Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
23.12.2025 13:31
7.2k+
Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosa uçan ilkinji adam boldy
Germaniýaly 33 ýaşly aerokosmos inženeri Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosda bolup gören ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Uçuş Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard suborbital kapsulasynda amala aşyryldy diýip, CNN habar berýär
23.12.2025 13:13
3.8k+
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
22-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
23.12.2025 12:54
14k+
Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
23.12.2025 11:56
7.8k+
Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar
Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy (PIF) 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaltmak kararyna geldi. Çykdajylary azaltmak meýilnamalary barada The Guardian neşiri habar berýär
22.12.2025 22:51
11k+
Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde «Döwlet Ermitaž Muzeýinde» Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
22.12.2025 22:24
10k+
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördi
22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde «Döwlet Ermitaž Muzeýine» aýlanyp gördi
22.12.2025 21:44
8.6k+
Ýaponiýada Toyota RAV4 täze staýling-bukjalaryny aldy
Täzelenen Toyota RAV4 Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we Hytaýda hödürlenenden soň, Ýaponiýanyň bazaryna çykdy. Munuň bilen bir wagtda Toyota Modellista atelýesi bilen hyzmatdaşlykda krossoweriň daşky görnüşini üýtgedýän iki sany staýling-bukjasyny taýýarlady
22.12.2025 21:07
19k+
Görnükli türkmen ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynda aradan çykdy
21-nji dekabrda häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeledi. Bu barada meşhur ýazyjynyň ýakynlary habar berdiler. Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gojuk obasynda dünýä indi
22.12.2025 17:15
7.9k+
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýragynyň ýeňijileri belli boldy
13-21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýrak ugrundaky tapgyrlarynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaryş olimpiýa ulgamy (pleý-off) boýunça guraldy. Jemleýji tapgyrda jemi 32 küştçi — 16-sy açyk we 16-sy zenanlar derejesinde gatnaşdy
22.12.2025 16:40
4.9k+
Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi
20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylky Täze ýyl kitap sergisini geçirdi. Sergi eýýäm üçünji ýyl yzygiderli guraldy. Çäre Wekilhananyň meýdançasynda geçirildi we ýerli jemgyýeti kitap, medeniýet, ekologiýa aňy we baýramçylyk ruhy bilen gurşap aldy
22.12.2025 16:30
5.6k+
«Haýwanlar şäheri 2» ýylyň iň girdejili golliwud relizi boldy
«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис 2) ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy. Disney-iň animasion filminiň dünýädäki kassa ýygymy 150 mln dollar önümçilik býujetinde 1,13 mlrd dollara ýetdi. Ol şeýle netijäni prokata başlandan soň bary-ýogy üç hepdäniň dowamynda gazandy
22.12.2025 16:28
3.8k+
«Awatar: Ot we kül» filminiň ilkinji uikendde global kassa ýygymy 345 mln dollara ýetdi
Ilkinji uikendiň jemi boýunça «Awatar 3: Ot we kül» filmi amerikan prokatynda 88 mln dollar gazandy, global kassa ýygymy bolsa 345 mln dollara ýetdi. Film ABŞ-da bu görkeziji boýunça öňdebaryjy boldy, ýöne prokata 2022-nji ýylda ilkinji dynç günleri içerki prokatda 134 mln dollar we dünýäde 435 mln dollar ýygnan franşizanyň ikinji bölüminden gowşak başlady diýip, Variety habar berýär
22.12.2025 16:26
3.3k+
Amerikan startapy dünýäniň iň ykjam emeli aň superkompýuterini hödürledi
Amerikanyň Tiiny AI startapy, Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan dünýäniň iň kiçi şahsy emeli aň (EA) superkompýuteri hökmünde ykrar edilen Tiiny AI Pocket Lab enjamyny tanyşdyrdy. Täze önüm barada Interesting Engineering neşiri habar berýär
22.12.2025 15:49
1.4k+
Disney “Gözel we nägehan” ertekisinden täze film döredýär
Disney kompaniýasy “Gözel we nägehan” äleminde bolup geçýän täze doly metražly filminiň üstünde işläp başlady. Bu gezek filmiň baş gahrymany studiýanyň iň meşhur zalymlarynyň biri — öwünjeň Gaston bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär
22.12.2025 15:37
4k+
Kazyýet Tesla "Autopilot" we "Full Self Driving" adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi
Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi
22.12.2025 15:22
5.4k+
Atakama çölünde öň mälim bolmadyk öý haýwanynyň galyndylary tapyldy
Çiliniň günortasyndaky Atakama çölünde alymlar gadymy indeýler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen, öň mälim bolmadyk öý haýwanynyň galyndylaryny tapdylar. Geçirilen barlaglar bu haýwanlaryň lamalaryň we alpakalaryň ýakyn garyndaşydygyny, ýöne häzirki wagtda nesli kesilen düýegiller (camelids) maşgalasynyň aýratyn bir görnüşine degişlidigini görkezdi
22.12.2025 15:14
2.7k+
Gemini Google-yň emeli aňda ýasalan mazmunyny tanamagy öwrendi
Google öz Gemini çat-botuna kompaniýanyň EA modelleri tarapyndan döredilen kontenti tanamak funksiýasyny goşdy. Munuň üçin ýörite sanly bellik ulanylýar. Ulanyjy Gemini çat-botuna surat ýa-da wideo iberip, olaryň emeli aň tarapyndan döredilendigini ýa-da ýokdugyny sorap biler
22.12.2025 14:55
10k+
Arktikada howanyň temperaturasy rekord dereje gyzdy - NOAA
2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwürde Arktikada howanyň temperaturasy 1900-nji ýyldan bäri geçirilen gözegçilikleriň taryhynda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary müdirligi (NOAA) habar berdi
22.12.2025 14:44
3.9k+
NASA Günüň ýüzündäki plazma partlamasynyň iň jikme-jik kadrlaryny çap etdi
NASA-nyň Parker Solar Probe apparaty Günüň ýüzünden zyňylýan Gün maddasynyň şu wagta çenli iň aýdyň suratlaryny almagy başardy. Suratlarda gyzgyn plazmanyň bir böleginiň partlamadan soň kosmosa gitmän, tersine, yzyna öwrülip, ýyldyza tarap "U-öwrümini" amala aşyrýandygy görünýär
22.12.2025 14:05
9.7k+
BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli
Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler
22.12.2025 13:59
14k+
Türkmenistanda zähmetde tapawutlanan raýatlara döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
20-nji dekabrda ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik altyn we kümüş nyşanlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi
22.12.2025 13:53
5.9k+
Klimatologlar: Asyryň ortalaryna çenli Ýer ýüzünde her ýyl 4 müňe çenli buzluklar ýok bolar
Eger global maýlamaklyk asyryň ahyryna çenli temperaturanyň 1,5-4 gradus Selsiý ýokarlanmagyna getirse, eýýäm şu asyryň ortalaryna çenli Ýer her ýyl 2000-den 4000-e çenli buzlugy ýitirer. Netijede, buzluklaryň umumy sany 200 müňden 18 müňe çenli azalyp biler
22.12.2025 13:32
4.8k+
Amsterdamda uçarlary çekmek üçin elektrik tirkeg ulaglary ulanylyp başlandy
Niderlandlaryň KLM Royal Dutch Airlines awiakompaniýasy uçarlara hyzmat etmek üçin ilkinji Goldhofer elektrik tirkeg ulaglaryny ulanylyşa girizdi. Täze tehnika Amsterdamdaky Shiphol howa menzilinde, ýurduň iň uly howa merkezleriniň birinde işläp başlady
22.12.2025 12:37
6.9k+
Pedri kluba wepalylygy we hormaty üçin «Barselonanyň» oýunçylarynyň baýragyny aldy
«Barselonanyň» ispaniýaly ýarymgoragçysy Pedri içerki futbolçylar assosiasiýasy tarapyndan Klubuň oýunçylarynyň baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak möwsümiň dowamynda topara wepalylygy we janköýerlere, garşydaşlara hem eminlere hormatly gatnaşygy görkezen futbolçylara berilýär
22.12.2025 12:31
11k+
Ilaty has ynjalykly we birahat şäherleriň reýtingi düzüldi
Sanly maliýe hyzmatlary pudagynda işleýän Remitly kompaniýasy gözleg geçirip, dünýäde stress derejesi has ýokary we pes bolan şäherleri kesgitledi. Gözlegiň netijeleri barada Time Out habar berýär. Bilermenler dünýäniň 170-den gowrak şäherini seljerip, stress derejesine täsir edip biljek bäş ölçeg boýunça baha berdi
22.12.2025 12:23
6.3k+
«Bawariýanyň» 17 ýaşly oýunçysy 2 aýda 40 mln ýewro gymmatlady
Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçi ýarymgoragçysy Lennar Karlyň bazar bahasy iki aýda 20 mln ýewrodan 60 mln ýewro ýetdi. Täzelenen baha nemes Bundesligasynyň iň gymmat oýunçylarynyň reýtingini düzen Transfermarkt portaly tarapyndan hödürlendi
22.12.2025 12:13
7.2k+
Tramp Watançylaryň oýunlaryny yglan etdi: oňa her ştatdan ýetginjek oglan we gyz gatnaşar
2026-njy ýylyň güýzünde ABŞ-da taryhda ilkinji Watançylaryň oýunlary (Patriot Games) geçiriler. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp sport ýaryşlarynyň Birleşen Ştatlaryň 250 ýyllygynyň baýram edilmegine gabat geljekdigini aýtdy diýip, CNN belleýär
22.12.2025 12:11
5.2k+
Belgiýadaky muzeýden Napoleonyň bäş göwherli ýüzügi ýitdi
Belgiýanyň Ženap kommunasyndaky «Napoleonyň soňky ştab-kwartirasyndan» Napoleon Bonaparta degişli bolan bäş göwherli altyn ýüzük ogurlandy. Ogurlyk barada Belgiýanyň RTBF teleradioýaýlymy habar berdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, jenaýat 18-nji dekabra geçilýän gije boldy
22.12.2025 12:08
8.9k+
Messi we Ronaldu ýok: Transfermarkt 30 ýaşdan ýokary iň gymmat 10 oýunçyny aýtdy
Transfermarkt portaly dünýäniň 30 ýaşdan ýokary iň gymmat on futbolçysynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda öňdebaryjy Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçisi Garri Keýn boldy. 32 ýaşly oýunçynyň transfer bahasy 65 mln ýewro diýlip hasaplanýar
22.12.2025 12:04
3k+
FIFA we Netflix DÇ-2026 üçin täze futbol oýnuny taýýarlaýar
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Netflix striming platformasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çenli täze futbol simulýatoryny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino habar berdi
22.12.2025 11:30
16k+
Serdar Berdimuhamedow Dubaýda boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal alan türgene pul baýragyny berdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazanan Baýramdurdy Nurmuhammedowy pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. 2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen dünýä birinjiliginde türkmen türgeni 3-nji orna we bürünç medala mynasyp boldy
22.12.2025 00:33
7.3k+
Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar
Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi
22.12.2025 00:06
3.1k+
Türkmenistanda pudagara maslahatda «Bitewi saglyk» çemeleşmesiniň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy
19-njy dekabrda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) goldawy bilen, Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiň 4-nji mejlisi geçirildi
21.12.2025 23:59
8k+
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga bardy
Şu gün, 21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen bardy
21.12.2025 23:46
6.1k+
«Magtymguly Pyragy» «Oltin Humo – 2025» atly milli kinobaýragynda iň gowy film hökmünde yglan edildi
Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň bilelikdäki düşüren «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi Özbegistanda geçirilen «Живая история» («Janly taryh») atly halkara kinoforumynda «Iň oňat film» diýen ýokary baha mynasyp boldy
21.12.2025 23:37
8.1k+
Aşgabatdaky 131-nji orta mekdebiň okuwçysy Russiýada «Ýylyň ýaş alymy — 2025» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň okuwçysy Muhammetguly Handurdyýew Russiýanyň Penza şäherinde «Ýylyň ýaş alymy — 2025» ady bilen geçirilen XXI halkara ylmy-gözleg bäsleşiginde I orna mynasyp boldy
21.12.2025 20:54
7.4k+
Türkmen karateçileri Özbegistanda Arkalaşygyň kubogynda 3 altyn we 1 kümüş medal gazandylar
19-21-nji dekabr aralygynda Özbegistanyň Nawaýy şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça "ARKALAŞYGYŇ KUBOGY" (CUP OF COMMONWEALTH) atly halkara çempionat geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary taýýarlygyň ýokary derejesini görkezip, dürli ýaş derejelerinde baýrakly orunlara mynasyp boldular
21.12.2025 20:28
12k+
Trillionam uzakda däl: Ilon Maskyň baýlygy 5 günde ýene 100 mlrd dollardan gowrak artyp, 750 mlrd-a golaýlady
SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy taryhda 700 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, telekeçiniň umumy baýlygy iň ýokary derejesinde 749 mlrd dollara ýetdi
21.12.2025 20:11
2.7k+
Beýik Britaniýa iOS we Android ulgamlaryna ulanyjynyň ýaşyny barlaýan funksiýany ornaşdyrmagy teklip edýär
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri tehnologiýa kompaniýalaryna ýüzlenip, iOS we Android ýaly mobil operasion ulgamlaryna has şahsy mazmunly suratlary awtomatik bloklaýan algoritmleri başlangyç sazlamalar hökmünde ornaşdyrmagy teklip etdiler
21.12.2025 19:15
6.8k+
Mançesterdäki mekdep okuwçylara welosiped we telewizor paýlap, okuwdan galmalara garşy göreşýär
Beýik Britaniýanyň Mançester şäherindäki Co-op Belle Vue Academy orta mekdebi okuwa gatnaşygy ýokarlandyrmak üçin adatdan daşary usuly ulandy: Mirror gazetiniň habar bermegine görä, okuwçylary höweslendirmek üçin olara mugt telewizorlar we welosipedler berlip başlandy
«
1
…
136
137
138
…
1118
»
«
1
…
133
134
135
136
137
138
139
140
141
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.