Serdar Berdimuhamedow Dubaýda boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal alan türgene pul baýragyny berdi

22.12.2025, 06:3016,177

Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazanan Baýramdurdy Nurmuhammedowy pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. 2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen dünýä birinjiliginde türkmen türgeni 3-nji orna we bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanar.
Şeýlelikde, Baýramdurdy Nurmuhammedow halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri üçin gymmat bahaly baýraklara we pul sowgatlaryna mynasyp bolan ýaşlaryň hataryna goşuldy.
Baýramdurdy Nurmuhammet ogly Nurmuhammedow Balkan welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Magtymguly etrabyndaky sport mekdebiniň boks boýunça tälimçi-mugallym bolup işleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.