Täze bölüminiň çykmagyna 13 ýyllap garaşylan GTA VI ahyry çykdy. Oýny ilkinji bolup synap görenler eýýäm Waýs-Siti şäherine baha bermäge ýetişdiler. Şol bir wagtyň özünde, täze oýunda iň adaty gündelik işler bilen hem sagatlap meşgullanyp bolýandygyny anykladylar.
Oýnuň çykmagyna şeýle bir uzak garaşyldy welin, bu wagtyň dowamynda GTA-nyň köp muşdagy ulalyp, kär edinip, hatda maşgalaly we çagaly bolup hem ýetişdiler. Indi olar ene-atalaryndan rugsat soramagyň deregine, iş ýerindäki ýolbaşçylaryndan rugsat almaly bolýarlar.

2013-nji ýyl: «Eje, bu ýaryş oýny ahyryn, alyp beräý».
2026-njy ýyl: «Ezizim, gapjygymy alyp beräý».
Oýun çykmazynyň öňüsyrasynda käbir oýunçylar köpçülikleýin zähmet rugsadyna çykdylar, käbir kompaniýalar bolsa işgärlerine goşmaça dynç günlerini berdiler. Mysal üçin, Pocketpair studiýasy işgärlerini «Weýs-Sitä gyssagly bäş günlük iş saparyna» iberdi. Logitech kompaniýasy oýnuň çykan güni ýedi müňe golaý işgärine dynç berdi. Kanadanyň Edison Motors kompaniýasynyň işgärleri bolsa yzly-yzyna dört gün dynç aldylar. Hatda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky harby bölümleriniň birinde hem GTA oýnamak üçin dört günlük rugsat alyp bolýar, ýöne munuň üçin harby gulluk şertnamasynyň möhletini uzaltmak talap edilýär.
Käbir oýunçylar öýde hem özlerine amatly şertleri döretmegi başardylar. Beýik britaniýaly Şon Littl bir hepdelik zähmet rugsadyndan başga-da, aýaly bilen gyzyny «oýna päsgel bermezlik barada şertnama» gol çekmäge razy etdi. Az-kem hak töleginiň deregine olar oýun wagtynda onuň ünsüni bölmezlige we iti gezdirmek, gap-gaç ýuwmak ýaly käbir öý işlerinden boşatmaga razy boldular.
Şol bir wagtyň özünde, oýunçylaryň ilkinji täsirlerinden görnüşi ýaly, GTA VI-da jenaýatçylyk we atyşyklar bilen çäklenmeýärler. Weýs-Sitiniň jikme-jik işlenen dünýäsi asuda işler bilen meşgullanmaga hem mümkinçilik berýär. Ulanyjylar öýlerini abadanlaşdyrýarlar, içki bezegini üýtgedýärler we gündelik hojalyk işlerine onlarça minut sarp edýärler. Jaýlaryň birinde telewizora tomaşa etmek we kiçiräk oýunlary oýnamak mümkinçiligi hem döredilipdir.
Aýratyn-da, oýun gahrymanynyň smartfony köpçüligiň ünsüni çekdi. Onda oýnuň içinde döredilen sosial toruň lentasy bar. Ulanyjylar ýazgylardan we teswirlerden beýleki adamlaryň profillerine geçip, suratlara tomaşa edip, şäher ýaşaýjylarynyň wirtual durmuşyny öwrenip bilýärler.
Indi oýundaky awtoulaglara hem ýangyç guýmak ýa-da batareýasyny zarýadlamak zerur.

Reddit ulanyjysy NakedSnake2 2008-nji, 2012-nji we 2026-njy ýyllarda GTA-nyň täze oýnunyň diskini elinde saklap düşen suratyny paýlaşdy.
Oýunçylar eýýäm başga-da köp sanly adaty bolmadyk güýmenjeleri tapdylar. Oýunda gara äýnek dakynan it bilen gidrosikl sürmek, tebigaty goraýjylara ak aýyny boşatmaga kömek etmek, pişik ýa-da alligator bilen pete-pet bolmak ýaly başga-da güýmenjeler bar.
Oýnuň has geň galdyryjy taraplaram bar. Mysal üçin, toslanyp tapylan Leonida ştaty «furry-lerden azat» diýlip yglan edilipdir. «Furry» sözi ýumşak tüýli diýen manyny berýär we antropomorf haýwanlara bagyşlanan submedeniýeti aňladýar.
Elbetde, oýny işläp düzüjiler dürli gizlin sowgatlary — pasha paýlary hem ýatdan çykarmandyrlar. Radio diňleriniň birinde dürli reňkli ýumurtgalardan doly äpet höwürtgeler tapyldy.
Oýunçylaryň we tankytçylaryň ilkinji seslenmeleri, umuman, örän oňyn boldy. Käbirleri GTA VI-ny iň gowy durmuş simulýatorlarynyň biri diýip atlandyryp, onuň 13 ýyllap garaşylanyny ödändigini belleýär. Şeýle-de bolsa, oýnuň çykmagy bilen käbir jedeller hem döredi. Ulanyjylaryň birnäçesi oýny aşa syýasy ýörelgelere eýermekde tankytlaýarlar. Oýunçylaryň bir bölegi seriýada ilkinji gezek zenan keşbiniň — Lusiýa Kaminosyň esasy gahryman edilmegine nägilelik bildirdiler.
Sensor Tower seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň wagty bilen 19-njy noýabryň agşamyna çenli Grand Theft Auto VI oýnunyň dünýä boýunça satuwy, takmynan, 24,58 million nusga ýetdi. Oýnuň satuwyndan gelen girdeji bolsa 2,36 milliard dollar töweregi boldy. Şeýlelikde, ol çykandan soňky ilkinji 24 sagadyň netijesi boýunça oýun bazarynda täze rekord goýdy.
Deňeşdirip aýtsak, GTA 5 oýny 2013-nji ýylda çykandan soňky ilkinji 24 sagadyň dowamynda 11,2 million nusgada satylyp, 800 million dollar girdeji getiripdi.
Girdejiň şeýle ýokary bolmagynyň esasy sebäpleriniň biri, oýnuň bahasynyň ýokarlanmagydyr. GTA 6-nyň ABŞ-daky standart neşiri 80 dollardan satylýar. GTA 5-iň satuwa çykan wagtyndaky bahasy bolsa 60 dollar bolupdy.
Häzirlikçe GTA VI diňe PlayStation 5 we Xbox Series platformalarynda elýeterlidir.