Öýümiz: «Nat Geo Your Shot 2025» surat bäsleşiginiň iň gowy suratlary neşir edildi

23.04.2025, 13:225,102
1 / 12

Gregoriniň ýolbaşçylygyndaky emin agzalary tebigatyň hem-de haýwanat dünýäsiniň gözelligini görkezýän iň gowy suratlary saýladylar.

Bäsleşik her ýyl 22-nji aprelde bellenilýän Ýer güni mynasybetli geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin işler şu aýyň ahyryna çenli kabul edilýär. Ondan soň Gregori iň gowy 10-15 suraty saýlap, 30-njy aprelde hödürlenjek täsirli wideo goşar.
«Nat Geo Your Shot» bäsleşigine gatnaşmak örän aňsat. Suratçylar 22-nji aprele çenli Instagram-da «#NatGeoYourShotOurHOME» heştegi bilen öz işlerini paýlaşsalar ýeterlik. Bäsleşikde belli bir baýrak göz öňünde tutulmasa-da, bu alty milliondan gowrak tomaşaçynyň öňünde öz işiňi görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Ynha, ýokary baha berlen işleriň käbirleri:

Ýoluň ortasynda uklan ýolbars / © Hardik Şelat (Hardik Shelat)

Täze Zelandiýanyň Egmont milli seýilgähindäki jülgeli tropiki tokaý / © Aýa Okawa (Aya Okawa)

Galapagos adalaryndaky Salli Laýtfut leňňeji / © Ýoana Katalina (Ioana Catalina)

Ýellouston milli seýilgähindäki amerikan gäwmiş sürüsi / © Lewitikus Raýt (Leviticus Wright)

Hindistanyň Kaziranga milli seýilgähindäki kerk / © Siddik Sk (Siddique Sk)

Folklend (Malwin) adalarynyň kert gaýalaryndaky pingwinler / © Koki Sinoda (Koki Shinoda)

Ýylmanak tüýli samyrlar topary / © Ýaş Darži (Yash Darji)

Kanadanyň Gaýaly daglarynda meýdan gülleri bilen örtülen baýyrdaky geçi / © Mitçell Leong (Mitchell Leong)

Awstraliýanyň gündogar kenary boýunça ýüzýän äpet kitler / © Tim Býorjess (Tim Burgess)

Köprüniň diwaryndaky deşikden çykyp barýan kenar maýnalary / © Dhawal Bhadaniýa (Dhaval Bhadania)

Kaliforniýadaky potensial işjeň wulkan – Şasta dagy / © Ýasen Todorow (Jassen Todorov)

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.