GTA VI oýny heniz çykmanka sargytlardan $1,4 milliard gazandy

Düýn, 07:582,629

Grand Theft Auto VI (GTA VI) oýnunyň deslapky sargytlarynyň sany 14,9 milliona ýetdi, olaryň umumy bahasy bolsa 1,4 milliard dollardan geçdi. Bu barada «Sensor Tower» kompaniýasynyň hasaplamalarynda aýdylýar.

Deslapky sargytlaryň esasy bölegi «PlayStation» platformasyna düşýär — 76 göterim. Galan 24 göterimi «Xbox» ulanyjylary tarapyndan amala aşyryldy. 27-nji awgustda «Netflix» «Rockstar Games» kompaniýasynyň täze oýny barada giňişleýin synyny görkezeninden soň, sargytlaryň sany tizara alty esse artdy. Awgust aýynda «PlayStation» we «Xbox» platformalarynda oýnuň gazanylýan gündelik girdeji 2,4 million dollardan 3,8 million dollar aralygynda boldy.

«Sensor Tower» kompaniýasynyň hünärmenleriniň pikirine görä, GTA VI çykandan soň «Fortnite», «GTA Online» we beýleki iri AAA derejeli oýunlar geýmerleriň belli bir bölegini ýitirmegi ähtimal.

Oýnuň «PlayStation 5» we «Xbox Series X|S» platformalary üçin 19-njy noýabrda çykmagy meýilleşdirilýär. «The Wall Street Journal» neşiriniň maglumatyna görä, oýnuň ABŞ-daky we Beýik Britaniýadaky ençeme muşdaklary ýörite oýnuň çykjak döwrüne gabatlap zähmet rugsadyny alýarlar.

Tapgyryň öňki Grand Theft Auto V bölümi 2013-nji ýylda çykandan soňky ilkinji üç günüň dowamynda «Rockstar Games» kompaniýasyna 1 milliard dollar girdeji getirdi. Häzirki wagta çenli bu tapgyra degişli oýunlaryň umumy satuwy 475 million nusgadan geçdi.