Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

27.02.2026, 18:253,912

14-nji martda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Çäre Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Ýokary kazyýeti we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasy bilen bilelikde gurnalýar.

Kabul edişlik şu salgy boýunça geçiriler: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 150-nji jaý, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli.

Maglumat almak üçin telefon belgileri: 39-19-20, 39-19-21.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.