Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
09.03.2026 17:12
3.8k+
Valve kompaniýasy kiber-sport ýaryşlarynda «CS:GO» oýnuny ulanmagy gadagan etdi
Dust2.us neşiriniň habar bermegine görä, Valve kompaniýasy «Counter-Strike: Global Offensive» (CS:GO) boýunça kiber-sport turnirlerini geçirmäge mundan beýläk rugsatnama bermezlik barada karar kabul etdi. Mundan ozal Valve oýnuň nusgawy görnüşini «Counter-Strike 2-den» aýryp, «CS:GO» üçin ýörite aýratyn identifikator (App ID) döredipdi
09.03.2026 17:03
1.5k+
Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar
Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar
09.03.2026 16:49
22k+
Polşanyň tokaýlarynda gizlenip galan orta asyr şäherçesi tapyldy
Arheologlar Polşanyň günorta-gündogarynda örän gowy saklanan Kaplonosy Koloniýa – orta asyr şäherçesini ýüze çykardylar. Bu taryhy ýadygärlik Wlodawa şäheriniň golaýyndaky gür tokaýlaryň içinde nije asyrlap adam nazaryna ilmän saklanyp galypdyr
09.03.2026 16:48
4.5k+
Nebitiň bahasy 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 120 dollara çenli gymmatlady
Brent markaly nebitiň bahasy gymmatlap, soňky takmynan üç ýylyň içinde ilkinji gezek bir barel üçin 120 dollar derejesine golaýlady. Dynç günlerinden soň Aziýadaky ilkinji söwdalarda bir barel Brent nebitiniň bahasy 109 dollara çenli ýokarlandy
09.03.2026 16:19
5.4k+
Auksionda 23 ýyl öň çykan Ford Mustang-y täzesinden 5 esse gymmada satdylar
"Bring a Trailer" onlaýn auksionynda 2003-nji ýylyň Ford Mustang SVT Cobra kupesi 175 müň dollara satyldy. Bu mukdar täze Mustang-yň ABŞ-daky başlangyç bahasyndan (32,6 müň dollar) bäş esse töweregi gymmatdyr. Beýle ýokary bahanyň esasy sebäbi bolsa ulagyň saklanyş ýagdaýydyr
09.03.2026 16:05
1.2k+
NASA geljekki Aý missiýalarynda «Vulcan» raketasyny ulanmagy göz öňünde tutýar
NASA agentligi geljekki Aý missiýalary üçin möhüm bölekleri üpjün etmekde United Launch Alliance kompaniýasyny saýlamagy meýilleşdirýär. Gürrüň «Vulcan» raketasynyň «Centaur V» diýlip atlandyrylýan ýokarky bölegi barada barýar
09.03.2026 15:46
2.4k+
Awstraliýada iň kiçijik opossumyň gizlin populýasiýasynyň yzlary tapyldy
Australian Zoologist ylmy žurnalynda çap edilen täze gözleg, Günorta Awstraliýanyň Ýork ýarym adasyndaky «Dhilba Guuranda-Innes» milli seýilgähinde kiçi girdenek opossumyň (Cercartetus lepidus) bolmagynyň mümkindigini görkezýär
09.03.2026 15:37
7.2k+
ABŞ-da Lexus ES sedanynyň täze nesliniň bahalary mälim edildi
ABŞ-nyň awtomobil bazarynda Lexus ES sedanynyň täze nesli üçin baha sanawy yglan edildi. Bu täze model indi müşderilere hem doly elektrik, hem-de gibrid güýç gurnamalary bilen hödürlenýär. Öň tarapdan çekiji bolan başlangyç elektrik "ES 350e Premium" wersiýasynyň bahasy 48 795 dollardan başlaýar
09.03.2026 15:36
17k+
Mbappe sürüjilik şahadatnamasyny aldy we özüne BMW iX3 edindi
«Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe 27 ýaşynda Madridde sürüjilik şahadatnamasyny aldy. Ol özüniň ilkinji ulagy hökmünde awtomat korobkaly doly elektrikleşdirilen «BMW iX3» modelini saýlady. BMW kompaniýasy Madrid klubunyň hyzmatdaşy bolsa-da, toparyň beýleki oýunçylarynyň arasynda bu modeli Mbappeden başga saýlan ýok
09.03.2026 15:28
2.5k+
Pixar öz taryhynda ilkinji gezek doly göwrümli mýuzikl taýýarlaýar
Pixar animasiýa studiýasy taryhynda ilkinji multfilm-mýuziklini taýýarlaýar. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär. 2017-nji ýylda surata düşürilen "Kokonyň syry" filmi saz bilen berk baglanyşyklydy, ýöne täze taslama doly göwrümli sazly iş bolar
09.03.2026 15:25
18k+
Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty
Bu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy gijelerine -10 gradusa çenli peseler
09.03.2026 15:18
2.3k+
Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar
Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär. Science Daily žurnalynda
09.03.2026 14:53
2.7k+
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady
2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attaryň arasynda duşuşyk geçirildi
09.03.2026 14:06
13k+
Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi
Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi
09.03.2026 12:25
5.7k+
Niderlandly zenanyň öýünden Rembrandtyň 35 sany asyl nusgadaky grawýurasy tapyldy
Niderlandlaryň Zýutfen şäheriniň ýaşaýjysy Şarlotta Maýer öz öýünden meşhur suratkeş Rembrandtyň goly bilen döredilen 35 sany asyl nusgadaky grawýurany tapdy. ArtNews neşiriniň habar bermegine görä, bu eserler dürli wagtlarda onuň atasy tarapyndan satyn alnypdyr
09.03.2026 12:18
2.3k+
Aý howp astynda däl: NASA-nyň hasaplamalaryna görä 2024 YR4 asteroidi onuň gapdalyndan geçer
NASA-nyň Ýere golaý asman jisimlerini öwreniş merkeziniň hünärmenleri 2024 YR4 asteroidiniň hereket ugruny anykladylar we onuň 2032-nji ýylda Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny doly aradan aýyrdylar. Ozal 2032-nji ýylyň 22-nji dekabrynda urgy bolmak ähtimallygy 4,3% diýlip çaklanylypdy
09.03.2026 11:57
3.6k+
Jeýms Kemeron «Awataryň» dowamy barada duýdansyz beýanat berdi
Režissýor Jeýms Kemeron «Awatar» filminiň dördünji we bäşinji bölümleriniň ekranlara çykmazlygynyň mümkindigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, taslamanyň dowamlylygy «Awatar: Ot we kül» filminiň girdejisiniň ýagdaýyna bagly bolar
09.03.2026 11:48
7.3k+
BBC-iň sanawyna görä braziliýaly Ronaldo XXI asyryň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi
Britaniýanyň meşhur BBC agentligi XXI asyryň iň gowy hüjümçileriniň sanawyny taýýarlady. Onuň iň ýokary basgançagyny «towşandiş» lakamy bilen tanalýan braziliýaly Ronaldo eýeledi. Gyzykly tarapy, bu sanawa Kriştiano Ronaldu we Lionel Messi girizilmedi
09.03.2026 11:12
5.1k+
Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi
Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi. Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler
09.03.2026 10:54
2.9k+
Gadymy küýzeleriň seljermesi ýewropalylaryň müňlerçe ýyl mundan ozal näme iýendigini görkezýär
Alymlar gadymy ýewropalylaryň nahar bişirmek üçin dürli önümleri ulanandygyny anykladylar. Bu barlagyň netijeleri PLOS One žurnalynda çap edildi. Gadymy medeniýetlerde iýlen iýmit, adatça, küýze gaplaryndaky haýwan ýagynyň galyndylaryny seljermek arkaly öwrenilýär
09.03.2026 10:45
981
YouTube öz goşundysynda şahsy habarlaşyk ulgamyny gaýtadan dikeldýär
YouTube platformasy özüniň ykjam goşundysynda ulanyjylaryň biri-biri bilen göni habarlaşmagyna mümkinçilik berýän şahsy habarlaşyk funksiýasyny täzeden synagdan geçirip başlady. Bu täzelik häzirki wagtda Ýewropanyň 31 döwletinde elýeterlidir
09.03.2026 10:39
3.5k+
Hytaýda uçýan ýel turbinasyny 2000 metr belentlikde synagdan geçirildi
Hytaý ýokary belentlikde elektrik energiýasyny öndürýän we ony kabel arkaly ýere geçirýän SAWES Type S2000 uçýan ýel turbinasyny synagdan geçirdi. Bu turbiniň ilkinji prototipi 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda görkezilipdi
09.03.2026 03:24
8.1k+
Arkadag şäherinde bejergi alýan gyzjagazlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
8-nji martda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
09.03.2026 03:19
8.9k+
Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynda gelin-gyzlary gutlady
Halkara zenanlar gününiň bellenilýän säherinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda zenanlaryň baýramy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi
09.03.2026 02:23
9.1k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki seýilgähiň gurluşygy boýunça belliklerini aýtdy
7-nji martda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň seýilgähiniň gurulýan ýerine baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi
09.03.2026 01:51
12k+
Milli Lider ýaşaýjylary Arkadag şäherine göçürmek meselesine toplumlaýyn çemeleşmäge çagyrdy
7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D
09.03.2026 01:39
15k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. 7-nji martda Arkadag
09.03.2026 01:34
6.8k+
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň işewürlik we söwda merkezleriniň içki bezeg taslamalary bilen tanyşdy
7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary we olaryň içki bezegleri bilen tanyşdy
09.03.2026 00:37
3.5k+
Solar Orbiter kosmos apparaty Günüň arka tarapyndan ilkinji suratlary ugradyp başlady
Solar Orbiter kosmos apparaty Günüň arka tarapynyň — Ýerden synlap bolmaýan sebitiniň şekillerini ugradyp başlady. Suratlar alymlaryň apparatyň orbitasyna esaslanyp, öňünden çaklan möhletlerinde gelip gowuşdy. Häzirki wagtda görüş burçy heniz 180 gradusa ýetmedik hem bolsa, alnan şekilleriň sag tarapynyň takmynan üçden iki bölegi eýýäm Ýerdäki teleskoplardan gizlin duran Gün sebitini görkezýär
09.03.2026 00:22
3.4k+
Iň kuwwatly superkompýuter ulalýar: xAI kompaniýasy «Colossus 2» taslamasyny giňeltmekçi bolýar
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Tennessi ştatynyň Memfis şäheriniň golaýyndaky maglumat merkezleriniň birinde täze bina gurmak üçin 659 million dollar sarp etmegi meýilleşdirýär we munuň üçin degişli edaralara rugsatnama almak üçin ýüz tutdy
09.03.2026 00:00
7.3k+
Geçirilen pikirsoraşma ulag sürýän zenanlary iň köp alada goýýan zatlaryň nämedigini görkezdi
Halkara zenanlar güni ulag sürýän zenanlaryň endikleriniň garaşylmadyk barlagyny geçirmäge sebäp boldy. "Awtostat" agentliginiň seljerijileri gündelik ulag sürenlerinde zenanlary iň köp biynjalyk edýän zatlaryň nämedigini anyklamak kararyna geldiler
08.03.2026 22:08
6.4k+
Türkmenistanda 200-den gowrak köp çagaly enä «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy
Türkmenistanda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» hormatly ady dakyldy. Sylaglary gowşurmak dabarasy Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabatda geçirildi
08.03.2026 22:03
6.2k+
«Inter Maýaminiň» eýesi: Messi klubda ýylda 80 million dollara çenli gazanýar
Dünýä belli argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Inter Maýami» amerikan futbol klubunda ýylda 70 milliondan 80 million dollara çenli alýar. Bu barada klubuň eýelerinden biri bolan Horhe Mas Bloomberg agentligine beren interwýusynda mälim etdi
08.03.2026 21:52
7.5k+
Aşgabatda we Arkadag şäherinde köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy
Türkmenistanda «Ene mähri» hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde berlen maglumatlara görä, Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan bu dabaralar Aşgabatda we Arkadag şäherinde geçirildi
08.03.2026 18:40
3.6k+
Chevrolet Colorado ZR2 pikapy tekerleriniň ýelini düwmä bir gezek basylanda awtomatiki usulda goýberýär
Wnedorožnik asfaltdan guma ýa-da daşly ýere düşende tejribeli sürüjiler, adatça, ilki bilen tekerlerdäki basyşy goýberýärler. Bu ulagy çarkandakly ýerlerden sürmegi halaýan sürüjileriň arasynda uzak wagtdan bäri ulanylyp gelýän tejribe: bu tekerleriň ýoluň üsti bilen galtaşýan ýerini artdyrýar, şinalar ýumşaşýar we topraga has gowy “ýapyşmagyny” üpjün edýär
08.03.2026 18:34
4.1k+
Týorneriň kartinasy 200 ýyldan soň ilkinji gezek köpçülige görkeziler
Britaniýaly suratkeş Uilliam Týorneriň ilkinji işleriniň biri iki asyryň dowamynda ilkinji gezek köpçülige görkeziler. "Abergawenni köprüsi" (1798) atly akwarel bilen çekilen kartinasy suratkeşiň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli Gainsborough’s House muzeýindäki sergide görkeziler
08.03.2026 18:02
6.5k+
Bill Geýts täze görnüşli «Natrium» atom stansiýasyny gurmaga rugsat aldy
ABŞ-nyň Ýadro kadalaşdyryş komissiýasy Bill Geýtsiň esaslandyran TerraPower kompaniýasyna Waýoming ştatynda «Natrium» kysymly täze nesil reaktoryny gurmaga resmi taýdan rugsat berdi. Netijede bu karar ýurtda şeýle görnüşdäki ilkinji täjirçilik maksatly atom stansiýasynyň gurulmagyna mümkinçilik berdi
08.03.2026 17:52
4.3k+
Adidas tanymal futbol klublarynyň taryhy lybaslaryny hödürlär
Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar
08.03.2026 17:44
2.4k+
Demirgazyk Osetiýada iki müň ýyllyk Pazyryk halysy täzeden dikeldildi
Demirgazyk Osetiýada, Alaniýa Respublikasynyň Milli muzeýinde meşhur bäşinji Pazyryk tümmeginden tapylan keçe halynyň takyk nusgasy tanyşdyryldy. Biziň eramyzdan öňki V–IV asyrlarda döredilen asyl nusga häzirki wagtda Sankt-Peterburgdaky Döwlet Ermitažynda saklanýar
08.03.2026 16:07
9.3k+
Oliweýra 11 ýyldan soň Holloueýden ar alyp, BMF guşagynyň eýesi boldy
Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra amerikaly Maks Holloueýi ýeňip, Las-Wegasdaky «Ti-Mobaýl» arenasynda geçirilen UFC 326 ýaryşynda BMF titulyny gazandy. Agşamyň esasy söweşinde garşydaşlar tutuş bäş raund söweşdi, şondan soň eminler biragyzdan ýeňşi Oliweýra berdi — 50:45
«
1
…
82
83
84
…
1117
»
«
1
…
79
80
81
82
83
84
85
86
87
…
1117
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.