Demirgazyk Osetiýada iki müň ýyllyk Pazyryk halysy täzeden dikeldildi

08.03.2026, 17:442,457
1 / 2

Demirgazyk Osetiýada, Alaniýa Respublikasynyň Milli muzeýinde meşhur bäşinji Pazyryk tümmeginden tapylan keçe halynyň takyk nusgasy tanyşdyryldy. Biziň eramyzdan öňki V–IV asyrlarda döredilen asyl nusga häzirki wagtda Sankt-Peterburgdaky Döwlet Ermitažynda saklanýar.

Bu täzeden dikeldiş işi «Skif-sarmat döwründen alan-osetinlere gelip ýeten keçe» atly ylmy-aň-bilim taslamasynyň bir bölegi boldy. Taslamanyň maksady — gadymy keçe basmak tehnologiýalaryny dikeltmek we göçme siwilizasiýalaryň medeni mirasyny görkezmekdir. Bir ýyldan gowrak dowam eden bu taslamanyň çäklerinde jemi alty sany gadymy taryhy ýadygärlik dikeldildi.

Taslamanyň ýolbaşçysy Alana Bzarowa: «Pazyryk halysy — skif sungatynyň çürbaşydyr. Skiflerden soň şu güne çenli keçeden şeýle çylşyrymly önümi hiç kim döretmändi. Biz hem bu işde iň ýokary ussatlyga ýetdik. Emma skifler  bizdenem ökdedirler» diýip, beýik halkyň täsin sungatynyň gymmatyny düşündirýär.

Taryh ylymlarynyň doktory, professor Sergeý Ýasenko taslamanyň ylmy geňeşçisi boldy. Şeýle hem Ermitažyň hünärmenleri halynyň takyk nusgasyny döretmekde uly ýardam berdiler. Halynyň täze nusgasy indi muzeýiň hemişelik sergisiniň bir bölegine öwrüldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.