Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek çäreleriň Tertibi mälim edildi

21.02.2026, 02:056,952

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda, hususan-da, baharyň birinji aýy üçin meýilleşdirilen medeni çäreleriň Tertibi hödürlendi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.
Wise-premýer B. Seýidowanyň hasabatyna görä, mart aýynda ýurtda şu aşakdaky çäreler göz öňünde tutulýar:

  • Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurduň zenanlaryna pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, Aşgabadyň Mukamlar köşgünde, Arkadag şäherinde we welaýatlarda baýramçylyk konsertleriniň geçirilmegi;
  • Köp çagaly maşgalalaryň arasynda estafeta bäsleşiginiň guralmagy;
  • Suratkeşleriň sergisi we teatr oýunlary;
  • Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda «Talyp gözeli», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Zenan — Zeminiň zynaty», «Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegi;
  • Milli bahar baýramy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde, Arkadag şäherinde we Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda dabaralaryň geçirilmegi;
  • Daşoguz welaýatynda ýurduň ähli künjeklerinden dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň geçirilmegi.

Serdar Berdimuhamedow wise-premýere meýilleşdirilen dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.