Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
15.01.2026 11:45
4.3k+
BTS dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahatyna ugraýar
BTS keý-pop topary dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahaty barada yglan etdi. Ol aprelde Günorta Koreýanyň Koýan şäherinden başlap, 2027-nji ýylyň martyna çenli dowam eder. Bu barada Associated Press habar berýär
15.01.2026 11:42
4.3k+
Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda Senegal bilen Marokko duşuşar
Afrika milletleriniň kubogynyň finalçylary kesgitlendi. Titul ugrunda Senegalyň milli ýygyndysy bilen ýaryşyň ýer eýesi Marokko göreşer. Tanžer şäherinde geçirilen birinji ýarym final oýnunda senegallylar az hasap bilen (1:0) ýaryşyň esasy toparlarynyň birini – Müsüriň milli ýygyndysyny utdy
14.01.2026 18:53
33k+
Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi
14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçran Rona atly eýran ýük gämisindäki 14 adamyň ählisini halas etdiler. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, betbagtçylyga uçran gämi SOS signalyny beripdir
14.01.2026 18:08
11k+
Fransiýada çaga dogluş derejesi Ikinji Jahan urşy döwründäki derejä düşdi
Fransiýanyň Milli Statistika we Ykdysady Barlaglar Institutynyň (INSEE) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Fransiýada dogluş derejesi 1944-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi. Agentligiň maglumatlarynda 2025-nji ýylda ýurt boýunça 654,000 çaga doglandygy aýdylýar
14.01.2026 18:01
5.6k+
Bloomberg: ýapon ýenasynyň dollardaky hümmeti 2024-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşdi
Ýaponiýada mümkin bolan irki parlament saýlawlary baradaky çaklamalar sebäpli ýena 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri dollara garşy iň pes derejä düşdi. Bu barada Bloomberg bu barada habar berdi. «Sişenbe güni ýapon walýutasy 0,5% pese gaçdy we 2025-nji ýylyň ýanwarynda bellenen 158,87 pes derejesindende aşak düşdi
14.01.2026 17:56
6k+
Le Parisien: Derňewçiler Luwrdan ogurlanan gymmatbaha zatlaryň saklanan ýerini tapdylar
Le Parisien gazetiniň ýazmagyna görä, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Luwrda bolup geçen talaňçylygy derňeýän derňewçiler jenaýatkärleriň gymmatbaha zatlary ogurlap göni getirip gizlän garažynyň üstünden bardylar
14.01.2026 17:41
5.7k+
«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy
Britaniýaly aktrisa we model, «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy. Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar
14.01.2026 17:32
5.2k+
Miu Miu deri önümlerini emeli ýol bilen köneltmek usulyny hödürledi
Miu Miu deri önümini emeli usulda köneltmek usulyna bagyşlanan «Könäni döretmek» («Making of Old») taslamasyny işe girizdi. Kampaniýanyň çäginde brend täze önümleriň nähili gadymy görnüşe eýe bolýandygyny jikme-jik görkezýär
14.01.2026 17:22
4.5k+
«Dostluk bozuldy!»: Hans Zimmer «Altyn Globusyň» guramaçylaryny kompozitorlara hormatsyzlykda tankytlady
Kompozitor Hans Zimmer «Iň gowy saz» baýragynyň gowşurylyşyny teleýaýlymda görkezmändikleri üçin «Altyn Globusyň» guramaçylaryny tankytlady. Deadline bilen söhbetdeşlikde Zimmer bu hereketiň nadanlyga çalym edýändigini-de ýaňzytdy
14.01.2026 12:13
5.3k+
Wikipedia kümüş ýaş toýuny belleýär: Başlangyç pikirden dünýäniň iň uly ensiklopediýasyna çenli geçilen 25 ýyllyk ýol
2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Wikipedia esaslandyrylan gününiň 25 ýyllygyny belleýär. Bu ýubileý ýylyň dowamynda bütin dünýäde dabaralandyrylar. "Wikipediýa meýletinçiler tarapyndan bütin dünýäniň adamlary üçin döredilen erkin ensiklopediýa baradaky uly maksatdan başlandy
14.01.2026 12:03
4.1k+
Beýik Britaniýada giçki Rim döwrüne degişli süňkden ýasalan täsin gutujyk tapyldy
Beýik Britaniýanyň Wusterşir graflygynyň Brodweý şäherindäki giçki Rim döwrüniň mazarlygynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, alymlar keýik süňkünden ýasalan oýma nagyşly täsin gutujygy ýüze çykardylar. Arheologlar öň hiç haçan şeýle tapynda duş gelmändiklerini belleýärler
14.01.2026 12:00
5.1k+
Izmirde "Süleýmanyň düwni" bilen bezelen gadymy mozaikaly zal tapyldy
Türkiýäniň Izmir şäherinde gadymy Smirnanyň çäginde arheologlar takmynan 1 600 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan we gowy saklanyp galan mozaikaly zaly ýüze çykardylar. "Interesting Engineering" neşiriniň "The Archaeologist" žurnalyna salgylanyp bermegine görä, bu zal "Süleýmanyň düwni" atly geometrik nagyş bilen bezelipdir
14.01.2026 11:56
9k+
Efiopiýada Afrikanyň iň uly howa menziliniň gurluşygyna başlandy
Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebadan 45 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Bişoftu şäherinde Bişoftu halkara howa menziliniň (BIA) gurluşygyna girişildi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, bu howa menzili Afrika yklymyndaky iň uly awiasiýa merkezine öwrüler
14.01.2026 11:39
1.8k+
Aşgabatda koreý dilini biliş derejesini kesgitleýän TOPIK synagyna gatnaşmak üçin arzalar alnyp başlandy
Aşgabatda koreý dilini biliş derejesini kesgitleýän 105-nji synag (TOPIK) geçiriler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy yglan etdi. Synaga gatnaşmak baradaky giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmak, şeýle hem arzanyň nusgasyny ýükläp almak üçin ilçihananyň saýtyna girip bilersiňiz
14.01.2026 11:35
8.7k+
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglanyldy
12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ulgamynyň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Çäre mugallymlaryň milli bilim we terbiýeçilik ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryny ykrar etmäge bagyşlandy
14.01.2026 11:30
4.1k+
Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy
Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir
14.01.2026 11:25
2.7k+
Nissan 2027-nji model ýylynyň täzelenen Z sportkaryny görkezdi
Nissan kompaniýasy Tokiodaky awtosalonda Ýaponiýada Fairlady Z ady bilen belli bolan Nissan Z sportkarynyň täzelenen wersiýasyny hödürledi. Model bazarda üç ýyl bäri bar we öndüriji uly bolmadyk restaýling geçirip, awtomobiliň daşky keşbini we tehniki aýratynlyklaryny üýtgetdi
14.01.2026 11:19
3.4k+
Maskyň xAI kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde ýitgisi 1,46 mlrd dollara ýetdi
Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan we emeli aň gurşawynda işleýän xAI kompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini 1,46 mlrd dollar arassa ýitgi bilen tamamlady. Bu barada kompaniýanyň içerki resminamalaryna salgylanyp, Bloomberg habar berýär
14.01.2026 11:16
4.3k+
Zoi Saldana filmleri has köp girdeji gazanan aktýorlaryň sanawynda Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi
2026-njy ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Zoi Saldana ähli döwürde filmleri has köp girdeji gazanan aktýor boldy. Ol bu reýtingde Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi. Saldana şeýle netijä «Awatar: Ot we kül» filmi çykandan soň ýetdi
14.01.2026 11:12
4.2k+
Coca-Cola özüniň dekoratiw kosmetika hataryny çykardy
Coca-Cola kompaniýasy Braziliýanyň Bruna Tavares brendi bilen bilelikde dekoratiw kosmetika hataryny çykardy diýip, Sostav neşiri habar berdi. Kolleksiýa 15 önümi öz içine alýar: göz üçin reňk palitrasy, dodak üçin ýylpyldylar we balzamlar, tuş, ýaňak üçin stik görnüşli gyzardyjy, şeýle-de kosmetiki aksessuarlar
14.01.2026 11:06
2k+
Google derňewlerden soň gözleg ulgamyndan saglyk üçin howply EA jogaplaryny aýyrdy
Google kompaniýasy The Guardian tarapyndan barlanylandan soň, emeli aň tarapyndan döredilýän gysgaça jogaplaryň (AI Overviews) bir bölegini aýyrdy. Žurnalistler bu jogaplaryň lukmançylyk maglumatlarynda ýalňyşlyklary saklaýandygyny anyklady
14.01.2026 11:05
2k+
Emeli aň geçen ýyl IT pudagynda 240 müň işgäriň işden çykarylmagyna sebäp boldy
RationalFX kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda global tehnologiýa pudagynda 244 851 işgär kemeldi. Çünki, Intel, Amazon we Microsoft ýaly uly kompaniýalar emeli aň tehnologiýalaryna uly möçberde maýa goýmagyny dowam etdirýär
14.01.2026 11:03
2.8k+
2025-nji ýylda dünýä ummanynyň temperaturasy rekord derejede ýokary boldy
2025-nji ýylda dünýä ummany rekord mukdarda ýylylygy özüne siňdirdi, bu hem täze temperatura rekordyna sebäp bolup, adatdan daşary howa hadysalaryny güýçlendirdi. Bu barada Advances in Atmospheric Sciences žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär
14.01.2026 11:00
2.4k+
Mattel kompaniýasy autizmli Barbi gurjagyny hödürledi
Mattel amerikan kompaniýasy autizm spektriniň bozulmasy (ASB) bolan ilkinji Barbini hödürledi – gurjagyň sesi basyp ýatyrýan nauşnigi, spinneri we alternatiw aragatnaşyk üçin programmalary bolan planşeti bar. Täze gurjak tirsegi we bilegi has gowy hereket eder ýaly ýagdaýda ýasaldy
14.01.2026 10:59
5.7k+
2025-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde iň owadan pişik saýlandy
Bütindünýä pişikler federasiýasy 2025-nji ýylyň iň owadan pişikleriniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Russiýadan Darlen Fler Dalmor Blek atly abissiniýa pişigi eýeledi. Pişik 19 726 bal gazandy. Ol bir ýarym ýaşynda
14.01.2026 10:51
2.9k+
Akylly pyçaklar we «janly» suratlar: CES 2026-da tehnologiýa innowasiýalary
Geçen hepde Las-Wegasda CES 2026 halkara sarp ediş elektronika sergisi tamamlandy. Şu ýyl çäre 150 müň töweregi myhmany we öz soňky önümlerini hödürlän dört müňden gowrak tehnologiýa kompaniýasynyň wekillerini özüne çekdi
14.01.2026 10:40
4.2k+
Huawei-iň sedany Hytaýyň premium awtoulag bazarynda Porsche, BMW we Maybach-dan öňe geçdi
Huawei we JAC tarapyndan bilelikde işlenip düzülen Maextro S800 sedany, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň netijelerine görä, bahasy 700 000 ýuandan (100 000 dollardan gowrak) ýokary bolan awtoulaglaryň arasynda Hytaýyň bazarynda birinji orny eýeledi
14.01.2026 10:20
2.7k+
Beýni bize hakyky däl-de, özüne oňaýly bolan görnüşi görkezýär
Beýni diňe duýgy organlaryndan duýduryşlary kabul etmeýär, ol olary mazaly işläp, üstüni ýetirýär we bolup geçýän zatlaryň aýdyň we oňaýly keşbini döredýär. Alymlaryň gelen bu netijesi «Nature Neuroscience» žurnalynda çap edildi
14.01.2026 09:43
2.9k+
Maýkl Karrik «Mançester Ýunaýtediň» wagtlaýyn baş tälimçisi bellendi
«Mançester Ýunaýtediň» öňki ýarymgoragçysy Maýkl Karrik klubuň wagtlaýyn baş tälimçisi wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni häzirki möwsümiň ahyryna çenli eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berýär. 44 ýaşly hünärmen beýleki dalaşgärden – klubuň öňki tälimçisi Ule-Gunnar Sulşerden öňe geçdi
14.01.2026 09:39
4k+
Ilon Maskyň Grok çat-boty Gemini bilen birlikde Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Grok çat-boty ýanwar aýynyň ahyryna çenli Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler we edaranyň gulluk maglumatlaryndan başlap, aňtaw materiallaryna çenli ähli maglumatlaryna elýeterli bolar
14.01.2026 09:37
1.4k+
«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy
«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi
14.01.2026 09:35
7.5k+
Messi we Ronaldu ilkinji gezek EA Sports FC-de «Ýylyň toparyna» goşulmady
16-njy ýanwarda EA Sports FC 26 oýnunda 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçylaryna bagyşlanan «Ýylyň topary» ady bilen uly oýun wakasy başlar. Ultimate Team režiminde geçen 12 aýyň dowamynda futbolda has tapawutlanan meşhur oýunçylaryň täze kartoçkalary peýda bolar
14.01.2026 09:34
4.5k+
Xiaomi SU7 Ultra Abu-Dabiniň taýgançak ýolunda Ferrari SF90 XX-den öňe geçdi
Abu-Dabiniň ýolunda Xiaomi SU7 Ultra elektrik sedany ýoluň taýgançak bolmagyna getiren çägeli tupandan soň Ferrari SF90 XX gibrid superkaryna garşy synagdan geçirildi. Synagyň guramaçysy bolan Carwow awtomobil ýaýlymy kuwwatly elektrik awtomobiliniň kyn ýolda Ferrari-niň adaty gibrid superkary bilen deňeşdirilende özüni nähili alyp barýandygyny barlamak isledi
13.01.2026 23:25
3.5k+
Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar
Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi
13.01.2026 16:29
5.2k+
Bazarlardaky arzanlaşyk sebäpli lýuks brendleriň girdejisi görnetin peseldi
«Bain» we «Altagamma» konsalting firmalarynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dowamynda dizaýnerçilik harytlarynyň 35%-den 40%-e çenlisi uly arzanladyşlar bilen satyldy. «Financial Times» gazeti bolsa, şu ýylda bu görkezijiniň ozalkydan, 5 göterim dagy ýokary bolmagyna garaşylýandygyny ýazýar
13.01.2026 16:23
3.5k+
Britaniýaly aktýor Joş O'Konnor "Dior-yň" täze ýüzi boldy
"Dior" meşhur fransuz moda öýi britaniýaly aktýor Joş O'Konnory özüniň täze ambassadory wezipesine belledi. Ol indi futbolçy Kilian Mbappe bilen birlikde Dior-yň beýleki ambassadorlarynyň hatarynda çykyş eder. Aktýoryň bu wezipä bellenmegine Dior-yň döredijilik direktory Jonatan Anderson sebäp boldy
13.01.2026 16:15
6.6k+
Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy
Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär
13.01.2026 16:06
1.8k+
Android 17-de habarnamalary ýaşyrmagyň täze usuly synag edilýär
Android 17 operasion ulgamynyň beta görnüşinde ulanyjynyň gizlinligini goramaga niýetlenen täze funksiýa ýüze çykaryldy. Ol ulanyjylara ekrana çykýan penjirelerde habarnamalaryň görkezilişini sazlamaga mümkinçilik berýär diýip, GizChina portaly habar berýär
13.01.2026 15:21
2.7k+
Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi bilen 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşdy
12-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
13.01.2026 15:18
6.2k+
Raşid Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy
12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
«
1
…
126
127
128
…
1118
»
«
1
…
123
124
125
126
127
128
129
130
131
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.