Türkmen türgenleri milli göreş boýunça halkara ýaryşyň birinji gününde jemi 14 medal gazandylar
24.04.2025 16:11
10k+

Türkmen türgenleri milli göreş boýunça halkara ýaryşyň birinji gününde jemi 14 medal gazandylar

23-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda  sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş badalga aldy. Ýaryşa Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Belarusdan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan türgenler gatnaşýarlar
Arheologlar Çingiz hanyň döwrüniň tötänleýin tapylan artefaktlaryny öwrenýär
24.04.2025 12:37
8.7k+

Arheologlar Çingiz hanyň döwrüniň tötänleýin tapylan artefaktlaryny öwrenýär

Sibir federal uniwersitetiniň (SFU) arheologlary Krasnoýarsk ülkesiniň A.I.Kytmanow adyndaky Ýeniseýsk muzeýiniň kolleksiýalaryny öwrenip, Mongol imperiýasynyň güllän döwri bolan XIII-XIV asyrlara degişli artefaktlary tapdy
Hyundai goşa elektromotorly öwrülişikli gibrid transmissiýany hödürledi
24.04.2025 12:32
6.3k+

Hyundai goşa elektromotorly öwrülişikli gibrid transmissiýany hödürledi

Seulda geçirilen Gibrid Tech Day çäresinde Hyundai P1 + P2 arhitekturaly gibrid transmissiýasynyň täze neslini görkezdi. Onda iki sany elektrik hereketlendirijisi ulanylýar: biri çekiş we energiýany dikeltmek üçin, ikinjisi hereketlendirijini işe girizmek we zarýad bermek üçin
Hytaýda dünýäniň iň uly suw uçary ulanylmaga berildi. Oňa 12 tonna çenli suw sygýar
24.04.2025 12:26
13k+

Hytaýda dünýäniň iň uly suw uçary ulanylmaga berildi. Oňa 12 tonna çenli suw sygýar

Hytaýyň Raýat awiasiýasynyň baş müdirligi (CAAC) AG600M “Kunlun” raýat suw uçaryny tassyklady. Ol dünýädäki iň uly amfibiýa uçary hasaplanýar. Işläp taýýarlama Hytaýyň AVIC korporasiýasy tarapyndan amala aşyryldy
NASA: jaýryklar we howanyň syzmagy HKS-niň howpsuzlygyna zyýan ýetirýär
24.04.2025 12:20
3.9k+

NASA: jaýryklar we howanyň syzmagy HKS-niň howpsuzlygyna zyýan ýetirýär

Halkara kosmos stansiýasy (HKS) öz işiniň töwekgelçilikli döwrüni başdan geçirýär. Howpsuzlyk boýunça konsultatiw toparynyň mejlisinde NASA-nyň hünärmenleri stansiýada jaýryklaryň peýda bolandygyny, howanyň syzýandygyny we ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigini aýtdy
Marsda syrly girdap tapyldy: ol meteoritiň yzy ýa-da gowaga giriş bolup biler
24.04.2025 12:13
8.1k+

Marsda syrly girdap tapyldy: ol meteoritiň yzy ýa-da gowaga giriş bolup biler

Martda geljekki ylmy gözlegler üçin gyzykly bolup biljek syrly girdap tapyldy. Orbitadan alnan planetanyň üstüniň suraty şweýsar peýnirini ýada salýan köp deşikli ýeri görkezýär. Bu deşikleriň üsti bilen kömürturşy gazyndan ybarat buzuň aşagyndaky Marsyň gara üstüni görmek bolýar
Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Özbegistana bardy
24.04.2025 11:59
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Özbegistana bardy

23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär
Hrwoýe Swetanowiç Horwatiýanyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde işe başlady
24.04.2025 11:49
2.7k+

Hrwoýe Swetanowiç Horwatiýanyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde işe başlady

23-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi
Alymlar kebelekleriň täze gizlin görnüşini tapdylar. Olar 40 müň ýyl bäri kowumdaşlaryndan gaça durýarlar
24.04.2025 11:35
4.7k+

Alymlar kebelekleriň täze gizlin görnüşini tapdylar. Olar 40 müň ýyl bäri kowumdaşlaryndan gaça durýarlar

Kanadanyň günorta-günbataryndaky Alberta welaýatynyň Uoterton-Leýks milli seýilgähinde kebelekleriň aýrybaşgalaşan topary tapyldy. Olar täze görnüş - Satyrium curiosolus hökmünde ykrar edildi. Alberta uniwersitetiniň Kristian Şmidtiň we Jon Spensiň ýolbaşçylygyndaky entomologlary ilki bu kebelekleri Satyrium semiluna görnüşine degişli edipdiler
Gurbanguly Berdimuhamedow Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna baryp gördi
24.04.2025 11:27
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna baryp gördi

23-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen bilelikde Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna baryp gördi. 10 müň adama niýetlenen bu toplum Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär we 25 gektar meýdany eýeleýär
Türkmen halkynyň Milli Liderine milli gyrgyz ak öýi hem-de Han atly bedew sowgat berildi
24.04.2025 11:12
12k+

Türkmen halkynyň Milli Liderine milli gyrgyz ak öýi hem-de Han atly bedew sowgat berildi

23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyrgyz milli ak öýüne baryp gördi. Türkmenlerde bolşy ýaly, gyrgyzlarda hem ak öýe aýratyn sarpa goýulýar
Gyrgyzystanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi
24.04.2025 11:03
2.9k+

Gyrgyzystanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi

23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy. “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň
Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanda “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine baryp gördi
24.04.2025 10:32
7.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanda “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine baryp gördi

22-23-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy. Saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowbilen bilelikde Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine baryp gördi
Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi
24.04.2025 10:21
2.2k+

Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi

23-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýurdumyzdan we daşary döwletlerden atşynaslar gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär
Türkmenistanyň 4 raýatyna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy
24.04.2025 09:53
5.6k+

Türkmenistanyň 4 raýatyna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlaryna
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
24.04.2025 09:38
22k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Pahalgam şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket zerarly gynanç hatyny iberdi
Google Photos-da suratyň hilini Ultra HDR-e çenli ýokarlandyrmak funksiýasy peýda boldy
23.04.2025 23:36
2.5k+

Google Photos-da suratyň hilini Ultra HDR-e çenli ýokarlandyrmak funksiýasy peýda boldy

Google Photos surata düşüreniňden soň adaty suratlary Ultra HDR formatyna çenli kämilleşdirýän täze funksiýany işe girizdi. Bu funksiýa ýagtylygy we reňkleriň doýgunlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Funksiýa 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda peýda boldy, ýöne häzire çenli işjeňleşdirilmedi
Airbus wodorod uçaryny çykarmagyň möhletini gijikdirýär. Onuň bahasy kompaniýa 1,7 milliard ýewro düşdi
23.04.2025 23:34
8.5k+

Airbus wodorod uçaryny çykarmagyň möhletini gijikdirýär. Onuň bahasy kompaniýa 1,7 milliard ýewro düşdi

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli wodorod bilen işleýän nol zyňyndyly ýolagçy uçaryny çykarmak meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär. Taslama 2020-nji ýylda hödürlenipdi
Land Rover klassiki Range Rover L322-i täzeledi. Täze model has "akylly" boldy
23.04.2025 23:25
5.1k+

Land Rover klassiki Range Rover L322-i täzeledi. Täze model has "akylly" boldy

Land Rover 2010-2012-nji ýyllar aralygynda öndürilen Range Rover L322 üçin multimediýa ulgamyny täzeledi. Bu ulag indi Apple CarPlay-i we Android Auto-ny goldaýar. Täzelenme Land Rover Classic bölümi tarapyndan taýýarlandy
«Volkswagen ID. Unyx 06» Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy
23.04.2025 16:34
5.2k+

«Volkswagen ID. Unyx 06» Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy

JAC Motors bilen Volkswagen-iň bilelikdäki Volkswagen Anhui kärhanasy Hytaýda täze «Yuzhong 06» kupe-krossowerini, ýagny «ID. Unyx 06» atly täze modelini resmi taýdan hödürledi diýip, «ITHome» portaly habar berýär
Günorta Koreýada täsin elektrowelosiped - Kosmos F5 tanyşdyryldy
23.04.2025 16:32
14k+

Günorta Koreýada täsin elektrowelosiped - Kosmos F5 tanyşdyryldy

Günorta Koreýaly Kosmos startapy öňdäki tigiri spitsasyz bolan F5 model elektrowelosipedini hödürledi. Elektrowelosipediň agramy 22 kilogram, ony bary-ýogy 10 sekundyň dowamynda aňsatlyk bilen ikä epläp, ýygnap bolýar
ABŞ Mars ýaryşynda yza galdy: Hytaý 2031-nji ýyla çenli ilkinji bolup Gyzyl planetadan toprak getirer
23.04.2025 16:29
9.4k+

ABŞ Mars ýaryşynda yza galdy: Hytaý 2031-nji ýyla çenli ilkinji bolup Gyzyl planetadan toprak getirer

Ak tam NASA-nyň «Mars Sample Return» (Marsdan nusga getirmek) maksatnamasyna maliýe goldawynyň ýatyrylmagyny teklip etdi. Bu maksatnama Marsdan ýygnalan toprak nusgalarynyň Ýere getirilmegini maksat edinýärdi. Çykdajylaryň artmagy we gijikmeler sebäpli kabul edilen karar bu ugurda öňdeligi Hytaýa berýär
Nissan 15 ýyllyk Patrol Y62 modelini täzeledi: täze ekran, öňki V8
23.04.2025 16:27
7k+

Nissan 15 ýyllyk Patrol Y62 modelini täzeledi: täze ekran, öňki V8

Y63 kuzowly we V6 hereketlendirijili täze «Nissan Patrol-yň» bazara çykanyna alty aý bolandygyna garamazdan, kompaniýa 15 ýyl mundan ozal çykarylan «Patrol Y62» modelini täzelemäge karar berdi. Täzelenen «Nissan Patrol Y62», esasan, Awstraliýanyň bazary üçin niýetlenendir
Dünýädäki ilkinji SD Express 8.0 ýat kartasy tanyşdyryldy, ol käbir SSD-lerdenem çalt
23.04.2025 16:24
2.9k+

Dünýädäki ilkinji SD Express 8.0 ýat kartasy tanyşdyryldy, ol käbir SSD-lerdenem çalt

Adata kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup SD Express 8.0 standartlaryna laýyk gelýän ýat kartasyny tanyşdyrdy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze kartanyň okaýyş tizligi sekuntda 1,6 gigabaýt, ýazyş tizligi bolsa sekuntda 1,2 gigabaýda ýetýär
Dynç almak üçin dünýäniň iň gowy kenarlarynyň reýtingi düzüldi
23.04.2025 16:14
9.8k+

Dynç almak üçin dünýäniň iň gowy kenarlarynyň reýtingi düzüldi

TripAdvisor hyzmatynyň analitikleri dünýädäki iň meşhur kenarlary seljerip, iň gowy kenarlaryň reýtingini düzdüler. Reýtingde birinji orna Gresiýadaky Elafonisi kenary mynasyp boldy. Syýahatçylaryň sözlerine görä, bu ýer öz gözelligi, arassalygy we amatly mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar
Aşgabatda okuwçylaryň arasynda II halkara matematika olimpiadasy geçirilýär
23.04.2025 15:51
4.5k+

Aşgabatda okuwçylaryň arasynda II halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

22-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasy badalga aldy. Ministrligiň metbugat
Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli atlaryň marafon bäsleşigi guraldy
23.04.2025 15:36
6.8k+

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli atlaryň marafon bäsleşigi guraldy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde atlaryň uzak aralyga ýöriş — marafon bäsleşigi guraldy. “Türkmenistan” gazetinde habar berlişi ýaly, bäsleşik iki tapgyrda geçirildi
Kepler-139 ýyldyzlar ulgamynda “görünmeýän” planeta tapyldy
23.04.2025 15:12
4.4k+

Kepler-139 ýyldyzlar ulgamynda “görünmeýän” planeta tapyldy

Prinston uniwersitetiniň astronomlary Kepler-139 ulgamynda täze ekzoplanetanyň tapylandygyny habar berdiler. Onuň göni özüni däl-de, goňşy jisimlere ýetirýän dartyş güýjüniň täsiri arkaly tapmak başartdy. Kepler-139f atly täze ekzoplaneta Gün ulgamyndan 1289 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän ykjam ulgamda belli bäşinji planeta boldy
Hünärmenler Hytaý bolmasa, Maskyň Optimus robotlarynyň köpçülikleýin önümçiligini gijikdirmeli boljakdygyny aýdýarlar
23.04.2025 15:09
7.7k+

Hünärmenler Hytaý bolmasa, Maskyň Optimus robotlarynyň köpçülikleýin önümçiligini gijikdirmeli boljakdygyny aýdýarlar

Tesla kompaniýasy bu golaýda bahasy 20 müň dollarlyk Optimus gumanoid robotlaryny köpçülikleýin öndürip bilmez. Robototehnika pudagynyň hytaýly bilermenleri şeýle pikir edýärler diýip, South China Morning Post habar berýär
Porsche yzy görkezýän kameradaky näsazlyk sebäpli 17 000-den gowrak Macan-y yzyna çagyrýar
23.04.2025 15:07
3k+

Porsche yzy görkezýän kameradaky näsazlyk sebäpli 17 000-den gowrak Macan-y yzyna çagyrýar

Porsche kompaniýasy yzy görkezýän kameranyň näsazlygy sebäpli 2021-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda öndürilen 17 müňden gowrak Macan awtoulagynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Näsazlyk ekranyň ýüzünde hiç hili şekiliň bolmazlygyna getirip biler, bu dürli tarapa öwrülmegi we awtoulagy duralga goýmagy kynlaşdyrar, heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler
ABŞ Günorta-Gündogar Aziýadan Gün panelleriniň importyna 3521%-e çenli gümrük paçlaryny girizdi
23.04.2025 15:02
7.9k+

ABŞ Günorta-Gündogar Aziýadan Gün panelleriniň importyna 3521%-e çenli gümrük paçlaryny girizdi

ABŞ-nyň Söwda ministrligi 21-nji aprelde Kambojada, Wýetnamda, Malaýziýada we Tailandda öndürilen Gün panelleriniň importyna täze gümrük paçlarynyň girizilendigini mälim etdi. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär
2026-njy ýylyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy
23.04.2025 14:53
5.9k+

2026-njy ýylyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy indiki “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçiriler. “Öz senenamaňyza belläň! 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda, ýekşenbe güni geçer
“Günäliler” horrorynyň režissýory “Gizlin materiallar” teleserialynyň gorkuly wersiýasyny düşürer
23.04.2025 14:48
2.7k+

“Günäliler” horrorynyň režissýory “Gizlin materiallar” teleserialynyň gorkuly wersiýasyny düşürer

Geçen hepde “Günäliler” (Грешники) horroryny çykaran režissýor Raýan Kugler indiki taslamasy barada gürrüň berdi. Ol nusgawy “Gizlin materiallar” (Секретные материалы) serialyny gaýtadan düşürmegi meýilleşdirýär diýip, Deadline habar berýär
Mercedes-Benz V-Class-y täzeleýär we täze miniwenleri taýýarlaýar
23.04.2025 14:37
2.8k+

Mercedes-Benz V-Class-y täzeleýär we täze miniwenleri taýýarlaýar

Mercedes-Benz V-Class-y täzeläp, öz premium miniwenlerine täze atlary berýär. Şanhaýdaky awtosalonda Vision V modeli görkeziler. Bu VLS atly geljekki ýokary derejeli modeliň konseptidir. Şeýle-de, VLE wersiýasy görkezilmäge taýýarlanýar
Şu gün YouTube-a ilkinji wideo ýüklenenine 20 ýyl doldy. Wideo näme barada?
23.04.2025 14:31
11k+

Şu gün YouTube-a ilkinji wideo ýüklenenine 20 ýyl doldy. Wideo näme barada?

Şu gün YouTube-da ilkinji wideonyň neşir edilenine doly 20 ýyl bolýar – 2005-nji ýylyň 23-nji aprelinde platformada «Me at the zoo» (Men haýwanat bagynda) atly 18 sekuntlyk wideo peýda bolupdy. Dünýäniň iň uly wideo platformasynyň başyny başlan ýazgy şol wideo bolupdy
Arheologlar Kairiň golaýynda faraonyň oglunyň mazaryny tapdylar
23.04.2025 14:18
7k+

Arheologlar Kairiň golaýynda faraonyň oglunyň mazaryny tapdylar

Arheologlar Kairiň golaýyndaky Sakkara nekropolunda Gadymy Müsüriň V nesilşalygynyň düýbüni tutan faraon Userkafyň ogly şazada Waser-if-reniň guburyny tapdylar. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi habar berdi
Çendenaşa sary, çendenaşa güýçli: Mansory ýagty salony bilen täzeden bezelen Audi RS Q8-i hödürledi
23.04.2025 14:11
6.5k+

Çendenaşa sary, çendenaşa güýçli: Mansory ýagty salony bilen täzeden bezelen Audi RS Q8-i hödürledi

Mansory kompaniýasy «Audi RS Q8» kysymly ulagy düýpli täzeden işläp taýýarlady: onuň tehniki aýratynlyklary kämilleşdirildi, daşky görnüşi we interýeri bolsa düýpgöter üýtgedildi. Täze týuning toplumy karbon elementleri, gara radiator gözenegini, täzeden işlenip taýýarlanan bamperleri we agressiw howa akym elementlerini öz içine alýar
Alymlar Türkiýede Nuhuň gämisiniň çen bilen ýerleşýän ýerinde  gazuw-agtaryş işlerine başlarlar
23.04.2025 14:04
11k+

Alymlar Türkiýede Nuhuň gämisiniň çen bilen ýerleşýän ýerinde  gazuw-agtaryş işlerine başlarlar

"Noah’s Ark Scans" taslamasynyň türkiýeli, beýik britaniýaly we ABŞ-ly arheologlardan ybarat barlagçylary Türkiýäniň Ararat dagynyň 30 km günortasynda Nuh gämisiniň çen bilen ýerleşýän ýerini öwrenmek boýunça meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar
ABŞ-ly alymlar täze reňk tapdylar. Ol gözüň torly perdesine lazer täsir edende ýüze çykdy
23.04.2025 13:36
5.3k+

ABŞ-ly alymlar täze reňk tapdylar. Ol gözüň torly perdesine lazer täsir edende ýüze çykdy

Amerikaly barlagçylar topary täze reňkiň tapylandygyny habar berdiler. Pöwrizäniň bu öwüşginini diňe gözüň torly perdesine lazeriň täsir etmegi arkaly görüp bildiler diýip, Science Advances žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar
Öýümiz: «Nat Geo Your Shot 2025» surat bäsleşiginiň iň gowy suratlary neşir edildi
23.04.2025 13:22
5.1k+

Öýümiz: «Nat Geo Your Shot 2025» surat bäsleşiginiň iň gowy suratlary neşir edildi

Gregoriniň ýolbaşçylygyndaky emin agzalary tebigatyň hem-de haýwanat dünýäsiniň gözelligini görkezýän iň gowy suratlary saýladylar. Bäsleşik her ýyl 22-nji aprelde bellenilýän Ýer güni mynasybetli geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin işler şu aýyň ahyryna çenli kabul edilýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.