Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy
17.03.2026 16:06
3.4k+

Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy

Her bir siwilizasiýa öz yzynda döwrüniň maddy subutnamalaryny galdyrýar. Häzirki zaman dünýäsinde iri inženerçilik we ylmy taslamalar şeýle simwollara öwrülýär. laryň köpüsiniň işlenip düzülmegi üçin onlarça ýyl gerek boldy we ägirt uly maliýe we tehnologik serişdeleri talap etdi
Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
17.03.2026 15:58
7.9k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi
Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy
17.03.2026 15:50
1.8k+

Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy

Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi
Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi
17.03.2026 15:49
4k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy
Ýapon alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin hemişe aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler
17.03.2026 15:38
11k+

Ýapon alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin hemişe aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler

Ýaponiýanyň Ýamaguti uniwersitetiniň alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler. Bu barlagyň netijeleri The Anatomical Record ylmy žurnalynda çap edildi. Bu ýagdaý haýwanyň oňurgasynyň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr
Infiniti QX80 wnedorožnikleriniň has güýçli wersiýalaryny taýýarlaýar
17.03.2026 15:32
2.2k+

Infiniti QX80 wnedorožnikleriniň has güýçli wersiýalaryny taýýarlaýar

Infiniti kompaniýasy täze nesil QX80 modeliniň hataryny has güýçli we çalt modifikasiýalar bilen giňeltmekçi bolýar. Bu barada brendiň önümler boýunça direktory Braýan Maranýo «Automotive News» neşirine habar berdi
“Çelsä” öňki maliýe düzgün bozmalary sebäpli 10,75 million funt sterling jerime salyndy
17.03.2026 15:25
2.8k+

“Çelsä” öňki maliýe düzgün bozmalary sebäpli 10,75 million funt sterling jerime salyndy

Angliýanyň premier-ligasy Londonyň “Çelsi” klubuna 2011-2018-nji ýyllar aralygynda, klub Roman Abramowiçiň eýeçiliginde bolan döwründe goýberilen maliýe düzgün bozulmalary üçin 10,75 million funt sterling (takmynan 14,3 million dollar) jerime saldy
Fransiýa bir asyr mundan öň alnyp gidilen «gepleýän depregi» Kot-d’Iwuara gaýtaryp berdi
17.03.2026 10:56
8.2k+

Fransiýa bir asyr mundan öň alnyp gidilen «gepleýän depregi» Kot-d’Iwuara gaýtaryp berdi

Fransiýa mundan 110 ýyl ozal Kot-d’Iwuardan alnyp gidilen rowaýaty «Jiji Aýokwe» atly «gepleýän depregi» yzyna gowşurdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. Uzynlygy 4 metr, agramy 430 kilogram bolan bu äpet saz guraly adamyň gepleýiş sesini gaýtalamaga ukyplydyr
Hytaý taryhda ilkinji bolup Marsyň nusgalaryny Ýere getirmäge taýýarlanýar
17.03.2026 10:35
1.9k+

Hytaý taryhda ilkinji bolup Marsyň nusgalaryny Ýere getirmäge taýýarlanýar

Hytaý özüniň ägirt uly maksatnamasy bolan «Tianwen-3» taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge resmi taýdan girişdi we Marsyň toprak nusgalaryny Ýere getirmeli ilkinji missiýasynyň enjamlaryny ýygnap başlady. Nusgalaryň 2031-nji ýylda Ýere getirilmegi meýilleşdirilýär
Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy
17.03.2026 10:29
994

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär
Bu Renault brendiniň geljegi: şeýle awtoulaglar goşmaça ýangyç guýulmazdan 1400 km-e çenli ýol geçip biler
17.03.2026 10:18
2.3k+

Bu Renault brendiniň geljegi: şeýle awtoulaglar goşmaça ýangyç guýulmazdan 1400 km-e çenli ýol geçip biler

Renault kompaniýasy ilkinji gezek täze RGEV medium 2.0 modul platformasyny görkezýän R-Space Lab konsepsiýa kompaktweni bilen tanyşdyrdy. Bu arhitektura seriýaly gibridler we elektrik awtoulaglary üçin niýetlenendir
Belgiýaly dizaýner köne harby ýatakhanalary kaşaň myhmanhana öwürdi 
17.03.2026 09:21
4.8k+

Belgiýaly dizaýner köne harby ýatakhanalary kaşaň myhmanhana öwürdi 

Belgiýaly dizaýner Lionel Žado B2Ai binagärlik firmasy we Jam Hotels myhmanhana brendi bilen hyzmatdaşlykda Gent şäherindäki öňki harby ýatakhanany 108 otagly myhmanhana öwürdi. Taslama Studio Lionel Jadot tarapyndan işlenip düzüldi
Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar
17.03.2026 09:14
3.9k+

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär
Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak hakynda Permana gol çekdi
17.03.2026 08:01
9k+

Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri baradaky Permana gol çekdi
16.03.2026 23:40
19k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri baradaky Permana gol çekdi

2026-njy ýylyň 16-njy martynda Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny bellemek we Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?
16.03.2026 23:36
7.1k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk günleri bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrdy
16.03.2026 22:47
14k+

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk günleri bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrdy

16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Duşuşykda möwsümleýin oba hojalyk işleri we sebitlerdäki häzirki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
ÝB ýurtlarynda çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä düşdi
16.03.2026 19:40
6.4k+

ÝB ýurtlarynda çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä düşdi

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 2024-nji ýylda çaga dogluşynyň umumy koeffisienti her aýal üçin 1,34 çaga deň boldy — bu soňky alty onýyllygyň içinde iň pes görkezijidir. Deňeşdirmek üçin, 1964-nji ýylda bu görkeziji 2,62-ä deňdi
Gawaidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy
16.03.2026 19:31
5.3k+

Gawaidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawai adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy
«Çirkin ses 7» franşizanyň iň girdejili filmi boldy
16.03.2026 19:24
2.7k+

«Çirkin ses 7» franşizanyň iň girdejili filmi boldy

«Çirkin ses 7» (Крик 7) sleşer filmi dünýä prokatynda 176,9 million dollar girdeji gazanyp, bu meşhur franşizanyň taryhynda iň köp peýda getiren taslama boldy. Mundan ozalky rekord 1996-njy ýylda çykan we 173 million dollar (inflýasiýany hasaba almazdan) girdeji gazanan birinji bölüme degişlidi
Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi
16.03.2026 17:19
2.6k+

Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Li Won Çženi Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Bu barada Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Orient» habar berýär
«Bökegenler» multfilmi 160 million dollar gazanyp, prokatyň lideri boldy
16.03.2026 17:13
2.1k+

«Bökegenler» multfilmi 160 million dollar gazanyp, prokatyň lideri boldy

Ikinji dynç günleriniň netijeleri boýunça, «Bökegenler» (Прыгуны) multfilminiň ABŞ-daky girdejisi 86 million dollara ýetdi. Animasion film eýýäm bassyr ikinji hepde amerikan prokatynyň lideri bolmagynda galýar we «Ol barada ýatlatma» (Напоминание о нём) atly dramany yzda galdyrýar
Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy
16.03.2026 17:11
6.2k+

Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär. 75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy
Karate boýunça türkmen türgenleri Krakow kubogynda baýrakly orunlary eýeledi
16.03.2026 16:56
5.3k+

Karate boýunça türkmen türgenleri Krakow kubogynda baýrakly orunlary eýeledi

2026-njy ýylyň 10-17-nji marty aralygynda Polşanyň Krakow şäherinde adaty karate boýunça halkara ýaryş — Krakow kubogy geçirildi. Ýaryşa 14 ýurtdan 870-den gowrak türgen gatnaşdy diýip, THP habar berýär. Türkmenistanyň ýygyndy topary bu ýaryşda iki sany bürünç medal gazanmagy başardy
«Galkynyş» topary Bakuwyň «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda çykyş etdi
16.03.2026 16:50
3.5k+

«Galkynyş» topary Bakuwyň «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda çykyş etdi

Baku şäherindäki «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň çykyşy boldy. Täsirli çykyşlary görkezmäge Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri hem gatnaşdy
Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar
16.03.2026 16:46
8.4k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar
“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy
16.03.2026 16:43
3.7k+

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez
Hytaýly maldar ördeginiň aşgazanyndan altyn tapdy
16.03.2026 16:34
9.5k+

Hytaýly maldar ördeginiň aşgazanyndan altyn tapdy

Hytaýly maldar öz bakýan ördeginiň aşgazanyndan takmynan on gram altyn tapdy. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Waka Hunan welaýatynda ýüze çykýar. Lýu familiýaly kişi öz ördeklerini derýanyň golaýyndaky ozal altyn gazlyp alnan açyk meýdanda bakýan ekeni
Spotify ulanyjylara öz saz isleglerini sazlamaga mümkinçilik berer
16.03.2026 16:27
692

Spotify ulanyjylara öz saz isleglerini sazlamaga mümkinçilik berer

Spotify ulanyjylaryň şahsy maslahatlarynyň emele geliş tertibini dolandyrmaga mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi. Goşundyda ähli diňlenen maglumatlar — sazlar, podkastlar we audiokitaplar baradaky maglumatlary saklaýan aýratyn bölüm peýda bolar
Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi
16.03.2026 16:23
1.4k+

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy
«The Pussycat Dolls» topary trio görnüşinde sahna gaýdyp geldi
16.03.2026 16:18
3k+

«The Pussycat Dolls» topary trio görnüşinde sahna gaýdyp geldi

Meşhur «The Pussycat Dolls» topary Nikol Şerzinger, Kimberli Waýatt we Eşli Robertsden ybarat trio görnüşinde gaýtadan sahna dolanýandyklaryny yglan etdiler. Bu dolanyş gyzlar toparynyň täze «Club Song» atly aýdymy we dünýä boýunça konsert syýahaty bilen utgaşdyrylar
Lexus ozalam kaşaň LM500h miniwenini hasam kämilleşdirdi
16.03.2026 16:05
8.5k+

Lexus ozalam kaşaň LM500h miniwenini hasam kämilleşdirdi

Lexus brendi ýolagçylaryň rahatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2026-njy model ýylynyň kaşaň LM500h miniwenine birnäçe täzelikleri girizdi. Iň ýokary derejeli dört orunlyk Executive wersiýasynda indi gapylaryň aşagynda yşyklandyryş – sürgüli gapylar açylanda ýeri ýagtylandyrýan puddle lights diýilýän çyralar bar
Täze Pokémon oýny Nintendo-nyň bazar gymmatyny 14 mlrd dollar ýokarlandyrdy
16.03.2026 15:56
1.9k+

Täze Pokémon oýny Nintendo-nyň bazar gymmatyny 14 mlrd dollar ýokarlandyrdy

Täze Pokémon Pokopia oýnunyň gazanan üstünligi netijesinde, Nintendo kompaniýasynyň bahasy bir hepdäniň içinde 14 milliard dollar artdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Tokio fond biržasyndaky söwdalarda kompaniýanyň paýnamalary soňky bir hepdäniň dowamynda takmynan 18% gymmatlady
Fransiýada Arhimediň golýazmasynyň ýiten sahypasy tapyldy
16.03.2026 15:30
2.5k+

Fransiýada Arhimediň golýazmasynyň ýiten sahypasy tapyldy

Fransiýaly barlagçy Wiktor Gisemberg Blua şäheriniň muzeýinden «Arhimediň palimpsestiniň» ýiten 123-nji sahypasyny tapdy. Bu barada Fransiýanyň Milli ylmy barlaglar merkezi (CNRS) habar berdi. Tapylan sahypada Arhimediň «Sfera we silindr barada» atly traktatynyň bir bölegi ýerleşýär
Alymlar garynjalaryň Aýa görä ugur kesgitläp bilýändigini anykladylar
16.03.2026 15:20
2.1k+

Alymlar garynjalaryň Aýa görä ugur kesgitläp bilýändigini anykladylar

Myrmecia midas görnüşindäki buldog garynjalary gijelerine özboluşly "aý kompasy" arkaly ugurlaryny kesgitläp bilýärler. Current Biology žurnalynda çap edilen makalada alymlar şeýle netijä gelipdirler. Bu gije gezýän
Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak
16.03.2026 15:11
12k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar
Tanap çekişmek boýunça dünýä çempionatyna müňden gowrak türgen gatnaşdy
16.03.2026 15:10
3.7k+

Tanap çekişmek boýunça dünýä çempionatyna müňden gowrak türgen gatnaşdy

Taýwanyň Taýbeý şäherindäki «Taipei Arena» meýdançasynda tanap çekişmek boýunça binalaryň içinde geçirilýän dünýä çempionaty tamamlandy. Oňa müňden gowrak türgen gatnaşdy. Bu Taýwanyň tanap çekişmek sporty boýunça halkara ýaryşlary ilkinji kabul edişidir
Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady
16.03.2026 14:48
11k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir
Beýik Britaniýada BWPA-2026 fotosurat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
16.03.2026 14:30
3.4k+

Beýik Britaniýada BWPA-2026 fotosurat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

British Wildlife Photography Awards baýragynyň guramaçylary Beýik Britaniýanyň tebigatyna bagyşlanan, her ýyl geçirilýän BWPA-2026 bäsleşiginiň ýeňijilerini we baýrakly orunlara mynasyp bolanlary yglan etdiler
Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi
16.03.2026 14:21
2.8k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.