Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
29.01.2026 13:01
1.9k+

Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi
Arkadag şäherinde «Galkynyş» toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligi bellenildi
29.01.2026 12:40
7.2k+

Arkadag şäherinde «Galkynyş» toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligi bellenildi

Arkadag şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ozal habar berşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen
Hytaýda Aziýadaky iň gadymy çylşyrymly gurallar tapyldy
29.01.2026 12:37
2.2k+

Hytaýda Aziýadaky iň gadymy çylşyrymly gurallar tapyldy

Arheologlar Gündogar Aziýada iň gadymy çylşyrymly daş gurallaryny ýüze çykardylar. Bu täze tapyndy sebitiň tehnologik taýdan yza galandygy baradaky öňki garaýyşlary şübhe astyna alýar. Bu barada "Nature Communications" žurnalyndaky ylmy işde aýdylýar
Türkmen talyplary Seulda we Çhunçhonda «Feel Korea! with KNU» maksatnamasyna gatnaşýar
29.01.2026 12:32
2.7k+

Türkmen talyplary Seulda we Çhunçhonda «Feel Korea! with KNU» maksatnamasyna gatnaşýar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyplary 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwary – 2-nji fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynda gysga möhletli okuw maksatnamasyna gatnaşýar
Ýewropada ýaşan adamlar 25 müň ýyl ozal hem ýüzlerçe km aralykda gatnaşyk saklapdyrlar
29.01.2026 10:31
6k+

Ýewropada ýaşan adamlar 25 müň ýyl ozal hem ýüzlerçe km aralykda gatnaşyk saklapdyrlar

Arheologlar Merkezi Ispaniýada, gelip çykyşy häzirki Fransiýanyň çäklerine degişli bolan we tapylan ýerinden 700 kilometrden gowrak uzaklykdan getirilen daş gurallaryny tapdylar. Science Advances žurnalynda çap edilen ylmy işde bellenilişi ýaly, bu aralyk Ýewropanyň paleolit döwri üçin daş gurallarynyň daşalan iň uzak aralygy hökmünde tassyklanylýar
Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy
29.01.2026 10:25
4.6k+

Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar
Ady — Nowruz: Gazagystanda arynyň täze görnüşi tapyldy
29.01.2026 10:15
3.5k+

Ady — Nowruz: Gazagystanda arynyň täze görnüşi tapyldy

Nemes entomologlary Gazagystanyň günorta-gündogarynda arynyň täze görnüşini tapdylar. Ol mundan ozal Merkezi Aziýada, Eýranda, Ysraýylda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurdunda duş gelýän sekiz görnüşi bilen tanalýan Planiandrena aşaky jynsynyň dokuzynjy wekili boldy
ABŞ-nyň Ssenaristler gildiýasynyň baýragyna dalaşgärler yglan edildi
29.01.2026 10:13
1k+

ABŞ-nyň Ssenaristler gildiýasynyň baýragyna dalaşgärler yglan edildi

Amerikanyň Ssenaristler gildiýasynyň (WGA) 78-nji baýragyna dalaşgärleriň sanawy çap edildi. Sylag gowşuryş dabarasy 8-nji martda Los-Anjeles şäherinde geçiriler. Original ssenariler: "Günäliler" («Грешники») "Marti
Samsung Galaxy S21, S21+ we S21 Ultra megerem, soňky howpsuzlyk täzelenmesini aldy
29.01.2026 09:59
3.9k+

Samsung Galaxy S21, S21+ we S21 Ultra megerem, soňky howpsuzlyk täzelenmesini aldy

Samsung kompaniýasy Galaxy S21 seriýasy üçin 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndaky howpsuzlyk täzelenmesini ýaýratmaga başlady. Bu täzelenme, öň yglan edilen goldawyň çäginde Galaxy S21, Galaxy S21+ we Galaxy S21 Ultra modelleri üçin iň soňky resmi täzelenme bolmagy mümkin
Nvidia howa ýagdaýyny iki hepde öňünden takyk çaklaýan emeli aň ulgamyny döretdi
29.01.2026 09:53
2.8k+

Nvidia howa ýagdaýyny iki hepde öňünden takyk çaklaýan emeli aň ulgamyny döretdi

Nvidia kompaniýasy howa şertlerini iki hepde öňünden takyk çaklamak üçin niýetlenen, açyk kodly "Earth 2" ulgamyny işe girizdi. Bu platforma meteorologik maglumatlaryň işlenilmegini çaltlaşdyrmak üçin birnäçe emeli aň modelini özünde jemleýär
Mbappe ÇL-de Ronaldunyň rekordyny täzeledi, Lewandowski Messiniň üstünligini gaýtalady
29.01.2026 09:44
8.9k+

Mbappe ÇL-de Ronaldunyň rekordyny täzeledi, Lewandowski Messiniň üstünligini gaýtalady

Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe UEFA Çempionlar ligasynyň umumy/toparlaýyn tapgyrynda iň köp gol geçirmek boýunça rekordy täzeledi.   Fransiýaly hüjümçi Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 8-nji turunda «Benfika» toparyna garşy geçirilen oýunda dubl etdi
Uniqlo egin-eşik brendi Land Cruiser, HiAce we Corolla şekillendirilen futbolkalary çykardy
29.01.2026 09:38
1.9k+

Uniqlo egin-eşik brendi Land Cruiser, HiAce we Corolla şekillendirilen futbolkalary çykardy

Ýaponiýanyň "Uniqlo" geýim brendi "Toyota" konserni bilen hyzmatdaşlykda ýapon awto ägirdiniň meşhur ulaglarynyň şekili ýerleşdirilen futbolkalar toplumyny çykardy. Bu kolleksiýa kompaniýanyň muşdaklaryna niýetlenip, 1960-njy ýyllaryň modellerine bagyşlanýar
Diňe ýeňip gelen «Arsenal», «Realyň» şowsuzlygy, derwezebanyň salan goly: ÇL-de umumy tapgyr jemlendi
29.01.2026 09:14
9.7k+

Diňe ýeňip gelen «Arsenal», «Realyň» şowsuzlygy, derwezebanyň salan goly: ÇL-de umumy tapgyr jemlendi

29-njy ýanwara geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň oýunlary jemlendi. Olaryň netijesinde, Ýewropanyň iň esasy klub ýaryşynyň göni 1/8 finalyna çykan sekiz topar belli boldy. Ýaryş jedweliniň birinji ornuny «Arsenal» topary eýeledi
Bahasy tas 30% arzanladylandan soň "şowsuz" iPhone Air Hytaýda derrew satylyp gutardy
29.01.2026 07:06
5.5k+

Bahasy tas 30% arzanladylandan soň "şowsuz" iPhone Air Hytaýda derrew satylyp gutardy

Hytaýda iPhone Air modeliniň bahalarynyň ep-esli peselmeginden soň satuwlar düýpli üýtgedi. Meşhur JD.com internet bazarynda smartfonyň 256 GB ýatly wersiýasy eýýäm "satylyp gutardy" diýlip görkezilýär. Önümiň maglumat sahypasynda enjamyň täzeden satyn alynma (getirilme) tapgyryndadygy we eltip berme möhletleriniň fewral aýyna süýşürilendigi bellenilýär
Hytaý ilkinji gezek kosmosda metal şaýlary çap etdi
29.01.2026 07:04
2.1k+

Hytaý ilkinji gezek kosmosda metal şaýlary çap etdi

Hytaý öz taryhynda ilkinji gezek metal şaýlary göni kosmosda 3D çap etmek boýunça synag geçirdi. Barlag işleri köp gezek ulanylýan «Lihun-1» (Y1) kosmos gämisiniň bortunda, Ýerden dolandyrylmazdan, doly özbaşdak ýagdaýda amala aşyryldy
Meksikada sapotekleriň 1,4 müň ýyl ozal guran aramgähi tapyldy
29.01.2026 06:43
3k+

Meksikada sapotekleriň 1,4 müň ýyl ozal guran aramgähi tapyldy

Meksikanyň Antropologiýa we taryh milli institutynyň (INAH) arheologlary San-Pablo-Uitso häkimliginiň ýerleşýän ýerinden sapotekleriň , takmynan, biziň eýýamymyzyň 600-nji ýylyna degişli bolan aramgähini ýüze çykardylar
«Indi beýle geýinme»: şu ýylky modanyň esasy antitrendleri
29.01.2026 06:27
5.2k+

«Indi beýle geýinme»: şu ýylky modanyň esasy antitrendleri

Moda yzygiderli üýtgeýär. Şu günki döwrebap hasaplan lybaslaryň ertir eýýäm antitrend hasaplanyp bilner. Şundan ugur alyp, Peopletalk neşiriniň bilermenleri  2026-njy ýylda modadan galjak birnäçe stillerdir biçüwler barada ýörite seljerme taýýarladylar
Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler
29.01.2026 02:06
2k+

Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler

Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi. Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar
«Ýo-ýo ýaly...»: Tramp dollaryň kursunyň üýtgemegine teswir berdi
28.01.2026 22:59
21k+

«Ýo-ýo ýaly...»: Tramp dollaryň kursunyň üýtgemegine teswir berdi

​ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dollaryň kursunyň peselmegine biynjalyk bolmaýandygy, gaýtam amerikan walýutasynyň «ýagdaýynyň gowudygy» barada aýtdy. Bu barada ol Aýýowa ştatynda, geçiriljek mitinge gatnaşmak üçin baran mahaly žurnalistlere habar berdi
7 trillion dollarlyk töwekgelçilik: ýapon obligasiýalarynyň peselmegi dünýä maliýe bazarlaryna wehim salýar
28.01.2026 19:46
7.7k+

7 trillion dollarlyk töwekgelçilik: ýapon obligasiýalarynyň peselmegi dünýä maliýe bazarlaryna wehim salýar

Dünýäniň maliýe ulgamy Ýaponiýadan gelýän täze durnuksyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, «Bloomberg» habar berýär. Uzak wagtlap iň ygtybarly serişde hasaplanan Ýaponiýanyň 7,3 trillion dollarlyk döwlet obligasiýalar bazary häzirki wagtda global maliýe sarsgynlygynyň merkezine öwrüldi
Bu-da emeli aň sebäpli: App Store-da täze iOS goşundylarynyň sany 60 göterim ýokarlandy
28.01.2026 19:24
2.2k+

Bu-da emeli aň sebäpli: App Store-da täze iOS goşundylarynyň sany 60 göterim ýokarlandy

Birnäçe ýyllap dowam eden durgunlykdan soň, «App Store» dükanynda täze goşundylaryň sanynyň çalt depginler bilen artýandygy hasaba alyndy. Sensor Tower we Wells Fargo Securities kompaniýalarynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda täze iOS goşundylarynyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60 göterim artdy
Gýoteniň kolleksiýasyndaky ýantar daşynyň içinde 40 mln ýyl ozal gatap galan garynja tapyldy
28.01.2026 18:38
6.9k+

Gýoteniň kolleksiýasyndaky ýantar daşynyň içinde 40 mln ýyl ozal gatap galan garynja tapyldy

Fridrih Şiller adyndaky Ýena uniwersitetiniň alymlary ýantar daşynyň içinde 40 million ýyl ozal gatap galan garynjany tapdy. Bu tapyndy meşhur nemes şahyry Iogann Wolfgang fon Gýoteniň kolleksiýasyndaky ýantar daşy öwrenilen wagty ýüze çykaryldy
Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar
28.01.2026 16:58
6.3k+

Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar

Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň Snežinsk şäherinde dünýäde iň täze we iň iri neýtrino obserwatoriýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli fizika we matematika merkezi habar berýär. Taslama hakynda merkeziň ylmy ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Aleksandr Sergeýew yglan etdi
Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy
28.01.2026 16:39
3.2k+

Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektromobil satuwy ilkinji gezek benzin hereketlendirijisi bolan awtomobilleriň satuwyndan ýokary boldy. Şeýle maglumatlary Ýewropanyň awtomobil öndürijiler assosiasiýasy (ACEA) hödürleýär diýip, Reuters agentligi habar berýär
Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär
28.01.2026 16:25
4.8k+

Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär

2026-njy ýylyň tomsunda Halkara kosmos stansiýasy (HKS) üçin niýetlenen kir ýuwujy maşynyň prototipiniň ýerüsti synaglaryna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada «Himiýa maşyn gurluşygynyň ylmy-gözleg instituty» paýdarlar jemgyýetiniň geljegi uly taslamalar bölüminiň başlygy Ýewgeniý Uýmanowa salgylanyp, TASS habar berýär
TTII we Dohanyň ylym we tehnologiýa uniwersiteti hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar
28.01.2026 16:18
2.1k+

TTII we Dohanyň ylym we tehnologiýa uniwersiteti hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Doha ylym we tehnologiýa uniwersiteti ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär
«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2» filmi surata düşürilip başlandy
28.01.2026 16:01
2k+

«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2» filmi surata düşürilip başlandy

«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2» (Как приручить дракона 2) filmini düşürmek işleri başlandy. Bu barada franşizanyň režissýory we ssenariçisi Din DeBlua surata düşüriş meýdançasyndan fotosurat bilen paýlaşyp, sosial ulgamlarda habar berdi
Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy
28.01.2026 15:54
3.3k+

Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy

Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenler üçin täze gajet taýýarlanyldy, ýöne ol satuwa çykarylmaz. Samsung kompaniýasy diňe Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin döredilen eplenýän smartfonyň ýörite görnüşini — Galaxy Z Flip7 Olympic Edition modelini görkezdi
Türkiýe 2025-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlaryna 120 müňe golaý wiza berdi
28.01.2026 15:31
8.9k+

Türkiýe 2025-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlaryna 120 müňe golaý wiza berdi

2025-nji ýylda Türkiýe Türkmenistanyň raýatlaryna, takmynan, 120 müň wiza berdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda aýtdy diýip, «Ata Watan Media» neşiri habar berýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
28.01.2026 15:06
2k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  (oturýan ýeri Astana şäherinde) Kristofer Daggan bilen duşuşdy
Tbilisiniň Ýunus Emre adyndaky institutynda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi
28.01.2026 15:02
1.1k+

Tbilisiniň Ýunus Emre adyndaky institutynda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tbilisi şäherinde Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Duşuşyk Ýunus Emre adyndaky institutyň binasynda boldy. Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem işgärleri gatnaşdy
Amerikaly maşgalalar TikTok, Meta we YouTube-a garşy köpçülikleýin şikaýat arzasy bilen ýüz tutdular
28.01.2026 14:54
4.6k+

Amerikaly maşgalalar TikTok, Meta we YouTube-a garşy köpçülikleýin şikaýat arzasy bilen ýüz tutdular

​27-nji ýanwarda Los-Anjelesde amerikan maşgalalarynyň we mekdep okruglarynyň ýüzlerçesi Meta, Snap, TikTok hem-de YouTube korporasiýalaryna garşy beren köpçülikleýin şikaýat arzalary boýunça kazyýet işleri başlandy
«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler
28.01.2026 14:45
1.9k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan harby we hukuk goraýjy edaralara awtoulaglar sowgat berildi
28.01.2026 14:41
20k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan harby we hukuk goraýjy edaralara awtoulaglar sowgat berildi

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralara Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döwrebap awtoulaglar sowgat berildi
Marsda öň Demirgazyk buzly ummandaky ýaly kän suwuň bolanlygy çaklanylýar
28.01.2026 14:31
2.5k+

Marsda öň Demirgazyk buzly ummandaky ýaly kän suwuň bolanlygy çaklanylýar

Alymlar Marsyň demirgazyk ýarym şarynda gadymy ummanyň kenar ýakasyny ýatladýan derýa hanalaryna meňzeş gurluşlary tapdylar. Bu barada Live Science neşiri habar berýär. Bern uniwersitetiniň hünärmenleri «ExoMars Trace Gas Orbiter», «Mars Express» we «Mars Reconnaissance Orbiter» orbita apparatlarynyň kameralarynyň kömegi bilen Mariner jülgesini içgin öwrendiler
Apple garaşylmadyk ýagdaýda iPhone-nyň könelişen modelleri üçin möhüm täzelenme çykardy
28.01.2026 14:29
3.9k+

Apple garaşylmadyk ýagdaýda iPhone-nyň könelişen modelleri üçin möhüm täzelenme çykardy

Apple kompaniýasy iPhone 5s we iPhone 6 ýaly könelişen modeller, şeýle hem iOS 12 operasion ulgamynda işleýän beýleki enjamlar üçin iOS 12.5.8 täzelenmesini çykardy. Bu smartfonlaryň satuwa çykarylyp başlanyna eýýäm on ýyldan gowrak wagt geçdi
Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy
28.01.2026 13:50
2.3k+

Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi
Redmi Turbo 5 Max örän çalt işleýän ultrases barmak yzy skaneri bilen enjamlaşdyrylar
28.01.2026 13:37
2.9k+

Redmi Turbo 5 Max örän çalt işleýän ultrases barmak yzy skaneri bilen enjamlaşdyrylar

Redmi Turbo 5 Max seriýanyň taryhynda ilkinji gezek flagman derejesindäki ultrases barmak yzy skanerine eýe bolar. Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbiniň aýtmagyna görä, skanirlemek işi dem salym pursatda— ekrandaky beýleki sensorlardan 30% has çalt amala aşyrylar
Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar
28.01.2026 13:31
2.1k+

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar
Hytaýda robot-it −30 °C sowukda we boýy 4 metre ýetýän garda synagdan geçirildi
28.01.2026 11:48
7.6k+

Hytaýda robot-it −30 °C sowukda we boýy 4 metre ýetýän garda synagdan geçirildi

Deep Robotics kompaniýasy LYNX M20 robot-itini Hytaýyň demirgazygyndaky örän sowuk gyş şertlerinde synagdan geçirdi.  RIA Nowosti-niň habar bermegine görä, synaglar Içki Mongoliýanyň Hulun-Buir şäher sebtinde bolup geçdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.