Internet taryhynda heniz beýle zat bolup görmändi: GTA 6 global internet trafigini sekuntda 33,03 terabite ýetirdi

Şu gün, 10:061,016

Meşhur GTA 6 wideooýny internet trafigi boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Halkara internet operatorlarynyň biri bolan DE-CIX kompaniýasynyň habar bermegine görä, oýnuň çykmagy bilen internet trafiginiň tizligi sekuntda 33,03 terabit derejesine ýetdi.

Bu rekord 18-nji noýabrda, oýun Täze Zelandiýada satuwa çykarylan güni hasaba alyndy. Oýnuň çykarylan pursadynda internet arkaly maglumat alyş-çalşygyň möçberi adaty hepdelerdäki görkezijiden 25% ýokary boldy.

Streams Charts kompaniýasynyň maglumatlarynda GTA 6-nyň çykarylan gününde dürli platformalarda oýna bagyşlanan göni ýaýlymlaryň jemi 7,91 mln tomaşaçy ýygnandygy aýdylýar.

Oýnuň PlayStation 5 we Xbox Series konsollary üçin resmi satuwy 19-njy noýabrda başlandy. Ilkinji gije-gündiziň dowamynda onuň 24,58 mln nusgasy satyldy. Oýnuň satuwyndan gelen girdeji bolsa 2,3 mlrd dollardan geçdi.

Şeýle hem GTA 6 Metacritic reýting platformasynda 100 baldan 99 bal alyp, taryhda iň ýokary baha berlen oýunlaryň birine öwrüldi.