Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň halkyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

01.01.2026, 13:332,158

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kuba Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Kubada Azat ediş güni her ýyl 1-nji ýanwarda bellenilip geçilýär. Baýramçylyk 1959-njy ýylda Rewolýusiýada gazanylan ýeňşiň hormatyna bellenilýär. Kubalylar bu senäni ýurduň özbaşdaklyk gazanmagy bilen alamatlandyrýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.