Alymlar ýokary gan basyşy beýni sütüniniň işleýşi bilen baglanyşdyrýarlar
18.01.2026 19:37
4.5k+

Alymlar ýokary gan basyşy beýni sütüniniň işleýşi bilen baglanyşdyrýarlar

Alymlar beýni sütüniniň bir böleginiň ýokary gan basyşa we gipertoniýanyň güýçlenmegine täsir edip biljekdigini anykladylar. Munda gürrüň bedendäki awtomatik proseslere jogapkär bolan nerw toplumynyň lateral parafasial sebiti (LPA) hakynda barýar diýip, Daily Mail habar berýär
Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýatyna aprel aýynda sereder
18.01.2026 16:13
6.6k+

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýatyna aprel aýynda sereder

Kaliforniýanyň Oklend şäheriniň federal kazysy OpenAI we Microsoft kompaniýalarynyň Ilon Maskyň talap arzasyny ýatyrmak baradaky soňky synanyşygyny ret etdi. Bu karar kazyýet mejlisiniň başlanmagyna ýol açdy. Deslapky meýilnama boýunça, kazyýet işi 27-nji aprelde başlanmaly
Alymlar 2 mln ýyl ozal ýaşan «başarnykly adamy» doly suratlandyryp bildi
18.01.2026 16:06
5.8k+

Alymlar 2 mln ýyl ozal ýaşan «başarnykly adamy» doly suratlandyryp bildi

Paleoantropologlar Homo habilis-iň (başarnykly adam) iň doly skeleti barada gürrüň berdi. Homo urugynyň iň irki wekilleriniň biri bolan bu görnüş 2 million ýyldan gowrak ozal ýaşapdyr. Ol awstralopitekler bilen adamlaryň has giçki ata-babalarynyň – Homo erectus-yň (göni ýöreýän adam) anatomiki aýratynlyklaryny özünde birleşdiripdir
DÇ-2026 üçin petek utuşyna ýarym milliard adam gatnaşar
18.01.2026 16:02
6.4k+

DÇ-2026 üçin petek utuşyna ýarym milliard adam gatnaşar

Janköýerler 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna petek satyn almak üçin Random Selection Draw tapgyrynyň çäklerinde 500 milliondan gowrak arza tabşyrdy. Arzalary kabul ediş möhleti 2025-nji ýylyň 11-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 13-nji ýanwaryna çenli dowam etdi
OpenAI mugt ChatGPT Translate emeli aň terjimeçisini işe girizdi
18.01.2026 15:59
1.4k+

OpenAI mugt ChatGPT Translate emeli aň terjimeçisini işe girizdi

OpenAI kompaniýasy täze ChatGPT Translate hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda EA terjimeçisi beta-synag režiminde bolup, mugt işleýär. Ol 50-den gowrak dili, şol sanda rus dilini goldaýar. Android Authority neşiriniň belleýşi ýaly, entek kompaniýa ChatGPT Translate barada resmi taýdan habar bermedi, ýöne hyzmat eýýäm ulanyjylar üçin ýörite saýtda elýeterlidir
Russiýanyň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin meýilnamalaryny mälim etdi
18.01.2026 15:58
6.1k+

Russiýanyň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin meýilnamalaryny mälim etdi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Aşgabatda geçiren brifinginde 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň jemlerini jemledi we 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi
Taryhda iň köp ýüklenen Subway Surfers mobil oýnunyň dowamy çykarylar
18.01.2026 15:52
4k+

Taryhda iň köp ýüklenen Subway Surfers mobil oýnunyň dowamy çykarylar

Meşhur Subway Surfers mobil oýnunyň dowamynyň çykjak senesi belli boldy. Ol Subway Surfers City diýlip atlandyrylýar we 26-njy fewralda çykar. Taslama iOS we Android operasion ulgamlarynyň ulanyjylary üçin elýeterli bolar
Kim Kardaşýan we Nike bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi
18.01.2026 15:44
6.7k+

Kim Kardaşýan we Nike bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi

Skims brendiniň esaslandyryjysy Kim Kardaşýan Nike kompaniýasy bilen Air Rift modeliniň esasynda döredilen ilkinji bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi. Täzelenen wersiýa NikeSkims Rift Mesh adyny aldy
Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi
18.01.2026 15:41
9.5k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi
Gadymky möjegiň iýmit galyndylary 14,000 ýyl mundan ozal ýaşan tüýli kerkiň DNK-syny öwrenmäge kömek etdi
18.01.2026 15:22
6k+

Gadymky möjegiň iýmit galyndylary 14,000 ýyl mundan ozal ýaşan tüýli kerkiň DNK-syny öwrenmäge kömek etdi

Alymlar Sibir doňaklygynda gatap galan möjegiň aşgazanyndan tapylan et bölegini öwrenmek arkaly, takmynan 14,000 ýyl mundan ozal ýaşan tüýli kerkiň genomyny täzeden dikeltdiler. Iki aýlyk möjek çagasynyň zepersiz saklanan galyndylary 2011-nji ýylda Sibiriň demirgazyk-gündogaryndaky Tumat obasynyň golaýynda tapylypdy
Tirannozawrlaryň ösüşi 40 ýyl dowam edipdir
18.01.2026 15:13
3.8k+

Tirannozawrlaryň ösüşi 40 ýyl dowam edipdir

Ýyrtyjylaryň daşlaşan süňklerini öwrenmek boýunça şu wagta çenli geçirilen iň uly seljermeden soň paleontologlar tirannozawrlaryň doglandan soň 40 ýyl töweregi ösmegi dowam etdirendikleri barada netijä geldiler diýip, TASS-yň habarynda aýdylýar
“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär
18.01.2026 15:07
4.2k+

“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär
Türkmenistanly okuwçylar Astanadaky halkara olimpiadada 16 medal gazandylar
18.01.2026 13:37
3.1k+

Türkmenistanly okuwçylar Astanadaky halkara olimpiadada 16 medal gazandylar

2026-njy ýylyň 10-14-nji ýanwary aralygynda Astanada geçirilen matematika, fizika we kompýuter ylymlary boýunça 22-nji Halkara Žautykow olimpiadasynda türkmen mekdep okuwçylary ajaýyp netijeleri görkezdiler. Gazagystanyň Bilim ministrliginiň Daryn merkezi tarapyndan guralan abraýly intellektual marafona 16 ýurtdan 600-den gowrak zehinli ýaşlar gatnaşdy
AstraZeneca rak keselini bejermekde emeli aňy ulanmak üçin täze startap satyn alýar
18.01.2026 11:41
2.6k+

AstraZeneca rak keselini bejermekde emeli aňy ulanmak üçin täze startap satyn alýar

Britaniýa-şwed derman senagaty ägirdi bolan AstraZeneca, emeli aň (EA) ulgamynda işleýän Amerikanyň Modella AI startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu ylalaşyk rak keselini bejermek üçin niýetlenen dermanlaryň döredilme döwrüni gysgaltmaga gönükdirilendir
«Wikipediýa» öz taryhynda iň köp okalan makalalaryň sanawyny mälim etdi
18.01.2026 11:38
2.3k+

«Wikipediýa» öz taryhynda iň köp okalan makalalaryň sanawyny mälim etdi

«Wikipediýa» taslamasyny ösdürýän täjirçilik däl «Wikimedia» fondy onlaýn ensiklopediýanyň taryhynda iň köp görlen iňlis dilindäki makalalaryň sanawyny çap etdi. «Popular Science» žurnalynyň belleýşine görä, bu reýting 2008-nji ýyldan bärdäki maglumatlara esaslanýar
Ene-atalar çagalaryň we ýetginjekleriň YouTube-da Shorts görmek üçin sarp edýän wagtyny çäklendirip biler
18.01.2026 11:27
3.6k+

Ene-atalar çagalaryň we ýetginjekleriň YouTube-da Shorts görmek üçin sarp edýän wagtyny çäklendirip biler

YouTube ene-ata gözegçiligi üçin täze funksiýalary girizýär. Bu ýetginjekleriň Shorts wideolaryny görmek üçin sarp edýän wagtyny çäklendirmäge mümkinçilik berer. Ýakyn wagtda ene-atalar we hossarlar şeýle wideolara tomaşa etmegiň wagtyny öz dolandyrýan akkauntlarynda nola çenli azaldyp biler
Ford Bronco wnedorožniginiň arzan we sport görnüşini hödürledi
18.01.2026 11:10
3k+

Ford Bronco wnedorožniginiň arzan we sport görnüşini hödürledi

Ford kompaniýasy Detroýt awtosalonynda meşhur Bronco modeliniň täze — RTR görnüşini tanyşdyrdy. Ýolsuz ýerlerde ýokary tizlikde sürmek üçin niýetlenen bu awtomobil has gymmat bahaly Bronco Raptor modeline has elýeterli alternatiwa hökmünde hödürlenilýär
Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi
18.01.2026 10:31
6.3k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy
Google kompaniýasy Gmail-de elektron salgyny üýtgetmäge mümkinçilik berýän funksiýany işe girizdi
18.01.2026 10:22
1.3k+

Google kompaniýasy Gmail-de elektron salgyny üýtgetmäge mümkinçilik berýän funksiýany işe girizdi

Google ulanyjylara bir Google akkauntynyň çäklerinde gmail.com domeninde elektron poçta salgysyny üýtgetmäge mümkinçilik berýän funksiýany işe girizip başlady. Funksiýa, aslynda, geçen ýyl yglan edildi we diňe üçünji tarap serwisleriň poçtasyny ulanýanlar üçin elýeterlidi
Netflix platformasy Sony Pictures-iň filmlerini we seriallaryny görkezmäge hukuk aldy
18.01.2026 10:18
1.2k+

Netflix platformasy Sony Pictures-iň filmlerini we seriallaryny görkezmäge hukuk aldy

Netflix striming platformasy Sony Pictures bilen täze şertnama baglaşdy. Oňa laýyklykda, studiýanyň filmleri kinoteatr we içerki prokat tamamlanandan tiz wagtdan soň striming hyzmatynda peýda bolar. Bu Pay-1 formatly ygtyýarnama şertnamasydyr
Nigeriýanyň milli ýygyndysy penalti tapgyrynda Müsüri utup, Afrikanyň Kubogynyň bürünç medalyny gazandy
18.01.2026 10:14
4.7k+

Nigeriýanyň milli ýygyndysy penalti tapgyrynda Müsüri utup, Afrikanyň Kubogynyň bürünç medalyny gazandy

Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Marokkoda geçirilýän Afrika milletleriniň kubogynda üçünji ýer üçin oýunda Müsüriň toparyny penalti tapgyrynda utdy. Oýnuň esasy wagty golsuz tamamlandy – 0:0. Penalti tapgyrynda Nigeriýanyň topary güýçli geldi – 4:2
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar
18.01.2026 10:02
13k+

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
18.01.2026 10:00
5.8k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

17-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
NASA 7 kompaniýa bilen Ýerden daşardaky ýaşaýşy gözlemek üçin teleskop gurmakçy bolýar
17.01.2026 22:53
3.1k+

NASA 7 kompaniýa bilen Ýerden daşardaky ýaşaýşy gözlemek üçin teleskop gurmakçy bolýar

NASA 7 sany kompaniýa bilen ekzoplanetalardan ýaşaýyş alamatlaryny gözlemäge niýetlenen Habitable Worlds Observatory (HWO) kosmos teleskopy üçin tehnologiýalary işläp düzmek maksatly şertnama baglaşdy. Obserwatoriýa ýüzlerçe we müňlerçe ýagtylyk ýylyndan uzaklykdaky, ýyldyzlaryň töwereginde aýlanýan we  planetalaryň atmosferasyndan geçýän ýagtylygy seljerer
OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar
17.01.2026 22:44
1.2k+

OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar

OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar. The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär
Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy
17.01.2026 22:33
3.4k+

Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy

Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri Google-yň Bluetooth esasly Fast Pair protokolyny goldaýan ses enjamlarynda möhüm näsazlygyň bardygyny anykladylar. Şunlukda bu kemçilikler
Aşgabatda meşhur ýapon animeleriniň sazlaryndan ybarat konsert bolar
17.01.2026 17:37
3.4k+

Aşgabatda meşhur ýapon animeleriniň sazlaryndan ybarat konsert bolar

Aşgabatda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde dünýä belli ýapon animeleriniň sazlaryndan ybarat konsert geçiriler. «Simfoniýa Anime» atly bu sazly agşam 1-nji fewralda Mukamlar köşgünde bolar
Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy
17.01.2026 16:51
10k+

Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy

Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi
Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi
17.01.2026 16:47
3.8k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy
"Çirkin ses 7-niň" tizeri peýda boldy: Arwah ýüz ýene-de Sidni Preskottyň maşgalasyny gorkuzýar
17.01.2026 16:43
4.2k+

"Çirkin ses 7-niň" tizeri peýda boldy: Arwah ýüz ýene-de Sidni Preskottyň maşgalasyny gorkuzýar

27-nji fewralda halkara kinoprokatyna çykjak "Çirkin ses 7" filminiň täze tizeri "Paramount Pictures" kompaniýasynyň YouTube kanalynda köpçülige hödürlendi. Filmiň esasy gahrymany hökmünde ýene-de Sidni Preskott (Niw Kempbell) dolanyp gelýär
LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy
17.01.2026 15:54
3.8k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär
Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi
17.01.2026 15:28
7.7k+

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda bank kartlary arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 20,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada «Bank habarlary» elektron žurnaly habar berýär
Mark Sukerberg işgärleri üçin 300%-e çenli bonuslar ulgamyny girizýär
17.01.2026 15:15
2.7k+

Mark Sukerberg işgärleri üçin 300%-e çenli bonuslar ulgamyny girizýär

Şu ýyl Mark Sukerberg Meta kompaniýasynda iň gowy işlänler üçin täze bonuslary we işiň netijelerini bahalandyrmak ulgamyny girizýär diýip, Business Insider habar berýär. Bonuslaryň möçberi dürli ölçeglere esaslanar
70-nji ýyllaryň jinsi jalbarlary moda dolanyp geldi: 2026-njy ýylda esasy trend boljak görnüşler
17.01.2026 15:07
7.8k+

70-nji ýyllaryň jinsi jalbarlary moda dolanyp geldi: 2026-njy ýylda esasy trend boljak görnüşler

Jinsi jalbarlary dörän gününden bäri garderobyň esasy bölegi bolmagynda galýar. Edil şonuň ýaly,  olaryň modasy hem beýleki trendler bilen birlikde ösýär. Şoňa görä, Real Simple žurnaly professional stilistleriň 2026-njy ýylda haýsy görnüşli  jinsi jalbarlaryň moda boljakdygy we haýsy stillere üns bermelidigi barada çaklamalaryny paýlaşdy
Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar
17.01.2026 15:03
5.3k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi
Bir gijelik uky esasynda 130 keseli anyklamak mümkin
17.01.2026 14:58
7.5k+

Bir gijelik uky esasynda 130 keseli anyklamak mümkin

Täze barlaglar uky derňewiniň horlama ýa-da demikme ýüze çykmasyndan has köp maglumat berip biljekdigini görkezdi. Nature Medicine žurnalynda çap edilen giň möçberli gözleg, uky laboratoriýasynda uklanyp geçirilen bir gijäniň köp sanly agyr keselleriň döremek howpuny olaryň ýüze çykmagyndan birnäçe ýyl öň kesgitläp biljekdigini subut etdi
Dublin 2026-njy ýylda ýekelikde syýahat edýänler üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip atlandyryldy
17.01.2026 14:47
5k+

Dublin 2026-njy ýylda ýekelikde syýahat edýänler üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip atlandyryldy

Dublin 2026-njy ýylda ýekelikde syýahat edýänler üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip kesigitlenildi. Irlandiýanyň paýtagty Travelers' Choice Awards reýtinginde birinji orna mynasyp boldy. Sanaw Trip Advisor tarapyndan çap edildi
Prada Alawly Atyň keşbindäki mahabat kampaniýasyny Hytaý Täze ýylyna bagyşlady
17.01.2026 14:43
2.4k+

Prada Alawly Atyň keşbindäki mahabat kampaniýasyny Hytaý Täze ýylyna bagyşlady

Prada Hytaý Täze ýyly mynasybetli mahabat kampaniýasyny yglan etdi. Mahabatda esays üns taslamanyň merkezindäki moda öýüniň üçburç logotiplerinden düzülen Alawly Ata gönükdirilýär diýip WWD habar berýär. Suratlar malaýziýaly suratçy Çžun Lin tarapyndan düşürildi
Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy
17.01.2026 14:38
4k+

Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär
Zenanlar LEAF-y saýlaýar: Nissan ykjam awtoulaglaryň arasynda öňdebaryjy boldy
17.01.2026 14:32
1.9k+

Zenanlar LEAF-y saýlaýar: Nissan ykjam awtoulaglaryň arasynda öňdebaryjy boldy

Nissan kompaniýasy täze Nissan LEAF-yň Women’s Worldwide Car of the Year (WWCOTY) tarapyndan «Iň gowy ykjam awtomobil» adyny alandygyny habar berdi. Bu awtomobillere ýöriteleşýän diňe zenan žurnalistler tarapyndan berilýän ýeke-täk awtomobil baýragydyr
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.