Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
02.01.2026 15:37
5.4k+
Enso Mareska «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesinden gitdi
Italiýaly hünärmen Enso Mareska Angliýanyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi. «Enso klubda işlän döwründe topary Konferensiýa ligasynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda üstünlige getirdi
02.01.2026 12:30
5.4k+
Tesla ýöreýşi "adamyňka" has meňzeýän täze Optimus robotyny tanyşdyrdy
Tesla kompaniýasy adamsypat (gumanoid) roboty bolan Optimus-yň täzelenen görnüşini görkezýän gysga wideony çykardy. Robot indi laboratoriýa şertlerinde has ynamly hereket edýär we adamyňka meňzeş deňagramlylygyň hem-de sazlaşykly hereketleriň kämilleşendigini görkezýär
02.01.2026 12:24
7k+
Apple 2025-nji ýylda 25 sany enjamynyň we aksessuarynyň önümçiligini bes etdi
Apple kompaniýasy 2025-nji ýylda 25 sany enjamynyň we aksessuarynyň önümçiligini bes etdi. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, käbir modeller önümçilikden doly aýryldy, beýlekileri bolsa täze nesil wersiýalary bilen çalşyryldy
02.01.2026 12:18
2.1k+
Casio we Madhappy geýim brendi hyzmatdaşlykda Baby-G sagadynyň çäkli seriýasyny çykardylar
Casio kompaniýasy Los-Anjelesde ýerleşýän Madhappy geýim brendi bilen hyzmatdaşlykda döredilen Baby-G BG169MH-7 sagadyny tanyşdyrdy. Bu iki brendiň arasyndaky ilkinji hyzmatdaşlykdyr. Sagat eýýäm ABŞ-da, Ýewropada we başga-da birnäçe ýurtda satuwa çykaryldy
02.01.2026 12:14
5.3k+
Samsung ABŞ-da iPhone 18 üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlar
Samsung kompaniýasy ABŞ-da iPhone 18 smartfonlar toplumy üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlamagy meýilleşdirýär diýip, The Elec neşiri habar berýär. Neşiriň berýän maglumatyna görä, Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Tehas ştatynyň Ostin şäherindäki zawodynda CMOS şekil sensorlarynyň önümçiligini ýola goýmakçy bolýar
02.01.2026 12:07
3.8k+
Xiaomi adamsyz we çyrasyz işleýän zawody işe girizdi: ähli işi robotlar edýär
Xiaomi adam gatyşmazdan we hatda yşyklandyryşy hem talap etmeýän täze, doly awtomatlaşdyrylan zawodynyň işe girizilendigini yglan etdi. Täze desga kompaniýanyň önümçilik ekoulgamynda tehnologik taýdan iň ösen kärhanalaryň birine öwrüldi
02.01.2026 11:51
22k+
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji perzendi Aşgabatda dünýä indi
1-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde täze ýylda ilkinji çaga dünýä indi. Ata-enesi oglanjyga Atamyrat diýip at goýdy. Bedew batly ösüşlere beslenjek ýylymyzyň ilkinji gününi begenç-buýsanja beslän akja bäbek, Gaýypowlaryň agzybir maşgalasy bilen birlikde, ol ýerdäki ähli lukmanlaryň şatlygyny artdyrdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
02.01.2026 11:21
2.1k+
LG CES 2026-da öý işlerine kömek etmek üçin niýetlenen CLOiD robotyny görkezer
LG CLOiD roboty barada täze maglumatlar peýda boldy. Kompaniýa bu roboty 6-9-njy ýanwar aralygynda Las-Wegasda geçiriljek CES 2026 halkara sergisinde tanyşdyrar. CLOiD LG-niň hojalyk robototehnikasyny ösdürmekdäki täze tapgyryny alamatlandyrýar
02.01.2026 11:15
3k+
Hyundai gysga utgaşma howpy sebäpli 50 müňden gowrak Tucson awtoulagyny yzyna çagyrýar
Hyundai kompaniýasy ABŞ-da 2022–2024-nji ýyllarda öndürilen 51 587 sany Tucson krossowerini yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Ulaglaryň yzyna çagyrylmagyna tirkeg enjamynyň simler toplumyndaky kemçilik sebäp boldy
02.01.2026 11:07
8.2k+
Hytaý 2027-nji ýyldan başlap gapy tutawaçlary gizlenýän elektromobilleri gadagan eder
2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Hytaýda gapy tutawaçlary çykýan (gizlenýän) täze elektromobilleriň satuwy gadagan ediler. Gürrüň gapyny açyş mehanizmleri doly elektrik energiýasyna bagly bolan modeller barada gidýär
02.01.2026 10:57
7.4k+
Alymlar ilkinji adamlaryň Awstraliýa haçan we nähili göçüp barandyklaryny anykladylar
Halkara alymlar topary Awstraliýa häzirki zaman aborigenleriniň we papuaslaryň ata-babalarynyň takmynan 60 000 ýyl mundan ozal Günorta-Gündogar Aziýadan iki dürli göçüş ýoly arkaly gadymy Sahul yklymyna gelendigini anykladylar
02.01.2026 10:47
6.1k+
22 müň ýyl ozal Ýaponiýada piller ýaşapdyr: Olar ol ýere nähili düşüpdir we soň nirä ýitirim bolupdyr?
Alymlar ilkinji gezek Nauman piliniň gadymy DNK-syny seljerdiler. Bu pil Ýapon adalarynda ýaşan we takmynan 22 000 ýyl mundan ozal ýitip giden, göni gyýakly pilleriň bir görnüşidir. Iki jandaryň süňkleriniň genetiki seljermesine esaslanýan bu barlag Cell žurnalynda çap edildi
02.01.2026 10:40
5.7k+
Günorta Wýetnamyň daglarynda hažžygyň täze altynsow görnüşi tapyldy
Wýetnamyň günortasyndaky Langbian tekizliginiň beýik dagly tokaýlarynda alymlar hažžygyň täze görnüşini ýüze çykardylar. Ylmy gözleg ýerli hünärmenler tarapyndan Russiýadan gelen kärdeşler bilen bilelikde geçirildi
02.01.2026 10:34
3.7k+
«Haýwanlar şäheri 2» taryhda iň köp girdeji gazanan multfilmleriň bäşligine girdi
«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис-2) dünýä prokatynda 1,4 mlrd dollardan gowrak ýygnap, taryhda iň köp girdeji gazanan animasion filmleriň bäşligine girdi. Muny The Numbers portalynyň maglumatlary delillendirýär
01.01.2026 19:13
27k+
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň II ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar ber. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda tölemelidirler
01.01.2026 19:03
8.3k+
Beýonse dollar milliarderleriniň sanawyna goşuldy
Amerikaly aýdymçy Beýonse Noulz-Karter dollar milliarderi boldy. Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä, ol baýlygy bir milliard dollardan geçen bäşinji sazanda boldy. Ozal bu sanawa onuň adamsy – repçi Jay-Z, aýdymçylar Teýlor Swift we Rianna, şeýle-de Brýus Springstin girýärdi
01.01.2026 19:00
2.3k+
OpenAI emeli aň töwekgelçiliklerine baha bermek bölüminiň başlygy wezipesi üçin boş iş ornuny açdy
OpenAI emeli aň modelleriniň ösüşi bilen baglanyşykly bolan töwekgelçiliklere baha bermek we öňüni almak bilen meşgullanjak bölüm başlygyny gözleýändigini yglan etdi. Täze wezipe EA-nyň mümkinçilikleriniň artmagy bilen ýüze çykýan mümkin bolan howplaryň seljerilmegini göz öňünde tutýar
01.01.2026 18:52
15k+
Bir adam elde ýasalan agaç welosipedde tutuş Beýik Britaniýany aýlandy
Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Kidus Tesera öz ýasan agaç welosipedinde tutuş ýurt boýunça syýahata ugrady. Onuň täsin syýahaty barada The Guardian gazeti habar berýär. Asly Efiopiýaly bolan bu adam sekiz ýyl mundan ozal Londonyň Imperiýa kollejinde okamak üçin Angliýa gelýär we tiz wagtdan şol bir gündelik durmuşa başlandygyny we öz medeniýeti bilen aragatnaşygy ýitirýändigini duýýar
01.01.2026 18:42
8k+
Nýu-Ýork TikTok-y we Instagram-y psihiki saglyk üçin zyýany barada ulanyjylara duýdurmaga borçlandyrdy
Nýu-Ýork ştaty birnäçe sosial ulgamlary ulanyjylara olary ulanmagyň psihiki saglyk üçin zyýanly bolup biljekdigi barada duýdurmaga borçlandyrýan kanuny kabul etdi. Resminama onlaýn-platformalara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça has giň halkara tendensiýasynyň bir bölegi boldy
01.01.2026 18:33
2.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň halkyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
01.01.2026 18:28
5.9k+
Türkmenistanda resmi taýdan GDA-da başlyklyk edip başlady
2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň edaralarynda başlyklyk Täjigistandan Türkmenistana geçdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aşgabat Guramanyň mümkinçilikleriniň iň ýokary derejede amala aşyrylmagyna ýardam bermegi meýilleşdirýär
01.01.2026 18:19
4.6k+
Türkmen talyp gyzlary Hytaýda geçirilen halkara olimpiadasynda baýrakly orunlary aldylar
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde geçirilen Nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda kümüş medallara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, ýaryşyň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyz hem toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeledi
01.01.2026 18:09
6.7k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar
01.01.2026 18:00
12k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Täze - 2026-njy ýyl bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlendi. "2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar
31.12.2025 16:47
80k+
TMCARS: “Täze – 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!"
TMCARS-yň gadyrly ulanyjylary! Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, 2026-njy ýyl durmuşyňyzda iň bir arzyly maksatlaryňyza ýetmäge mümkinçiliklere baý ýyl bolsun! Geçip barýan ýylda biziň platformamyz size has elýeterli hem has ýakyn bolmaga çalyşdy: 5 milliondan gowrak ulanyjy bize ynam bildirip, her gün on müňlerçe bildiriş ýerleşdirýär
31.12.2025 13:43
11k+
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy körpeler üçin çäre gurady
30-njy dekabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze, 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda dabaraly çäre geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen çärä “Jahan” döredijilik merkeziniň körpeleri gatnaşdylar
31.12.2025 13:25
18k+
Serdar Berdimuhamedow pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça karara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi
31.12.2025 09:23
15k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen 2025-nji ýylyň jemini jemlediler we geljek ýylyň çärelerini maslahatlaşdylar
30-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
31.12.2025 09:09
13k+
Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin gysga möhletli wizalary almagyň tertibi ýeňilleşdirdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resmileşdirilende barmak yzlaryny tabşyrmakdan boşadylýan raýatlaryň sanawyny giňeltdi. Täze düzgünler eýýäm güýje girdi we 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder
31.12.2025 09:05
7.9k+
Hytaýda dünýäde ilkinji alty tonnalyk konwertoplan uçuryldy
Hytaýda alty tonnalyk «Lanying R6000» konwertoplanynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy. «Sinhua» habar agentliginiň maglumatyna görä, synag uçuşy ýurduň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynda geçirildi. Bu howa gämisi Hytaýyň «United Aircraft» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi, onuň hereketlendirijisini bolsa «AERO Engine Corporation» kärhanasy öndürdi
31.12.2025 08:57
7.7k+
Yrakda gowy ýagdaýda saklanyp galan 3000 ýyllyk küýzegärçilik ussahanasy tapyldy
Arheologlar Yrak Kürdüstanynda gadymy küýzegärçilik ussahanasyny ýüze çykardylar. «Journal of Archaeological Science» neşiri onuň takmynan 3000 ýyllyk ýaşyna garamazdan, örän gowy ýagdaýda saklanyp galandygyny habar berýär
31.12.2025 08:50
6.8k+
Ýewropa kosmos agentligi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlaryny görkezdi
Ýewropa kosmos agentligi (ESA) guramanyň esasy taslamalaryny we ylmy barlaglaryny özünde jemleýän 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynyň ýygyndysyny hödürledi. Çap edilen kadrlaryň arasynda Germaniýadaky LUNA desgasynda astronawtlaryň türgenleşik pursatlary bar
31.12.2025 08:46
9k+
Hytaýda ýurtda iň uzyn awtomobil tuneli açyldy
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýurduň iň uzyn awtomobil tuneli boýunça hereket açyldy. «Sinhua» agentliginiň habar bermegine görä, gürrüň Urumçi — Ýuýli ýokary tizlikli awtomagistralynda gurlan, uzynlygy 22,13 kilometre ýetýän «Týanşan Şenli» tuneli barada barýar
31.12.2025 08:44
4.5k+
Çiş görkezijisi infarkty çaklamakda holesterinden has takyk netije berdi
Ganyň düzümindäki S-reaktiw belogynyň (SRB) derejesi infarktyň we insultuň ýüze çykmagyny adaty holesterin görkezijilerinden has takyk çaklamaga mümkinçilik berýär. Bu belogyň görkezýän dowamly çişme ýagdaýy aterosklerozyň ähli tapgyrlarynda esasy orun eýeleýär
31.12.2025 08:30
6.6k+
IFFHS 2025-nji ýylyň iň gowy futbol tälimçilerini saýlady
Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) ýylyň iň gowy tälimçileriniň reýtingini hödürledi. Klub derejesinde birinji orny 222 utuk bilen «Pari Sen-Žermeniň» halypasy Luis Enrike eýeledi. Ikinji orunda Enso Mareska («Çelsi», 60), üçünji orunda Hans-Diter Flik («Barselona», 57) ýerleşdi
31.12.2025 08:24
15k+
2025-nji ýylda iň gymmat düşen tebigy betbagtçylyklar belli boldy
Kaliforniýadaky tokaý ýangynlary 2025-nji ýylyň iň gymmat düşen klimat betbagtçylygy diýlip ykrar edildi. Onuň ýetiren ýitgisi 60 mlrd dollar diýlip hasaplandy, pida bolanlaryň sany bolsa 400 adama ýetdi. Şeýle maglumatlar Christian Aid haýyr-sahawat guramasynyň ýyllyk hasabatynda hödürlenýär
31.12.2025 08:21
5.6k+
Barlaglar: YouTube-yň maslahat berýän her bäşinji wideosy — emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli mazmundyr
«Kapwing» kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna görä, «YouTube» platformasynyň täze ulanyjylara hödürleýän wideolarynyň takmynan 20%-i tomaşa sanyny emeli usullar bilen köpeltmek üçin döredilen, emeli aňyň (EA) pes hilli önümidir
31.12.2025 08:16
3.1k+
«Haýwanlar şäherini» döredijiler üçünji bölümiň üstünde işläp başlady
«Haýwanlar şäheri-2» multfilminiň režissýorlary Baýron Howard we Jared Buş animasion filmiň üçünji bölümi üçin pikir gözlegine çykdy. Olar multfilmiň önümçiliginiň dokuz ýyl töweregi wagt aljakdygyny aýdýar (birinji bilen ikinji bölümiň arasyndaky wagt hem şonça bolupdy)
31.12.2025 08:14
1.3k+
Samsung CES 2026 sergisinde «Music Studio» atly täze dizaýnerçilik akustikasyny görkezer
Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde öý üçin niýetlenen täze «Music Studio» akustika ulgamlaryny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjamlar kompaniýanyň sungat eseri hökmünde görünýän tehnologiýalary döretmek çemeleşmesine doly laýyk gelýär
31.12.2025 08:10
3.7k+
Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy
Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar
«
1
…
132
133
134
…
1118
»
«
1
…
129
130
131
132
133
134
135
136
137
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.