Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
03.03.2026 14:41
2.5k+
Hytaýda tüwini robotlar üçin «akylly» serişde hökmünde ulanmak isleýärler
Birmingem uniwersitetiniň hünärmenleri adaty şaly däneleriniň ýüküň tizliginden täsirlenip, «akylly» serişde ýaly hereket edip biljekdigini görkezdiler. Barlag Matter žurnalynda çap edildi. Gowşak basyşda şaly däneleri owranmaýar we durkuny saklaýar
03.03.2026 14:29
2.9k+
Ford programma üpjünçiligindäki säwlik sebäpli 4,3 milliondan gowrak ulaglaryny yzyna çagyrýar
Ford konserni 4 380 609 awtomobili öz içine alýan giň gerimli hyzmat ediş kampaniýasyny yglan etdi. Yzyna çagyryş dürli modellerdäki pikaplary, wnedorožnikleri we furgonlary öz içine alýar. Mesele tirkeg çekilen wagty ýüze çykýan programma säwligi bilen baglanyşyklydyr
03.03.2026 14:17
4.6k+
Tailand daşary ýurtlular üçin wiza jerimelerini ýatyryp, günde $55 çenli pul goldawyny belledi
Tailandyň häkimiýetleri Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi sebäpli awiagatnawlaryň ýatyrylmagy netijesinde ýurtda galan daşary ýurtly syýahatçylar üçin wagtlaýyn goldaw çäreleriniň girizilýändigini yglan etdi
03.03.2026 13:38
3.9k+
Ýaponiýada 3D-printerde ýer titremesine durnukly ilkinji iki gatly ýaşaýyş jaýy çap edildi
Ýaponiýanyň Kidzuki şäherinde 3D-çap tehnologiýasyny ulanmak arkaly gurlan iki gatly O House ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. Bu taslama COBOD senagat printeriniň kömegi bilen Onocom we Kizuki kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirildi
03.03.2026 13:34
2.8k+
Baýramçylyk maslahatynda zenanlaryň we eneleriň ornuna ähmiýet berildi
2-nji martda Aşgabadyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene hüwdüsi — iň kämil eser» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlis, Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy
03.03.2026 13:28
796
OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy
OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär
03.03.2026 13:18
6.7k+
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Gözlegleriň gözýetimi – 2026» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa «Gözlegleriň gözýetimi – 2026» (Горизонты исследований – 2026) atly halkara ylmy-barlag işleriniň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
03.03.2026 11:39
1.2k+
Formula-1 McLaren topary Ferrari we Mercedes-den has az pul baýragyny gazandy
PLanetF1 neşiri Formula-1 toparlarynyň 2025 möwsümi üçin alan pul baýraklaryny hasaplady. Geň ýeri, soňky iki ýylyň Konstruktorlar kubogynyň eýesi bolan McLaren toparlarynyň arasynda 165,8 million dollar bilen dördünji orny eýeledi
03.03.2026 11:20
3.4k+
Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy
Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy
03.03.2026 09:30
2.6k+
Serdar Berdimuhamedow Bolgariýanyň Prezidentini Milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Iliana Ýotowa we ýurduň halkyna milli baýram — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady
03.03.2026 07:28
6.6k+
«Garadangaýtmaz» serialyndaky pizza zyňlan jaý 1,3 mln dollara satyldy
Albukerke şäherinde (Nýu-Meksiko, ABŞ) ýerleşýän we «Garadangaýtmaz» («Во все тяжкие») serialynda Wolter Waýtyň öýi hökmünde tanalýan jaýyň indi täze eýesi bar. Strimer Edin Ross bu gozgalmaýan emlägi 1,3 million dollara satyn aldy diýip, «New York Post» neşiri ýazýar
03.03.2026 06:09
12k+
Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler
Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi
02.03.2026 23:55
22k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi
02.03.2026 23:50
1.7k+
Pak Çhan Uk 2026-njy ýyldaky Kann kinofestiwalynyň emin agzalaryna ýolbaşçylyk eder
«Oldboý» we «Başga ýol ýok» ýaly filmleri döreden günorta koreýaly režissýor Pak Çhan Uk 79-njy Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy wezipesine bellendi. Bu barada Deadline habar berdi. Festiwal 12- 23-nji maý aralygynda geçiriler
02.03.2026 23:50
3.3k+
Di Kaprio we Kristian Beýl «Darkaş» atly meşhur trilleriň dowamynda De Niro bilen Al Paçinoň ýerini tutar
Kristian Beýl we Leonardo Di Kaprio amerikan režissýory Maýkl Mannyň "Darkaş" atly jenaýatçylykly trilleriň dowamynda baş keşpleri janlandyrarlar. Çikagonyň Consequence neşirine beren interwýusynda Beýl ikinji bölümde surata düşürmek üçin Çikago gaýdyp gelmegi meýilleşdirýändigini tassyklady
02.03.2026 23:27
1.9k+
Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär
Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrik pikaplarynda uzakdan işleýän programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly işjeň ses ýatyryş ulgamyny (ANC) işe girizer. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda we öndürijiniň hyzmat resminamalarynda täzelenen enjamlaryň sanawynda yglan edildi
02.03.2026 23:06
6.5k+
Serdar Berdimuhamedow häkimlere ýazky meýdan işleri boýunça tabşyryklary berdi
2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk meselelerine gözegçilik edýän orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
02.03.2026 22:21
5.3k+
Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar
Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar
02.03.2026 22:02
1.8k+
Chevrolet Equinox tizligini artdyranda titreýär: sebäbini bilenoklar
General Motors kompaniýasy 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň Chevrolet Equinox krossowerlerinde adatdan daşary titremeleriň ýüze çykmagy bilen bagly derňew işlerini başlady. Bu barada PIT6466 hyzmat býulleteninde aýdylýar
02.03.2026 21:52
3.5k+
Mercedes ulagda çaýkanma keseliniň öňüni alýan ulgamy patentledi
Mercedes-Benz awtoulaglardaky çaýkanmanyň derejesini peseltmek üçin niýetlenen ulgamy patentledi. Bu tehnologiýada işjeň podweska ýa-da wibrokompensasiýa ýaly çylşyrymly tehniki çözgütlere derek, kompaniýa ýelejiretme ulgamyny we içki LED yşyklandyryşy ulanýar
02.03.2026 21:39
3k+
Xiaomi 17 we Xiaomi 17 Ultra kiçi batareýa we ýokary baha bilen dünýä bazaryna çykdy
MWC 2026 tehnologiýa sergisinde Xiaomi kompaniýasy özüniň täze flagmanlarynyň — Xiaomi 17 we kämilleşdirilen 17 Ultra modelleriniň global wersiýalaryny resmi taýdan tanyşdyrdy. Hytaýda çykan smartfonlaryň esasy häsiýetnamalary saklanyp galsa-da, halkara wersiýalarynyň batareýa göwrümi birneme kiçeldildi we bahalary ep-esli ýokarlandyryldy
02.03.2026 21:04
9.7k+
Läle Şöhradowa üç ýyldan soň Türkmenistanyň küşt täjini gaýtaryp aldy
Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň zenanlar toparynda FIDE-niň ussady, 20 ýaşly Läle Şöhradowa uly ýeňiş gazanyp, üç ýyldan soň ýurduň küşt täjini özüne gaýtaryp aldy
02.03.2026 20:18
2.4k+
Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi
Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan
02.03.2026 18:53
13k+
FIFA-nyň prezidenti jedelli pursatlarda agzyny eli bilen ýapýan oýunçylary meýdançadan çykarmagy teklip etdi
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino meýdançadaky gapma-garşylykly pursatlarda agzyny elleri ýa-da köýnekçesi bilen ýapýan oýunçylara gyzyl duýduryş karty bermek arkaly jezalandyrmaga çagyrdy
02.03.2026 18:32
4.1k+
Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär
Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi
02.03.2026 18:25
2.5k+
Maserati bir ýylda Porsche-niň 11 günde satanyndan hem az ulag satdy
Maserati kompaniýasy 2025-nji ýyly satuwlaryň düýpli pese düşmegi bilen tamamlady. Carscoops neşiriniň bellemegine görä, 12 aýyň dowamynda bütin dünýäde bary-ýogy 7,9 müň awtomobil satyldy. Bu mukdar Porsche-niň takmynan 11 günde satýan ulaglarynyň sanyna barabardyr
02.03.2026 18:21
3.2k+
Brit Awards 2026-nyň dört baýragyny Oliwiýa Din gazandy
26 ýaşly britan aýdymçysy Oliwiýa Din 2026-njy ýylyň Brit Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasynda esasy ýeňiji boldy. Bu ýyl dabara ilkinji gezek Londonda däl-de, Mançesterdäki Co-op Live arenasynda geçirildi
02.03.2026 16:44
15k+
Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda aladalanma bildirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy belleýär
02.03.2026 16:09
1k+
Spotify-da iň meşhur audiokitaplaryň sanawlary peýda boldy
Spotify kompaniýasy ABŞ-daky we Beýik Britaniýadaky ulanyjylar üçin audiokitaplaryň reýting sanawlaryny işe girizendigini yglan etdi. Täze Audiobook Charts bölümi her hepde täzelener we iň meşhur audiokitaplary hem umumy reýtingde, hem-de aýry-aýry žanrlar boýunça görkezer
02.03.2026 16:04
1.5k+
Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi
Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär
02.03.2026 15:28
6.7k+
Türkmenistanda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Bahar paslynyň ilkinji gününde Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
02.03.2026 15:19
4.8k+
FIFA-nyň Dünýä çempionatynyň kubogy Meksika geldi
FIFA-nyň Dünýä çempionatynyň kubogy Meksika gelip ýetdi we indi ýurda syýahat etmäge başlaýar diýip, Meksikanyň Daşary işler ministrligi X sosial ulgamynda habar berdi. Ministr Huan Ramon de la Fuente ýurduň öňde duran sport baýramçylygynda janköýerleriň we gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge doly taýýardygyna ynandyrdy
02.03.2026 15:10
3.1k+
MIT-iň inženerleri 3D-printerde elektrik welosipediniň hereketlendirijisini çap etdiler
Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) üç sagadyň dowamynda 3D-çap etmegiň bir tapgyrynda doly işleýän elektrik hereketlendirijisini döretdiler diýip, institutyň metbugat gullugy habar berýär. Täze tehnologiýa komponentleri ýygnamak tapgyryny doly aradan aýryp, bäş dürli materialdan enjam döretmäge mümkinçilik berýär
02.03.2026 14:56
1.4k+
Geçen hepde Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň bahasy 12 mln dollardan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň
02.03.2026 14:51
3.9k+
Amerikanyň Ssenariçiler gildiýasy Warner Bros. bilen Paramount-yň birleşmeginiň öňüni almaga synanyşýar
Amerikanyň Ssenariçiler gildiýasy (WGA) Warner Bros. Discovery bilen Paramount kompaniýalarynyň birleşmegine garşy çykyş etdi. Gildiýa mümkin bolan birleşigi "ssenariçiler, tomaşaçylar we tutuş pudak üçin betbagtçylyk" diýip atlandyrdy
02.03.2026 14:41
4.3k+
Aý barha kiçelýär: bu geljekde oňa gonjak kosmonawtlar üçin howply bolup biler
Ýeriň hemrasy kem-kemden göwrümini ýitirýär, bu bolsa onuň gabygynda jaýryklaryň we gatlaklaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Bu barada The Planetary Science Journal neşiri Smitson milli howa we kosmos muzeýiniň hünärmeni Koul Naýpaweriň barlaglaryna salgylanyp habar berýär
02.03.2026 14:33
5.1k+
Ýer ýüzündäki arylaryň görnüş sany çak edilişinden köp bolup çykdy
Dünýäde ýabany arylaryň köpdürlüligi 26 müňden-de gowrak görnüşi öz içine alýar. Nature Communications žurnalynyň habar bermegine görä, bu san ozalky çaklamalardan 18-25% köpdür. Awstraliýaly biologlar topary global we sebitleýin derejelerde statistik barlag geçirdiler
02.03.2026 14:31
3.2k+
Nissan Pathfinder modeli iki görnüşde çykarylar – hem krossower, hem wnedorožnik
Nissan kompaniýasy özüniň häzir krossower bolan Pathfinder modelini täze ramaly wnedorožnik (ýolsuz ýerler üçin niýetlenen) bilen bilelikde satuwda saklamagy meýilleşdirýär diýlip, Automotive News neşiri habar berýär
02.03.2026 14:22
2.7k+
Huawei meşhur Mate 80 Pro modelini 1300 ýewro bahasy bilen dünýä bazaryna çykardy
Huawei kompaniýasy halkara bazary üçin Mate 80 Pro flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu waka 2022-nji ýyldaky Mate 50 Pro modelinden bäri bu seriýanyň dünýä derejesindäki ilkinji uly hödürlenilişi boldy. Smartfonyň 16 GB operatiw we 512 GB içerki ýat (fleş-ýat) bilen üpjün edilen görnüşine 1300 ýewro baha kesildi
02.03.2026 14:15
2.6k+
BMW ýangyn howpy zerarly 59 müň awtomobilini yzyna ýygnaýar
BMW konserni klimat ulgamynyň simlerinde ýüze çykan kemçilik sebäpli Demirgazyk Amerikada 5-nji we 7-nji seriýaly awtomobillerini yzyna çagyrmak çäresini yglan etdi diýip, Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň Milli administrasiýasy habar berýär
«
1
…
87
88
89
…
1117
»
«
1
…
84
85
86
87
88
89
90
91
92
…
1117
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.