«Wikipediýa» öz taryhynda iň köp okalan makalalaryň sanawyny mälim etdi

18.01.2026, 11:382,365

«Wikipediýa» taslamasyny ösdürýän täjirçilik däl «Wikimedia» fondy onlaýn ensiklopediýanyň taryhynda iň köp görlen iňlis dilindäki makalalaryň sanawyny çap etdi.

«Popular Science» žurnalynyň belleýşine görä, bu reýting 2008-nji ýyldan bärdäki maglumatlara esaslanýar. Emma bu makalalar ensiklopediýanyň esaslandyrylan wagtyndan (2001-nji ýyl) bäri iň meşhur soraglar bolup galýar.
Iň meşhur makalalaryň ilkinji onlugy:

  1. Ýyl boýunça ýogalan meşhur adamlaryň sanawy — 647 milliondan gowrak görlüş;
  2. Amerikanyň Birleşen Ştatlary — 328,5 million;
  3. Donald Tramp — 325,4 million;
  4. Ýelizaweta II — 253,3 million;
  5. Hindistan — 210,7 million;
  6. Kriştianu Ronaldu — 209,2 million;
  7. Barak Obama — 200,6 million;
  8. Ilon Mask — 197,5 million;
  9. Ikinji Jahan urşy — 196,1 million;
  10. Beýik Britaniýa — 180,9 million.

Reýtingiň ikinji onlugynda Lionel Messi, Maýkl Jekson, «Tagtlaryň oýny» (Game of Thrones), Taylor Swift we Eminem ýaly meşhur şahsyýetler hem-de medeni taslamalar agdyklyk edýär. Şeýle hem sanawda Birinji Jahan urşy, Kanada, «Oskar» baýragy we iň köp girdeji gazanan filmleriň sanawy bar.
Belläp geçsek, 15-nji ýanwarda dünýäniň iň uly ensiklopediýasy bolan «Wikipediýa» özüniň 25 ýyllyk ýubileýini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.