Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
24.02.2026 17:27
2.7k+
«Ýene bir gezek oýlan!»: Formula-1 täze möwsümiň öňüsyrasynda mahabat wideosyny görkezdi
Formula-1-iň täze möwsümi 6-njy martda Melburndaky ýaryş bilen açylar. Möwsümiň başlangyjy üçin çempionat tarapyndan aktýor Damson Idris we dünýä çempionatynyň ähli 22 pilotynyň gatnaşmagynda «All To Drive For» atly mahabat kampaniýasy başlandy
24.02.2026 17:02
1.6k+
Islandiýa 2026-njy ýylda ÝB-e girmek barada referendum geçirmegi meýilleşdirýär
Islandiýa Ýewropa Bileleşigine girmek baradaky referendumy öň çaklanylyşy ýaly 2027-nji ýylda däl-de, eýýäm 2026-njy ýylda geçirmegiň mümkinçiliklerine seredýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Politico neşiri habar berýär
24.02.2026 16:44
1.3k+
Türkmenistanyň we Zimbabweniň DIM-leri Aşgabatda syýasy geňeşmeleri geçirdi
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurda gelen Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindi bilen duşuşygy geçirildi
24.02.2026 16:37
4.5k+
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Lebap welaýatyna dabaraly ýörişi boldy
Arkadag şäherinde başlanyp, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda dowam eden dabaraly ýörişlerden soň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň sapary ýurduň Lebap welaýatyna gönükdi. Bu çäreler 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurt boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň dowamy boldy
24.02.2026 16:27
3.7k+
Balkanabatda «Brain-ring» intellektual bäsleşigi geçirildi
«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda «Brain-ring» atly intellektual bäsleşik geçirildi. Ol üç tapgyrdan ybarat boldy. Çäräni Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi we «Kämil bilim» merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy bilelikde gurady
24.02.2026 15:36
1.9k+
Pudagara topary 2026-njy ýyl üçin adam hukuklary babatyndaky işleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
23-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
24.02.2026 14:47
8.1k+
Bali adasynda howanyň iň howply derejesi yglan edildi
Indoneziýanyň Bali adasynda güýçli ýagyn sebäpli howanyň iň ýokary — «gyzyl» howp derejesi yglan edildi. Ýagyş eýýäm suw joşgunlaryna we süýşgünlere sebäp boldy diýip, Jakarta Globe neşiri Bali prowinsiýasynyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentligine salgylanyp habar berýär
24.02.2026 14:20
15k+
«Bize aklymyzdan azaşandyrys öýtdüler»: «Barselona» Ýamaly €250 milliona PSŽ-ä satmakdan ýüz öwürdi
«Barselona» futbol kluby mundan iki ýyl ozal hüjümçi Lamin Ýamal üçin «Pari Sen-Žermeniň» hödürlän 250 million ýewrolyk transfer teklibini ret etdi. Bu maglumaty katalon klubynyň öňki prezidenti Žoan Laporta tassyklady
24.02.2026 14:19
2.9k+
ChatGPT-de 20 dollarlygy az, 200-ligi gymmat görýänler üçin 100 dollarlyk nyrhnama peýda bolar
ChatGPT web goşundysynyň kodunda aýda 100 dollar bahasy bolan täze Pro Lite tarif nyrhnamasy baradaky maglumatlar tapyldy. Bu barada OpenAI-niň täzeliklerinden takyk maglumatlary paýlaşmakda tanalýan barlagçy Tibor Blaho habar berdi
24.02.2026 14:01
6.6k+
Hytaýda ýüz ýyl hyzmat etmäge ukyply batareýa döredildi: onuň düzümi tofuň suwuna çalymdaş
Hytaýly alymlar diňe bir howpsuz bolman, eýsem ekologiýa taýdan arassa bolan täze akkumulýator işläp düzdüler. Taslamanyň esasy artykmaçlygy — batareýanyň göwrümini ýitirmezden 120 müňden gowrak zarýad alyş-beriş sikline çydamagyndadyr
24.02.2026 11:29
16k+
Maşyny 100 sagatlap öçürmän işletseň hereketlendirijä näme bolar? Nissan-yň inženerleri muny barladylar
Nissan kompaniýasy hereketlendirijiniň iň ýokary aýlawlarda (oborotlarda) 100 sagatlap yzygiderli işlemeginden soňky ýagdaýyny görkezýän wideo materiallary çap etdi. Ýapon awtoöndürijisiniň hünärmenleri güýç agregatlarynyň adatdan daşary agyrlyklara durnuklylygyny barlamak üçin birnäçe synaglary geçirdiler
24.02.2026 10:49
13k+
Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi
Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi
24.02.2026 10:08
2.1k+
Fransiýa bir ýylda 102 million syýahatçy kabul edip, öz rekordyny täzeledi
Fransiýa 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän ýurdy derejesini saklap galdy we syýahatçylaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Resmi maglumatlara görä, ýurt bir ýylda 102 million adam kabul edipdir
24.02.2026 09:46
1.8k+
Google Newadadaky maglumat merkezlerini 15 ýyllap geotermal energiýa bilen üpjün eder
Google kompaniýasy Newada ştatyndaky maglumat merkezleriniň (data-center) işini üpjün etmek üçin kuwwaty 150 MWt çenli bolan geotermal energiýany satyn almak barada 15 ýyllyk şertnama gol çekdi. Ylalaşyk Berkshire Hathaway-iň düzümine girýän NV Energy jemgyýetçilik hyzmaty we geotermal energetika pudagynda işleýän Ormat kompaniýasy bilen baglaşyldy
24.02.2026 09:33
1.6k+
Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar
Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi
24.02.2026 09:26
2.2k+
Müňlerçe Lego böleklerinden Top Gear gepleşiginiň studiýasyny döretdiler
Top Gear awtoulag şüweleňiniň muşdagy Nard Werbong öz söýgüli gepleşiginiň studiýasyny Lego konstruktoryndan dizaýn edip, gurnady. Bu maketi döretmek üçin oňa 5362 sany Lego bölejigi gerek boldy. Taýýar işiň suratlary Top Gear-iň resmi saýtynda çap edildi
24.02.2026 09:11
2.4k+
Mikelanjelonyň nämälim 20 eseriniň tapylandygy mälim edildi
Italiýada meşhur heýkeltaraş Mikelanjelo Buonarrotiniň öň näbelli bolan 20 sany işi ýüze çykaryldy. Erkin sungat taryhçysy Walentina Salernonyň geçiren barlaglarynyň netijesinde bu eserleriň asyl nusgadygy tassyklanyldy diýip, Il Messaggero neşiri habar berýär
24.02.2026 07:44
9.3k+
Türkmenistan bilen Gruziýa parlamentara hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekdi
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gruziýa resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Parlamentiň binasynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi
24.02.2026 04:29
1.6k+
Serdar Berdimuhamedow Estoniýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise we ýurduň halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýollady. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berdi
24.02.2026 03:57
6.7k+
Dik Adwokat Kýurasaonyň milli ýygyndysyny terk etdi. Ol topary dünýä çempionatyna çykarypdy
Niderlandly tälimçi Dik Adwokat Kýurasaonyň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi. Ol bu çözgüdi gyzynyň agyr kesellemegi sebäpli kabul etdi we wagtyny maşgalasyna bagyşlamak isleýär. Onuň ornuny Fred Rýutten eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berdi
24.02.2026 00:30
2.1k+
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 38 million dollara golaýlady
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurt puluna baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 37 million 801 müň dollardan geçdi. Hasabat döwründe jemi 31 geleşik hasaba alyndy
24.02.2026 00:15
5k+
Döwlet Baştutany ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk barada tabşyryklary berdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler barada iş maslahatyny geçirdi
23.02.2026 23:31
1.5k+
Apple emeli aňa iPhone-da internetsiz işlemegi öwredýär
Apple kompaniýasy Ferret-UI Lite atly 3 milliard parametrli, gysga göwrümli emeli aň modeliniň barlagyny çap etdi. Model maglumatlary serwerlere ibermezden, göni enjamyň özünde işlemäge niýetlenendir. Şeýle-de ol programmalaryň interfeýsindäki elementleri tanamaga we ulanyjynyň adyndan hereketleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr
23.02.2026 20:02
14k+
Hytaýda bir kofehana kert gaýada kofe içmäge çagyrýar: bu ýeri internetde trend boldy
Hytaýyň Fuszýan welaýatynda, deňiz derejesinden has belentde, kert gaýanyň gyrasynda ýerleşýän kofehana Hytaý Täze ýylynyň dynç alyş günlerinde iň meşhur ýerleriň birine öwrüldi. Bu ýerde kofe içmek üçin gelýänler ýörite alpinist enjamlaryny geýip, gaýanyň ýüzündäki insiz tagtanyň üstünde oturyp, mawy deňziň görnüşinden lezzet alýarlar
23.02.2026 18:40
10k+
Ronaldu sport iýmitini öndürýän kompaniýa $7,5 mln maýa ýatyrym etdi
«Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Herbalife kompaniýasynyň düzümindäki kärhananyň paýdary boldy. Futbolçy 2013-nji ýyldan bäri bu kärhananyň ilçisi bolup, sport iýmiti önümlerini mahabatlandyryp gelýärdi
23.02.2026 18:12
6k+
Barlagçylar ýetginjekleriň was-waslygyny süýji içgilerden görýärler
Düzüminde şekeriň mukdary ýokary bolan içgiler bilen ýetginjeklerdäki was-waslyk alamatlarynyň arasynda arabaglanyşyk bar. Muny Bornmut uniwersitetiniň we Beýrutdaky Liwan amerikan uniwersitetiniň alymy doktor Karim Halediň ýolbaşçylygyndaky täze barlag ýüze çykardy diýip, Medical Xpress žurnaly habar berýär
23.02.2026 17:12
5.8k+
Salwadorda 100 müň sany plastik gapakdan öz «Mona Lizalaryny» döretdiler
Salwadoryň Sakamil etrabynda 100 müňden gowrak plastik gapakdan taýýarlanan ägirt uly diwar suraty peýda boldy. Bu işiň beýikligi 13 metrden geçýär. Euronews agentliginiň habar bermegine görä, awtor dünýäde bu ululykda gapak bilen «çekilen» başga bir freskanyň ýokdugyny aýdýar
23.02.2026 15:43
7.6k+
Panç atly ýalňyz maýmynjygyň meşhurlygy IKEA-nyň ýumşak oýunjagyny iň ýörgünli haryda öwürdi
Ýumşak orangutan oýunjagyny özüne «eje» edinen Panç atly makakajygyň meşhurlygy IKEA-nyň bu oýunjaklaryna bolan islegi rekord derejä ýetirdi. Panç özüniň gynançly hekaýasy bilen dünýä belli boldy. Makaka maýmynjygynyň çagasy Tokionyň golaýyndaky Itikawa haýwanat bagynda 2025-nji ýylyň iýulynda dünýä inenden soň, öz enesi tarapyndan ret edildi
23.02.2026 14:41
3.4k+
Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»
Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda täze nesil Starship kosmos gämisiniň şu ýylyň mart aýynda ilkinji gezek uçuryljakdygyny habar berdi. Flight 12 uçuşy Starship V3 arhitekturasynyň ilkinji synagy bolar. Bu gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli görnüşidir
23.02.2026 14:13
8.7k+
Google ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany optiki süýümli kabel arkaly baglajak bolýar
Google kompaniýasy U.S.-India Connection atly ägirt infrastruktura taslamasyna başlandygyny yglan etdi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 15 milliard dollar sarp etmek meýilleşdirilýär. Taslama ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany birleşdirjek täze suwasty we gury ýer optiki süýümli liniýalarynyň ulgamyny gurmagy göz öňünde tutýar
23.02.2026 13:55
13k+
Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär. «Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar
23.02.2026 13:43
11k+
«Barselona» Remezan aýynda Ýamal üçin niýetlenen ýörite iýmitleniş meýilnamasyny düzdi
«Barselona» toparyň esasy oýunçylarynyň biri bolan Lamin Ýamal üçin Remezan aýynyň başlamagyna öňünden taýýarlyk gördi. Mundo Deportivo neşiriniň habar bermegine görä, klubuň lukmançylyk we dietologiýa bölümi futbolçy üçin agyz beklemäge we şol bir wagtyň özünde oňyn fiziki ýagdaýyny saklap galmaga mümkinçilik berýän aýratyn iýmitleniş we dikeldiş düzgünini işläp düzdi
23.02.2026 13:30
13k+
Toyota-nyň we Lexus-yň eýeleri 8 basgançakly «awtomat» karobkadaky meseleler sebäpli kazyýete arz etdiler
ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň federal kazyýetinde Toyota kompaniýasyna garşy nobatdaky köpçülikleýin arza berildi. Bu gezekki şikaýatyň sebäbi - UA80 seriýaly 8 basgançakly awtomatiki geçiriji karobkadyr. Arza berijileriň tassyklamagyna görä, bu transmissiýanyň dizaýnynda iki sany düýpli kemçilik bar
23.02.2026 13:23
4.7k+
Caviar sap altyndan iPhone Air çykarar: bahasy tas $39 müň
Caviar lýuks brendi iPhone Air esasynda döredilen täze we eksklýuziw Airline smartfonlar toplumyny çykarjagyny mälim etdi. Bu barada GSMArena.com portaly habar berýär. Kompaniýa enjamyň asyl ýeňilligini saklap, ony gymmat bahaly metallar bilen baýlaşdyrdy
23.02.2026 13:14
1.5k+
Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar
Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi
23.02.2026 13:02
2.5k+
Ubisoft «Far Cry-dan» iki täze oýnuň ýakynda çykjakdygyny we «Assassin’s Creed-iň» üstünde işleýändigini tassyklady
Ubisoft kompaniýasynyň ýolbaşçysy Iw Giýmo, kompaniýanyň «Far Cry» seriýasyndan iki sany täze oýun çykarmaga taýýarlanýandygyny tassyklady. Ol bu barada «Variety» neşirine beren interwýusynda mälim etdi. Bu söhbetdeşlik kompaniýanyň giň gerimli gaýtadan guralyşyndan soňky ilkinji uly jemgyýetçilik çykyşy boldy
23.02.2026 12:55
1.6k+
Teýlor Swiftiň «The Life of a Showgirl» albomy 2025-nji ýylyň iň meşhur albomy diýlip ykrar edildi
Fonogramma öndürijileriniň halkara federasiýasy (IFPI) 2025-nji ýylyň iň meşhur on sany albomynyň reýtingini çap etdi. Global sanawda birinji orny «The Life of a Showgirl» albomy bilen Teýlor Swift eýeledi. Reýting düzülende fiziki göterijileriň (kompakt-diskler we winil plastinkalary) satylyşy, sanly göçürmeler hem-de striming platformalaryndaky diňlenme sany hasaba alyndy
23.02.2026 12:52
2.5k+
«Bir söweşden soň beýleki» filmi alty BAFTA baýragyna mynasyp boldy
Londonda britan we halkara kinematografiýasynda gazanylan üstünlikleri belleýän BAFTA baýragynyň 79-njy gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy
23.02.2026 12:48
2.9k+
YouTube bilen indi telewizor görýärkäňiz hem gepleşip bolar
YouTube özüniň synag tapgyryndaky emeli aň guralynyň gerimini giňeldýär we ony akylly telewizorlarda (Smart TV), oýun konsollarynda hem-de striming pristawkalarynda synagdan geçirip başlaýar. Ozal bu funksiýa diňe mobil goşundyda we serwisiniň web wersiýasynda elýeterlidi
23.02.2026 12:44
3.6k+
Britaniýa XIX asyrda Nigeriýadan alnyp gidilen 116 sany ýadygärligi yzyna bermäge razy boldy
Kembrij uniwersiteti XIX asyryň ahyrynda britan goşunlary tarapyndan Afrikadan alnyp gidilen 116 sany taryhy sungat eserini Nigeriýa gaýtaryp bermek barada karar kabul etdi. Bu gymmatlyklar sebitiň medeni mirasynyň iň möhüm bölekleri hasaplanýar
«
1
…
92
93
94
…
1118
»
«
1
…
89
90
91
92
93
94
95
96
97
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.