Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
21.02.2026 16:26
2.5k+
«Rolling Stone» XXI asyryň iň gowy «Oskarly» aktrisalarynyň atlaryny mälim etdi
«Rolling Stone» žurnaly XXI asyrda «Oskar» baýragyna mynasyp bolan aktrisalaryň reýtingini düzdi. Sanaw taýýarlanylanda redaksiýa aktrisalaryň kino sungatyna goşan umumy goşandyna däl-de, hut olaryň baýrak getiren filmlerdäki işleriniň hiline baha berdi
21.02.2026 16:01
1.6k+
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi
20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi. «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan
21.02.2026 15:50
5.3k+
Floridada kenara zyňylan girdenek kaşalotlarda bakteriýanyň nämälim görnüşleri ýüze çykaryldy
Floridanyň Atlantik uniwersitetiniň ýanyndaky Harbow-Branç okeanografiýa institutynyň hünärmenleri girdenek kaşalotlaryň organizmlerinde Helicobacter urugyna degişli, ylma ozal nämälim bolan üç sany bakteriýa genotipini tapdylar
21.02.2026 15:42
4.1k+
Honda özbaşdak gonmagy başarýan ilkinji hususy uçarynyň nusgasyny görkezdi
Iki motorly Honda Elite II reaktiw uçary öz segmentinde Garmin-iň adatdan daşary awtomatik gonuş ulgamy üçin ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa müdiriýetiniň sertifikatyny alan ilkinji uçar boldy. Bu barada Honda Aircraft kompaniýasy habar berýär
21.02.2026 14:59
3.4k+
Blackpink YouTube-da 100 mln abunaçy jemlän ilkinji aýdym-saz topary boldy
Blackpink k-pop topary aýdymçylaryň arasynda YouTube-da 100 million abunaçy ýazylan ilkinji aýdym-saz topary boldy we gyzyl göwher düwmä (Red Diamond Creator Award) mynasyp görüldi. Wideohostingiň bütin taryhynda bu baýraga eýe bolan T-Series, MrBeast, Cocomelon, SET India we WWE ýaly kanallaryň sany 20-den hem azdyr
21.02.2026 14:17
9.6k+
Dünýäniň iň uly sfera binasy hiç ýere uçmazdan, «Aýyň ýüzünde gezelenç etmäge» çagyrar
Moon World Resorts kompaniýasy «Moon» («Aý») atly täze taslamasyny hödürledi. Bu taslama dünýäniň iň uly sfera şekilli binasynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Taslamanyň esasy maksady — binanyň içinde Aýyň ýüzünde gezelenç edýän ýaly duýgyny döredýän giňişlik döretmek
21.02.2026 14:09
1.2k+
Google habarçylaryň şikaýatlaryndan soň EA-gözleginiň interfeýsini üýtgetdi
Google kompaniýasy «EA-dan syn» (AI Overviews) we Geminä esaslanýan «Emeli aň tertibi» bölümlerinde gipersalgylanmalaryň görkezilişine üýtgeşmeler girizdi. Bu barada Google Search önümleri boýunça wise-prezidenti Robbi Steýn habar berýär
21.02.2026 13:59
4.1k+
Samsung telewizorlar bazarynda birinjiligi elden berdi: indi TCL öňde
Counterpoint Research seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda TCL kompaniýasy Samsung-dan has köp telewizor satdy. Şunlukda, onlarça ýyllap telewizor bazarynyň lideri hasaplanan günorta koreýaly gigant birinjiligi elden gidirdi
21.02.2026 13:15
3.8k+
«The Big Bang Theory» serialynyň ýyldyzy özüni tanatman, ýat adamlaryň saglyk çykdajysyny töleýär
«Uly partlama teoriýasy («The Big Bang Theory») sitkomyndaky Raj Kutrappaliniň keşbi bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan aktýor Kunal Naýýar gijelerine GoFundMe platformasyna girip, özüni tanatmazdan, düýbünden ýat adamlaryň lukmançylyk çykdajylaryny töleýändigini boýun aldy
21.02.2026 12:02
9k+
Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna 60 manat möçberinde pul sowgatlary 2-6-njy mart aralygynda gowşurylar
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanynyň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylar. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi diýip, TDH habar berýär
21.02.2026 10:51
4.6k+
Tozan sorujy öndürýän Dreame altyn çaýylan kaşaň smartfonlary çykarar
Dreame kompaniýasy Hytaý Täze ýyly mynasybetli altyn çaýylan korpusly we gymmat bahaly daşlar bilen bezelen Aurora smartfonunyň çykaryljakdygyny habar berdi. Modeliň suratlary Hytaýyň Weibo sosial torunda peýda boldy
21.02.2026 10:44
11k+
Tramp import harytlaryna häzirki bar bolan gümrük paçlarynyň üstüne ýene goşmaça paç girizýändigini yglan etdi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp ýurtda hereket edýän nyrhlara goşmaça hökmünde, ABŞ-a getirilýän ähli import harytlaryna ýene-de goşmaça 10 göterim gümrük pajynyň giriziljekdigini mälim etdi
21.02.2026 10:38
2.1k+
Norwegiýa gyşky Olimpiadada altyn medal boýunça öz rekordyny täzeledi
Norwegiýanyň ýygyndy topary bir gyşky Olimpiadada gazanylan altyn medallaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Milan we Kortina şäherlerinde geçirilýän Gyşky oýunlarda bu ýurduň türgenleri iň ýokary derejeli baýraklaryň 17-sini eýelediler
21.02.2026 10:24
3.1k+
Mercedes-Benz ýangyn howpy sebäpli eýýäm üçünji gezek EQB elektrik krossowerlerini yzyna çagyrýar
Mercedes-Benz kompaniýasy ABŞ-da EQB modelindäki ýokary woltly batareýalaryň ýangyn döretmek ähtimallygy sebäpli, eýýäm üçünji gezek uly yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu çäre 2022–2024-nji ýyllar aralygynda öndürilen 11 895 awtoulaga degişlidir
21.02.2026 10:19
2.9k+
Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi
Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy
21.02.2026 10:00
4.3k+
«Indi beýle edemzok»: Sukerberg kazyýetde Instagramyň algoritmlerini aklamaga çalyşýar
Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kazyýetde çykyş edip, kompaniýanyň ulanyjylaryň ünsüni nädip çekýändigi we olaryň Facebook hem-de Instagram-da sarp edýän wagtyna nähili täsir edýändigi baradaky soraglara jogap berdi
21.02.2026 09:56
1.6k+
Mads Mikkelsen Skorsezeniň täze filminde Di Kaprio we Lourens bilen bilelikde surata düşer
Dünýä belli aktýor Mads Mikkelsen režissýor Martin Skorsezeniň "Gije bolup geçýän zatlar" (Что происходит ночью) atly täze taslamasynyň ýyldyzlar düzümine goşuldy. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio we Jennifer Lourens janlandyrýar
21.02.2026 09:47
4.3k+
Beýik Britaniýanyň taryhynda ilkinji gezek döwlet raýat gullugyna aýal maşgala ýolbaşçy boldy
Antoniýa Romeo Beýik Britaniýanyň döwlet raýat gullugynyň ýolbaşçysy we Ministrler Kabinetiniň sekretary wezipesine bellenildi. Hökümet sekretariatynyň ýaýradan beýanatynda bellenilişi ýaly, ol Kris Uormold wezipesinden çekilenden soňra, bu wezipäni eýelän ilkinji aýal maşgala boldy
21.02.2026 08:34
2k+
Samsung-yň bazar bahasy bir ýylda 358% ýokarlanyp, bir trillion dollara golaýlady
Samsung Electronics kompaniýasynyň bazar kapitalizasiýasy bir ýylyň dowamynda 358% ýokarlanyp, 876,24 mlrd dollara ýetdi. Bir ýyl ozal kompaniýanyň umumy bahasy 244,51 mlrd dollara deňdi. Günorta koreýaly tehno-ägirdiň häzirki wagtda bir paýnamasynyň bahasy 130 dollardan geçýär
21.02.2026 08:32
1.4k+
Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin üç sany täze funksiýany hödürledi
Google kompaniýasy Chrome brauzeriniň desktop görnüşiniň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin üç sany täze guralyň goşulýandygyny habar berdi. Olar ekrany bölmek režiminden, PDF faýllaryna bellikleri goşmak we olary göni bulut saklaýjysyna ýüklemek mümkinçiliklerinden ybaratdyr
21.02.2026 02:05
6.9k+
Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek çäreleriň Tertibi mälim edildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda, hususan-da, baharyň birinji aýy üçin meýilleşdirilen medeni çäreleriň Tertibi hödürlendi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär
21.02.2026 01:58
25k+
Döwlet Baştutany Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B
21.02.2026 01:46
2.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG bilen 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
21.02.2026 01:43
10k+
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlary Rumyniýa okuwa ibermek baradaky teklibi makullady
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2026–2027-nji okuw ýylynda türkmen ýaşlaryny Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek baradaky teklibi makullady diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär. Bu baradaky maglumat sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim edildi
21.02.2026 01:40
6.8k+
Türkmenistanyň zenanlary Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny alar
Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň zenanlaryna pul sowgatlaryny bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi
20.02.2026 22:20
5.9k+
Ikinji jahan urşunyň haý-haýly 72 sagady hakda giň gerimli harby dramanyň treýleri çykdy
Focus Features kinokompaniýasy «Basgy» («Давление») atly harby dramanyň treýlerini hödürledi. Ilkinji görkezilişi 29-njy maýa meýilleşdirilen film dünýä prokatyna hem şol aýda çykar. Taryhy filmiň sýužeti Ikinji jahan urşy döwründe antifaşistik goşunlaryň Normandiýa düşürilmeginden 72 sagat öňki wakalary öz içine alýar
20.02.2026 22:19
1.8k+
Google 2025-nji ýylda müňlerçe işläp düzüjini we millionlarça şübheli goşundyny bloklady
2025-nji ýylda Google kompaniýasy giň gerimli arassalaýyş işlerini geçirip, düzgünleri bozan 1,75 milliondan gowrak goşundynyň Play Store-a ýüklenmeginiň öňüni aldy we zyýanly goşundyny ýerleşdirmek islän 80 müňden gowrak işläp düzüjiniň akkauntyny ýok etdi
20.02.2026 21:38
2.8k+
Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler
Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi
20.02.2026 21:11
5.3k+
Airbus kompaniýasy Boeing bilen bäsleşmek üçin iň uly uçaryny ýene ulaltmak isleýär
Ýewropanyň awiagurluşyk kompaniýasy Airbus özüniň giň fýuzelýažly flagman A350 uçarynyň has köp ýolagçy sygdyrýan görnüşini çykarmak mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Giýom Fori 19-njy fewralda geçirilen ýyllyk brifingde mälim etdi
20.02.2026 19:33
18k+
Tramp gaýry planetalylara we Ýerden daşardaky ýaşaýyşa degişli maglumatlary ile aýan etmegi tabşyrdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň goranmak ministrine we beýleki degişli edaralara Ýerden daşardaky ýaşaýyş, howadaky nämälim hadysalar we uçýan obýektler bilen baglanyşykly döwletde bar bolan materiallary ýüze çykarmagy hem-de olary gizlinlikden aýyrmagy tabşyrdy
20.02.2026 19:28
1.7k+
Bar ýagysy – gajetler! «Oýnawaçlar hekaýaty 5» multfilminiň treýleri çykdy
Disney we Pixar kompaniýalary «Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» (История игрушек-5) animasion filminiň doly derejeli treýlerini hödürledi. Multfilmiň premýerasy 19-njy iýuna meýilleşdirildi. Bu gezek gahrymanlar çagalaryň ünsüni özüne baglan iň döwrebap duşman — gajetler bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar
20.02.2026 18:51
6.8k+
YNAM! YHLAS! ÝEŇIŞ!.. TMBIZ-de sowgatly ýaryşyň 1-nji tapgyry jemlendi
«Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada, olam galyp näm boljak, olam ýetsin myrada». Halk ertekileriniň käbirleriniň soňundaky bu jümleler köplere tanyş bolsa gerek. Ine-de, köpler üçin erteki bolup görnen, ýöne, ertekileri hakykata öwren Mega ýaryş tamamlandy
20.02.2026 18:09
2.5k+
Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord
Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi
20.02.2026 17:42
4.6k+
Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi ýurduň ýerli atlar jemgyýetiniň wekili bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Geldynazarow bilen Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi
20.02.2026 17:24
1.8k+
Netflix «Otly petegi» stolüsti oýnuny ekrana geçirýär
Netflix kompaniýasy «Otly petegi» («Ticket to Ride») stolüsti oýnuny ekranlaşdyrmak hukugyny satyn aldy. Ylalaşyga görä, kompaniýa, islese, oýnuň esasynda çeper ýa-da dokumental filmleri, seriallary hem-de beýleki media önümleri çykaryp biler
20.02.2026 17:07
1.1k+
Rimde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, FAO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili T
20.02.2026 17:00
3.9k+
Hindistan $200 mlrd maýa goýum bilen dünýäniň EA-hasaplama merkezine öwrülmegi maksat edinýär
Hindistan hökümeti geljek iki ýylyň dowamynda emeli aň infrastrukturasyna 200 milliard dollardan gowrak maýa goýumyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waişnaw Nýu-Delide geçen «Emeli aňyň täsiri» sammitindäki çykyşynda aýtdy
20.02.2026 16:53
1.8k+
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-de Halkara ene dili gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de institutyň bilelikde guramagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Halkara ene dili güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
20.02.2026 16:44
2.1k+
Aýyjyk Paddington BAFTA dabarasynyň alyp baryjylarynyň biri bolar
Paddington atly aýyjyk BAFTA baýragynyň gowşuryş dabarasynda alyp baryjylaryň biri bolar. Ol «Iň gowy çagalar we maşgala filmi» kategoriýasynda baýragy gowşurar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
20.02.2026 15:30
1.6k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 19-njy fewralda Wena şäherinde geçirilen 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda esasy üns howpsuzlyk, demokratiýa, adam hukuklary we ynsanperwer meselelerine gönükdirildi
«
1
…
94
95
96
…
1118
»
«
1
…
91
92
93
94
95
96
97
98
99
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.