Bitkoin bazar gymmaty boýunça Google-dan öňe geçdi we dünýäniň iň gymmat bäş aktiwiniň hataryna girdi

24.04.2025, 11:165,691

Bitkoiniň bahasy 6% ýokarlandy we 93,9 müň dollara ýetdi. Kriptowalýutanyň bazar gymmaty 1,862 trln dollar boldy. Şeýlelikde, bitkoin dünýäniň iň gymmat aktiwleriniň sanawynda bäşinji orna çykdy we bazar gymmaty 1,859 trln dollar bolan Alphabet korporasiýasyny (Google-yň eýesi) yzda galdyrdy.

Dünýä boýunça iň gymmat aktiw – altyndyr ($22,327 trln). Ondan soň Microsoft ($3,726 trln), Apple ($3 trln) we Nvidia ($2,412 trln) ýerleşýär.
Analitikleriň pikirine görä, bitkoiniň bahasynyň ýokarlanmagy we öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň gymmatlamagy ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gapma-garşylygynyň ýuwaş-ýuwaşdan gowulaşýandygynyň alamatlarydyr. Microsoft-yň, Apple-yň we Nvidia-nyň paýnamalary 22-23-nji aprel aralygynda ýokarlandy we häzirem gymmatlamaga dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.