Dana Waýt Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynyň biletleriniň mugt boljakdygyny aýtdy
13.03.2026 16:27
6.7k+

Dana Waýt Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynyň biletleriniň mugt boljakdygyny aýtdy

Ultimate Fighting Championship (UFC) promouşeniniň prezidenti Dana Waýt 14-nji iýundan 15-nji iýuna geçilýän gije ABŞ-nyň Prezidentiniň resmi rezidensiýasynyň çäginde geçiriljek UFC ýaryşynyň bilet syýasaty barada maglumat berdi
Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy
13.03.2026 16:15
1.7k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar
Türkmenistanyň Adalat ministrligi hukuk namalarynyň «Adalat» elektron toplumyna elýeterliligi giňeltdi
13.03.2026 15:26
6.9k+

Türkmenistanyň Adalat ministrligi hukuk namalarynyň «Adalat» elektron toplumyna elýeterliligi giňeltdi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi ýurduň kadalaşdyryjy hukuk namalary baradaky maglumatlary, olara girizilen soňky üýtgetmeleri we goşmaçalary özünde jemleýän «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny işläp düzdi
Keýt Winslet "Ýüzükleriň hökümdary" filmindäki "Gollumyň awynda" surata düşer
13.03.2026 15:20
4.5k+

Keýt Winslet "Ýüzükleriň hökümdary" filmindäki "Gollumyň awynda" surata düşer

Britaniýaly aktrisa Keýt Winslet ("Titanik", "Okyjy") "Ýüzükleriň hökümdary" äleminde täze taslama bolan "Gollumyň awynda" surata düşer. Bu barada Deadline neşiri habar berdi. “Oskar” baýragynyň eýesiniň haýsy keşbi ýerine ýetirjegi heniz tassyklanmady
Yandex Lew Tolstoýyň golýazmalaryny sanly ulgama geçirer, onda ýazyjynyň sesini-de diňläp bolar
13.03.2026 15:02
2.1k+

Yandex Lew Tolstoýyň golýazmalaryny sanly ulgama geçirer, onda ýazyjynyň sesini-de diňläp bolar

Yandex kompaniýasy we «L.N.Tolstoýyň mirasy» halkara gaznasy beýik ýazyjynyň doglan gününiň 200 ýyllygynyň öňüsyrasynda hyzmatdaşlyk baglaşdylar. Kompaniýa gaznanyň esasy sanly hyzmatdaşy bolar we nusgawy ýazyjynyň edebi mirasyny gorap saklamaga ýakyndan gatnaşar
Ford nogsanlyklaryň sany boýunça rekordyň eýesi: 2026-njy ýylda 7,3 milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrdy
13.03.2026 13:45
3k+

Ford nogsanlyklaryň sany boýunça rekordyň eýesi: 2026-njy ýylda 7,3 milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrdy

Ford amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylyň başynda ABŞ-da bejeriş işleri üçin 7,3 milliondan gowrak awtoulagyny yzyna çagyrdy. Bu görkeziji ýylyň başyndan bäri bary-ýogy 61 günüň içinde hasaba alyndy. Pudaklaýyn statistika görä, bu döwürde awtoöndürijiler jemi 61 sany serwis kampaniýasyny yglan etdiler
Gylyksyz adamlar bilen gatnaşmak tiz garradýar
13.03.2026 13:16
5.7k+

Gylyksyz adamlar bilen gatnaşmak tiz garradýar

Ýaramaz gylykly adamlar bilen gatnaşmak biologiki garramagy, takmynan, 1,5% çaltlaşdyryp biler. Amerikan alymlary şeýle netijä geldiler, olaryň bu ugurda geçiren ylmy barlagy PNAS portalynda çap edildi. Barlagçylar 2300-den gowrak adamyň maglumatlaryny öwrendiler
Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçdi
13.03.2026 13:04
6.1k+

Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçdi

Öten agşam UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. Iki ýaryşyň hem jogap oýunlary 20-nji marta geçilýän gije oýnalar. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji
Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar
13.03.2026 12:13
9.5k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär
ABŞ Green Card lotereýasyna gatnaşmagyň düzgünlerini ýene-de üýtgedýär
13.03.2026 11:51
8.9k+

ABŞ Green Card lotereýasyna gatnaşmagyň düzgünlerini ýene-de üýtgedýär

ABŞ-nyň häkimiýetleri grin-kart (Green Card) lotereýasyna gatnaşmagyň düzgünlerini üýtgetmegi meýilleşdirýär. Täze talaplar 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde güýje girip biler we olar eýýäm «DV-2027» utuşy üçin ulanylar
Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac üçin täze emojileri taýýarlaýar
13.03.2026 11:30
1.4k+

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac üçin täze emojileri taýýarlaýar

Apple kompaniýasy işläp düzüjiler üçin niýetlenen iOS 26.4, iPadOS 26.4 we macOS Tahoe 26.4 beta-wersiýalaryna sekiz sany täze emoji goşdy. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär. Täze simwollaryň arasynda trombon, hazyna sandygy, çişen ýüz keşbi, ýeti (gar adam), uruş buludy, kosatka (kit), ýer opurylmagy, şeýle hem balet tansçysy peýda boldy
BMW-niň gatnaşmazlygynda döredilen seýrek BMW auksiona çykaryldy
13.03.2026 11:21
2.9k+

BMW-niň gatnaşmazlygynda döredilen seýrek BMW auksiona çykaryldy

«Bring a Trailer» onlaýn auksionynda 1955-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän EMW 327 Sport kabrioleti satuwa çykaryldy. Habar çap edilen pursatynda awtoulag üçin goýlan nyrh 40 250 dollara ýetdi, söwdalaşygyň tamamlanmagyna bolsa ýene üç gün bar
Microsoft Windows 11 oturan ähli enjamlara Xbox-yň doly ekran tertibini goşar
13.03.2026 11:13
1.2k+

Microsoft Windows 11 oturan ähli enjamlara Xbox-yň doly ekran tertibini goşar

Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamy gurnalan ähli enjamlara doly ekranly «Xbox tertibini» goşmagy meýilleşdirýär. Bu täze aýratynlyk 2026-njy ýylyň aprelinden başlap şahsy kompýuterlerde, noutbuklarda we planşetlerde elýeterli bolar
Universal meşhur Bon Jovi rok-topary barada film düşürer
13.03.2026 11:04
1.1k+

Universal meşhur Bon Jovi rok-topary barada film düşürer

Universal studiýasy Bon Jovi rok-toparynyň taryhy barada film düşürmek hukugyny aldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Filmiň ssenarisini «Satoşini öldürmek» («Убить Сатоши») trilleri bilen tanalýan Kodi Brotter ýazar
Dubaýda daşdan oýulyp ýasalana meňzeýän binaň taslamasy görkezildi
13.03.2026 10:36
7k+

Dubaýda daşdan oýulyp ýasalana meňzeýän binaň taslamasy görkezildi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik firmasy Dubaý Halkara Maliýe Merkeziniň (DIFC) sebitinde gurulmagy meýilleşdirilýän Janu Dubai köpugurly gurluşyk taslamasy bilen tanyşdyrdy. Arhitektorlar töweregindäki aýnadan gökdirän binalary bilen deňeşdirilende düýpgöter tapawutly dizaýny teklip etdiler
Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi
13.03.2026 09:38
1.6k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi
Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
13.03.2026 09:35
1.2k+

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi
«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy
13.03.2026 09:25
7.6k+

«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär
Nissan 2026-njy ýylyň täzelenen X-Trail krossowerini hödürledi
13.03.2026 07:23
2.4k+

Nissan 2026-njy ýylyň täzelenen X-Trail krossowerini hödürledi

Nissan kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin X-Trail krossoweriniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobil daşky görnüşinde ujypsyzja üýtgeşmelere, täze programma üpjünçiligine we sürüji üçin kämilleşdirilen kömekçi ulgamlaryna eýe boldy
Barbra Streýzanda Kann kinofestiwalynda hormatly «Altyn palma şahasy» gowşurylar
13.03.2026 07:16
1.8k+

Barbra Streýzanda Kann kinofestiwalynda hormatly «Altyn palma şahasy» gowşurylar

Amerikan aktrisasy we aýdymçysy Barbra Streýzand Kann kinofestiwalynda hormatly “Altyn palma şahasy” bilen sylaglanar. Bu barada festiwalyň guramaçylary habar berdiler. Baýrak onuň kino we saz sungatyna goşan goşandy üçin gowşurylar
ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy
12.03.2026 23:40
13k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy
Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi
12.03.2026 23:05
8.8k+

Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi

«Kanadanyň Toronto şäherinde howply ekologik ýagdaý ýüze çykdy. Gyşyň dowamynda köçelerden çykarylan äpet gar topbagy daşky gurşawa zyýan ýetirmek howpuny salýar» diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Ýanwar aýynda şähere bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 58 santimetr ýagyn düşüp, rekord derejedäki gar hasaba alyndy
Jeep Wrangler berklik synaglarynda agdarylmagyny bes etdi
12.03.2026 21:25
4.1k+

Jeep Wrangler berklik synaglarynda agdarylmagyny bes etdi

Jeep kompaniýasy 2026-njy ýylyň modelleri bolan Wrangler we Gladiator wnedorožnik awtoulaglaryny döwrebaplaşdyryp, agdarylmak meselesini aradan aýyrdy. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) habar bermegine görä, bu mesele ençeme ýyllaryň dowamynda kraş-testlerde (berklik synaglarynda) bu modellere böwet bolup gelýärdi
Kwentin Tarantino teatrda ilkinji gezek komediýa farsy bilen çykyş edýär
12.03.2026 21:12
1.3k+

Kwentin Tarantino teatrda ilkinji gezek komediýa farsy bilen çykyş edýär

Kwentin Tarantino özüniň ilkinji teatr oýnuny taýýarlaýar. Režissýor "köne britan farsy" žanryndaky sahna oýnunyň üstünde işleýär diýip, Variety neşiri habar berýär . Ilkinji görkezilişini 2027-nji ýylda Londonda geçirmek meýilleşdirilýär
Astanada geçiriljek üçünji «Geljegiň oýunlarynyň» seneleri belli boldy
12.03.2026 20:34
3.4k+

Astanada geçiriljek üçünji «Geljegiň oýunlarynyň» seneleri belli boldy

2026-njy ýylda Astanada meýilleşdirilen «Geljegiň oýunlary» 29-njy iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçiriler. Bu barada fijital-sport ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär. Oýunlaryň maksatnamasyna sekiz sany
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
12.03.2026 20:33
1.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi
Billi Aýliş ilkinji gezek doly metražly kinoda özüni aktýor hökmünde synap görer
12.03.2026 20:25
2.4k+

Billi Aýliş ilkinji gezek doly metražly kinoda özüni aktýor hökmünde synap görer

Billi Aýliş ýazyjy Silwiýa Plattyň «Aýna kapasyň içinde» (The Bell Jar) romanynyň esasynda surata düşüriljek filmde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu 25 ýaşly aýdymçynyň doly metražly kinodaky ilkinji aktyorlyk işi bolar
Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi
12.03.2026 19:56
7.1k+

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Awstraliýanyň ilçisi bilen duşuşdy
12.03.2026 19:41
2.4k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Awstraliýanyň ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Wilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär
Kamçatkadaky Şiweluç wulkanyndan 8 kilometr belentlige kül sütüni pürküldi
12.03.2026 19:17
4.7k+

Kamçatkadaky Şiweluç wulkanyndan 8 kilometr belentlige kül sütüni pürküldi

Şu gün günortanlar Kamçatkada ýerleşýän Şiweluç wulkanyndan deňiz derejesinden 8 kilometr belentlige çenli uzaboýuna kül sütüni pürküldi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Uzak Gündogar bölüminiň Wulkanologiýa we seýsmologiýa institutynyň KVERT topary habar berdi
Täze britan banknotlarynda Çerçilliň portreti kirpiler we torsuklar bilen çalşyrylyp bilner
12.03.2026 19:07
6.4k+

Täze britan banknotlarynda Çerçilliň portreti kirpiler we torsuklar bilen çalşyrylyp bilner

Angliýanyň Banky täze nesil banknotlaryň dizaýnyny üýtgetmegi we taryhy şahsyýetleriň, şol sanda Uinston Çerçilliň şekillerinden ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. Olaryň ýerine kagyz pullarda Beýik Britaniýanyň ýabany tebigatynyň wekilleri peýda bolup biler
Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly
12.03.2026 18:46
7.1k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi
Şnobel baýragyny gowşuryş dabarasy wiza meseleleri sebäpli Sýurihe geçirildi
12.03.2026 18:24
2k+

Şnobel baýragyny gowşuryş dabarasy wiza meseleleri sebäpli Sýurihe geçirildi

2026-njy ýylda Şnobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy öz taryhynda ilkinji gezek ABŞ-nyň çäginden daşarda geçiriler. Associated Press neşiriniň habar bermegine görä, nobatdaky dabara şu ýylyň sentýabr aýynda Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde gurnalar
Minskdäki halkara kitap sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň Güni guralar
12.03.2026 18:22
2.1k+

Minskdäki halkara kitap sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň Güni guralar

17–22-nji mart aralygynda Minsk şäherinde XXXIII Halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre GDA giňişligindäki iň iri kitap forumlarynyň biridir. Belta agentliginiň habar bermegine görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň tematiki günleriniň çäginde Türkmenistan hem öz maksatnamasyny hödürlär
Türkmenistanda «E-mekdep» sanly ulgamy kämilleşdirilýär
12.03.2026 18:04
5.5k+

Türkmenistanda «E-mekdep» sanly ulgamy kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizilen «E-mekdep» sanly dolandyryş ulgamy orta mekdeplerde giňden ornaşdyrylýar we yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu döwrebap platforma bilim edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we ata-eneler bilen mekdebiň arasyndaky gatnaşygy täze derejä çykarmak maksady bilen döredildi
Hyundai ýangyn söndürijilere 800°C gyzgynlyga çydamly robotyny gowşurdy
12.03.2026 16:56
7.2k+

Hyundai ýangyn söndürijilere 800°C gyzgynlyga çydamly robotyny gowşurdy

Hyundai Motor Group we Kia kompaniýalary bilelikde täze ýangyn söndüriji roboty işläp düzdüler hem-de 2026-njy ýylyň fewral aýynyň ahyrynda ony Günorta Koreýanyň Milli ýangyn söndüriş gullugyna mugt berdiler. Bu döwrebap enjam ulanmaga berleninden bary-ýogy birnäçe hepde geçensoň, Demirgazyk Çhunçhon welaýatyndaky zawodlaryň birinde dörän hakyky ýangyny söndürmekde ilkinji gezek synagdan geçirildi
Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy
12.03.2026 16:43
4.9k+

Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar
Döwlet sirki Nowruz baýramy mynasybetli çagalar üçin täze şüweleň taýýarlaýar
12.03.2026 16:34
2.2k+

Döwlet sirki Nowruz baýramy mynasybetli çagalar üçin täze şüweleň taýýarlaýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli çagalar üçin täze sirk oýunlarynyň maksatnamasyny taýýarlady. Tomaşaçylar şüweleňiň dowamynda türkmen milli sirk sungatynyň däplerini özünde jemleýän çykyşlara tomaşa edip biler
Suzuki – Aşgabatda: Wagtyň synagyndan geçen ýapon awtoulaglary elýeter bahadan
12.03.2026 15:52
11k+

Suzuki – Aşgabatda: Wagtyň synagyndan geçen ýapon awtoulaglary elýeter bahadan

Suzuki kompaniýasynyň taryhy 1909-njy ýylda, özem maşynlaryň wazzyldysyndan däl-de, dokma gurallarynyň kakuwyndan başlandy. Miçio Sudzuki dokma stanoklaryny öndürýän kompaniýany esaslandyrdy. Kompaniýanyň...
Seljerijiler noutbuklaryň bahasynyň düýpli ýokarlanjakdygyny duýdurýarlar
12.03.2026 15:40
1.5k+

Seljerijiler noutbuklaryň bahasynyň düýpli ýokarlanjakdygyny duýdurýarlar

«Eger häzirki bazar ýagdaýlary dowam etse, noutbuklaryň bölek satuw bahalary 40 göterime çenli gymmatlap biler» diýlip, TrendForce barlag merkeziniň hasabatynda bellenilýär. Bahalaryň ýokarlanmagyna esasy sebäp hökmünde taýýar enjamlara bolan islegiň azalmagy we noutbuklaryň iň zerur şaýlarynyň — ýat we prosessorlaryň gymmatlamagy görkezilýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.