu bolsa ChatGPT we Meta AI bilen deňeşdirilende ep-esli azdyr. Bu sanlar golaýda Google bilen baglanyşykly geçirilen kazyýet diňlenişiginde ýüze çykaryldy diýip, «The Information» neşiri habar berýär
25.04.2025 16:22
17k+
“People” žurnaly dünýäde iň owadan adamy atlandyrdy
“People” žurnaly golliwudly aktrisa Demi Mury 2025-nji ýylyň iň owadan adamy diýip ykrar etdi. “Substansiýa” we “Arwah” filmleriniň 62 ýaşly ýyldyzy redaksiýany özüni kabul ediş filosofiýasy bilen haýran galdyrdy
25.04.2025 16:20
6.5k+
Ford F-150 pikaby gelşikli sport týuningine eýe boldy
Roush Performance týuning atelýesi 2025-nji ýylyň Ford F-150 Nitemare-sini hödürledi. Peseldilen podweskaly, kuwwatly dolandyryşly we premium bezegli bu sport pikaby XL we XLT komplektasiýalaryna esaslanýar. Täze önüm Regular we SuperCrew kabinaly wersiýalarda elýeterlidir
25.04.2025 16:19
3.2k+
Alymlar Alsgeýmer keseliniň alamatlaryny kesel ýüze çykmazdan has öň tanamagy öwrendiler
Amerikaly alymlar Alsgeýmer keseliniň alamatlaryny ilkinji gezek 44 ýaşdan kiçi adamlarda anykladylar. Ozal geçirilen barlaglar, esasan, 50 ýaşdan uly näsaglara gönükdirilipdi. Täze maglumatlar, töwekgelçiligi ir kesgitlemäge we keseliň öňüni almaga mümkinçilik bermek bilen, diagnostika çemeleşmäni üýtgedip biler
25.04.2025 16:17
3.7k+
ABŞ aşgazanasty mäziň düwnük keselini anyklamak üçin Alibaba-nyň emeli aň guralyny tassyklady
Amerikanyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edarasy (FDA) Alibaba Damo Panda EA ulgamyna “öňegidişlik gazanan enjam” derejesini berdi. Ol aşgazanasty mäziň düwnük keselini irki tapgyrda anyklamak üçin niýetlenýär
25.04.2025 16:15
5.5k+
ABŞ-daky uniwersitetiň gadymy binasynyň diwarlarynda XIX asyryň söýgi hatlary tapyldy
ABŞ-da Günorta Men uniwersitetiniň kampusynyň durkuny täzelemek işleriniň dowamynda XIX asyrda ýetginjekler tarapyndan ýazylyp, gizlenen söýgi hatlary tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Hatlar 1806-njy ýylda gurlan Akademiýanyň binasynda tapyldy
25.04.2025 16:13
3.1k+
Ýewropa Bileleşigi Apple-e 500 mln, Meta bolsa 200 mln ýewro jerime saldy
Ýewropa Bileleşigi Apple we Meta kompaniýalaryna Sanly bazarlar hakyndaky kanuny (DMA) bozandygy üçin jerime saldy. Apple 500 million, Meta bolsa 200 million ýewro jerime tölemeli edildi. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär
25.04.2025 16:10
2.2k+
2025-nji ýylyň başyndaky iň meşhur kompýuter brendleri atlandyryldy
Counterpoint Research analitika agentligi 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça kompýuterleriň ibermeleriniň möçberi baradaky statistikasyny täzeledi. Ibermeleriniň artyşy boýunça lider garaşylmadyk ýagdaýda Apple boldy, ýöne bu hem oňa reýtingde birinji orny eýelemäge ýardam bermedi
25.04.2025 15:57
5.2k+
Şanhaýdaky awtosergide BMW 3 Series-iň 50 ýyllygyna bagyşlanan ýörite wersiýasy görkezildi
Şanhaýdaky halkara awtosergide BMW kompaniýasy «3 Series» modeliniň 50 ýyllygyna bagyşlanan, çäkli nusgada çykarylan wersiýasyny görkezdi. Ondan 2500 sanysy öndüriler we olaryň ählisi diňe Hytaý bazary üçin niýetlenendir
25.04.2025 15:14
17k+
“Realyň” oýunçysy Winisiusa futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar
“Realyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Winisius Žuniora futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar. Tuttosport-yň we italýan žurnalisti Žanluka di Marsionyň berýän maglumatyna görä, FIFA futbolçynyň birnäçe futbol klublarynyň eýesi bolmak bilen guramanyň ahlak kadalaryny bozýan bolmagynyň mümkindigi bilen bagly iş geçirýär
25.04.2025 15:08
2.3k+
“Minecraft kinoda” filminiň üstünligi Paramount-y täze oýun filmlerini döretmäge ruhlandyrdy
Paramount Pictures “Sonik kinoda” älemini ösdürmegi meýilleşdirýär. Kinokompaniýa franşizanyň beýleki personažlary, şol sanda Şadou barada aýratyn filmleri çykarar. Şeýle çözgüt wideooýunlar boýunça düşürilen filmleriň girdeji üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr
25.04.2025 15:05
7.7k+
Mart boýunça awtoulaglaryň satuwy: Hytaý we ABŞ ösüşde, Gündogar Ýewropada bolsa satuwlar peselýär
2025-nji ýylyň mart aýynda dünýäde ýeňil we ýeňil täjirçilik maksatly awtoulaglaryň satuwy 8,57 million birlige ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6% köpdür. Bu barada «GlobalData-nyň» gözlegine salgylanyp, «Just Auto» habar berýär
25.04.2025 15:03
2.2k+
Ýewropa kosmos agentligi kosmosda azyk ösdürip ýetişdirmegi synagdan geçirýär
Ýewropa kosmos agentligi (ESA) geljekde astronawtlar üçin iýmiti göni orbitada ýa-da Aýda hem-de Marsda ösdürip ýetişdirmegi maksat edinýän synagy ýola goýdy. Taslamada belok, ýag, protein we süýüm ýetişdirmek göz öňünde tutulýar diýip, «BBC» ýazýar
25.04.2025 15:01
7.2k+
Ýyldyzlaryň arasynda meşhur bolan Angliýadaky ada $33 milliona satuwa çykaryldy
Angliýanyň Blekuoter derýasynyň guýýan ýerinde, Moldon şäheriniň golaýynda ýerleşýän hususy Osi adasy satuwa çykaryldy. Onuň bahasy – 33 million dollar. Bu ada şou-biznes ýyldyzlary tarapyndan ýygy-ýygydan albom ýazmak, wideoklip düşürmek we toý dabaralaryny geçirmek üçin ulanylýar diýip, «BBC» ýazýar
25.04.2025 14:52
2.3k+
Türkmen oba hojalyk institutynda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça halkara maslahat geçirildi
23-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D
25.04.2025 14:41
2.3k+
Xiaomi 24 dollardan Redmi Watch Move akylly sagadyny tanyşdyrdy
Xiaomi kompaniýasy täze arzan bahaly Redmi Watch Move akylly sagadyny tanyşdyrdy. Enjam 1,85 dýuýmlyk AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylyp, onuň çözgüdi 390×450 piksel, ýagtylygy bolsa 600 nite çenli ýetýär. Ekrany Always-On Display funksiýasyny goldaýar
25.04.2025 14:40
4.3k+
Tesla-nyň birinji çärýekdäki arassa girdejisi 71% pese gaçdy
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde amerikaly Tesla elektromobil öndürijisi 409 million dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 71% azdyr. Kompaniýanyň umumy girdejisi 9% peselip, 19,34 milliard dollar boldy
25.04.2025 12:09
12k+
Aşgabatda milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş tamamlandy
24-nji aprelde Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. Ýaryşa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşdy
25.04.2025 12:02
9.3k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdy
24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Lideri bilen bilelikde “EKSPO” sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdylar. Sergide adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň tapgyrlary beýan edilýär
25.04.2025 11:54
5k+
Şanhaý awtosalonynda HarmonyOS-ly Toyota bZ7 sedany görkezildi
GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Şanhaý awtosalonynda Toyota bZ7 elektrik sedanynyň köpçülikleýin wersiýasyny hödürledi. Awtomobil ýylyň ahyrynda satuwa çykar. Ulag Huawei-niň HarmonyOS operasion ulgamyna eýe boldy
25.04.2025 11:49
2.6k+
“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler
Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ilkinji gezek emeli aňy “Oskar” baýragyna filmleri saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere laýyklykda, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň näderejede ähmiýetlidigine baha berer diýip, The Verge habar berýär
25.04.2025 11:43
6.8k+
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyş dabarasyndaky çykyşy
(Samarkant şäheri, 2025-nji ýylyň 24-nji apreli) Hormatly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti! Hormatly şu günki çärä gatnaşyjylar! Ilki bilen, bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk» (“Oliý Darajali Dustlik”) ordeni bilen sylaglandygy üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň
25.04.2025 11:38
4.6k+
Türkmen halkynyň Milli Liderine Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy
24-nji aprelde Samarkantda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy geçirildi
25.04.2025 11:24
2.8k+
Samarkantda Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
24-nji aprelde Özbegistana saparynyň ikinji gününde Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
25.04.2025 11:14
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda "Hazrati Hizir" toplumyna we "Baky şäher" syýahatçylyk meýdançasyna bardy
23-24-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy. Saparynyň ilkinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna bardy
25.04.2025 10:57
8.2k+
Halypa çapyksuwarlaryň at çapyşygynyň ýeňijisi “Toyota Fortuner” ulagy bilen sylaglanar
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň aprel aýynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijisini sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň
25.04.2025 10:45
1.4k+
Netflix Jorj Oruelliň “Malsaraýy” esasynda multfilm çykarar
Jorj Oruelliň Endi Serkisiň režissýorlyk etmeginde ekranlaşdyrylýan “Malsaraý” animasiýasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Netflix-de çykar. IndieWire neşiriniň berýän habaryna görä, Set Rogen, Kiran Kalkin, Wudi
25.04.2025 10:41
7k+
Er-Riýadda dünýäniň iň beýik binasynyň gurulýan täze etrabynyň taslamasy hödürlendi
Saud Arabystany Er-Riýadyň demirgazygynda guruljak täze etrap üçin konsepsiýanyň baş meýilnamasyny hödürledi. Paýtagtyň bu etraby hakykatda doly hukukly şähere öwrüler we beýikligi iki kilometrden gowrak belent bina - dünýäniň iň beýik binasy onuň esasy obýekti bolar
25.04.2025 10:35
7.8k+
Ähli döwürleriň iň köp hak alýan türgenleriniň sanawy düzüldi. Ilkinji 50-likde ýekeje zenan bar
Sportico neşiri ähli döwürleriň we halklaryň maliýe taýdan iň üstünlikli 50 türgeniniň sanawyny çap etdi. Sanawda amerikaly basketbolçy Maýkl Jordan birinji orny eýeledi. Neşiriň habar bermegine görä, Jordan karýerasynda hümmetsizlenmäni hasaba almak bilen, takmynan, 4,15 milliard dollar gazandy
25.04.2025 10:32
5.5k+
Saud Arabystanynda “Baky bag” - 90 adada ýerleşjek şypahananyň mega taslamasy durmuşa geçiriler
Saud Arabystany gök öwüsýänligi sebäpli "Baky bag" diýlip atlandyrylýan Laheq atly täze şypahananyň gurluşygyna başlandygyny habar berdi. Taslama Britaniýanyň Foster + Partners binagärlik studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy diýip, New Atlas neşiri habar berýär
24.04.2025 23:24
3.3k+
Azerbaýjanda geljekki GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň tumarlary saýlandy
Azerbaýjanda geçiriljek GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň guramaçylyk komiteti geljekki ýaryşyň tumarlaryny saýlady. Olar alajaplaňlar (leopard) Babir we Leýla boldy diýip, guramaçylyk komitetine salgylanyp, BELTA habar berýär
24.04.2025 22:58
12k+
Lexus ES modeliniň sekizinji neslini görkezdi. Ol indiki ýyl satuwa çykar
Lexus kompaniýasy Şanhaý awtosergisinde sekizinji nesil «ES» sedanyny görkezdi. Täze ulag modeliň taryhyndaky iň uly täzelenmä eýe boldy. Adatça, Hytaýda esasan ýerli bazar üçin niýetlenen ulaglar görkezilýär, emma bu gezek Lexus dünýä bazary üçin niýetlenen geljekki modeliň nusgasyny köpçülige ýetirdi
24.04.2025 18:04
7.9k+
Iordaniýada faraon Ramses III-niň ýazgysy tapyldy
Iordaniýanyň günortasyndaky Wadi-Ram goraghanasynda gadymy Müsür faraony Ramses III-niň iki kartuşly ieroglif ýazgysy tapyldy. Bu barada ýurduň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministri Lina Annab habar berdi
24.04.2025 17:55
6.7k+
Ýaponiýada ýyldyrym urmasyny özüne kabul edýän dronlar synagdan geçirildi
Ýaponiýada Nippon Telegraph and Telephone (NTT) kompaniýasy tarapyndan döredilen ýyldyrym urgusyny sowýan dronlaryň synaglary geçirildi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Synaglar 2024-nji ýylyň dekabryndan 2025-nji ýylyň ýanwary aralygynda 900 metr belentlikde Hamada şäheriniň golaýyndaky daglarda geçirildi
24.04.2025 17:52
3.5k+
Duolingo-da küşt boýunça okuw sapaklary peýda bolar
Dil öwretmek boýunça okuw sapaklary bilen tanalýan Duolingo programmasy täze okuw ugruny – küşti goşar. Ol ýaňy başlan küştçülere niýetlenip, oýnuň esasy düzgünlerini öwredýär. Ilkibaşda okuwlar iňlis dilli iOS ulanyjylary üçin elýeterli bolar diýip, The Verge we CNET ýazýar
24.04.2025 17:49
6.5k+
“Barselona” baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany uzaltdy
Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany ýene bir möwsüm uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada Marca neşiri habar berýär. Taraplar ýakynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň şertleri barada ylalaşdy
24.04.2025 16:16
5.7k+
Bitkoin bazar gymmaty boýunça Google-dan öňe geçdi we dünýäniň iň gymmat bäş aktiwiniň hataryna girdi
Bitkoiniň bahasy 6% ýokarlandy we 93,9 müň dollara ýetdi. Kriptowalýutanyň bazar gymmaty 1,862 trln dollar boldy. Şeýlelikde, bitkoin dünýäniň iň gymmat aktiwleriniň sanawynda bäşinji orna çykdy we bazar gymmaty 1,859 trln dollar bolan Alphabet korporasiýasyny (Google-yň eýesi) yzda galdyrdy
«
1
…
292
293
294
…
1118
»
«
1
…
289
290
291
292
293
294
295
296
297
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.