Oguljahan Atabaýewa Awazada Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy
10.12.2025 06:39
16k+

Oguljahan Atabaýewa Awazada Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze açylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň binasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy
Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy açyldy
10.12.2025 06:35
7.3k+

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy açyldy

9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär
iPhone 16 2025-nji ýylyň III çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy
09.12.2025 22:19
3.2k+

iPhone 16 2025-nji ýylyň III çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy

iPhone 16 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň jemi boýunça dünýäde iň köp satylan smartfon boldy. Apple we Samsung kompaniýalarynyň her biriniň smartfonlary üç aýlyk hasabat döwründe umumy smartfon satuwynyň 20%-ini emele getiren ilkinji onlukda bäş orun aldy
Afrika milletleriniň kubogynyň tumary hödürlendi. Ol Assad atly ýolbars boldy
09.12.2025 22:14
3.4k+

Afrika milletleriniň kubogynyň tumary hödürlendi. Ol Assad atly ýolbars boldy

Afrika milletleriniň kubogynyň guramaçylary Marokkoda geçiriljek geljekki ýaryşyň resmi tumaryny hödürledi. Ol Assad atly ýolbars boldy. «Tumar Marokkonyň iň belli milli nyşanlarynyň biri we Afrika yklymynda birleşdiriji hem kuwwatly keşp bolan Atlas ýolbarsyndan ylham aldy
60 ýyllap ýatan Aston Martin DB5 dikeldişden soň müňlerçe esse gymmatlady
09.12.2025 21:46
14k+

60 ýyllap ýatan Aston Martin DB5 dikeldişden soň müňlerçe esse gymmatlady

60 ýyla golaý wagt bäri sürülmän duran Aston Martin DB5-iň bahasy müňlerçe esse gymmatlady. Şol bir eýesinde 50 ýyldan gowrak wagt bäri duran, 1965-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB5 kupesiniň bahasy doly derejeli dikeldişden soň müň esseden hem köp gymmatlady
29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy
09.12.2025 21:31
13k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy
Xiaomi-niň ilkinji üç eplenýän smartfony şahadatnama almak prosesinden geçýär
09.12.2025 21:29
2.5k+

Xiaomi-niň ilkinji üç eplenýän smartfony şahadatnama almak prosesinden geçýär

Xiaomi ilkinji üç eplenýän smartfonyny bazara çykarmaga taýýarlanýar. Samsung bilen Huawei-niň iki şarnirli modelleri çykarýan döwründe kompaniýa hem öz ornuny saklamak isleýär we şeýle görnüşde öz wersiýasyny hödürleýär
Subaru ygtybarlylyk reýtinginde Toyota, BMW we Porsche brendlerinden öňe geçdi
09.12.2025 21:27
4k+

Subaru ygtybarlylyk reýtinginde Toyota, BMW we Porsche brendlerinden öňe geçdi

Consumer Reports neşiri iň ygtybarly modelleriň täze reýtingini hödürledi. Sanawda yzygider ikinji ýyl Subaru birinji orny eýeledi. Brend Toyota we Honda markalaryndan, şeýle-de BMW we Porsche ýaly premium öndürijilerden öňe geçdi
Killian Mýorfi bilen doly metražly «Kesgir gaşlar. Ölmez adam» filmi martda çykar  
09.12.2025 21:25
2.4k+

Killian Mýorfi bilen doly metražly «Kesgir gaşlar. Ölmez adam» filmi martda çykar  

Meşhur serialyň dowamy boljak «Kesgir gaşlar. Ölmez adam» (Острые козырьки. Бессмертный человек) filmi 2026-njy ýylyň 6-njy martynda prokata çykar. Netflix resmi afişany we premýeranyň senesini sosial ulgamlarda paýlaşdy
Samsung CES 2026 sergisinden öň The First Look tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer
09.12.2025 21:12
1.1k+

Samsung CES 2026 sergisinden öň The First Look tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer

Samsung kompaniýasy CES 2026 halkara sergisi başlamazdan öň, 4-nji ýanwarda Las-Wegasda The First Look ýyllyk çäresini geçirer. Tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýanyň hojalyk elektronikasynda esasy innowasiýalary, şol sanda täze telewizorlar we beýleki önümler üçin täzelenmeler görkeziler diýlip garaşylýar
Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Geňeşiniň mejlisinde migrasiýa meseleleri boýunça garaýyşlaryny beýan etdi
09.12.2025 14:39
11k+

Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Geňeşiniň mejlisinde migrasiýa meseleleri boýunça garaýyşlaryny beýan etdi

Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM/MHG) Geňeşiniň 8-nji dekabrda Ženewada açylan 116-njy mejlisinde halkara migrasiýasynyň wajyp meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdi. Mejlis 10-njy dekabra çenli dowam eder
Paramount Warner Bros.-y Netflix-den kakyp almak üçin $108 mlrd teklip etdi
09.12.2025 14:31
4k+

Paramount Warner Bros.-y Netflix-den kakyp almak üçin $108 mlrd teklip etdi

Paramount Skydance her paý üçin 30 dollar baha bilen Warner Bros. Discovery-ny 108 mlrd dollara satyn almak teklibi bilen çykyş etdi. Bu Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen şertnamany ylalaşandan birnäçe gün soň bolup geçdi diýip, Bloomberg habar berýär
Maskyň SpaceX kompaniýasy rekord 800 mlrd dollarlyk paýnama satmak barada gepleşik geçirýär
09.12.2025 12:50
3.9k+

Maskyň SpaceX kompaniýasy rekord 800 mlrd dollarlyk paýnama satmak barada gepleşik geçirýär

Ilon Maskyň SpaceX amerikan aerokosmos kompaniýasy maýadarlar bilen kompaniýany 800 mlrd dollar bilen bahalandyryp biljek paýnamalary satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada gepleşikleriň gidişi bilen tanyş çeşmeler habar berdi diýip, The Financial Times ýazýar
Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katara sapary amala aşyrdy
09.12.2025 12:47
8.5k+

Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katara sapary amala aşyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy
Gyşyň uly çille döwri başlandy: ol kyrk günläp dowam eder
09.12.2025 10:33
12k+

Gyşyň uly çille döwri başlandy: ol kyrk günläp dowam eder

8-nji dekabrdan gyşyň garagyş döwri tamamlanyp, uly çille döwri başlandy. Ol 17-nji ýanwara çenli dowam eder. "Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly,  «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz...» diýýän türkmen uly çilläniň dowam edýän döwründe örän seresap, hüşgär bolmagy ündeýär
2026-njy ýylyň “Altyn globus” baýragyna dalaşgärler yglan edildi
09.12.2025 10:25
7.5k+

2026-njy ýylyň “Altyn globus” baýragyna dalaşgärler yglan edildi

“Altyn globus” baýragynyň guramaçylary 2026-njy ýylyň baýragyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Dalaşgär görkezilmek boýunça Pol Tomas Andersonyň “Bir söweşden soň beýleki” (Битва за битвой) filmi öňdebaryjy boldy
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Kaha Imnadze bilen duşuşdy
09.12.2025 10:21
6.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Kaha Imnadze bilen duşuşdy

8-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy
Ýaponiýanyň demirgazygynda şu ýylda iň güýçli ýertitremesi boldy, sunami howpy yglan edildi
09.12.2025 06:49
11k+

Ýaponiýanyň demirgazygynda şu ýylda iň güýçli ýertitremesi boldy, sunami howpy yglan edildi

Ýaponiýada 7,2 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Bu barada NHK habarlar gullugy habar berýär. Ýertitremäniň ojagy Honşu adasynyň demirgazyk böleginden takmynan 80 kilometr gündogarda, deňizde ýerleşdi. Iň güýçli sarsgynlar Aomori prefekturasynyň ýaşaýjylary tarapyndan duýuldy
NASA «Habblyň» işini dowam etdirjek Roman teleskopyny ýygnamak işini tamamlady
09.12.2025 06:39
3.2k+

NASA «Habblyň» işini dowam etdirjek Roman teleskopyny ýygnamak işini tamamlady

Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek edarasy (NASA) Nensi Greýs Roman adyndaky kosmos teleskopyny (Nancy Grace Roman Space Telescope) ýygnamak işlerini tamamlady. Işleriň möhüm tapgyry 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Merilendde NASA-nyň Goddard adyndaky kosmos uçuşlary merkezinde geçirildi
Dünýädäki milliarderleriň sany 287 adam artdy: olaryň umumy baýlygy 15,8 trln dollara ýetdi
08.12.2025 18:26
9.5k+

Dünýädäki milliarderleriň sany 287 adam artdy: olaryň umumy baýlygy 15,8 trln dollara ýetdi

2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli ýagdaýa görä, dünýäde dollar milliarderleriniň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 287 adam artdy. Bu barada Şweýsariýanyň UBS bankynyň gözleginde aýdylýar. Bu, 2021-nji ýyly hasaba almanyňda, iň uly ösüş boldy
«F-1-iň» Mercedes-AMG topary Waltteri Bottasy zibile zyňdy
08.12.2025 17:52
13k+

«F-1-iň» Mercedes-AMG topary Waltteri Bottasy zibile zyňdy

Abu-Dabiniň Gran-prisi tamamlanandan soň, finlýandiýaly ýaryşa gatnaşyjy Waltteri Bottas «Mercedes-AMG» toparyny resmi taýdan terk etdi. Ol bu ýerde 2025-nji ýylyň dowamynda ätiýaçlykdaky sürüji bolupdy. Türgeniň degişgenligini we göwnaçyklygyny göz öňünde tutup, topar onuň bilen degişme äheňinde hoşlaşmak kararyna geldi
Aşgabatda okuwçylaryň arasynda «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
08.12.2025 15:00
3.4k+

Aşgabatda okuwçylaryň arasynda «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýat, Aşgabat hem-de Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdylar
DIM-niň HGI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
08.12.2025 14:29
7.9k+

DIM-niň HGI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
«Maklareniň» sürüjisi Lando Norris ilkinji gezek «Formula-1-iň» çempiony boldy
08.12.2025 14:19
7k+

«Maklareniň» sürüjisi Lando Norris ilkinji gezek «Formula-1-iň» çempiony boldy

«Maklaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris «Formula-1» möwsüminiň soňky tapgyrynyň – Abu-Dabiniň Gran-prisiniň jemi boýunça karýerasynda ilkinji gezek çempion boldy. Ýaryş ýekşenbe güni tamamlandy. Ýiti dartgynlylyk ahyryna çenli saklandy, çünki 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek titula birbada üç gatnaşyjy dalaş etdi
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girdi
08.12.2025 14:01
3.9k+

Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girdi

7-nji dekabrda şäher häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada çözgüt 4-nji dekabrda kabul edildi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet ýolbaşçylaryny we diplomatlary ýubileý medaly bilen sylaglady
08.12.2025 13:52
10k+

Serdar Berdimuhamedow Hökümet ýolbaşçylaryny we diplomatlary ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýubileý medaly bilen sylaglady
08.12.2025 13:36
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gulluklary maliýeleşdirmek hakynda karara gol çekdi
08.12.2025 13:30
6.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gulluklary maliýeleşdirmek hakynda karara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda Karara gol çekdi. Bu resminama Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi
«Forsažyň» ýyldyzy Win Dizel robot-boksçylar baradaky filmiň ssenarisini ýazar we oňa gatnaşar
08.12.2025 13:21
3.5k+

«Forsažyň» ýyldyzy Win Dizel robot-boksçylar baradaky filmiň ssenarisini ýazar we oňa gatnaşar

«Forsaž» franşizasy boýunça belli bolan aktýor Win Dizel Mattel kompaniýasynyň boksçy robotlar baradaky taslamasynyň ssenariçisi we prodýuseri bolup çykyş eder, şol bir wagtyň özünde-de baş keşbi ýerine ýetirer
ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi ýylyň iň gowy filmlerini saýlady
08.12.2025 13:19
5.2k+

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi ýylyň iň gowy filmlerini saýlady

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi (National Board of Review) «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmini soňlap barýan 2025-nji ýylyň iň gowy filmi diýip atlandyrdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär
Kia kompaniýasy Stinger GT-niň mirasdüşeri bolup biljek täze modeliň tizerini hödürledi
08.12.2025 12:53
3.1k+

Kia kompaniýasy Stinger GT-niň mirasdüşeri bolup biljek täze modeliň tizerini hödürledi

Kia kompaniýasy futuristik görnüşi bilen tapawutlanýan täze model üçin bir topar tizer çykardy. CarBuzz neşiriniň çaklamagyna görä, gürrüň meşhur bäş gapyly Stinger GT sport awtoulagynyň ideologik mirasdüşeri bolup biljek konseptual elektrik ulagy barada gidýär
Wodorod bilen işleýän Toyota Crown sedany Ýaponiýada taksi we polisiýa gullugynda ulanylyp başlandy
08.12.2025 12:17
7.6k+

Wodorod bilen işleýän Toyota Crown sedany Ýaponiýada taksi we polisiýa gullugynda ulanylyp başlandy

Toyota Ýaponiýada wodorodly ulaglarynyň ulanylyş toplumyny giňeltdi. Ýapon awtoulag ägirdi Fukusima prefekturasyndaky taksi kompaniýalaryna we polisiýa müdirligine ýangyç elementli Crown sedanlaryny berdi. Kompaniýa wagtyň geçmegi bilen şäher we döwlet gullugynda wodorod bilen işleýän sedanlaryň sanynyň köpelmegine garaşýar
Toyota, Kawasaki we Yokohama kazyýetiň üsti bilen ABŞ-dan gümrük pajy sebäpli zyýanynyň öwezini dolmak isleýär
08.12.2025 12:08
5.8k+

Toyota, Kawasaki we Yokohama kazyýetiň üsti bilen ABŞ-dan gümrük pajy sebäpli zyýanynyň öwezini dolmak isleýär

Toyota Tsusho (Toyota Toparynyň bir bölegi), teker öndüriji Yokohama Rubber we mototehnika öndürijisi Kawasaki Motors ýaly dokuz ýapon kompaniýasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasyna garşy kazyýete talap arzasyny ýazdylar
ILPOTY 2025: Emin agzalary halkara peýzaž fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini saýladylar
08.12.2025 12:00
3.2k+

ILPOTY 2025: Emin agzalary halkara peýzaž fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini saýladylar

"Ýylyň halkara peýzaž suratçysy" (International Landscape Photographer of the Year, ILPOTY) halkara bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylaryň iberen 3600 suratynyň arasyndan iň gowularyny saýladylar
Versace-iň döredijilik müdiri Prada Group bilen şertnamadan soň brendden gitdi
08.12.2025 11:42
2.3k+

Versace-iň döredijilik müdiri Prada Group bilen şertnamadan soň brendden gitdi

Versace-iň döredijilik müdiri Dario Witale brendden gitdi. Bu Versace-iň Prada Group-yň gözegçiligine geçmegini göz öňünde tutýan şertnama ýapylandan iki gün soň bolup geçdi. Maglumaty markanyň wekilleri tassyklady, ýöne giňişleýin maglumat entek ýok diýip, WWD habar berýär
Netflix 82,7 mlrd dollara Warner Bros.-y we “Garri Potter”, “Tagtlaryň oýny” we DC franşizalary üçin hukuk satyn alýar
08.12.2025 11:33
3.4k+

Netflix 82,7 mlrd dollara Warner Bros.-y we “Garri Potter”, “Tagtlaryň oýny” we DC franşizalary üçin hukuk satyn alýar

Netflix akym platformasy 82,7 mlrd dollara Warner Bros. Discovery kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi. Şertnama tamamlanandan soň, platforma Warner Bros. kinostudiýasyna, HBO we HBO Max kanallaryna, şeýle-de filmleriň we seriallaryň giň toplumyna eýe bolar
Toyota 4,0 litrlik V8 hereketlendirijili täze GR GT superkaryny hödürledi
08.12.2025 06:36
5.1k+

Toyota 4,0 litrlik V8 hereketlendirijili täze GR GT superkaryny hödürledi

Toyota düýbünden täze GR GT sport awtoulagyny, şeýle hem onuň ýaryş görnüşi bolan GR GT3-i resmi taýdan yglan etdi. Ikinjisi GT3 çempionatyna gatnaşmak we Mercedes-AMG GT bilen bäsleşmek üçin ýörite işlenip düzüldi
Arheologlar Arap çölünde gadymy adamlaryň yzlaryny tapdylar
08.12.2025 06:24
6.7k+

Arheologlar Arap çölünde gadymy adamlaryň yzlaryny tapdylar

Häzirki wagtda Arap çöli adamlaryň ýaşamagy üçin diýseň ýowuz şertli ýerleriň biri hasaplanýar, ýöne ol hemişe beýle bolmandyr. Halkara arheologlar topary taryhdan öňki ýazgylarda Arap ýarym adasynyň "boş ýeri" hasaplanýan demirgazyk-gündogar içki böleginde gadymy adamlaryň ýaşandygynyň ygtybarly subutnamalaryny tapdylar
Wagta garşy sanjym: ABŞ-da bir kompaniýa immun ulgamyna garramagy haýallatmagy "öwredýär"
08.12.2025 06:17
4.6k+

Wagta garşy sanjym: ABŞ-da bir kompaniýa immun ulgamyna garramagy haýallatmagy "öwredýär"

Maýamide ýerleşýän we uzak ömür meseleleri bilen meşgullanýan Immorta Bio biotehnologiýa kompaniýasy öz toparynda senolitik immunoterapiýa üçin öz synpynda ilkinji serişde bolan SenoVax dermany üçin patent arzasyny berdi
Moda dizaýneri dünýädäki iň gara matadan köýnek döretdi: ol ähli ýagtylygy diýen ýaly özüne siňdirýär
08.12.2025 06:09
7.5k+

Moda dizaýneri dünýädäki iň gara matadan köýnek döretdi: ol ähli ýagtylygy diýen ýaly özüne siňdirýär

Kornell uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary häzirki güne çenli mälim bolan matalaryň içinde iň garasyny işläp düzdüler. Täze gara materialyň ýagtylygy yzyna serpikdiriş koeffisienti bary-ýogy 0,13%. Barlagçylar ultra-gara ýelekli täsin galkanly guşlaryň (Ptiloris magnificus) horazynyň ýelek gurluşyndan ylham aldylar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.