Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
28.02.2026 15:51
2.5k+
Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
25-nji fewralda Pakistanyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Mowlämow Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi
28.02.2026 15:47
2.3k+
«Sezar» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: baş baýragy «Ysnyşyk» dramasy aldy
Režissýor Karin Tardýonyň «Ysnyşyk» (L’Attachement) atly fransuz maşgala dramasy «Iň gowy film» kategoriýasynda baş «Sezar» baýragyny aldy. Baýragyň 51-nji gowşurylyş dabarasy 26-njy fewralda Parižde geçirildi diýip, Deadline habar berýär
28.02.2026 15:40
3.3k+
«Galkynyş» topary dabaraly ýörişini Mary welaýatynda dowam etdirdi
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýurt boýunça dabaraly ýörişiniň çäginde Mary welaýatynda çykyş etdi. Mundan ozal döredijilik topary Arkadag şäherinde, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda boldy
28.02.2026 15:20
1.2k+
Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer
Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär
28.02.2026 14:13
4.3k+
Jim Kerri kino sungatyna goşan goşandy üçin «Sezar» hormat baýragyna mynasyp boldy
Amerikaly aktýor we komik Jim Kerri karýerasynda gazanan üstünlikleri üçin Fransiýanyň «Sezar» hormat kinobaýragy bilen sylaglandy. Sylag gowşurylyş dabarasy Parižde geçirildi. Baýragy aktýora «Arassa aňyň baky şuglasy» (Вечное сияние чистого разума) filminiň režissýory Mişel Gondri gowşurdy
28.02.2026 14:10
8.6k+
Melaniýa Tramp BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder
ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp 2-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder. Bu barada ABŞ-nyň BMG-däki wekilhanasy X sosial ulgamynda habar berdi. «Birinji hanym parahatçylygy ilerletmekde bilimiň ornuny nygtamak üçin ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşindäki başlyklygy öz üstüne alyp, BMG-niň taryhyna girer» diýlip, habarda bellenilýär
28.02.2026 14:08
4.3k+
Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde berildi diýip, TDH habar berýär
28.02.2026 14:06
4.2k+
Beýik Britaniýanyň ilçihanasy sanly wiza ulgamyna geçilýändigini mälim etdi
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi. 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň immigrasiýa ulgamy sanly görnüşe geçdi. Diplomatik wekilhananyň berýän maglumatyna görä, Beýik Britaniýa girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary indi diňe elektron wiza (eVisa) alar
28.02.2026 13:00
3.6k+
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler
Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H
28.02.2026 12:54
13k+
Köp çagaly enelere 8-nji mart baýramy mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar
Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem welaýatlarda baýramçylyk dabaralary geçiriler. Olaryň çäginde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlary we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar
28.02.2026 10:54
4.5k+
Aşgabatda Ogulabat ejäniň el hünärine bagyşlanan sergi geçiriler
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Geçiriljek dabaralaryň maksatnamasy barada Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi diýip, TDH habar berýär
28.02.2026 10:20
2.1k+
Instagram ýetginjekleriň dürli temalardaky gözlegleri boýunça ata-enelere goldaw funksiýasyny girizmekçi
Instagram-da ýetginjekleriň özüne zeper ýetirmek ýa-da şoňa meňzeş beýleki howply ýagdaýlar bilen bagly temalar boýunça maglumatlary gözleýändikleri barada ata-enelere duýduryş berýän täze funksiýa peýda bolar
28.02.2026 10:13
9.7k+
Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar
Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler
27.02.2026 21:58
3.8k+
Uber-iň işgärleri başlyklarynyň emeli aň-ekiz taýyny döretdiler
Uber kompaniýasynyň işgärleri kompaniýanyň baş direktorynyň keşbini gaýtalaýan, emeli aňa esaslanýan çat-bot döretdiler. Bu barada Uber-iň ýolbaşçysy Dara Hosrowşahi «The Diary of a CEO» podkastyna beren interwýusynda gürrüň berdi diýip, «TechCrunch» portaly habar berýär
27.02.2026 21:47
6.6k+
Bentley ýapon bazary üçin 10 sany «toý» Bentayga krossowerini çykarar
Bentley markasy diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenen «Something Blue Collection» atly çäkli nusgada Bentayga krossowerlerini tanyşdyrdy. Bu seriýanyň ady XIX asyryň iňlis toý däp-dessurlaryna esaslanýar; oňa görä, gelniň bagtly durmuşy üçin onuň ýanynda gök reňkli bir zadyň bolmagy zerurdyr
27.02.2026 21:33
8.6k+
Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli
Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar
27.02.2026 21:08
9.5k+
Näme üçin Marsda diňe ýeralma bilen oňup bolmaz? Geljekki missiýalaryň esasy kynçylyklary
Köp adamlar geljekki kosmos missiýalaryny «Marsly» (Марсианин) filmi arkaly göz öňüne getirýär: gyzyl tozan, ýalňyzlyk we astronawtyň janyny halas eden ýeralma joýalary. Emma, hakykatda, uzak kosmosda ýaşamak diňe bir zatlar ösdürip ýetişdirmegi öwrenmekden has çylşyrymly meseledir
27.02.2026 20:58
3.3k+
Tirannozawr reks: sekiz tonnalyk «towuk» ýaly hereket edipdir
"Ýura döwrüniň seýilgähindäki" (film) ýeri sarsdyryp ýöreýän agyr tirannozawr reks baradaky düşünjämizi gaýtadan gözden geçirmeli bolarys. Royal Society Open Science žurnalynda çap edilen täze ylmy barlag, hek asyrynyň bu gazaply ýyrtyjysynyň häzirki zaman guşlaryna meňzeş ýagdaýda, ýagny aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda hereket edendigini subut edýär
27.02.2026 20:51
3k+
Barlag: Ýaşlar ekranda supergahrymanlary däl-de, aladaçyl kakalary görmek isleýärler
10-24 ýaş aralygyndaky ýaş tomaşaçylar ekranda däp bolan «çydamly we dymmaga meýilli» gahrymanlary däl-de, eýsem mähirli kakalary we terbiýeçileri görmek isleýärler. Bu barada Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň (UCLA) geçiren barlagynda aýdylýar
27.02.2026 20:48
4.2k+
Boýy 16 sm, kuwwaty 120 Wt: Xiaomi yzlygyna zarýad berýän akylly kabel çykardy
Xiaomi kompaniýasy yzlygyna zarýad beriş tehnologiýasy üçin niýetlenen, bary-ýogy 1,5 dollardan satylýan gysga we akylly USB-C kabelini hödürledi. Bu täze önümiň uzynlygy bary-ýogy 16 sm. Ol yzlygyna zarýad berýän wagty iki smartfony birleşdirmek üçin ýörite gysga edildi
27.02.2026 19:52
8.6k+
UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi
Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň bije çekilişiginiň yzýany, Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna çykan toparlar hem öz garşydaşlaryny bildiler. Bijä görä, çärýek finala çykmak ugrunda aşakdaky toparlar özara bäsleşerler:
27.02.2026 19:22
1.4k+
App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi
Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi
27.02.2026 19:13
2.7k+
Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy
Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär
27.02.2026 18:51
1.9k+
Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi
Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi
27.02.2026 18:42
5.2k+
Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi
27.02.2026 18:25
3.9k+
Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler
14-nji martda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär
27.02.2026 18:19
4.5k+
Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi
27.02.2026 18:03
1.3k+
Türkmen medeniýeti Tbiliside görkezilen täze dokumental filmde öz beýanyny tapdy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Gruziýanyň paýtagtyndaky Kino öýünde «Medeniýet dünýäni halas eder» atly täze dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bu kino eseri döwletara gatnaşyklary ösdürmekde we halklaryň arasynda özara ynamy berkitmekde medeniýetiň tutýan ornuny görkezýär
27.02.2026 17:57
3.5k+
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda koreýaly diplomatlar bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy guraldy. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär
27.02.2026 17:04
12k+
Çempionlar ligasynda bije çekildi: 1/8 finalyň garşydaş toparlary bilen tanyş boluň
Şu gün Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişik dabarasy boldy. Çäre UEFA-nyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda 1/8 finala göni çykan toparlar utulan-çykdy tapgyrynyň ýeňijileri bilen duşuşar
27.02.2026 16:57
1.7k+
Türkmenistan we Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
Ylmy-medeni özara gatnaşyklar türkmen wekiliýetiniň Londona amala aşyran iş saparynyň dowamynda üns merkezinde duran esasy meseleleriň biri boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Uilýams bilen duşuşdy
27.02.2026 16:45
3k+
Türkmenistanyň daşary işler ministri London gazna biržasyndaky duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Beýik Britaniýa amala aşyrylan iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Londonda möhüm duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyk London gazna biržasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Juliýa Enn Hoggettiň we Beýik Britaniýanyň Maliýe ministrliginiň (UK Treasury) ykdysady sekretary Lýusi Rigbiiniň gatnaşmagynda geçirildi
27.02.2026 16:38
2.5k+
Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär
Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda
27.02.2026 16:25
3.8k+
Höwesjeňler iPhone-da gizlin hereket usulyny tapdy
Cult of Mac ýöriteleşdirilen blogyň žurnalistleri iPhone bilen işlemegi ýeňilleşdirýän gizlin hereket usuly barada habar berdiler. Olar iOS ulgamynda birbada birnäçe elementi bellemäge mümkinçilik berýän aýratyn hereket usuly bardygyny belläp, bu aýratynlygy iMessage messenjerini ulanmak arkaly görkezdiler
27.02.2026 15:56
4k+
Alymlary imperator pingwinleriň ykbaly alada goýýar
Alymlary Antarktikadaky imperator pingwinleriň sany uly alada goýýar. Le Monde gazetiniň habar bermegine görä, guşlar üçin esasy howpy olaryň ýaşamagynyň we köpelmeginiň şerti bolan deňiz buzluklarynyň meýdanynyň azalmagy döredýär
27.02.2026 15:17
2k+
Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy
Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi
27.02.2026 15:03
9.2k+
Göwün garramaýar... Ýaşy 100-den geçen 17 zenan wideojaň arkaly könäni ýatlaşdylar
Ispaniýanyň Maximiliana startapy 100 we ondan hem uly ýaşly adamlar üçin umumy wideoaragatnaşyk duşuşygyny gurnady. Bu täsin duşuşyga ýurduň her awtonom birleşiginden bir wekil – jemi 17 zenan gatnaşdy. Bu barada RTVE habar berýär
27.02.2026 14:43
5.2k+
Iň gowusy «Ýedi samuraý»: Collider taryhda iň gowy uruşly filmleri saýlady
Collider neşiri taryhyň iň gowy 20 sany söweşjeň filminiň sanawyny düzdi. Sanawyň birinji basgançagynda režissýor Akira Kurosawanyň 1954-nji ýylda surata düşüren «Ýedi samuraý» filmi ýerleşdi. Filmdäki wakalar XVI asyrdaky Ýaponiýada raýatlyk urşy döwründe bolup geçýär
27.02.2026 12:29
3.6k+
Warner Bros. «Mortal Kombat 2» filminiň treýlerini ýaýratdy
Warner Bros. kinokompaniýasy özüniň YouTube kanalynda «Mortal Kombat 2» filminiň täze treýlerini çap etdi. Filmiň dünýä premýerasy 8-nji maýa meýilleşdirilýär. Filmiň sýužeti 2021-nji ýyldaky birinji bölümiň dowamy bolup, ol Ýeriň çempionlary bilen onunjy ýaryş başlamazyndan ozal goragçylary ýok etmäge synanyşýan Şan Szunyň arasyndaky garşylygy görkezmäge gönükdirilendir
27.02.2026 12:21
1.7k+
Tesla pyýadalaryň yşaratyna düşünmäge ukyply FSD awtopilot ulgamyny görkezdi
Tesla kompaniýasy "Full Self Driving" (FSD) ulgamynyň täze nusgasynyň synaglaryndan wideogörünişleri paýlaşdy. Täzelenen ulgam v14.2.1 belgisi bilen belgilendi. "ITHome" portalynyň habar bermegine görä, ulgam indi awtomobiliň daşyndaky adamlaryň berýän el yşaratlaryny tanamagy öwrendi
«
1
…
89
90
91
…
1118
»
«
1
…
86
87
88
89
90
91
92
93
94
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.